Agzybir türkmen halkynyň taryhynda çyn buýsanja mynasyp wakalaryň sany barha artýar. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe şeýle wakalaryň üstüni täze beýik işler, rowaçlanýan döwletli başlangyçlar bilen ýetirilýär. Ýurdumyzyň halkara at-abraýynyň hem mertebesiniň belentdigine şaýatlyk edýän sport üstünlikleri hem munuň aýdyň mysalydyr. Türkmenistan halkara sport ýaryşlaryna – Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna buýsanç bilen barýar. Bu iri sport baýramçylygyna taýýarlyk işleriniň gerimi günsaýyn giňelýär. Hormatly Prezidentimiziň “Sport –munuň özi belent sepgitlere ýetmegiň, güýjüň, sagdynlygyň we ösüşiň nyşanydyr” diýen ganatly sözleri türkmen sportçylarydyr tälimçilerine ruhy goldaw berýär. 2010-njy ýylyň 19-njy dekabrynda Aziýanyň Olimpiýa Geňeşi bilen Türkmenistanyň Milli Olimpiýa komitetiniň arasynda gol çekilen resminama laýyklykda, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň paýtagty Aşgabat şäheri Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryny geçirmäge hukuk gazandy. Türkmenistanyň Merkezi Aziýa sebitinde ilkinji bolup şeýle abraýly ýaryşlary geçirmäge hukuk gazanmagy aýratyn bellemäge mynasypdyr. Sport munuň özi halklaryň dostlugy, raýdaşlygydyr. Sport arkaly halklar biri-birini tanaýar, biri-biri bilen dostlaşýar. Türgenleriň üstünligi bolsa ýurduň sport abraýyny belende göterýär. Saglygy goraýyş we sport ulgamyny ösdürmek Türkmenistanyň okgunly ösüşe eýe bolmagyna, “Saglyk” Döwlet maksatnamasynyň giňden durmuşa ornaşdyrylmagyna itergi berýär. Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň 2017-nji ýylda Orta Aziýanyň merjeni Aşgabat şäherinde geçirmeklige hukuk gazanylmagy hem munuň aýdyň mysalydyr. Ýurdumyzyň sport abraýyny has-da dabaralandyrjak bu sport baýramçylygynyň guramaçylykly geçirilmegi üçin ýörite meýletinçiler topary hem döredildi. Olary ýokary derejede taýýarlamak maksady bilen, okuw sapaklary geçirilýär. Meýletinçilere dünýäniň, şol sanda Watanymyzyň taryhy, geografiýasy, milli gymmatlyklary barada sapaklaryň geçirilmegi, sportuň görnüşleri we beýleki ugurlar dogrusynda giňden düşünje berilmegi olaryň gözýetiminiň giň bolmagy, daşary ýurtly wekilleriň berýän sowallaryna kanagatlandyryjy jogap bermekleri üçin zerurdyr. Aziýa oýunlary Aziýa yklymynda ýerleşýän döwletleriň türgenleriniň arasynda geçirilýän sport ýaryşlarydyr. 1994-nji ýylda geçirilen Aziýa oýunlaryna Türkmenistan, Gazagystan, Gyrgyz Respublikasy, Özbegistan we Täjigistan ilkinji gezek gatnaşdylar. Köpçülikleýin bedenterbiýäni we sporty, Olimpiýa hereketini ösdürmek Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň möhüm ugruna öwrüldi. Ata Watanymyzda ýaş nesillerimiziň hem ähli ýaşdaky adamlaryň sport bilen meşgullanmagy üçin döwlet tarapyndan ähli mümkinçilikler döredilýär. Köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketini, sportda gazanylýan netijeleri has-da ösdürmek üçin uly möçberde maýa goýumlary gönükdirilýär. Ýurdumyzyň ähli ýerlerinde dünýä ölçeglerine laýyk gelýän döwrebap sport toplumlary, stadionlar, ýöriteleşdirilen sport mekdepleri, dynç alyş-sagaldyş merkezleri, şypahanalar yzygiderli gurlup ulanylmaga berilýär. Paýtagtymyzda gurulýan Olimpiýa şäherjigi hem munuň aýdyň mysalydyr. Olimpiýa şäherjiginde ähli desgalar Halkara Olimpiýa komitetiniň we Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň tehniki kadalaryna we ýokary halkara görkezjilerine laýyk derejede gurulýar. Geljekde bu ýerde iri halkara ýaryşlary, dünýäniň we Aziýanyň çempionaty, sportuň dürli görnüşleri boýunça milli we sebit derejede kuboklar ugrundaky ýaryşlar geçiriler. Bu taslamanyň durmuşa geçirilmegi bolsa ýurdumyzda köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketiniň we sportuň ösdürilmegine, türgenleriň hem dünýä derejesindäki ýygyndy toparlaryň taýýarlanmagyna itergi berer. Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynda sportuň 21 görnüşi boýunça ýaryşlar geçiriler. Oňa jemi 62 sany döwletden, ýagny Aziýa yklymyndan 45 sany we Okeaniýanyň 17 sany döwletinden türgenleriň gatnaşmagy göz öňünde tutulýar. Aziýa oýunlarynda ýaryşlar sportuň ýeňil atletika, badminton, basketbol, beýsbol, boks, göreş woleýbol, gandbol, gimnastika, karate, bilýard, atçylyk sporty, stoluň üstünde oýnalýan oýunlar, hokkeý, küşt, suwda ýüzmek, agyr atletika ýaly görnüşleri boýunça geçiriler. V Aziýa oýunlarynyň buýsanç buşlukçysy, mertebe jarçysy boljak atly ýöriş gadymy Nusaýdan badalga alar. Ahalteke bedewi V Aziýa oýunlarynyň özboluşly nyşanyna öwrüler. 2016-njy ýylyň 5-nji maýynda, halkara sport baýramçylygynyň başlanmagyna 500 gün galanda, taýsyz tebigy gözelliklere beslenen goja Köpetdagyň goýnunda uludan toý tutular. Taryha altyn sahypa bolup ýazyljak atly ýörişe ýurdumyzyň welaýatlaryndan we Aşgabat şäherinden düzüminde ezber 17 sany çapyksuwarlardan ybarat bolan toparlar gatnaşar. Atly ýöriş ýurdumyzyň bäş welaýatynyň her birinde 100 günläp dowam eder. Ýurdumyzyň iň tanymal medeniýet we sungat işgärlerinden, ussat ýazyjy-şahyrlaryndan, ilhalar bagşy-sazandalardan düzülen döredijilik toparynyň gatnaşmagynda atly ýörişiň barjak ýerlerinde şowhunly-şagalaňly dabaralar gurnalar. Atly ýörişiň tamamlaýjy tapgyrynda Mary welaýatynda ýerleşýän “Galkynyş” gaz käninde V Aziýa oýunlarynyň alawyny ýakmak dabarasy geçiriler. Dabara üçin hut şu ýeriň saýlanyp alynmagy hem aýratyn mana eýedir, çünki “Galkynyş” dünýäniň iň bir iri gaz ýataklarynyň biri hökmünde ykrar edilendir, ondan gözbaş alýan tebigy gaz geçirijiler alysdaky halklaryň ýüzlerçe müň maşgalasyna halkymyzyň ýürek ýylysy, köňül mähri bolup barýar. 2017-nji ýylyň 17-nji sentýabrynda atly ýöriş paýtagtymyz Aşgabada dolanyp geler hem-de şol gün Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň dabaraly açylyşy bolar. Sagdynlygyň we bagtyýarlygyň ýurdy hökmünde eziz Watanymyzyň abraýy barha artaýar, sport bolsa biziň gündelik ýörelgämize öwrülýär. Däp bolup gelşi ýaly, her ýyl Bütindünýä saglyk güni mynasybetli aprel aýynda “Sagdynlyk we bagtyýarlyk” atly biraýlyk yglan edilýär. Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýylynda hem jemgyýetçilik durmuşyny täze mazmun bilen has-da baýlaşdyrmak, jemgyýetimize sagdyn durmuş ýörelgelerini işjeň ornaşdyrmak, bedenterbiýäni we sporty wagyz etmek hem-de ösdürmek, saglygy goraýyş, sport babatda alnyp barylýan köpçülikleýin çärelere işjeň gatnaşmak biziň her birimiz üçin zerurdyr.

Köneler, TDUgulya tarapyndan 6 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir