Taryhyň öwrümli ýollarynda, türkmeniň oýanan ykbalynyň diregi bolan, öz halkyny nurly Gün bolup çoýan Beýik Serdarymyzy, Beýik Saparmyrat Türkmenbaşyny ýitirmek milletiň uludan-kiçisiniň ýüregini daglady, adamlaryň kalbyna daglar bolup çökdi. Bu ýitgi, onda-da öwezini dolup bolmajak ýitgi. Ýöne bu Beýik Şahsyýet durşy bilen mertlige, merdanalyga, ynsanperwerligiň nusgasyna, taryhyň syrly dünýäsine öwrülip, dury çeşme kimin teşneligi gandyrmagyň gözbaşyna, danalara täzeden ömür berip, bakylyga öwrülen, aňymyzda özüniň mukaddes Ruhnamasy bilen şamçyraga dönüp, asyrlardan-asyrlara, eýýamlardan-eýýamlara şöhle saçýar. Türkmeniň iň bir kyn günlerinde halkyň agyr ýüküni gerdenine alan Beýik Şahsyýetiň sähelçe salymda bitiren işleri bu gün akla sygar ýaly hem däl. Türkmeniň müňýyllyklaryň dowamynda arzuw edip gelen erk-ygtyýaryny, genji-hazynasyny, mahlasy, türkmeniň özüni özüne gaýdyp bermek bilen çäklenmän, ony bütin dünýä ykrar etdirmegi, täze türkmen jemgyýetini gurmagy, Garaşsyz, baky Bitarap Tükmenistan döwletini mäkäm esaslandyrmagy türkmen dünýäsiniň abatlygyna Beýik Şahsyýetiň beren peşgeşidir. Türkmenistanyň syýasy lideriniň bitiren hyzmatlaryny birin-birin sanamak, aňyňda aýlamak, gözüň bilen görüp guwanmak bagtyna eýe bolmak, onuň milletiniň nesilleriniň nesillere utgaşýan dowamat dowamlygyna bagş eden buýsanjydyr. Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy türkmen döwletine ýolbaşçylyk eden döwri türkmen ylmy üçin şöhratly ýyllaryna öwrüldi. Döwletimizde ozal ýadyňa-oýuňa düşmejek ylmy ojaklar açyldy. Olaryň arasynda gadymy türkmen alymlarynyň, ýazyjylaryň, şahyrlaryň ýazuw ýadygärliklerini öwrenýän, dikeldýän we köpçülige ýetirýän Türkmenbaşy adyndaky Türkmenistan Milli golýazmalar instituty, türkmenleriň ata-babalarynyň ýaşan Gündogar döwletleriniň taryhyny öwrenýän Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Türkmenistanyň, Merkezi Aziýa we Gündogar halklarynyň medeni mirasy döwlet instituty, Beýik Türkmenbaşy zamanasynda Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasy, Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Türkmenistanyň Harby instituty, Türkmenistanyň Prezidenti goşun generaly S.A.Nyýazow adyndaky Türkmenistanyň Polisiýa akademiýasy, Halkara türkmen-türk uniwersiteti ýaly ylmy merkezlere öwrülen täze ýokary okuw mekdepleriniň döredilmegi türkmen halkynyň guwanjyna öwrüldi. Jemi Türkmenistan boýunça 35-den gowrak ylmy ojaklar hereket edýär we türkmen ykdysadyýetiniň hem-de aňyýetiniň ösmegine özleriniň saldamly goşandyny goşýarlar. Kompýuter ulgamlarynyň durmuşa ornaşmagy bilen täze türkmen jemgyýetiniň ösüp- özgermegine, kämil we ylymly, bilimli nesliň emele gelmegine Beýik Serdarymyzyň nazar salan görlüp-eşidilmedik ýoly guruldy. Senagatyň ösen pudaklarynyň esasyny düzýän zawodfabrik toplumlary Garaşsyzlyk zamanasynyň, Türkmenbaşy eýyamynyň ruhubelent, ylmy nazaryýetli adamlary tarapyndan dolandyrylýar. Ýurdumyzda ylymly-bilimli, kompýuter tilsimatlaryny doly eýerip bilýän ýaşlary taýýarlamak maksady bilen Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň karary esasynda “Täze eýýamyň ýüpek ýoly” taslamasy amala azyrylýar we onuň hasabyna Türkmen Milli ylym-bilim tory döredilip, oňa ýurdumyz boýunça jemi 21 ylym-bilim edaralary çatyldy. Ýurdumyzyň ylmy edaralarynyň alyp barýan düýpli işleriniň hemmesini sanap oturman, käbir mysallara ýüzleneliň. Türkmenistanyň Nebitgaz senagaty we mineral serişdeler ministrliginiň Nebit we gaz institutynyň hünärmenleriniň teklipleri we olaryň gönüden-göni gatnaşmaklarynda gazyň göwrümi 501,6 mlrd. m3 çenli artdyryldy. 26 sany gaz ýataklary we täze känleri açyldy. Türkmenistanyň Döwlet ätiýaçlyk gory boýunça düzülen topar tarapyndan 8 sany gaz ýataklary üçin gazyň gorunyň hem-de beýleki peýdaly düzümleriniň hasaplamasy we täzeden 4 hasaplamasy geçirildi. Geçirilen işleriň netijesinde gaz gorunyň göwrüminiň 247,6 mlrd. m3 artandygy anyklanyldy. Buraw işleriniň netijeliligini ýokarlandyrmak üçin, buraw erginleriniň taýýarlaýyş usullary kämilleşdirildi we olaryň ýerli çig mallary öz içine alýan düzümi işlenip taýýarlanyldy hem-de olar önümçilige – gaz guýularynyň buraw işlerinde ornaşdyryldy. Netijede, Döwletabadyň gaz guýusynda bir gije-gündizde gazyň çykyşyny 511 müň m3 ýetirildi. Türkmenistanda esasy pudaklaryň biri bolan nebitgaz ulgamlaryna degişli bolan Nebit we gaz institutynda 2006-njy ýylda ylmy-barlag işleri jemi 67 sany ministrlik tarapyndan tassyklanylan şertnama esasynda alnyp baryldy. Bu şertnama işleriniň aglabasy nebitgaz toplumynyň geologiýa-gözleg we buraw işlerinden başlap, nebitgaz ýataklaryny işläp düzmek, nebitgazy gaýtadan işlemek we önümleri ugrukdyrmak ýaly ugurlaryny öz içine alýar. 2006-njy ýylyň birinji ýarym ýyllygynda institutda ylmy-barlag we taslama işleriniň 1 manat çykdajysy üçin ylmyň berýän netijesi 3 manat boldy. “Türkmennebit” döwlet konserniniň “Nebitgazylymtaslama” instituty boýunça umumy bahasy 17 milliard 940 million manada deň bolan jemi 15 sany ylmy iş ýerine ýetirilip, olaryň 14-isi önümçilige ornaşdyryldy. Malaý käninde gazyň gorlary gaýtadan hasaplanyp, onuň goruny 2 essä golaý köpeldip, ylmy taýdan esaslandyryjy hasabat taýýarlanyldy we 2006-njy ýylda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Gorlar boýunça döwlet topary tarapyndan tassyklanyldy. Şäher gurluşygy we seýsmologiýa ulgamy boýunça Seýsmologiýa ylmy-barlag institutynda Türkmenistanyň şäherlerini seýsmoetraplaşdyrmak üçin ilkinji gezek dikleýin we keseleýin tolkunlaryň tizligi peýdalanyldy, şol tolkunlary herekete getirmek üçin ýörite enjam işlenip düzüldi we taýýar edildi. Tutuş Aşgabat we Arçabil şäherleri boýunça 70 profil işlenip taýýarlanyldy. Türkmenistanyň Energetika we senagat ministrliginiň “Gün” YÖB-de Garaşsyzlyk ýyllarynda ylmy-barlag we amaly-taslama işleri boýunça şeýle netijeler gazanyldy: çölde goýun sürüsini (1000 baş) we çopan toparyny (4 adam) saklamak üçin, medeni zolakdan 100 we 250 km daşlaşan ýerlerde galyndysyz goýundarçylyk geliotoplumlary guruldy; hlorella öndürmek boýunça synag-senagat enjamy (öndürijiligi 7 aýda 500 m3 hlorellanyň suspenziýasy) işlenip düzüldi we döredildi; arzanlygy we ýasalyşynyň ýönekeýligi bilen tapawutlanýan pnewmatiki nasos (öndürijiligi 20 m beýiklige suw galdyrylanda sagatda 1- 4 m3 ; kislota pulpy 6 m-e guýlanda bolsa 150 m3 /sag.) işlenip düzüldi we onuň synag nusgalary ýasaldy; özbaşdak işleýän gelio suwa düşülýän enjamlar (gelio kabul edijiniň meýdany 1 m2 , öndürijiligi bir gije-gündizde 50-600C temperaturaly 80 litr ýyly suw) işlenip düzüldi we olaryň dürli gurluşlary döredildi; gün energiýasyny ýylylyk energiýasyna öwürmegiň tehnologiýasyny görkezmek üçin freneliň linzalary bilen gün toplaýjy ulgamyň tejribe modullary döredildi; peýdaly meýdany 100 m2 bolan günden ýyladylýan iki sany jaý işlenip düzüldi we guruldy. Himiýa we himiýa tehnologiýasy, energetika (gün, ýel) hem ýylylyk tehnikasy ulgamlary “Gün” YÖB-inde ylmy-barlag we tejribe-düzüş işleri ministrlikleriň hem-de pudaklaýyn edaralaryň tabşyryklary boýunça baglaşylan şertnamalar esasynda alnyp baryldy. Diňe 2006-njy ýylda umumy bahasy 3 milliard 251 million manat bolan 88 sany tema boýunça işler ýerine ýetirildi. Olaryň netijeleri işlenip düzülen täze tehnologiýalar, usullar, döredilen enjamlar we materiallar önümçilige ulanmaga berildi. Şol sanda, Hazaryň himiýa kärhanasynda ýodat kaliniň önümçiliginiň tehnologiýasy, “Maryazot” ÖB-ginde ammiagyň okislenme derejesini kesgitleýän enjam, Türkmenabadyň himiýa kärhanasynda ýerli çig malyň esasynda taýyn reňkleri almagyň tehnologiýasy, Baýramalynyň ýag zawodynda bitum-emulsiýa mastikasyny hem-de olifi almaklygyň usullary ornaşdyryldy. 5 Oba hojalyk ylmy boýunça Ylmy-barlag dänelik ekinleri institutynda bäsleşik sort synag meýdançasynda ösümlikleriň ösüşi we boý alşy boýunça fenologiki gözleg işleri geçirildi. Gaty bugdaýyň “Nissa”, ýumşak bugdaýyň “Altyn asyr” we arpanyň “Sona” sorty üçünji ýyl Döwlet sort synagyny geçirmek üçin we täze döredilen ak bugdaýyň “Miras” we “Änew” sortlary, tritikaliniň täze döredilen “Ruhnama” sorty Döwlet sort synagyna tabşyryldy. Nohudyň irki ýetişýän sort nusgalary hasaba alyndy. Saýat ylmy-önümçilik synag merkezinde şalynyň seleksiýa işlerini geçirmek üçin toplum meýdançasynda şalynyň 120-den gowrak sort nusgasy, deslapky sort synag meýdançasynda 15 sort nusgasy ekildi. Pagtaçylyk ylmy-barlag institutynda gowaçanyň orta süýümli Gubadag-3 sorty Döwlet sort synagyna tabşyrmak üçin taýýarlanyldy. Ýolöten-32 sorty önümçilige ornaşdyrmaga teklip edildi. Gowaçanyň önümçilige täze ornaşdyrylan Ýolöten-14, Ýolöten- 19, Ýolöten-21, Daşoguz-114 sortlarynyň saýlantgy tohumlaryny öndürmeklik ýola goýuldy. S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň Ylmy-barlag ekerançylyk institutynda introduksiýa we sort öwrenmek işleriniň netijesinde erigiň (Arzami, Ýubileýnyý Nowaýy, Ruhy Juwanon), naryň (WIR-1, Krmyzy Kabuh, Zubeýda, Balla Mursal) ýerli şertlere tiz uýgunlaşýan, amatly hojalyk alamatlary bolan sortlary önümçilige hödürlendi. Üzümiň sort toplumynda enelik-atalyk sortlary saýlanylyp, çaknyşdyrmak netijesinde 1350 sany gibrid nahallary döredildi we biologiki alamatlary öwrenildi. Biologiýa we ekologiýa ylymlary boýunça Çöller, ösümlik we haýwanat dünýäsi milli institutynda Aşgabat–Garagum–Daşoguz demir ýolunyň Derweze–Daşoguz böleginde süýşýän çägeleriň ýeliň agdyklyk edýän ugruna we tizligine baglylykdaky göçüş we desgalaryň syraýan çägeler arkaly gömülmek aýratynlyklaryny kesgitlenildi, alnan maglumatlaryň esasynda deflýasion-akkumulýatiw hadysalaryň geçiş aýratynlygynyň kartasy düzüldi. Şeýle hem Garrygül ylmy-tejribe meýdançasynda täze gurnalan FES-350 Wt gün fotoelektrik stansiýasyndan 14 Wolt we 25 A güýji bolan hemişelik tok alyndy we onuň kцmegi bilen guэulardan suw зykarmak ьзin цndьrijiligi sagatda 1,2 m3 bolan täze suw çykaryjynyň tilsimat gerimi (shemasy) işlenip düzüldi. Lukmançylyk ylmy mediko-demografiýa ýagdaýa, keselçiligi azaltmaga, ömrüň dowamlylygyny artdyrmagy üpjün etmäge, ýurduň ilatynyň köpeltmek ukybyny ýokarlandyrmaga we näsaglary bejermäge bagyşlanan ylmy-barlaglary geçirmäge gönükdirilýär, ilata netijeli lukmançylyk kömegini bermegi guramagyň ylmy esaslaryny işläp düzmek Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň “Saglyk” maksatnamasynyň içinden eriş-argaç bolup geçýär. Beýik Serdarymyzyň tagallasy bilen paýtagtymyz Aşgabatda, welaýatlarda dünýä ülňülerine laýyk gelýän anyklaýyş merkezleri, sagaldyş öýleri we hassahanalary gurlup, ylmyň soňky gazananlaryny özünde jemleýän enjamlar bilen enjamlaşdyryldy. Şeýle hem olaryň bökdençsiz işlemegi, halkyň saglygyny dikeltmekde ylmy garaýyşly lukmanlaryň terbiýelenmegini, öndürijilikli, täze ruhda işlemeklerini ýola goýdy. Diňe bir Türkmen döwlet lukmançylyk institutynda ehinokokkozyň anyklanylyşy we onuň esasynda operasiýadan soňky gaýraüzülmeler 19,5% azaldyldy. Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Ylym we tehnika baradaky Ýokary geňeşiň alyp barýan işleriniň ýene biri döwletimiziň ylym-bilim edaralaryny ýokary tizlikli milli ylym-bilim toruna çatyp, toruň durnukly we ygtybarly işlemegini üpjün etmekden hem-de Beýik Serdarymyzyň sargytlary esasynda Türkmenistanyň hünärmenlerini we alymlaryny Internetiň üsti bilen ylymda we tehnikada dünýä tejribesini öwrenmegiň esasynda Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň Milli Maksatnamasyna giren ylmy temalary giňişleýin hem netijeli ýerine ýetirmäge mümkinçilik gazandylar. Şu güne çenli Milli Maksatnamamyza giren 74 ylmy temalaryň 47-si tamamlandy. Bu işleriň netijesi boýunça ylmy kitaplar 6 ýazyldy, okuw gollanmalary taýýarlanyldy hem-de ýurdumyzyň alymlary Türkmenistanda we daşary ýurtlarda geçirilýän halkara ylmy maslahatlara gatnaşdylar. Gysga wagtyň içinde eziz Serdarymyz Türkmenistany dünýä tanatmagy, ylmyň mekanyna öwürmegi başardy. Türkmeniň gadymy geçmişini, ekologiki meseleleriň anyk we tebigatyň kanunyna laýyk çözülişini öwrenýän, nebit-gaz ulgamynda alymlaryň işleriniň önümçilige ornaşdyrylyşyny beýan edýän we birnäçe başga ugurlar boýunça halkara ylmy maslahatlar, simpoziumlar, seminarlar geçirildi we daşary ýurtly alymlar Türkmenistanda ösýän ylmyň düýbüni tutan Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy bilen ýakyndan tanyşmaga mümkinçilik tapdylar. Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan Watanymyz 15 ýyldan köpräk wagtdan bäri Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň öňdengörüji, parasatly ýurtbaştutanlygynda diýseň şöhratly ýol geçdi. Şäherleriň we obadyr kentleriň keşbi özgerdi, täze-täze gara, demir ýollary guruldy, ýokary öndürijilikli zawoddyr kärhanalar, şeýle-de, dünýäniň ösen ülňülerine laýyk gelýän we ýokary tilsimatlar bilen enjamlaşdyrylan saglygy goraýyş merkezleri, döwrebap ylmy-barlag institutlary, ýokary okuw mekdepleri we orta mekdepler hem-de mekdep ýaşyna ýetmedik çagalar üçin çagalar bakja-baglary gurlup, Beýik Serdarymyzyň ak pata bermeginde işe girizildi. Ýurdumyz bagy-bossanlyga öwrüldi we öwrülýär. Paýtagtymyz gözel Aşgabat belentden-belent ak mermer ymaratlary bilen göreni haýrana goýýar. Beýik Serdarymyz ýurdumyza ýolbaşçylyk eden 21 ýylynyň içinde türkmeniň ruhymedeni mirasyny, şirin dilini, dinini, şöhratly geçmiş taryhyny ýaňadan dikeltdi. Iň esasy zat bolsa adamlaryň aň-düşünjesi Beýik Serdarymyzyň altyna barabar taglymatyna we mukaddes Ruhnama ündewlerine görä üýtgedi hem-de kämilleşdi. Bu zatlar mähriban Serdarymyzyň ägirt uly we deňi-taýy bolmadyk döredijilik kuwwatyna, dünýä derejesindäki Beýik Şahsyýetdigine şaýatlyk edýär. Bu gün edebi-medeni mirasymyz Beýik Serdarymyzyň talaplaryna we sargytlaryna görä täzeçe öwrenilýär. Ýaňadan dogruçyl dikeldilen taryhymyz, dilimiz, edebiýatymyz, sungatymyz milli çeşmelerimize, Atalyk kitaplarymyza daýanylyp derňelýär. Türkmen alymlary ylmy meseleleri baş taglymatymyz mukaddes Ruhnama daýanyp çözýärler. Şu gysga döwrüň içinde türkmen ylmy jemgyýetçiligi ajaýyp işleri amala aşyrdy. Bu hem diňe Beýik Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda, Atalyk aladalarynyň netijesinde mümkin boldy. Ylmy jemgyýetçiligiň wekilleri Beýik Serdarymyzyň alyp baran Milli maksatnamalaryny, içeri we daşary syýasatlaryny, hoşniýetli we parahatçylyk söýüji ýörelgelerini mundan beýläk hem päk, halal zähmet çekip, gyşarnyksyz durmuşa ornaşdyrarlar. Beýik Serdarymyzyň wesýet eden ylmy taglymatlary biziň kalbymyzda baky ýaşar. Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Ylym we tehnika baradaky Ýokary geňeş, “Türkmenistanda ylym we tehnika” ylmy-nazaryýet žurnalynyň döredijilik topary. Çeşme: http://science.gov.tm/files/nauka_12_2006.pdf

Köneler, acharsoz tarapyndan 7 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir