Mämmet Seýidow 7-nji bap: HALLY GALTAMAN Garamergen oba gaýdyp gelende, arzuw edişi ýaly bolmasa-da şoňa ýakynrak bolupdy. Ol ýesiri atyna mündürip, aýaklaryny aşagyndan daňypdy. Atyny öz atynyň yzyna tirkäpdi. Özem ähli ýigitleriň öňüne düşüp gelipdi. Ol Küýkiniň üstünde uly ýeňiş bilen gelýän serkerde ýaly gaýşaryp otyrdy. Oba adamlary uludan-kiçä ylgaşyp öýden çykdylar. Çopantelpek gülleri ýaly kelleleri şyrdaklyja çagalar şapadaňlaşyp has-da keýp edýärdiler. Hemme kişiniň dilinde, hemme kişiniň gözünde Garamergendi. Märeke nökerleri gapdallap barýardy. Ýigitler Iner golagyň öýüne sowlandan soň, märeke olardan galdy. Iner golak howanyň maýyllygyna garamazdan göwşüllän Hywa donuny ýasgynjak atynyp, gapa çykdy. Onuň ýanynda Şally baý, Nurahmet serdar, Ýolaman bardy. Ýigitler atdan agdylar. Obanyň iň ýaşulusy Nurahmet serdar bilen, Iner golak bilen, soňra beýlekiler bilen salamlaşdylar. Şol arada Garamergen ýesiri atdan düşürdi. Ony ýaşulularyň öňüne getirip, ýeňsesinden batly itekledi. Ýesir ýaşulularyň aýagynyň aşagyna ýykyldy. Obanyň ýaşulusy diýip, Iner golak hasap edilýärdi. Bütin oba şoňa gulak asýardy. Galtamanlar hakyndaky habaryň ilki şu öýe gelmegi hem, maslahatyň şu öýde edilmegi hem, ýigitleriň ýesiri şu öýe getirilip, ýaşulularyň aýaklarynyň astyna ýykmaklaram şonuň üçindi. Iner golak aýagynyň astynda maňlaýyny ýer berip ýatan galtamana sesini çykarman ep-esli wagt seredip durdy. Soňra aýagy bilen itekledi. — Hany tur, ýeriňden — diýip, özüniň ýuwaş güňleç sesi bilen aýtdy. Ýüzüne öliniň reňki uran Haly beg ýüzüni ýokaryk galdyrdy-da: — Hä — diýip, ker bilen gepleşýän ýaly gygyrdy. Iner golak başyny atyp: — Ýeriňden tur diýýän, howwa — diýdi. Haly beg ýerinden turdy. Iner golagam, onuň ýanyndakylaram daşyndaky tomaşaçylaram galtamanyň boýuny gözleri bilen ölçeýän ýaly synladylar. — Nireden borsuň?— diýip, Iner golak ýene-de gysgajyk sorag berdi. — Hyratdan, agasy, Hyrat türkmenlerinden. — Eneň-ataň barmy? — Ýok, agasy. Iki sanyjak naçar jigim bardy. Olaram... — Galtamanlyga nähili baş goşup ýörsüň? — Ol uly gürruň agasy. Eger aýt diýseňiz, size jikme-jik gürrüň bereýin. — Geregi ýok. Soň aýdarsyň, howwa — diýip, Iner golak elini salgap goýberdi. — Äkit, Garamergen, soň özüň gürleşersiň. — Ýör hany — diýip, Garamergen onuň ýeňsesinden itekläp alyp gitdi. Eli ýalaňaç gylyçly Garamergen ýesiri öňüne salyp, oba çagalarynyň goldawynda öýlerine tarap ugrady. Ony bütin obanyň içi bilen geçirip, öz öýlerine getirdi. Ony köneje saman tamyna salyp, gapyny ýapdy. Köne, şakyrdap duran gabsanyň öňüne üýşürip bilen zadyny üýşürdi. Çagalar bolsa bütin obanyň içi bilen: Galtaman-a galtaman, Emjejigiňe dürtemen... — diýip gygyryşyp, öz aralarynda Garamergeni gadymy ertekileriň pälwanlaryna, uly goşun serkerdelerine, döwleri, jynlary ýeňýän gerçege meňzedip gürrüň edýärdiler. Garamergen olaryň şo gürrüňlerini eşitmedik bolýardy, öz ýanyndan welin lezzet alýardy. Ol ýesiri tussag eden tamynyň gapysyny daş bilen, beýleki bilen birkemsiz bekländen soň: — Gapyny itekläýse aýdyň, men onuň kellesini alaryn — diýip öz öýüne girdi. Uzynly gün obanyň gürrüňi tutulan galtaman, Garamergeniň edermenligi hakda boldy. «Bir özi bäş galtamanyň garşysyna urşanmyşyn, dördüsi gaçyp zordan başyny gutaranmyşyn, muny bolsa atdan ýykyp ýesir alanmyşyn. Il içinde «Murtly galtaman diýilýän şumuş» diýen ýaly gürrüň haýsy öýe barsaň edilýärdi. Murtly galtaman hakdaky gürrüň il içinde ýaňrakdan bäri çykyp ugrapdy. Olar Akdaşaýak obasynyň süri malyny alyp gidipdirler. Çopan bilen çolugy daňyp taşlapdyrlar. Olar zordan boşanyp oba gelipdir. Süri bolsa şo gidişine gidiberipdir. Derenli obanyň sürüsini sürenlerinde, oba ýigitleri duýup, yzyndan ýetipdirler. Ýigitleriň gelýänini görüp, galtamanlar gaçyp zordan başyny gutarypdyrlar. Olaryň baştutany çopanyň, çolugyň güwä geçmegine görä, şu sary murtly galtamanmyşyn. Gelip-gelip ol bu gün Garamergeniň eline düşdi. Onda-da günäsiniň üstünde tutuldy. Haly beg bilen ikiçäk gürleşmek üçin Garamergen ony agşam öz jaýyna alyp geldi. Onuň öňünde bir çäýnek çaý goýdy. Özem bir owadan gülli çäýnegi öňüne çekip, çaýyny gaýtardy-da: — Hany gürrüň berip otur — diýip, gaşlarynyň aşagyndan ýesire ulumsylyk bilen seretdi. — Nämäni gürrüň bereýin, agasy? — Nähili galtamançylyga çykyşyňy. — Men olary Şorguýuda gürrüň beripdim ahyry. — Ol gezek oňly diňläp bilmedim — diýip, sözüniň üstüni azmly ýetirdi. —Aýt-da, aýt diýlende. Buýtar-suýtar etseňem... Buýtar-suýtar edende näme etjegini ol aýtmady. Belki ony gamçylajakdyr. Burnunyň üstüne ýumruk bilen urjakdyr. Heý bolmanda, çaý-nahar bermän, öňki ýerine, köne tama dykyp daşyndan beklejekdir. — Aýtsam, agasy, meniň kakama Keraly söwdagär diýerler. Ony Hyrat ýaly uly şäherde tanamaýan ýok diýseňem boljak — diýip, ýesir gürrüň berip başlady. Keraly söwdagäriň Hyrat şäherinde uly bolmadyk ortaça dükany bolupdyr. Isfihana, Buhara, Samarkanda gatnaýan kerwenlere Keraly söwdagärem öz düýeleri bilen goşulýar ekeni. Ol ýerlerden getiren harytlary bilen öz dükanyny üpjün eder ekeni. Bularyň baýlygy artyp, dükany ulalyp barmasa-da, maşgalany oňat oňarýan ekeni. Keralynyň maşgalasynda bir ogul bilen iki gyz bolupdyr. Onuň ogly Hally lälik ösdürilipdir. Söwdagär özüniň mirasdüşerinden hiç zadyny gaýgyrmandyr. Hallynyň özünden kiçi gyz jigileriniň, ejesiniň ýanynda diýeni diýen, aýdany aýdan ekeni. Ol köçede urşup gelip, urlan bolsa, aryny iki gyz jigilerinden çykarar ekeni. Onuň urşup maňlaýyny çişiren, burnuny ganadyp, gözüniň üstüni göm-gök etdirip gelýän wagty az bolmandyr. Bu onuň çaga wagtlary. Hally jahyl wagtlary jalaý bolupdyr. Aýal maşgala lak atman geçmegi gaty kyn görüpdir. Gijelerini haremhanalarda, owadan gelinler bilen bujnurd şerabyny içip geçipdirler, keýp çekipdir. Bujnurd şerabyny içip, haremhanalarda keýp çekmek üçin Keraly söwdagäriň dükany ýaly dükanyň bolmagy ýeterlik däl. Oňa has ulurak baý bolmaly, ýa-da diýeni bolup duran beg bolmaly, han bolmaly. Keraly söwdagäre oglunyň bu sowurjaňlygy, jalaýlygy ýaramaýar. Üstesine-de şeýleräk bir waka bolup geçýär. Hyradyň «Bossan» köçesinde gür bagly kiçeňräk howluda Hurşyt banu diýen orta ýaşy alkymlap baran, çekgelerinden ýek-ýarym ak gyl görnüp duran dul aýal ýaşaýar. Onuň jaýy köpçülik üçin bolmasa-da, iki-ýekeler üçin gelip-gidilýän, karar tapylýan ýerdi. Hurşyt banu şäheriň saýlama baý ýigitlerinden ýek-ýarymyny özüne müşderi edinýärdi. Olar hanyň, begiň, uly söwdagäriň, zemindarlaryň ogludy. Keraly söwdagäriňem ogly giç-guryn şo töwereklerde köw-söw edýänleriň biridi. Hurşyt banuwyň howlusynda görner ýaly Hally uly baýyň, beg diýen ýaly adamyň oglam däldi. Hurşyt banu Keraly söwdagäriň dükanyna tötänden barypdyr. Şol mahal Hally ejesine dükanyň işini ýöretmege kömekleşýär ekeni. Hurşyt banu dükanyň içinde kän aýlanýar. Ýüpek parçalary aşagrak bahadan, özüniň kesen bahasyndan dileýär. Käsini razylaşýar, käsini razylaşanok. Käbirini öz boýuna deňäp: — Nähili, gelişýärmi? — diýip, Hallydan soraýar. Onuň ýyljyraklap duran owadan gözlerinden ýigitlik duýgusy oýanan Hally baş atýar: — Hawa, gaty owadan, gaty gowy, wah, siz onsuzam gowy ahyry — diýip öwýär. Banu bir topar zatlary aljakdygyny, ýöne ýanynda gapjygynyň ýokdugyny, şu oglan gidip alyp gaýtsa, puluny öýden berjekdigini aýdýar. Özüniň gowy söwda edenine begenen ejesi: — Hally, oglum, sen şu gelin bilen git. Ol saňa alty tümen berer. Şony alyp gaýt — diýip, ogluna aýtdy. Hally Hurşyt banuwyň yzyna düşdi. Olar haşamly baý öýleriň depseň yranmaz dükanlaryň duşundan geçip, «Göwherşat» medresesiniň deňine ýetdiler. Bu meşhur medresä Hally öňem bir gezek gelip görüpdi. Hyradyň şol uly medresesinde Keraly söwdagäriň bir dosty okaýan ekeni. Kakasy bir gezek şol dostunyň ýanyna Hallynam alyp gidipdi. Ýüzüne gündogaryň ajaýyp owadan nagyşlary çekilen «Kuranyň» süreleri ýazylan diwarlar diýseň owadandy. Medreseden ep-esli arany açyp «Bossan» köçesine sowuldylar. Birsalym ýöränlerinden soň, gök gabsaly howlynyň gapysyna gelip saklandylar. Hurşyt banu: — Sen şu ýerde azajyk dur, özüm çagyraryn — diýip, howla girip gitdi. Köp wagt geçmänkä yzyna öwrülip geldi. Gapyny açyp: — Giriber janym — diýip, mylaýym ýylgyrdy. «Janym» diýen sözi banuwyň oňa ilkinji gezek aýdyşydy. Hally bu söze birhili bolup tisgindi. Ol Hurşyt banuwyň alan harytlaryny göterip, howla girdi. Banu ony eýwanyň ugry bilen ýöredip, aňry çetdäki jaýlaryň birine alyp bardy. Ol Hallynyň göterip gelen harytlaryny onuň gujagyndan aldy. Belanyň körügem ana şondan başlady. Hurşyt banuwyň ýumşak elleri onuň ellerine degdi. Ýigidiň on iki süňňi dyglap gitdi. Birden ysgyny gaçdy, ýüzi gyzardy, ot alan ýaly laplap ýandy. Hurşyt banu ony aňdy, ýöne aňmazlyga saldy. — Gel, puluňy bärde bereýin — diýip, ýigidi içki otaga saldy. Ol teke, eýran halylary düşelip bezelen otagdy. Hokga köwşüni daşky otagda goýan ýigidiň ýalaňaç aýaklary hala degip, düşegiň mylaýym ýumşaklygy gany bilen ýaýrap giden ýaly lezzet berdi. Otag gül pürkülen ýaly arassady. Diwarlaryň reňkem asmanyň reňkine çalymdaş, pereň matalary çekilipdir. Çep tarapda owadan bezelen haşamly şkaf durdy. Ol şkaf Hyradyň özünde ýasalmaýardy. Ol Buharadan, Samarkantdan getirilip satylýardy. Otagyň sag böwründe agaçdan ýasalan daşy haşamlanan çarpaý bardy. Bu çarpaýy Hyradyň öz ussalary ýasaýardylar. Çarpaý iki adamlyk bolup, üstünde owadan şahy düşekçe, Hurşyt banuwyň şu egňindäki köýneginiň matasyndan, gyrmyzy gülli matadan syrdalaw ýorgan, iki sany ýanaşyk goýlan gök ýassyk bardy. Çarpaýyň ýokarsynda ýörite elde edilen nagyşlanan, aşagy seçekli ululy-kiçili dogaçyrlar asylyp durdy. Olaryň gapdalynda reýhan gülli ýaglyk asylgydy. Hurşyt banu «Goý, Hally içerini synlasyn» diýýän ýaly şkafyň ýokarky çekerini açyp, kän güýmendi. Ahyry ol alty tümeni sanap alyp, ony Halla uzatdy. — Ynha, puluň, ýigit! Hurşyt banu ýene ýylgyrdy, Ýene-de onuň şol ýumşak eli Hallynyň eline degip, endamy dyglady. Hally bu gezek saklanyp bilmedi. Şol ýumşak ellerden garbap tutanyny duýmady. Hurşyt banuwam ona garşylyk görkezip durmady. Olar şahy düşekçeli çarpaýa gyşardylar. Hally birhili özünden giden ýaly, düýş görýän ýalydy. Göýä lälezarlygyň, süýt ýaly ak dumanyň içi bilen barýan ýalydy... Birdenem ol özüne geldi. Gözüni ýalpa açyp, çarpaýyň üstünde aýaklaryny sallap oturdy. Ol gara der bolupdy. Ýüzünden der damjalary syrygyp, ýagyşyň astynda galan leýlisaça meňzeýärdi. Dikelip onuň bilen ýanaşyk oturan Hurşyt banu oňa gysmyljyrady. Hallynyň çep ýaňagyndaky nokat ýalyjak gara tegmile ýuwaşja basdy. — Ýadadyňmy? Hally sesini çykarmady. Hurşyt banu ýerinden turup, üsti-başyny düzetdi. Ol Hallyny howludan çykaryp, ýola salanynda, şol mähriban ýylgyryşy bilen: — Gelermiň? — diýip sorady. — Wah, günde gel diýseňem geleýin. Şondan soňra Hally Hurşyt banuwyň howlusyna gatnap ugrady. Ol howla ikinji, üçünji gezek geleninde bu howluda Hurşyt banuwyň ýeke özi ýaşamaýandygyny, başga-da gelin-gyzlaryň bardygyny bildi. Olara meýil edeninde Hurşyt banu: — Olara meýil etjek bolsaň, köp puluň bolmalydyr — diýip, ýylgyryp durşuna süýem barmagyny çommaltdy. Hally dükanyň pulundan gyrp-çyrp edip ugrady. Ogurlyga ýüz urdy. Hally hakda onda-munda erbet gürrüňler eşidilip ugrady. Bir gezegem Hurşyt banuwyň beýleki müşderileri bilen urşup, gyzyl gan bolup öýe geldi. Şondan soň Keraly söwdagär oglunyň elden-aýakdan çykyp barýandygyny görüp, ony öz ýanyna alypdyr. «Saňa-da indi söwda-satyg öwrenere wagt boldy» diýip, bir ýere gitse öz ýanyndan goýmandyr. Aýlar aýlanypdyr, günler, dolanypdyr. Bir günem uly kerwen Eýrana ýola düşüpdir. Keraly söwdagär ona özüniň bäş sany düýesi bilen goşulypdyr. Ol ýere Hyratdaky bol harytlary äkidipdirler. Eýrana giden kerwen Şahrud şäheriniň üsti bilen geçdi. Kerwen Şahrudyň çetinde ýerleşýän kerwensaraýda ýük ýazdyrdy. Kerwensaraýyň hyzmatkärleri ylgaşyp ähli ýükleri düşürişip, bellenen jaýlara çekmäge kömekleşip, perwana ýaly pyrlanyp hyzmat etdiler. Kerwensaraýyň aşpeziniň kömekçisi gara mytgaldan balakly, agaryp ugran ýaşyl mytgal köýnekli kürt oglan ýadap gelen myhmanlara ylgap hyzmat edýärdi. Her elinde iki çäýnek göterip, olara çaý daşaýardy. Hally kakasy bilen oturyp çaý içdi. Soňra hyzmatkär her kimiň islegi boýunça kime palaw kime çekdirme, kime nohutly piti daşap başlady. Hally bilen Keraly söwdagäriň öňünde içi palawly gyralary nagyşlanan, gök syrçaly mejmäni getirnp goýdular. Içi hurmaly, sary kişmişli palaw Hallynyň agzyna ýarady. Ol barmaklaryny şapbyldadyp nahar iýdi. Nahardan soň kimler ýassyga gyşardy. Uzak ýoluň ýadawlygyndan soň irkildiler. Kimler doýa garna ýatmazlyk üçin içde-daşda gezmeledi. Kimler şäheriň söwda-satygyndan habar tutmak, nyrhyny bilmek üçin gezelenje çykdylar. Gezelenje çykanlaryň birem Hallydy. Hally üç-dört sany söwdagäriň yzyna düşüp gitdi. Ýöne ol ilkinji dükana girilenden soň, olardan üzülip galdy. Töweregine ýaltaklady. Hälki söwdagärleriň hiç birem ýokdy. Hally dükanyň zatlaryna gyzygan bolmaga çemeli. Ýoldaşlaryndan şol aýrylyşmagam onuň başyna düşen aýylganç hasratyň başlangyjydy. Dükandan çykyp, onuň her äden ädimi Hallyny şol aýylganç emgege golaýlaşdyryp ugrady. Hallynyň ol zatlardan habary ýokdy. Ýolbarsyň bagry bilen süýşüp, özüniň alkymyna gelendigini otlap ýören jeren nireden bilsin? Hallam ölüm howpy abanan şol jeren ýaly, dünýäden bihabardy. Şäheriň çaň-tozanly darajyk köçelerinden arabaly, düýeli, atly, pyýada adamlar öz ugurlaryna geçip durdular. Köçeleriň gatnawy uly däldi. Ýöne onuň boşap galýan wagtam ýokdy. Hallynyň duşundan häli-şindi geçip durdular. Ine, iki sany adam geçip gitdi. Aňyrda garryja aýal bir oglanjygyň elinden tutup gelýärdi. Onuň yzyndan ýüzi perenjili gelin gelýärdi. Hally perenjili gelniň deňine gelende, gelniň çabdyna Hallynyň tirsegi degdi. Hally onuň nireden çykanyny bilenok, ýöne edil şo wagt bir serbaz ony saklady. — Sen näme ol gelne el degirdiň, näletsiňen jojuk? — diýip, serbaz onuň ýakasyndan tutdy. Olaryň gykylygyna adamlar üýşdüler. Perenjili gelnem saklandy. — Şo ýigit maňa degenogam, hiç zat diýenogam — diýip, gelin perenjiniň aňyrsyndan hemmeler eşider ýaly jedirdäp aýtdy. Serbaz oňa azgyryldy. — Gümüňi tap şu ýerden, jelep! Ol aýal dolanyp geplemedi, üýşen adamlaryň arasyna sümlüp gitdi. Serbaz Hallynyň her ýaňagyna bir şapbat çaldy-da: — Hany meniň şarpyk hakymy ber — diýip, elini uzatdy. Hally oňa düşünmän, aňk-taňk boldy. — Ol seniň günäňi geçýär. Sen oňa ýaňky iki şarpygynyň hakyny töläý — diýip düşündirdiler. Serbaz onuň ýakasyny has gaty silkdi-de: — Pedersuhty, men saňa şarpyk hakymy ber diýýän — diýip, öňküden beter azgyryldy. Hally oňa naýynjar garady. — Agasy, men size beýdip bilmen ahyry. Olaryň daşyndan dargap ugran adamlaryň biri: — Şarpyk hakyny bermeseň, bary bir, ol indi seni goýbermez — diýdi. Hally çekine-çekine serbazyň dulugyna ýelmedi. Serbaz hasam ot aldy. Ol: — Bu jojukdan bolan meni urdy — diýip, hasam oda-köze düşdi. Ikinji bir gelen serbazyň kömegi bilen onuň elini arkasynda daňdy, ýeňsesine depdi-de südürläp ugrady. Şeýdip ony ažan posta alyp gitdi. Nahardan soň ýassyga kellesini goýan Keraly söwdagär şobada uklady. Agyr ýoluň argynlygy, günortanyň yssysy, kemsiz doýlan palaw, onuň gözüni bürüp alyp barýardy. Ol ýatdy. Düýşünde ony içi hapa bulanyk suwly deňze oklaýarlar. Çykjak bolup dyzaýar, deňziň kenaryndan ýapyşýar. Onuň tutan daşy gopup gaýdýar. Ol daljygýar, hopugýar. Şo barmaşa birden oýanýar. Dünýä täzeden inen ýaly bolýar, begenýär. Ýöne ol uzak ýatyp bilmedi. Elleri naýzaly iki ažan şakyrdap gapydan girip, ony oýardy. — Keraly söwdagärmi sen? — Bolubilseg-ä özi. — Bolubilýäňmi, bolubilmeýäňmi, görübereris. Düş öňe. — Nirä? Näme boldy? A-how, saraýban, bular näme? — diýip, Keraly söwdagär saraýbany kömege çagyrdy. — Elbetde, günä edensiňiz-dä ýa ogluňyz bir zadyň üstünden barandyr — diýip, saraýban oňa kömek edip bilmejekdigini duýdurdy. Keraly söwdagäriň iki elini arkasynda daňdylar. Ažanlaryň biri naýzasyny öňe uzadyp, tussag edileniň öňünden ýöredi. Beýlekisi Keralynyň yzyna düşdi. Ony Şahrudyň darajyk tozanly köçeleri bilen alyp gitdiler. Onda-da uly galtaman tutan ýaly edip alyp gitdiler. Ýol boýy adamlaryň gözi bendidedi. Her kim bir zat diýip çaklaýardy. Biri «Uly galtamanmyş» diýse, başga biri «Ýönekeý ogrumyş, ynha bir elini keser goýbärler-dä» diýýär. Biri «Adam öldürenmiş», ýene biri «Ýaňky gelen kerwendenmiş, ýol pajyny tölemänmiş» diýip, her kim özüçe pal atýardy. Hiç kim «Şu adam günäsizmiş» diýmeýär. Bu şäherde günäsiz adamy tussag etmeg-ä beýlede dursun, «Günäsiz adam tussag edilenmiş» diýlen söz üçinem bäş gamçy jeza berilýär. Keraly söwdagäri şäheriň hojaýyny Nowruzaly baýyň huzuryna alyp bardylar. Söwdagär nämäniň-nämedigine henizem düşünenok. Onuň ogly Hallam şol ýerdedi. Ony görüp Keraly söwdagär içini çekdi. Hallynyň üsti-başy gandy, köýnekleri aşyklynyň eti ýaly sal-saldy. Düýş ýorýan adamlar «Gan gazanç» diýip aýdýarlar. Ýöne bu ganyň öz oglundan çykmagy Keralyny gorkuzdy. Düýşem bolsa oňly düýş däl. Iň bolmanda bu söwdada utulmagyň alamaty. Ýöne welin arman bu düýş däldi. Hallynyň hiç zada düşünmeýän naýynjar nazarlary Keralynyň ýüregini jigletdi. — Seniň ogluň şäheriň namysyna el gatypdyr — diýip, Nowruzaly baý oňa äpet günä ýükledi. — Bu düşünişmezlikdir. Meniň oglum onuň ýaly zatlary bilýän däldir. Oňa rehimiňiz gelsin, agaýy! Nowruzaly baý gapynyň golaýynda duran serbaza ümledi. Ol şo duran ýerinden: — Ol gyzyň göwsünden tutdy. Gyz gykylyk etdi. Şol wagt men ýetişdim — diýip, bolan wakany üýtgedip aýtdy. — Bu ýalan sözleýär — diýip, Hally garşylyk görkezjek boldy. Onuň agzynyň üstüne urdular. Ol agzyny gyzyl-gan edip, bir tarapa gyşardy. Keraly söwdagär oglunyň şonuň ýaly haramzadalyk edip biläýjegine ynanyp ugrady. Hyratda-da eýle-beýle gürrüňler söwdagäriň gulagyna degýärdi. Ýöne ony bu ynanjyndan el çekmäge mejbur eden başga bir ýagdaý ýüze çykdy. — Söwdagär Keraly biziň topragymyzy basgylap ýör, pajynam tölänok — diýip, Nowruzalynyň ýanyndakylaryň biri aýtdy. Nowruzaly hyrsyz, edil gaplaňyňky ýaly gözlerini alartdy. — Ýok, agaýy. Men töledim. Siz, agaýy, pajy menden özüňiz aldyňyz. — Näme ol indi şu göwresi bilen, şu sakgaly bilen ýalan sözlär öýdýäňmi? — diýip, Nowruzaly baý oňa azgyryldy. Soňra: — Ikisinem zyndana salyň — diýip, ažanlara buýruk berdi. Ataly-ogly alyp çykdylar. Olary çuň gazylan ýerzemine merdiwan bilen düşurdiler. Merdiwany çekip aldylar-da, ýerzeminiň üstüni ýapdylar. Edil gabra giren ýaly gözedürtme garaňkylyk emele geldi. Hally ýerzeminde kakasy bilen iň soňky gijäni geçirdi. Kakasy ýerzeminde ogluna käýinmedi. Ony özüne süýşürip uzynly gije gujaklap ýatdy. Ertir Hallyny ýerzeminden çykardylar, Ýagyrnysyna on bäş gamçy urdular. Kakasynyň bolsa şol gidişi boldy. Aýdyşlaryna görä oňa kyrk gamçy urupdyrlar. Şol gamçylaryň awysyna zyndanda wepat bolupdyr. Olaryň kerwensaraýdaky ähli zatlaryny Nowruzaly baý alypdyr. Hally mazaly sagalýança oňa bir garryja aýal seredipdirem, emem edipdir. Ol gutulansoňam Hyrada gidip bilmändir. Ol ýere gitmek üçin pul gerek. Goşulyp gider ýaly Hyratdan dolanyp kerwenem gelmändir. — Şondan soň men ogurlyga, galtamançylyga baş urdum — diýip, Hally galtaman özüniň uzyn gürrüňini jemledi. Garamergene onuň gürrüňleri täsir etmedik ýaly, şol bir oturyşydy. Onuň ýüzünde gynanjam, begenjem, hiç hili alamat ýokdy. Ol Hallynyň ykbalyna diýseň biperwaýdy. Hally Nowruzaly baýyň zyndanyndan çykanson, şäherde hammalçylyk edip gezdi. Agyr diýmän, ýeňil diýmän, onuň-munuň ýüküni çekdi. Onuň bilenem özüni ekläýmek kyndy. Bir gün bir şaýy düşse, iki-üç gün hiç zat düşenokdy. Aç ýatyp, aç turmaly bolýar. Onsoň gedaý gezip başlaýar. «Gedaýçylyga-da gurp gerek» diýen ýaly oňa-da gurp gerek. Oňa ýaş çaga bolsaň, sandan galan garry bolsaň boljagam. Onda il-günüň rehimem geljek, döwüm-dişlem çöregem berjek. Ýöne welin Hally ýaly güýji ýerindäki ýetginjege kim rehim etsin, kim zat bersin? Gedaý gezen wagty Hally eline taýak alyp, agsaklap ýöremäge başlady. Şondan soňra adamlaryň rehimi gelip, döwüm-dişlem çörek berip ugradylar. Ol oba-oba aýlanyp gedaý gezýärdi. Hallynyň çölde galyp, çölde ýatan wagtlaram bolupdy. Ol harabalyga baranynda gylyçly pyýadalar onuň daşyny gabady. «Kim sen?» diýip, oňa sorag baryny ýagdyrdylar. Kimdir biri «Hanyň iberen jansyzy bolaýmasyn?» diýdi. Gylyçly adamlar onuň elini arkasynda daňdylar. Ony gylyçdan geçirip, gorpa süsdürip goýbermek hakda gürrüň etdiler. Hally olara hiç bir hany tanamaýandygyny, özüniň bir döwüm çörek üçin gedaý gezip ýörendigini aglap gürrüň berdi. Daşyndakylar oňa ynanmadylar. Şol wagt biri: — Duruň entek, şu gedaýy men şäherde görüpdim. Dogrudanam şu şol gedaý — diýdi. Şondan soň daşyndaky eli gamçyly adamlar çekildiler. Elini boşatdylar. Oňa özleri bilen çaý içmäge, çörek iýmäge rugsat berdiler. Munuň duşan adamlary hanyň atlylaryndan gaçyp ýören bir bölek galtaman ekeni. Hally olara uzynly gije öz başyndan geçiren wakalary barada gürrüň berdi. — Indi sen näme etmekçi? — diýip galtamanbaşy daýaw kürt ýigidi ondan sorady. Hally oňa näme jogap berjegini bilmän, esli salym dymdy. Elindäki çöp bilen ýer dyrmady. Soňra başyny göterip: — Oňarsam, kakamyň ganyny aljak. Başarmasam binamyslyk edip gedaý gezjek, ýüzümi saraldyp, ölmez-ödi dilejek ýörjek — diýdi. Galtamanbaşa Hallynyň jogaby ýarady. Ony öz hatarlaryna kabul etdiler. Oňa gylyç, ýarag alyp berdiler. Bir gezek dükana çozuşlyga gatnaşdy. Bir gezegem kerwen taladylar. Hally galtamanbaşa bir gezek: — Rugsat berseň, men Şahruda gitjek — diýdi. — Belki, biz hemmämiz gideris, dükan talarys. — Ýok — diýip, Hally jogap berdi. — Köp adama gizlenmek kyn bolar. Bir özüm haýsy syçanyň kürümine giremde bolmaýar. Hally eşigini taşlady-da, ýene öňki gedaý geýimine girdi. Hanjaryny köneje çäkmeniniň içinde gizläp, Şahrud şäherine tarap ugrady. Az ýöräp, köp ýöräp ahyry geldi. Ol Nowruzaly baýyň howlusynyň töwereginde kän aýlandy. Näçe aýlansa-da netije ýokdugyna, Nowruzaly baýa hiç zat edip bilmejekdigine düşündi. Ol gedaý eşiginde ýene şäherden çykyp gitdi. Beýleki galtamanlar bilen dilleşen ýerine geldi. Onuň şähere baryp bar bitirip bilen zady özüni bejeren garryny tapdy. Oňa özüniň galtamançylyk edip ýygnan puluny berdi. Onda-da halal gazanjym diýip aldap berdi. Ýogsa garrynyň ol puly almazlygy, kabul etmezligi ähtimaldy. Ýöne welin onuň gideli bäri ep-esli gün geçipdi. Ol belleşilen ýerinden ýaranlaryny tapmady. Olaryň yzyna serbazlar düşüpdir. Galtamanlar bu etraplary taşlap, Maşada tarap gidipdirler. Hally gedaý oba-oba aýlanyp, gedaýçylyk edip, Maşada ýüzlendi. Onuň pikiri ýaranlaryny tapyp, olara goşulmakdy. Ol jaranlarda, harabalarda ýatyp-turup, uzak ýol ýöredi. Ol Maşada gelensoň ýaranlaryndan gördüm-bildim eşitmedi. Hally Maşatda galyp özüne täze ýaran toplap ugrady. Ilki iki, soň üç boldular. Olar Hallynyň hanjary bilen ýolda näwagt, biwagt görnen iki-ýeke adamlary talamakdan başladylar. Olar köpelip-köpelip, on adama ýetdiler. At-ýarag edindiler. Şeýdip ýene kerwen ýollaryna çykdylar. Ýene ondan basym el çekdiler. Kerwenleriň ýany goragly bolýar. Ol howply. Galtamanlar ýönekeý ogurlyga geçdiler. Ýene-de Ryzaguly hanyň serbazlary galtamanlaryň yzyna düşüp ugradylar. Olar gaçyp Kesearkaja geldiler. — Ynha, bu ýerem meniň iň soňky gelen ýerim boldy — diýip, Hally galtaman dymdy. — Eger men seni goýberäýsem, sen näme işlemekçi? — diýip, Garamergen dommarylyp, diňläp oturyşyna sorag berdi. — Men saňa toba ederin, Mekgä giderin diýsemem seň ynanasyň ýok. — Näme üçin ynanmaýyn. — Üçini, sen meniň şundan başga oňarjak kärimiň ýokdugyny gözümden bilip otyrmykaň diýýän. — Ogurlyk, galtamançylyk iň aýyp hünär. Sen başga zat öwrenäýseň bolmadymy? — Hiç zady öz-özünden öwrenip bolanok. Adamlar bolsa maňa şuny öwretdiler, şuňa mejbur etdiler. — Seni talan Nowruzaly baý. Sen bolsa özüň ýaly sada adamlary talaýaň. Gaýratyň bolsa, git-de şony tala ýa-da ondan gorkýaňmy? — Gorkýan. — Onda galtamançylygy goýarlar, ýogsa bir gün ele düşmeseň, başga bir gün ele düşersiň. — Möjek bir gün gapana düşjegini bilse-de, sürä çapmalydyr. Ýogsa aç öler. Garamergen jedeli dowam edip oturmady. Ol gürrüňi başga ýana sowdy. — Soň Hyrada gitjek bolmadyňmy? — Habar tutdum. Ejem aradan çykypdyr. Gyz jigilerimiňem biri ölüpdir. — Beýlekisi? — Beýlekisi Hurşyt banuwyň penjesine düşüpdir. Soň ony daýylarym alyp gidipdirler — diýip, Hally galtaman dymdy. Garamergen öz içinden «Hally söwdagär. Hally gedaý, Hally galtaman» diýip, oturyşyna esli wagtlap sesini çykarmady. Hally galtamanam geplemedi. Ol öz öňünde goýlan bir çanak gatyk bilen nahar edindi. Agzyny süpürip, töwirini galdyranyndan soň, Garamergen oňa: — Ýör hany, ýatmaly jaýyňa elteýin — diýip ýerinden turdy. Olar daşaryk çykanlarynda howa bulutlaşypdy, gözedürtme garaňky diýilýänidi... Ertesidi. Hally ýesiriň salnan jaýynyň agzy açykdy. Gapynyň öňüne goýlan daşlaryň hersi bir ýerdedi. Ýesir gije gapyny açyp gaçyp gidipdir. Kim oňa: «Özi gapyny açyp gidendir» diýýär. Kim: «Oňa daşyndan kömek gelendir» diýýär. «Onuň ýaranlary gije oba gelendirler, salnan tamyny bilip, agzyny açandyrlar, özleri bilen alyp gidendirler» diýýänlerem bardy. Ýesiriň gaçyp gitmegine beter gynanan Akdaşaýak obasyndan gelen dört atly boldy. Olar şu ýesiriň özlerini talan galtamandygyna ynanýardylar. Olar düýn şu gürrüňi eşiden batlaryna atlanmandyklaryna gynandylar. Galtamany tanamak üçin alnyp gaýdylan çolugam, çopanam hyrçlaryny dişläp galdylar. Olar ähli iýen gamçylarynyň, eşiden sögünç sözleriniň hasap-hesibini ederis diýen umyt bilen gelýärdiler. Olaryň şol umydyny «Ýesir gaçypdyr» diýen ýeke söz gap bilinden döwüp taşlady. Süýtleňňijiň şemalyň ugruna dagap giden tozgasy ýaly dagap gitdi. Çakyry çykan warak gabsany, dagap ýatan daş, köne soky, kerpiç diýen ýaly gapynyň gulpunyň deregini tutan zatlary gördüler. Akdaşaýagyň wekilleri Iner golagyň öýüne düşüp, şo ýerden çaý içdiler. Olar Iner golak, Nurahmet serdar bilen eden gürrüňlerinde özleriniň göwnüne gelen müňkürliklerini duýdurdylar. — Gapynyň agzyna goýuldy diýilýän zatlar içinden itekläp açar ýaly däl — diýip, myhmanlaryň ýaşulusy aýtdy. Olaryň aýdýany dogrudy. Gapa goýlan zatlary Iner golagam, Nurahmet serdaram görüpdi. Ony itekläp açmaga bir adamyň güýji ýetjek däldi. — Daşyndan ýoldaşlaram gelen däldir — diýip, Nurahmet serdar ardyndy. — Olar gelen däldir. Olar itleri örüzmän gelibem bilmez, gidibem — diýip, ýene myhmanlaryň biri aýtdy. Iner golak elindäki käsäni ýerde goýup, gözlerini alyslara dikip: — Olar gelende-de, onuň bu uly obada, haýsy tama salynjagyny näbilsin, howwa — diýip, böwrüne diň saldy. Oturanlaryň üstünden sowuk suw guýlana döndüler. Adamlar dymdylar. Olaryň gelen netijesi düşnüklidi. Kimem bolsa oňa şu obadan kömek eden bardy. Şol kömegi eden adam galtamanlaryň şärikdeşi bolmagy ahmal. Belki, Akdaşaýak obasynyň sürüsiniň gitmeginde-de onuň eli bardyr. Şu obanyň çekenesine gönükdirenem, belki, şodur. Ine, adamlary, hemmeden beterem Iner golagy iňkise salan zat şo pikirlerdi. Myhmanlar çaý-nahardan soň: — Bähbit bol-a, onuň bilen duşuşmak nesibämizde ýokdur-da — diýip atlandylar.