Näzli orta mekdebi tamamlap tikinçilik sehde tölegli tikin çatyn işlerni we komputer maşynda ýaka etmäni öwrendi Ol özine komputer maşyn alyp öýde ýaka gaýaýardy, ýanyndan gyzlaryň höwes edýan täze täze moda biçüwde köýneklerini tikýardi. Ol isleg bildirýän moda köýnekleri we fasonlary internetden gözläp tapyp öziçe ony turkmen büçüwde tikip ,gyzlaryň söýguli tikinçisine öwrülipdi. Näzli bir maşgalaň ýekeje gyzydy, birem oglan dogany bardy.Iki çagady.Ejesi mekdepde mugallym bolyp işleýärdi. Kakasy bolsa gaz edarada işleýardi.Halal zähmet çekip öz gazananlarny bilen ýaşap ýören ortaja maşgaladylar. Näzli 98- ýylyň gyzyda bolsa eliniň çeperligi, gaýaýan ýakalarnyň üýtgeşikden owadanlygy bilen köpleriň söýgüsini gazanypdy Öýde ýeke çaga bolansoň onyň gazanan pulyna ,ene atasy mataç däldiler we ony almaýadylar. Näzli hem gazananja pulyn üýşürüp özine altyn zynjyr, ýüzik, braslet alyp goýdy. Onyň gymmatbaha şaý sepleri köpdi. Daksa dakmasa alyp goýardy. Bu Näzli barada gysgaja onyň durmyşy.Wakanyň indi esasy ýerine geçeli. Internet ulgamy soňky döwürde ýaşlaryň arasynda uly orun alandygny hemmamiz hem bilýas. Munda line ,imo,agent,talk ,talkraý,skupe we ş.m saýtlary ulanmaýan az az bolaýmasa, indi köp ýaşlar içinde. Line sygnal tutyjylygy beýlekilere garaňda ýokarda durýandygy sebäpli muňa girýan gaty kän. Onsoň hem Näzli oglan dogany daşary ýurtda okaýar ahyry.Onyň bilen arkaýyn hawarlaşmaga lineden arzan ýer hem ýok. Şonyň üçin Näzli line girýardi. Onyň bir gün içi gysyp grupkalaryň birine girýar we şo taýda bir oglan muňa içgin içgin hat ýazyar we onyň bilen tanyşýar. Bularyň tanyşlyklary soň dostlyga öwürlüp ,bular 4-5 aýlap telefonda gepleşýaler. Ol oglan şaherdaki sport mekdebinde talimçi bolyp işleýan eken.Ady Ylhamdy. Wagtyň geçmegi bilen bularyň dostyly söýgä öwürlüp, soň olar söýgülerni has hem berkitmek üçin real duşuşmaly diýip netijä gelýalar. Olar bir birni realda tanap has hem ysnyşýalar. Näzli ejesine oglan barada aýtýar. Ejesi oglanyň adamçylygyn erbet görmän gyzynyň duşuşmagyna garşy bolup duranok. Ýöne gyzyň öňinde oglan dogany bolany üçin entek toý meselesinde ýyllar gerek boljakdygyny aýtýar.Oglan hem razylaşýar, entek öýlenmäge ir azajyk işlejekligni aýtýar. Bularyň söýgüsi söýgi bilen berkap gidýar Günlerde bir gün Ylham gyza jaň edip zerur görüşmeli geläý diýýar. Näzli ýuregi ýarylan ýaly eglenmän barýar. Ol baran badyna näme beýle gyssagly çagyrdyň.name boldy diýip soraýar —Näzlim,bir iş etdim, indi ökünýän, okuwçylarmyň birni gaharyma urdym o-da ene atasyna aýdyp ,indam şo çagyryp otyrlar, olar hem basdyrman goýman diýip aýak dirap durlar, mena näme etjegim bilemok,maňa gyssagly pul gerek, öýe aýdyp bilemok,tiz wagtdan üzerin, sen kömek edip bilmersiňmi!? - Ylham, mende onça pula ýok, menem ejemden pul sorap bilmen, ony name etjek diýse name diýeýin - sen maňa boýnuňdaky 50 gramlyk kardinalyň berip bilmezmiň, men şu işi ýapyp soň saňa tazesin alyp beräýerin. Men bu işi ýapmasam, meni basýalar. Ylhamyň özelenip durşyny gören Näzli saklanyp bilenok, gözünden boýur boýur ýaş döküp söýgülsiniň ,gujagyňa dolýar, onyň basylmagyn islemeýar we boýnundaky altyndan 50 gramlyk kardinalyn çykaryp berýar. Ylham şuny satda ol işi ýap,indam hazir bol iliň çagasyn uryp ýörmeli däl ahyry, naçe gaharyň gelsede, sem mugallym ahyry giňrak bolmaly - bor ezizim 50 gramlyk kardinal elden gitdi.Şo wakadan soň üç dort gün Ylhamdan ne jaň geldi,ne hat.Näzli onyň ýaşaýan ýerin hem bilenokdy diňe iş ýerin bilýardi. Iş ýerine sorap bardy. Mekdebiň direktory Ylhamyň hiç hili okuwçy urmadygny aýtdy,maşgala ýagdaýy sebapli bir hepde tolegsiz rugsada çykdy diýip aýtdy. Näžli aljyrady, gorkdy. Kellesine her hili pikir gelip başlady. Boýnyna ýapyşdy, kardinalyna ýuregi gyýyldy. Öýine gaýtdy. Otagyna girip aglady. Agşamlyk Ylhamdan jaň geldi - meniň dälijämi, goý sesiň hany,men taşlap gidendir öýtdüňmi, erte meniň bilen bir ýerik gitjekmi - nira - bor ýa ýok - bor - onda erte görşeris - bolýa Ertesi Ylham Näzlini alyp çetki obalaryň birine bile gitdi o taýda eline bir dolangy zat alyp çykdy we ony Näzlä berdi - Gülüm şuny sen sumkaňa salsana - bolýa Bular asuda ýagdaýda öýlerine geldiler. Ertesi ýene şeýle waka. Ol waka gaýtalanyp durdy Ylhamyň ýanyndaky pullary görüp Näzli duryp bilmedi we sorady - Ylham munça puly nirden aldyň? - seniň beren pulyň köpeltdim ,indam seniň kardinalyň alyp berjek ,ýene bir iki gezek gideli soň. Ýöne gatnap ýörman sen brasletiň, ýüzikleriň hem sataly olaryň iki üç esse köpelerni isleseň sen hem meniň bilen bile git, bileje gidip geleli. O paketde name bar öza bir sähelçe zat onça pul berip alýaň, we ony barde kime berýaň. - biljegem bolma, açjak hem bolma, ony alýaň we berýaň boldy, lomaýja pul, direktoryň gepini çekeniňe degenok ,ol meniň işlap ýören işimde gunde iňňirdi, bir okuwça dagy gatyrak gygyraýsaň soň sen şo gatnadyp alýalar Näzli nämäň nameligne duşunmesede bolýa diýen äheňde başyn atdy. Ol her gun bile gidenlerinde Ylham alyp Näzlä berýardi. Oda modaja kiçijek sumkasyna salyp alyp gaýtýardy. Bärik gelip tawşyrýan ýerinde pul almaly adamlary bir ýerik gidensoň, ol gün ol adamyň aýaly agşamlyk özi eltip gaýtdar diýýar. Ylham hem Näzlä sen puly alda erte ýene öňki ýermizde duşuşýarys we soň bile gidip geleris diýýar Näzli bolýa diýip onyň bilen hoşlaşýar. Öýlänlik bir adam Näzlä pul getirende öýde onyň ejesi kakasy yokdy ,işdedi. Olar uzyn gun işde bolýardylar.Ummasyz puly görüp Näzli ertesi Ylhama aýtman göni özi gitýar we almaly ýerinden sagaman alyp gaýdyp bermeli ýerine sähelçe ýer galanda ýerli polisýa işgarli sebapli saklanylýar we elindaki sumkasyn barlatmaly bolýar, şo dolangy duran zat polisýa işgariň ünsüni çekýar Ýaş gyz sumkasynda krasga mraska bolaýjak ýaly welin munda diňe şo daşy dolangy ,oda skuç bilen berk daňylgy zady açmaly bolýar. Açyp görse onyň içinde ummasyz kiçijek gyzylja dermanyň gerdejigin tapýar we ýerli polisýa işgari Näzlini tussag etýar.Gyz aglap Ylhama jaň edýar.Ejesi kakasyndan bolsa öler ýaly gorkýar.Ylham gyzyň polisýadadygyn bilip özine jaň etmezligi we diňe özim etdim ,ýanymda hiç kim ýokdy diýmegini, haýyş edýar we özi ony naça durýan hem bolsa alyp çykdajysyn çekjekdigini söz berýar Gyz bolýa diýeni bilen, o taýda bar zady aýtmaly bolýar we Ylhamyň gyzy aldap okuwçymy urdym diýip pul alşy alany bilen hem oňman gyzy hem şu gara işlerine şarik bolmagyna,narkotik serişdeleriniň hasabyna girýan gyzylja dermanyň, halk köpçüligine ýaýramagyna ýardam bermegi üçin yrmagy. Gyzyň gyzyllaryň hasabyna aňsat gazanç işe başlamagy bilen gunakarlenip, ony hem tussag edilýar Wakaň netijenamasyna görä bulara 8 ýyl azatlykdan mahrum edilmeli diýip karar çykýar. Barde kim günäli!? Gyzmy, oglan ýa line söýgusi, ýa söýgiň pidasy. Ene atasy gyzlarynyň beýle ýagdaýyna çydam edip bilmeýär. Ejesi,kakasynyň saglygyna zeper ýetýar. Zada mataç däl, gül ýaljak öýde tikin edip ýören gyzlary beýle işleri eder diýip ýatanda turanda oýyna gelmedik käbesi gan basyşy beýgelip, ola göni hassahana girmeli bolýar Gül ýaljak gyzyň ömri bulaşýar .Soňky tüýkülik bolsa sakgal ezenok Gadagan edilen narkotik neşe serişdeleriniň hataryna girýan gyzylja dermanlary ýagny tramadol gerdejigi, nas,çilim, kalýan durmyşda köp ýaşlaryň ömrüne badak salýar. Hazir bolyň her bir dolangy duran zady akidip getirmek, ugradylýan poçtalara örän seresaply bolyň, bolmasa sähelçe zat üçin nähak şaýat bolyp gidirmeli boljaklygyňyz ahmaldyr (Waka hakykatdan durmyşda bolan, adam atlary üýtgedildi) Nowça

Köneler, Nowcha90 tarapyndan 6 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir