Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda sporty we bedenterbiýäni ösdürmek boýunça alnyp barylýan işler barha rowaçlanýar. “Sagdynlygyň we ruhubelentligiň” ýylynda güneşli diýarymyzda paýtagtymyz Aşgabat şäherinde geçiriljek Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça ᴠ Aziýa oýunlaryna uly taýýarlyk işleri geçirilýär. Ak mermerli paýtagtymyz Aşgabat şäherinde bu iri halkara sport çäresini ýokary derejede guramaçylykly geçirmek maksady bilen köpsanly sport desgalaryny öz içine alýan Orta Aziýada iň iri Olimpiýa şäherjiginiň okgunly depginler bilen gurulmagy hem muňa şaýatlyk edýär. Iri halkara sport çäresine taýýarlyk görmek maksady bilen paýtagtymyzda birnäçe halkara sport ýaryşlary geçirilýär. Bu bolsa ýurdumyzda halkara derejesindäki türgenleri we ýygyndy toparlary taýýarlamaga mümkinçilikler döredýär. Şol bir wagtyň özünde beýleki ulgamlarda watançylyk duýgusyny ýokarlandyrmaga, bedenterbiýe-sport we meýletinçilik hereketini ösdürmäge gönükdirilen wagyz etmek çäreleri badalga alýar. Aziada – 2017-ä gatnaşýan meýletinçiler bilen taýýarlyk işleri geçirilip, olaryň öňünde goýlan wezipeler babatynda düşünjeler berilýär. Güneşli diýarymyzda sporty, bedenterbiýäni ösdürmek, ýurdumyzyň şan-şöhratyny dünýä ýaýmak ugrunda alyp barýan işleri üçin Gahryman Arkadagymyza köp sag bolsun aýdýarys. Goý, hormatly Prezidentimiziň jany sag, başy dik, il-ýurt bähbitli tutýan tutumly işleri elmydama rowaç alsyn!

Köneler, TDUayka tarapyndan 11 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir