Men sen hakda ýazman duryp bilmedim. Dogry bu zatlara kimsi ynansa kimler hem ynanman biler, emma men welin doly ynanýan Dogry yigit bilen gyzyň arasynda dostlyk bolup bilmez, wagtyň geçmegi bilen olaryň haýsam bolsa biri şol dostlygy söýgä ýazdyrmagy mümkin, soň ýa dostlyk ýiter ýada bu dostlyk has hem berkar Meniň bu gürrüň berjek bolÿan wakam söýgi uçganajygyndan-a dörän däl Bu meniň şu ýerde şeýlebir çykgynsyz ýagdaýa düşen günüm, hatda joramada, öýe ýakynlaryma-da aýtmakdan saklanan günüm, ýüregime sygman telefona ýapyşamda, el kömegini däl ,dil kömegini beren ,meniň üçin ertir comdaky iñ gowy mähribän wirtual dostym barada bolar. Bu ýigit ertir com agzasy, ýöne özi ruhsat bermänsoň nik adyn ýazyp biljek däl, hatda şu wakany ol ýazar hem öýden däldir, ýöne meniň şu taýdaky iň ýakyn dostlarymyň hataryna goşylyp maňa real durmyşymda goldaw beren ýigdi, men bloklar sahypamda adyn goýmasam, hiç ýüregim ynjalmady. Durmuşy wakalar her ädimde, her minitda-da döräp bilýändir. Sen şu gün şeýle bir baýsyň erte ýeke teňňesiz galmagyň hem mümkindir. Çemçeläp ýygnanyň çanaklap dökülýän ýerler, bu durmyşda gaty kän ýerde gabat gelýar. Ýamana duçar etmesin, boljak bolsa sähel zatda-da bolup bilýar eken. Meniň bu düşen günüm öz günämmi ýa bir heniz 22 ýaşamadyk gyzy gözenegiň aňyrsyndan alyp galmakmy, onda-da ne onyň ýakynlaryna ne-de meniň ýakynlaryma duýdurman, bu gaçan çükürmizden goldaw esasynda batgalyga çümmän galmakmy doly bilmedim, ýöne şo günki düşen ýagdaýmyza ruhy goldaw onda-da dil kömek gaty zerur wagty, şu ertir com sahypasyna girip bir minut hem bolsa bu wakadan daşlaşmak üçin giremde ,meniň wirtual dostymyň lineden jaň edip, meniň gepleýiş äheňimden äňyp, näme bolanyny soranda, dogrymy aýtsam ,saklanyp bilmedim Men hem agladym, hem-de gürrüň berdim. Ol meni köşeşdirip ýakynlaryňa aýt, iki sany ýumruk ýaly gyzyň baş alyp çykjak işi däl, diýdi we geplemeli we geplemeli däl gürrüňleri ÿürudiçeskiÿ öwredip, meni täzeden ugratdy . Men şu meseläni aradan aýyrýanjam, ol hiç hili ynjalmady, her ýarym sagat, bir sagatdan, natdiň gowymy, düzeljekdenmi özi, diýip sorap durdy. Dogry ol ýigit yurda däldi ,daśary ÿürtdady, diplomyn aljak bolyp, gol çekilerine garaśyp ÿördi, bolmasa ol men nirde bolsamda şu ýagdaýda göni geljegin we elinden gelýän kömegin etjegin duýýardym we onyň her bir hereketinden aňýardym Men ol ýigdiň öwreden her bir aýdan sözlerini ýerbe ýerinde goýup real durmyşymda peýdalandym we biziň bu düşen ýagdaýmyzy hiç bir ýakynlarmyzyda bildirmän doly derejede ýapdyk,umuman alyp çykdyk we kemçilikleri öwredişleri ýaly ýakyn wagtyň içinde düzeldip,tabşyrdyk Şeýdip ýanymdaky gyzyň eden kemçiligini öz boýnyma aldym we ol gyzy aradan aýyrdym, bolmasa hat ýazyş-a seňki däl,diýip näçe meni sözümde tutjak bolsalarda, men hiç hili o gyzy çukura iteklemedim Bu kemçilikler ýapyldy we ondan bäri edil wirtual dostymyň öwredişi ýaly özüme ynalynan zady gaýdyp hiç hili jorama, işdeşime ynanmadym Bu döwürde ynanar ýaly zat ýok, sähel bolsa göni aýagyňdan asylyşjaklar gaty kän eken ýöne bir zady bildim, adam ýalňyşman beýiklige çykyp bilmeýar we adam ýalňyşman düzelmeýar Biziň her bir ýalňyşlygymyz düzelmegimize iterýär we indiki gezek ýalňyşmazlygymyza getirýar, ýekeje ýalňyşlyk tutyş ömrüňde ökünip geçjek ýagdaýa düşürmegi mümkin ahyry Indi ýene öňki ýaly diňe öňe, diňe öňe ädimleýas Ýüregimiň töründe şo wakadan soň saklap ýören syrym kagyz ýüzünde beýan etmek gaty kyn, ýöne şonda-da ,seniň bu ýazan zatlarmy okajagyň bilýan we şu ýerde seniň maňa beren dil kömegiň, ömrümde sapak bolarlyk kömek goldaw bolandygny aýdasym gelýar Mahriban dostym, sen durmyşyň ýaňy birinji basganjagyndan ädimläp başladyň, diplomyň ýakyn günlerde tassykladyp, işe başlamagyňy arzuw edýan! Goý seniň janyň sag bolsun, şu ene ataňa rakyply gyz durmyşyňda ýol beletiň bolsun,seniň diregiň, süregiň bolsun! Ýüregiňde besleýän gyzyňa duşyp bagtly maşgala bol,towşan ýaly köpelip, burgut ýaly uzak ýaşa,bagtyň daş ýarsyn, maşgala ojagyň ynam bilen gurylsyn,söýgi, agzybirlik oňa seplensin! Wirtual dostym, real eden kömegiň üçin ömür minnetdardyryn! Bu gün bolmasa erte bizem bu ýerden gideris, ýöne bu ýazgylar galar, ýene 10-15 ýyldan google girip okalanda bäş minutlyk hem bolsa geçen güne dolanarys.... Nowça

Köneler, Nowcha90 tarapyndan 6 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir