Bu gun Jemal diyseñ bagtlydy.Emma bu bagtly gunler uzaga cekmejegini welin ol bilenokdy. Olar tutuş obany jemlap diyseñ ajayyp toy berdiler.Jemal gaty owadan geyinipdi.Akja lybasyñ icinde,garaja saclary yayylyp durdy.Bayram oña seredip doyup bilenokdy.Jemal bolsa sol utanyp yere serederdi.Bayramyñ tans ediši ähli toya gelen myhmanlary hayrana goydy.Toya gelen gyzlar Bayrama we Jemala höwes edip seredyardiler.Jemal hem Bayrama seretdigice gozune has gowja bolup gorunyardi.Toy sowuldy.Ahli kisi oylerine gaytdylar.Bu ajayyp toy gijesine Bayram gör, näçe wagt bäri garašardy.Jemal bilen Bayram bagt öyunde ilkinji gijäni gecirmek ucin oye girip gitdiler... Toy guniniñ ertesi Bayram Jemalyñ yanyndan daśaryk cykanokdy.Goñśulary, garyndaşlary Bayrama her hili sözler aydyp degiśerdiler. Gunler gecip başlady.Kakasy Bayramy uly iše yerlešdirdi.Bayram gaty bašagaydy.Öyune hem seyrek gelyardi.Gayyn enesi Dursun gelneje Jemaly gaty bir halanokdy.Her eden isinden kemcilik tapardy.Ertir irden yorgan dusegini yygnap otyrka gelinine: -Sallanjyrap durmada eliñe orak alyp mellege barda ot yyg-diyip taze gelindigine seretmezden ony mellekde ot yygmaga hem ugratdy.Jemal sesini cykaranokdy.Ot yygyp durka gayyn enesi yanyna bardy: -Mellege geleniñe bir sagat boldy.Entagem bolañok.Tizlik bilen gunortanlyk nahar tayynla-diyip haybatly gelininiñ üstüne gygyrdy.Jemal bir soz hem diymedi.Bolya diyen terzde baş atdy. Jemalyñ gaty bir gayyn enesiniñ gownune yaranmak ucin buyran isini tizlik bilen ederdi.Bayramyñ ešikleri hem yuwup utuklap goydy.Bu gun Bayram isden oyune ir gelipdi.Jemaly yanyna cagyrdy.Emma ol gap-canaklary yuwup yordi.Jemal bu oyde gelin dalde edil hyzmatcy kimin gorulyardi.Ertir ukudan oyandygy tä agšama cenli oy işlerini yalñyz ozi ederdi. Jemalyn yuzi salyk gorunyardi.Inede agsam dusende Bayram Jemaldan: -Jemalym name ucin gaty gaygyly gorunyañ.yada oyuñe gidesin geldimi?kim gownuñe degdi?-diyip gelininden sorady.Emma Jemal yylgyrdyda: -Yokla kim degsin gownume,biraz yadadym diyaymeseñ hic zat bolanok -diyip jogap berdi. Bayram Jemalyñ yañagyndan öpdide: -Beylede kop işleme.Biraz dync alyp işlegin.-diyip Jemalyñ sacyny sypady.Emma Jemal Bayramyñ ejesi barada Bayrama hic zat aytmady. Ertesi hem sol adaty gunler yaly gaytalandy.Maral bu gun Jemaly gormage oylerine geldi.Emma Dursun gelneje Maralyñ hatda salamyny hem almady.Dursun gelnejäniñ boluşyna Maralyñ diyseñ gahary geldi.Maral Jemala seredip -Towa bolušy nähili munyñ.Gurlesmesede Tañry salamyny almaly ahyry.Seniñ gownuñe degenok dalmi?Menden gizleme ayt.Seniñ gownune degmegine yol bermerin-diydi. Jemal bolsa yylgyrdyda: -yokla jigimjan menin gownume degenok.Bayram hem meni gowy gorya.Men bagtly.Meni gaygy etme.Yogsada kakamyñ ejemin yagdaylary gowumy? -Howa gowy.Kakam her gun seni yatlayar.Ol gaty sadyyan.senin gowy yere gelin bolup duseniñ ucin ozuni arkayyn duyyar.Indi gezek seninki diyip maña oyun eden bolyar. -Way gowudygyny Kakama ejeme salam aytgyn.Menin yagdayym gowy-diyip Jemal Maraly arkayyn etdi. Maral hoslasyp oyune gaytdy.Jemal hem biraz gyšarypdy.Maral bilen gurruñlesip wagtyn nadip gecenini hem duyanokdy.Gun al asmana galypdy.Oyde gaty bir is kop daldi.Emma Dursun gelneje gelniniñ daśa cykmadygyny gorup onun otagyna gapyny kakman girdi. Seretse Jemal uka gidipdi.Dursun gelneje Jemaly diysen yigrenyardi.Sebabi ol oz bay jorasynyn gyzyny ogluna alyp bermekcidi.Emma yoldasynyn diyseninden cykyp bilmedigi ucin Jemaly gelin edip almaly bolupdy. Gelininin uklanyny gorup Dursun gelneje gygyryp ugrady.Bu gelinini oyunden kowmak ucin gowy bahanalaryñ biri boldy. Dowamy bar...

Köneler, Nowcha90 tarapyndan 6 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir