Akmaraldyr Muhammet Aşgabatda bile okap, ýokary bilim aldylar. Ýokary mekdebi tamamlansoň, hersi bir mekdepde işe başlady. Göräýmäge, olaryň ýaşlyk arzuwlary hasyl bolup, durmuşda kem zady ýokdy. Muhammet göwnaçyk, sada, sypaýy, tüýs kärine berlen oglan. Akmaralda-da türkmen gyzyna mahsus bolan ähli häsiýetler jemlenen. Olaryň durmuş guranlaryna üç aý töweregi wagtda Akmaral gaýyn öýi bilen öwrenişdi. Içeriniň ähli aladasyny boýnuna alan gelinden gaýynene, gaýynata razydylar. Muhammediň iki sany gyz jigisi bardy. Kiçisi Şeker şeýle mähriban, gelnejesi bilen mekdebe bileje gatnardy. Ulusy Gülnaryň welin, häsiýeti agyrdy. “Uzakly gün tikin edip ýadaýandyr” diýip, ony öýe işleriniň ýanyna eltmezdiler. Nahar taýýar bolanda gelip, iýip-içibem turup gidibererdi. Bir gün Akmaral işinden ir geldi. Gapydan ätländen, Gülnaryň sesini eşidip, aýak çekdi. ___ Edip biljek däl, eje. Aýlyk alyp, puluny bersinde, beýleki tikinçilere buýrubersin. Işim kän, joralarymyň ýakasyny ýetişdirmeli. Onsoňam, baryňyz şonuň agzyna aňkarlyp ýörsüňiz. Näme, ol ilden üýtgeşikmi... Gülnar birbada bu gürrüňiň özi baradadygyny aňşyrmady. Gep diňläp durmagy uslyp bilmän, ýöräp başlanam şoldy welin, gaýynenesiniň: __ Üýtgeşikmi, ýokmy, ony görüp ýörensiň. Baldyz bolup aslyşyp durmak uslyp dälmidir?! Ýekeje gelnejeň bar. Olam öýüň “ody bilen girip, küli bilen çykyp” ýör. Beýleki işleriňi goýup, bir ýakajyk edýäniňde, kiçelýäňmi? – diýip gyzyna käýinmesini eşiden gelniň ini dyglap gitdi. Aradan birnäçe aý geçdi. Akmaral özünde bir üýtgeşikligiň bardygyna duýsa-da, birbada begenjini içinde saklady. Täjigül eje gelniniň ýagdaýyny dessine duýdy. Ol indi gyzlaryna “Gelnejeňe kömekleşiň. Ony kän ýadatmaň” diýip başlady. Gülnaryň welin, şol bir bolşudy. Her zatdan bahana gözläp, gelnejesiniň göwnüne degerdi. Akmaral bu zatlara üns bermezlige, ýoldaşyna duýdurmazlyga çalşardy. Oňa Muhammediň söýgüsi, gaýynlarynyň, Şekeriň mähribanlygy ýetikdi. Gaýgysyjygyň dünýä inmegi bilen, ol özüni has-da bagtyýar duýdy. Kuwwat agadyr Täjigül eje gudalaryny, dost-doganlaryny çagyryp, agtyk toýuny etdiler. Hemmeler şadyýandy. Gülnar welin, bu şatlyga goşuljagam bolmady. Ol öz otagynda tikin tikýärdi. Hemme zat Gülnaryň doglan gününiň ertesi başlandy. Muhammet jigisini gutlap, oňa gyzyl ýüzük sowgat etdi. Bu sowgada guş bolup uçan gyz joralaryny üýşürip, doglan gününi belledi. Ertesi irden turup, ilki Şeker, soňra Gülnar el-ýüzüni ýuwmak üçin, hammama girip-çykdylar. Günorta golaý tikin tikip oturan gyz birden tarsyldap galdy-da, töweregini gözlenip ugrady. Ýitigi gözüne ilmänsoň, şaňňy sesi bilen gygyryp başlady: __ Eje, aý eje! Muhammediň sowgat beren ýüzügi ýok. Ýüregim duýup dur. Ol muny göriplik edip alandyr. Asyl agam ýüzügi gowşuranda-da, ýüzi-gözi üýtgäp gitdi diýdim-le... __ Gapyl, diýmäýin diýsänim... Kuwwat aganyň gaharly sesi jaýy sarsdyrdy. Öz otagynda çagajygyny emdirip oturan gelniň gözünden dökülýän düwme-düwme ýaşlar ap-akja gundagy öl-myžžyk etdi. Akmaral gelin bolup düşeli bäri, birinji gezek bu öýde günorta nahary iýilmedi... Hiç zatdan habarsyz Muhammet gijara işden gelip, adatdakysy ýaly, eşigini çalşyryp, ýuwunmak üçin hammama girdi. Birsalymdan ýylgyryp çykdy-da, Gülnaryň otagynyň deňine baryp: __Jigim jan, ýadyňdan çykaryp, meniň sowgat eden ýüzügimi sabyn salynýanyň içinde goýup gaýdaýypsyň. Al, ýitiräýme, birden – diýdi-de, ýüzügi jigisiniň eline berip, çykyp gitdi. Gülnar özüne bakýan gözlere dogry garap bilmedi. Ýüzüni tutup, otagyna girdi... Gelin bolup düşeli bäri, Akmaraly biynjalyk eden düwüni durmuşyň özi çözdi oturyberdi. Gülnary durmuşa çykardylar. Öýdeasudalyk höküm sürüp başlady. Toý edenine alty aý geçdimi, ýokmy, bir gün Gülnar atasy öýüne gaýdyp geldi. Gele-gelmäne-de: __ Şol öýe gaýdyp barman. Ol ýerçekenem jigisiniň tarapynda. “Ýaş gyzdyr, çykar gider” diýen bolup. Haçan giderkä diýip, gül ömrümi köýdürip oturmalymy men... Gülnaryň baldyzy agasy üçin öz jorasyna söz aýdypdyr. Ýöne agasy öz diýenine tutupdyr. Ol gyzam gahar edip, gelnejesine azar berip başlapdyr. Iň erbet ýeri, öýde hemmeler şol gyzyň tarapyny çalýan ekenler. Ynha, saňa çözgüt. Şu ýerde Akmaral “Ýeri, nähili eken, “Ody özüňe bas, ötmese kesekä” diýenlerine bardymy?!” diýibem bilerdi. Ýöne ol baldyzyna göwünlik berdi. __ Gülnar jan, durmuş diýeniň ajysam bardyr, süýjüsem. “Baldyzym oňuşdyrmady” diýip, goşuňy alyp gaýdybermeli däl ekeniň. Bu zatlaryň hemmesi wagtlaýyndyr. Häli görersiň, ähli zat gülala-güllük bolar. Sabyrly, geçirimli bolmagy başar... Gönüläp aýtmasa-da, gelnejesiniň diýýänlerine aňryýany bilen düşünen Gülnar: __ Gelneje jan, bagyşla meni! Ýaşlyk edipdirin. Saňa indi düşünýän. Samsyk bolupdyryn. Bagyşla... – diýip, onuň gujagyna özüni oklady. ....

Köneler, Nowcha90 tarapyndan 6 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir