Çagalar üçin iň arzyly döwür-tomusky dynç alyş möwsümi.Tomus başlanmagy bilen Gökdere jülgesinde, Hazar kenarynda ýerleşen ‘’Awaza’’ milli syýahatçylyk zolagyndaky çagalar sagaldyş merkezleri, welaýatlardaky şeýle merkezler çagalary kabul edip başlaýarlar. Bagtly çagalygyň mekanyna öwrülen ýurdumyzda şahsyýetiň kemala gelmegi, onuň terbiýesi uly üns merkezinde saklanýar. Tomus pasly hem döwlet derejesinde, maşgalada çagalaryň terbiýesine, olaryň saglygynyň berkidilmegine, başarnyklarynyň hem zehininiň ösdürilmegine has köp üns berilýän döwürdir. Şonuň üçin hem bu möwsimde maşgalada çagalaryň dogry ösüşine ünsi artdyrylmalydyr. Gökdere jülgesindäki, Hazar kenaryndaky çagalar dynç alyş merkezleriniň başga-da tomus günlerini has täsirli, gyzykly hem netijeli geçirmek güneşli Diýýarymyzda oňaýly şertler diýseň kän. Paýtagtymyzda maşgala bolup dynç almak, wagtyňy şadyýan geçirmek üçin ajaýyp ýerleriň biri “Aşgabat” medeniýet we dynç alyş seýilgähidir. Durky täzelelen seýilgähde “Dinozawrlar dünýäsi” meýdançasy, dürli sallançaklar, hiňillikler we beýleki güýmenjeler bu ýere gelýänlere uly şatlyk paýlaýar. Çagalaryň iň söýgüli ýerleriniň ýene biri paýtagtymyzdaky “Älem” medeni dynç alyş merkezidir. Bu merkez aşgabatlylaryň we paýtagtymyzyň myhmanlarynyň wagtyny peýdaly we gyzykly geçirýän ýeri bolup durýar. Beýikligi 95 metre deň bolan bu ägirt uly desgada “Kosmas muzeýi”, 3D kino zalynyň ikisi, çagalara niýetlenilen dürli güýmenjeler, garbanyşhanalar halkyň hyzmatynda. Mundan başga-da, bu merkez çagalar bilem medeni aň-bilim we terbiýeçilik işlerini geçirmek üçin hem örän oňaýlydyr. Paýtagtymyz Aşgabat şäherinde ýerleşen “Ertekiler dänýäsi” seýilgähi hem ähli çagalara ajaýyp pursatlar, täsin duýgulary peşgeş berýär. Bu seýilgähe gelýänlere ýurdumyzyň taryhy-medeni ýädigärlikleriniň kiçeldilen nusgalary, türkmen halk ertekileriniň gahrymanlary, özüne çekiji hiňňiллikler, oýun awtomatlary, sallançaklar garaşýar. Biziň bu ýerde iň esasy bellemeli zadymyz hem ýurdumyzyň ähli welwaýatlarynda hem paýtagtymyzda orta mekdepleriň, mekdep-internatlarynyň, sport mekdepleriniň hem çagalar we ýetginjekler köşkleriniň ýanynda döredilýän ýörite çagalar meýdançalarynyň bütin tomus çagalaryň hyzmatyndalygydyr. Bu çagalar meýdançalrynda güneşli ülkämiziň körpeleriniň öz wagtlaryny şadyýan hem netjeli gejirmeklerine ähli şertler döredilendir. Çagalaryň şüwheleňli oýun meýdançalary, sport oýunlaryndan fudbol, tennis, basketbol ýaly oýunlary oýnamaklyk üçin ýörite meýdançalar, surat, küşt, saz gurallary gurnaklary çagalaryň wagtlaryny diýseň gyzykly geçirmeklerine ýardam edýär.

Köneler, TDUayka tarapyndan 6 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir