Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe eziz Watanymyz Türkmenistan dünýäde bäsleşige ukyply, ynsanperwer maksatly döwlete öwrüldi we Ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda ýokary netijeler gazanylýar. Aşgabat şäherinde abadanlaşdyryş işleri şu ýylyň güýzünde geçiriljek ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk görmek babatda aýratyn ähmiýete eýedir. Şu günler ýurdumyzyň baş şäheriniň dürli künjeklerinde jaýlaryň daşyny abatlamak, ýollaryň durkuny täzelemek, paýtagtymyzy bagy-bossanlyga öwürmek boýunça işler güçli depginde dowam edýär. Häzirki wagtda Aşgabadyň köçelerine aýlanyp, Aziada 2017-niň oýunlarynyň nyşanlaryny mahabat diwarlarynyň ählisinde görmek bolýar. Soňky ýarym ýylyň dowamynda taýýarlyk görmek işleri giň, halkara seslenmelerine eýe boldy. Paýtagtymyza gelýän köp sanly myhmanlar halkara ähmiýetli sport forumyna ýokary derejede taýýarlyk görülýändigine mynasyp baha berýärler.

Köneler, TDUayka tarapyndan 6 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir