Çagalaryň gülki sesleri nirede köp eşdilýän bolsa, şol ýurt bagtyýardyr diýlip il içinde aýdylýar. Bu mekan, hakykatdan-da, bagtyýar ýurt, oňa Türkmenistan diýýärler. Türkmen döwleti öz geljegi bolan çagalarynyň hemişe şeýle bagtyýarlykda ýaşamagy üçin tagalla baryny edýär. Tomusky dynç alyş möwsüminde ýaş nesliň döwrebap çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezlerinde, şeýle hem orta mekdepleriň ýanynda döredilen meýdançalarda wagtlaryny şatlykly we manyly geçirmekleri, saglyklaryny berkitmekleri üçin ahli şertler döredilen. Tomusky dynç alyş meýdançalary Aşgabat şäheriniň mekdeplerinde döredildi. Çagalaryň döwrebap dynç almaklary we bilimlerini çuňlaşdyrmagyny dowam etdirmek maksady bilen hemme taraplaýyn amatlyklary bolan 21 sany orta mekdep saýlanylyp alyndy we her mekdebe goňşy mekdepleriň birnäçesi berkidildi. Saýlanyp alynan mekdepler hemme taraplaýyn gözegçilikden geçirildi, çagalar bilen işlejek mugallymalar ýörite taýýarlyjklary geçdiler. Çagalaryň dynç alyş meýdançalarynyň iki tapgyrda işlemekleri, ýagny birinji tapgyrda 2017-nji ýylyň iýun aýynyň 5-24-i, ikinji tapgyrda bolsa iýul aýynyň 3-22-si aralygynda hereket etmekleri meýilleşdirildi. Her tapgyrda 1700 sany, jemi iki tapgyrda bolsa 3400 sany çaganyň dynç alyşyny guramak kesgitlenildi. Meýdançalaryň talabalaýyk işlemekleri üçin Aşgabat şäher Baş bilim müdirligi tarapyndan ýörite meýilnama işlenip taýýarlanyldy we mekdeplere öz wagtynda ýetirildi. Çagalaryň mekdeplerde 9-00-dan 13-00-a çenli bolmaklary meýilleşdirildi.Mekdepler çagalaryň döredijilik işleri üçin gerek boljak kömekçi materiallar, arassa agyz suwy bilen üpjün edildiler. Mekdeplerde hereket edýän meýdançalar öz öňlerine, esasan, iki maksady goýdular, ýagny çagalaryň wagtlaryny şadyýan geçirmekleri we dil öwrenmekleri. Bu mekdeplerde sport we medeni çäreler bilen bir hatarda iňlis, rus, hytaý we beýleki dilleri öwrenmek işlerine uly ünüs berilýär. Geçirilýän çäreler, çagalaryň özara gepleşmekleri, mümkingadar, haýsy hem bolsa bir daşary ýurt dilinde alynyp barylýar. Şu dillerde kitaplar okalýar, multfilimlere tomaşa edilýär, diwarlyklar taýýarlanylýar. Çagalaryň arasynda sportuň dürli görnüşleri boýunça we zehin bäsleşikleri yzygider guralyp durýar. Mekdeplerdäki guralan meýdançalaryň işinden ata-eneler örän hoşal bolýarlar. Olaryň nygtamaklaryna görä, il içinde aýdylşy ýaly “bir okda iki towşan” dälde, eýsem birnäçe maksat ýerine ýetirilýär. Birinjiden, halk hojalygynyň dürli pudaklarynda halal zähmet çekýän ata-eneler öz çagalarynyň göz astyndadygyny, olaryň peýdaly işler bilen meşgul bolýandyklaryny, özleriniň bolsa arkaýyn işleýändiklerini belleýärler. Ikinjiden, çagalar boş wagtlaryny bisarpa geçirmäni, saglyklaryny berkidýärler, sportuň dürli görnüşleri bilen meşgul bolýarlar. Üçünjiden bolsa, çagalar tejribeli mugallymlaryň gözegçiliginde dürli daşary ýurt dillerini öwrenmeklerini dowam etdirýärler, okuw döwri alan bilimlerini berkidýärler, şäherimiziň gözel we ajaýyp ýerlerine gezelenç edýärler. Sözümizi jemläp aýtsak, meýdançalaryň işi çagalaryň öňünde täze dünýäni açýar, bagtyýarlykda ýaşaýan döwrümiziň gadyr-gymmatyna düşünip, eziz Watanymyza, ýaşuly nesliň görelde alarlyk geçmişine, nurly geljegimize buýsanç döredýär. Çagalaryň oňat dynç almaklary bolsa, elbetde, olar üçin täze okuw ýylyna güýç toplamagyň, ruhubelentligiň girewidir.

Köneler, TDUgulya tarapyndan 6 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir