Güneşe baý tomus paslynyň häzirki günlerinde bagtyýar çagalaryň şatlykly sesleri abadan ýurdumyza gaýtalanmajak gözellik goşýar, öçmejek öwüşgin çaýýar. Ýurdumyzyň iň gözel künjekleriniň biri bolan Gökdere jülgesinde ýerleşýän çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezlerinde hem ir ertirden giç agşama çenli çagalaryň şadyýan gülki sesleri ýaňlanýar. Gökderäniň iň gözel ýerinde ýerleşýän merkezleriň biri-de Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň «Beýik Serdaryň ruhubelent nesilleri» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezidir. Bu ýerde mähir bilen gurşalan çagalar özlerini diýseň bagtly duýýar. Dynç alyş merkezinde bellenen meýilnama laýyklykda, geçirilýän döredijilik bäsleşikleridir sport ýaryşlary, gyzykly gezelençler çagalarda ýakymly täsir galdyrýar. Ine, ýakynda bu merkezde Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň hem-de Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň bilelikde guramagynda «Gyz eli işde, döreýär ajap keşde» diýen at bilen merkezlerde dynç alýan gyzjagazlaryň arasynda milli el işlerini ýerine ýetirmek boýunça bäsleşik geçirildi. Bu döredijilik bäsleşiginde Gökderedäki çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezlerinden 14 topar gatnaşdy. Bäsleşigiň dowamynda gyzlaryň taýýarlan keteni köýneklerinden, el işlerinden, ören joraplaryndan, dokan halylaryndan, sünnäläp çeken küjemedir keşdelerinden taýýarlanan sergi köpleriň ünsüni özüne çekdi, şol bir wagtyň özünde-de gyzjagazlar mekdep döwründe mugallymlaryndan, ene-mamalaryndan öwrenen hünärlerini has hem kämilleşdirip, öz deň-duşlary bilen tejribe alyşdylar. Şeýlede, bu ýerde Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýi tarapyndan hem sergi guraldy. Serginiň halkyň gadymy milli egin-eşikleri, gelin-gyzlarymyzyň şaý-sepleri we saz gurallary çagalarda uly täsir galdyrdy. Bäsleşikde «Muhammetmyrat Nyýazow», «Nebitçi», «Ýaşlyk», «Beýik Serdaryň nesilleri», «Nesil» çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezleriniň çagalary has tapawutlandylar. Gyzjagazlaryň taýýarlan işleri hem ünsüňi özüne çekýär. Aýdym-sazly çykyşlar, tanslar, surat sergileri çäräniň şatlygyny has-da artdyrdy. Ine, şu ýerden hem Arkadag Prezidentimiziň tagallasy bilen ýaş nesillerde medeniýetimize, milli mirasymyza sarpanyň belent bolmagy ugrunda uly alada edilýändiginiň aýdyň şaýady bolduk. Bäsleşigiň dowamynda okamaga, dynç almaga ähli mümkinçilikleri döreden Gahryman Arkadagymyza çagalaryň aýdan alkyş sözleri belentden ýaňlandy. Mährijemal BADYROWA, Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň halkara žurnalistikasy hünäriniň talyby.

Köneler, kitaphanachy tarapyndan 6 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir