Jemal ertesi dañdan irden oyandy.Dursun gelneje yrsaramaz yaly cay-corek tayynlady Daš-töweregi suwlap süpirišdirdi.Pagta yygymyna alyp gidiljek nahary hem tayynlady.Gyzgynja cayyñ ussuni bassyryp goydy.Bayramy hem oyatmak ucin onun yanyna baryp mylayymlyk bilen: -Bayraaam,turay gun dogup otyr.Cay-corek tayyn.oyan yogsa iśe gijä galyañ diyip onuñ garaja saclaryny sypady.Bayram ukydan oyanyp edil natanys adama seredyan yaly seredip Jemalyñ elini itip goyberdi.Jemal tisginip gitdi.Name bolyanyna dusinman galdy.Her gun ertir ukudan oyadanda Jemaly bagryna basyp gûlišip otyryan Bayram duybunden basga biridi.Ol gelinine seretdide: -Cay-coregiñi Gadyra ber.Sony oyat ukudan,meni aldamak añsat gerek seyle dalmi?sol guni men entagem unudamok,hic wagt unutmanam,onsoñam ejemiñ diyenini iki gaytalatmagyn-diyip dasaryk cykyp gitdi.Jemal yenede aglap baslady.Ol oy-pikire batyp galdy.Sol gunki eden yalñyş isine okundi.Yone sondada Bayramyñ bir guniñ icinde nädip beyle tiz uytganini aklyna sygdyryp bilenokdy. Jemal gözyaşlaryny süpürip Bayramyñ yzy bilen cykyp gaytdy.Oña hezzet hormat etmek ucin oz elleri bilen cay berdi.Emma Bayram Jemala hatda seredenokdy.Icerde kayamãge bahana tapman duran Dursun gelneje Jemaly öz yanyna cagyryp gygyrdy: -Gelinjaaan, aýuuu akja keyijek barda ešikleriñi gey,Ak yaglyk hem algyn,yogsa kesel boldum diyip ence gunlap uklap yormegin-diyip guldi. Jemal icerik ylgap geldide esiklerini geydi.Ak yalyjak dañyndy.Bayram gitmezden öñürti onuñ yanyna cykmak islapdi.Sebabi Bayram her gun ise gidende Jemal ony yola cenli ugradardy.A bu gun bolsa Bayram sacak bašynda töwella galdyryp yerinden turup gitdi.Jemal onuñ yzy bilen yorap baslady.Bayram bolsa ony görmezlige saldy.Jemal oña ak yol arzuwlap ugratmak islapdi.Emma Bayram "hoš gal"-diydide howlukmac yorap gitdi. Toy tutanyna yañy bir on gün bolmadyk gelin Pagta yygymyna gitdi.Obadaky ãhli pagta yygmaga gidyan ayal mašgalalar muny diyseñ geñlediler.Sebabi Jemaldan öñurti toy eden gelinler oyunden cykman dineje salkynda biş dűš ederdiler.Jemal ýygymcy gyzlar bilen pagta ýygmaga bašlady.Ýygymcy gyzlar onuñ bilen gurlešip başladygy,Dursun gelneje ähli pagta ýygyan gyzlaryñ arasynda gelniniñ ustune gygyryp masgara etdi. Özi welin agajyñ kolegesinde oturyp dync alyardy.Arasynda bolsa kawagt iki ãdim pagta yygyp oturyp dync alardy we yenede tazeden yygmaga bašlardy. Dursun gelneje gelnini hic ayamady.Oña pagta yygylan fartuklary hem göterdi.Jemal diyseñ gynanyardy.Pagta yygyan gyzlaryñ icinde gygyranyny yatlasa damagy dolyardy.Ol indi diñe Bayramdan soygi isleyardi.Emma beyle bolmady. Jemal oye yadap geldi.Emma her bir âdimde Dursun gelneje yñyrdamagy bes edenokdy.Ustesinede Bayram hem isden gelip onkidende gaharjan hereket edyardi.Jemal gelinlik borjuny birkemsiz berjay edyardi.Ol is bilen bolup ozune seredip bilenokdy. Bayram Jemala seretman uklap galdy.Jemal bolsa oylanyp uklap bilmedi.Birdenem Bayramyñ el telefonyna sms geldi.Jemal ony okap gözlerine ynanmady.Bayrama bolan yuregindaki soygusi öçüp başlady.Jemal sandyrayardy.Telefonyñ kodyny acmaga synanyśdy.Emma acyp bilmedi.Smsin bašlangyjy telefonyñ yuzinde bilinip durdy.Yzyny bilmek ucin Bayramy oyatmakcy boldy.Telefonyñ yuzinde yazylan"Ezizim bu gun gujagymdan gaty ir gitdiñle..."diyen sozi bardy.Jemalyñ gözi garañkyrady.Ãhli yeri sandyrady.Bayrama gygyryp aglap baslady.Ol ukudan oyanyp Jemalyñ elindaki telefony almakcy boldy.Emma Jemal ellerindaki telefony berk gysdy we yaşly gözleri bilen Bayrama köpmanyly seretdi we icindaki ahy nalalaryny daśyna cykaryp aglap baslady. Dowamy bar...

Köneler, Nowcha90 tarapyndan 6 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir