Köpetdagyň sergin jülgesinde, gojaman Hazaryň sapaly kenarynda ýerleşýän çagalara niýetlenen dynç alyş we sagaldyş merkezlerinde ösüp gelýän ýaş nesliň döwrebap dynç almaklary we saglyklaryny berkitmekleri üçin ähli şertler döredilen. Ýaş nesliň saglygy hakyndaky alada döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi. Bagtyýar nesliň saglygyny berkitmäge mümkinçilik berýän çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezleriniň sanynyň ýyl geldigiçe artmagy muňa aýdyň şaýatdyr. Tomusky dynç alyş möwsümine çykýan çagalar uly alada bilen gurşalýar. Olar döwrebap çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezlerinde, şeýle hem orta mekdepleriň ýanynda döredilen meýdançalarda wagtlaryny şatlykly we manyly geçirýärler, saglyklaryny berkidýärler. Gojaman Köpetdagyň Gökdere jülgesinde we Hazaryň kenaryndaky “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda, şeýle hem ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda ýerleşýän çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezleri häzirki zaman talaplaryna doly laýyk gelýär. Merkezleriň döwrebap abzallar bilen enjamlaşdyrylan ajaýyp, giň meýdançalarynda çagalaryň göwnejaý dynç almaklary üçin zeerur şertler döredilen. Kompýuter, oýun oýnalýan otaglar, kitaphana, naharhana, lukmançylyk otaglary, sport we oýun meýdançalary, suwa düşmek üçin howuzlar çagalaryň hyzmatynda. Tomusky dynç alyş möwsüminiň çagalaryň uzak wagtlap ýadyndan çykmajak pursatlara baý, gyzykly bolmagy üçin merkezleriň pedagog-psiholaglary, usulýetçileri uly alada edýärler. Terbiýeçi-pedagoglar çagalary toparlara bölmäge örän oýlanşykly çemeleşýärler. Çagalar toparlara bölünende we otaglarda ýerleşdirilende, her toparda ýurdumyzyň dürli künjeklerinden gelen çagalaryň bolmagyna ünüs berilýär. Munuň özi çagalarda dostluk-doganlyk duýgusynyň ösmegine, dünýägaraýşynyň giňelmegine ýardam edýär. Olaryň birek-birek bilen tiz tanyşmaklaryna, olaryň täze şertlere we gurşawa çalt uýgunlaşmaklaryna uly kömek edýär. Ýaş nesliň dynç almagynyň peýdaly we şadyýan geçmegi üçin medeni-köpçülik çäreleri, aýdym-sazly çykyşlar, çeper okaýyşlar, sport oýunlary we beýleki çäreler yzygiderli guralýar. Dynç alyş döwründe dürli gezelençdir syýahatlaryň guralmagy çagalaryň dynç alyşynyň has gyzykly bolmagyna, olaryň köp zatlary görmeklerine we öwrenmeklerine uly mümkinçilik berýär. Dostluk mekany diýilip atlandyrylýan Awazada diňe bir ýurdumyzyň ýaş nesline däl, eýsem beýleki dostlukly döwletleriň çagalaryna hem dynç almaga giň mümkinçilik döredilen. Muňa mysal edip şu ýylyň maý aýynda 10 günläp dynç alan we Watanymyz, türkmen halkynyň myhmansöýerligi bilen tanyş bolan onlarça özbek çagalaryny mysal getirip bolar. Dürli maşgalalarda we ýurtlarda terbiýelenen çagalary bir mukaddes ojaga jemläp, olaryň Watana wepaly, bilimli, gujurly, berk bedenli, gowy gylyk-häsiýetli bolup ýetişmekleri ugrunda alada edilýär. Edepli, terbiýeli çagalar diňe bir maşgalanyň , dogan-garyndaşlarynyň däl, eýsem halkymyzyň buýsanjydyr.

Köneler, TDUgulya tarapyndan 6 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir