Merkezi Aziýa sebitindäki döwletleriň arasynda ilkinji bolup Türkmenistana Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça Aziýa oýunlarynyň geçiriljekdigi hormatly Prezidentimiziň yklymda we dünýäde sporty wagyz etmek boýunça alyp barýan işlerine berlen mynasyp baha bolup durýar. Aziýa oýunlaryna Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň agzasy bolup durýan 45 döwlet, şeýle-de taryhda ilkinji gezek Okeaniýa sebitiniň 17 döwleti gatnaşar. Aşgabat Aziýadasynyň oýunlarynyň maksatnamasyna konkur (atçylyk sporty) we türkmen göreşi boýunça ýaryşalaryň goşulmagy bilen jemi 21 görnüşinde ýaryşlar gurnalar. Ýurdymyzda hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen köpçülikleýin bedenterbiýäni, sportyň we beýleki görnüşlerini giňden wagyz etmek arkaly ilatyň jan saglygyny gorap saklamak babatda uly işler alnyp barylaýar. Ýurdumyzda her ýylyň aprel aýynda geçirilýän bedenterbiýe-sport we sagdyn durmyş-medeni çäreleriň biraýlygy hem şol uly işlerdendir. Sentýabr aýynda geçiriljek Aşgabat Aziýadasy- uly sport baýramçylygy hem ýurdumyzda ýygy-ýygydan geçirilýän sport çäreleriniň netijesidir. Türkmenistanda gazanylan üstünlikleri we ýetilen belent sepgitleri dünýä ýaýjak bu oýunlara hemmeler sabyrsyzlyk bilen garaşýar. Hawa, Aziýda ¬- 2017 Aziýa we Okeaniýa döwletleriniň arasyndaky medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň pugtalanmagyna, şol sanda edebi gatnaşyklaryň hem täze derejä çykmagyna öz täsirin ýetirer. Bu oýunlarynyň tumarynda türkmen alabaýynyň, nyşanynda bedewiň, resmi keşbinde taryhy we medeni gymmatlyklarymyzynyň ýerleşdirilendigi bolsa myhmanlaryň gözel ülkämiz Türkmenistana bolan gyzyklandyrmasyny has-da artdyrar.

Köneler, TDUayka tarapyndan 6 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir