Aýgùl baśinji synpy yañy dynyp kanikula çykypdy. Ol hem beyleki çagalar yaly tomys kanikulynda dynç alyś cagalar merkezlerine gidesi gelyardi. Ýòne natjek, etjek diyen zadyñ bolayamy name? Aýgùliñ òzunden kiçi iki jigsi bardy.Ejesi yene bàbek getirmage taýyarlanyardy.Muña Aýgul has hem garaśyardy , sebabi Ayguliñ iki jigsi hem oglandy . Indi òzune tay getirer umut bilen garaśyardy Eyyam at hem tayynlap goyupdy,Bágùl diyip, bu ady Ayguliñ ejesi hem kakasy hem halapdy we gyz çaga bolsa Bàgùl goýarys diyip razylaśypdylar. Aygùl ejesi hem gòwreli hem azajyk yarawsyz bolandygy sebapli kòp iśleri òzi etyardi Áy gùn geçip durdy. Gùnlerde bir gùn Ayguliñ ejesi sygyrlara ot yygjak bolyp yorunja peliñ gurasyndan girdi. Haydap ot yygyp baślady Aýgùl bolsa gyra çekyardi, iki jigsi kijirak bolansoñ olar gyrada oynap yordùler Ot daśap baśagay bolyp yorkà , birden Aygùliñ ejesi çirkin gygyrdy we çaśdy.Aýgul aljyrady we goñśylary Aysoltan gelnejelere ylgady -Gelneje ejeme birzada bolyar ,ot yygyp yorka gygyryp yykyldy -wah name boldyka yòr hany gòreli Aysoltan ylgaślap gelip gòrse , eyyam sessiz yatyrdy Ony zaherli ýylan çakypdy , yzy bildirip durdy elinde .Aýguli maśgala lukmana ugratdyda ,tiz komegi çagyrdy. Tiz kòmek gelyança maśgala lukman sanjym etdi Tiz kòmek gelip , ony hassahana alyp gitdi Ayguliñ kakasy iśdedi , oñada jañ edip çagyrdyar Hassahada wagt bir çene bardy , ejesiniñ welin yagdayy agyrdy ,yzly yzyna urylyan dermanlaryñ sany sajagy yokdy diñe aptekden derman daśalýardy. Ahyr bolmajagyn bilip lukmanlar kesimi bilen çagany almaly diyen netija gelindi Çaga doguldy , òzam gyzjagaz , naçe wagtlap garaśylan gyz babejik, ćaga zeper yeten yeri yokdy. Ýone welin ejesiniñ yagdayy welin òran agyrdy. Dogrym wagtynda gan basyšy yokarlanyp , lukmanlary has hem ajyradyp aldy, naçe jan edip yapyśsalar hem Ayguliñ ejesi òzune gelip bilman bu dunyeden òtdi . Ùç gunliklije Baguljigi goñśylary Aýsoltan gelneje, gujagyna alyp gaytdy Ilki ilkiler bilmedi .Ejesiniñ sadakalary edilip bolandan soñ òyiñ bar agramy Aýgule duśdi Gońśylary Aysoltan gelneje diklem duryp komek etyardi Aradan 6-ay gećdi, Bàgùljik el tutarlyk bolyp otyrjak bolyp synanyśyardy Nahar śora Ayguliñ ozi seretyardi Yone bir gun Ayguliñ kakasy bir yerdena taze eje getirdi , ol oye gadam basan gùninden bashlap bar jyny hem bu dòrt sany yumruk yaly ćagalara dùśdi Ayguliñ kakasy iśe giden wagty yorute bahanalap çybyk bilen yenjip baślady.Aygulede kakañyza aytdaysañ baryńyzy detdoma tawśyrdaryn diyip gorkyzyardy Gunleri śeyle geçip durdy Gunlerde bir gun Ayguliñ kakasy iśe diyip ćykyp ,telefonym galdyrypdyryn diyip òye gelende , òyde wagty gulùm yalym edip yòren ayaly dòrt çagany hatara goyyp yerli yerden , saygylap durka ustunden geldi . Bágùljigi dagy 10 aylyk hem yok , o çaga ,ony dagy eliniñ tersi bilen zyńyp goyberdi Çagany gujagyna alyp Aygùle berdide , ayalynyñ yakasyndan makam tutyp yere yazdy we paty putysy bilen atasy òyine zyńyp gaytdy Óye gelip Aygùli gyssady. Aygul çaga bar zady bolśy yaly aydyp aglady , gùnde jiglermi uryar, kakańa aytdayma diyip meni hem uryar , arkama kòz hem basdy diyip arkajygyny açyp gòrkezdi. Yañy bitip baryan yarany gòrùp Ayguli bagryna basdy .Erkek adam ejizlese , aglasa yer śary gòýa òz okyndan sypan yaly , yer elenyar, bu bolśy hem śony yatlatyardy Wah kòneler yòne mòne aytmandyrlara ,, orta yolda atyñ òlmesin, orta yaśda aýalyñ,, , diyip Ejeligi gidenden bari , arkalaryna yel çalan çagalar óyi gòçurayjek bolyp òyiñ içinde kowalaśyp oynayardy Bâguljik hem bulardan galmajak bolyp , ol hem birde dik turyp ,birde emedeklap, yzlarny eyermesede hem olardan galarlykly dàldi Aygùl bolsa kakasy bilen olary synlap krawatda nahar etjek bolyp ony muny dograp otyrdy Kakasy -Aygúl gazy yakda yag guy gowuraly gyzym, diyip gygyrdy -bor kaka Diyip otlyçòpi alyp gazy yakjak bolyp otlyçòpi otlany hem śoldy welin ,gaz parkyldap atyldy, Aygul zyñylyp gitdi Gaz jay ot aldy ,ot sondurjier gelip ody òcirdiler Aygùl hassahanada zordan janyny halas etdiler, namede bolsa demine zeper yetmedi Bir hepdeden ol ozine gelip,kakasyndan brinji delmunyp hayyś eden zady hem -Kakajan yalbaryan saña, baśga eje almayda..?

Köneler, Nowcha90 tarapyndan 6 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir