Mämmet Seýidow 6-njy bap: ŞORGUÝA ÇENLI Çekenäni halas etmek üçin ýola düşmeli atlylar bellenen ýere ýygnanyp ugranda, gündogar tarapda symgylt zolak emele gelipdi. Ine bu daň tilki guýruk boldy diýilýän wagtdy. Ýigitleriň ikisinden başgasy ýygnanypdy. Entek gelip ýetişmedikleriň biri Garamergendi, beýlekisi Nurahmet serdarlaryň goňşusy Atagulydy. — Handan, Ataguly turmadymyka? — diýip, Ahal özi ýaly dor bedewli ýigitden sorady. — Bir-ä bir turupdy. Handan sözüniň yzyny aýtmanka, ümrüň içinden çykan ýaly bolup atly göründi. — Hanha, gelýärem asyl — diýip, Handan sözüniň üstüni ýetirdi. Ataguly ýoldaşlary bilen salamlaşandan soň, Garamergene bir käse çaý içer salym garaşdylar. Gündogaryň symgylt zolagy barha ulalýardy, agarýardy. Gädile-gädile oraga dönen aý dik depede görünýärdi. Aýyň ýagtylygy diňe özüniň bardygyny bildirmäge ýetýärdi. Aýa gözi düşen Ahal ejesiniň: «Dört tirkeşikleriň soňky aýam aýaklap barýar» diýeni ýadyna düşdi. Bu aý türkmenlerde ýigrimi dokuz günden ybarat aýlaryň biridi. Indiki aý Rejep, soňky Meret, Meretden soňam Oraza aýy. Bu bolsa tomsuň yssy wagtlary, günüň uzyn wagtlary bolar. Ahal agzyny beklänok. Ýöne ejesi selälige turanynda oýanyp, onuň bilen çaý içmekden lezzet alardy. Her ýylda diňe bir gün selälige ýörite turardy. Olam gadyr gijesi diýilýän gijedi. Şol gün naharam iýýärdi, agzynam bekleýärdi. Tomsuň ot ýaly uzyn günlerinde agyz beklemegiň nähili kyndygyny ol bilýärdi. Gadyr gijesi selälige turýan, agyz bekleýän bir özi däldi. Özi ýaly ýigitleriň köpüsi şeýledi. Ol suwsardy, agzy kepäp, dodaklary ýarylara gelerdi. Şonda-da bir owurt suw içsem diýen pikiri ýokdy. Ol beýleki özi ýalylar suw içýärmiş diýip eşiderdi. Ony özüne erk edip bilmezlik, ejizlik hasap edýärdi. Öten ýyl Garamergen bilen bir ýerden gelýärdi. Ikisiniňem agzy beklidi. Bir guýudan atlaryny suwa ýakdylar. Şonda Garamergen: — Hiç ýerde gürrüň etmäweri, men-ä suw içmesem öljek — diýip, Ahala ýalbardy. Ahal: — Men seniň suw içeniňi göremok. Görsem aýdaryn — diýip, Dorbedewiň jylawyndan tutup, alyp gitdi. Garamergen hezil edip suw içdi. Ahal ony görmedi. Dogrusy görmedik boldy. Ýigitleriň biriniň: — Wagt-a boldy — diýen sesine Ahal pikirlerden açyldy. Daşyna garanjaklap: — Ilaman, bar, Garamergeni turzup gaýt — diýip, sag gapdalynda duran ýigide ýüzlendi. — Lepbeý, agasy. — Oňa aýt-da, yzymyzdan ýetiber — diýip, Ahal atyny gündogar demirgazyga tarap sürüp ugrady. Atlylar çat manlaýlarynda lowurdap duran ak ýyldyzy indi gördüler. Şu daň ýyldyzydy. Yrymçy ýigitler ony gowulyga ýordular. Obanyň itleri atlylary ysyndan tanaýan ýaly, jabjynyp topulmadylar. Käwagt bir «haw-haw» edip ýaltalyk bilen üýrdüler. Olam «Sag-aman gidip geliň, ýoluňyz ak bolsun» diýip, pata berýän ýalydy. Atlylar sessiz-üýnsüz, ýagdan gyl sogrulan ýaly bolup obadan çykdylar. Agşamky garalyp ugran asman topragy, paşyrdap oturan otlary birkemsiz ezipdir. Soňam bulutlar para-para bolup tüýdülipdir. Olaryň her ýerde bir bölegi galypdyr. Asman alabaharyň garly meýdanlaryna meňzeýär. Gije gar meýdany kemsiz ýapar. Soňra bulut syrylyp, ertesi gün çykar. Ýeri keçe bolup ýapan gar erär. Meýdana seretseň guzaýlarda ýatan garlara gözüň düşer. Asmanyň buludam häzir edil şonuň ýalydy. Howadan gök otlaryň ysyna garylan, duýgyňa lezzet berýän mylaýym ys burnuňy gaşaýardy. Otlaryň terligi howa-da geçen ýalydy. Günortadan öwüsýän şemal çigrek däldi. Bu bolsa gündiňiz has mylaýym maýyl boljakdygyny aňladýardy. Atlary gaty sürenokdylar. Olar öz ýorgasyna barýardylar. Toýnaklaryň sesi çala eşidilýärdi. Olaryň aýaklarynyň astyndan käwagt bir guş pysyrdap uçýardy. Ýöne atlaram olaryň pysyrdysyna ürküp ýa-da kürtdürip duranokdylar. Munuň ýaly wagt ýola düşseň beýle pysyrdynyň boljakdygyny bilýän ýalydy. Atlylaryň ýüzi barha gyzaryp, altyn öwsüp duran daňlaga tarapdy. Esli ýöränlerinden soň Ilaman olaryň yzyndan ýetdi. Barşyna Ahalyň gapdalyna dykyldy-da: — Häzir gelýär. Baramsoň turuzdylar. Arkaýyn ýatan ekenler — diýdi. Soňra hiç kimden ses çykmady. Atlaryň şol gidip oturyşydy. Toýnaklar «typyrt-typyrt» edip birsydyrgyn seslenýärdi. Howa bolsa şol agaryp gidip otyrdy. Günüň dogjak ýeri kömür etmek üçin gandymyň depe ýaly üýşürilip goýlan közüne meňzeýärdi. Heý bolman-da, Ahal ony şoňa meňzedýärdi. Ol her ýyl kömür edýärdi. Öten gyşam iki sebet kömür taýýarlap öýe getiripdi. Şol kömür henizem gutaranok. Ol semawar üçin iň ykjam, iň amatly odun. Semawar ýeke gysym kömür bilen gaýnaýar. Iki sebet kömür diýilýän zat bir tomsuň semawaryny bütin töwerekleri bilen oňarýar. Ýöne kömri diňe gandymdan taýýarlamaly. Gandym diýilýän agajam beýle bir üýşüp ýatanok, çöpläp almaly. Ahal kömri ogly Salyr bilen taýýarlapdy. Şonda: «Näme üçin kömri diňe gandymdan taýýarlamaly, sazakdan, çerkezden kömür edip bolmaýarmy? Näme üçin gumda sazak köp-de, gandym, sözen ýaly agaçlar az?» diýip, oňa sorag baryny ýagdyrypdy... Ýylgynlynyň düzüne girip ugranlarynda, gün dogjak-dogjagyň üstündedi. Günüň dogjak ýeri güberilip görünýän äpet güle meňzeýärdi. Onuň aşagy gyzyl, ýokarsy sargylt reňkdedi. Güwläp ýanýan ýalna meňzeşdi. Asmandaky bölek-bölek bulutlara heniz dogmadyk günüň şöhlesi düşüp, mis jam ýaly gyzgylt öwüsýärdi. Şo bulutlaryň gyrasy mise hasam meňzeşdi. Mämişi bilen garylan solgun gyrmyzy reňk. Oňa türkmenler narynç reňk diýýärler. Garamergen atlylar Ýylgynly düzlüginiň çetinden girip ugranlarynda, olaryň yzyndan ýetdi. Atyň birneme gyssalandygy, howlukmaç sürlendigi onuň dem alşyndan görnüp durdy. Elbetde, at entek çygjarmandyr. Onsoňam muňa Küýki diýerler. Ýöne-möne zada çygjarýan at däldir. Onuň gyssalyp sürlendiginem diňe Ahalyň seýis gözleri aňypdy. At çalaja sojaýardy. — Tas ýalançy bolupdym. Şu bela tabşyrsamam turuzmandyrlar — diýip, Garamergen gele-gelmäne öýdäkilerine igenip ugrady. Öýdäkileri ony wagtynda turzupdylar. — Gitjek bolsaň wagt-a boldy. Horaz gygyrýar — diýip, ony yralapdylar. Garamergen turmany kyn görüp, horazy biwagt gygyrmakda aýyplady. Oňa erbet sögünipdi. — Beýle horazy palawa atmak gerek — diýip, beýlesine agdarylyp ýatypdy. Ýigitleriň ýanynda bolsa günäni öýdäkileriň üstüne atdy. Hiç kim onuň sözüne hawa-da diýmedi, ýogam. Atlar birsyhly typyrdaklap öňe ümzük atyp barýardylar. Gözýetimden keýik sürüsiniň tapyrdaşyp barýandygy ýolagçylaryň gözüne ildi. Janawarlar atlylary uzakdan gören bolmaga çemeli. Olar ýyndamlykda köplenç wagt özlerinden rüstem gelýän bedew atlar bilen aýak synanyşmagy onçakly halap baranoklar. Şeýle ýaryşlaryň özleri üçin hasratly gutarýandygyny bilýärdiler. Şonuň üçinem uzakdan atlyny gördügi, golaýlaşaryna garaşyp durman, ökjäni götermek bilen bolýardylar. Atlylardan açygrak bolanlaryny kem görenoklar. «Olar ynha düýeden gaçanokmyşlar» diýip gürrüň edýärler. Düýä bukulyp, olaryň has golaýyna, peýkam ýeter ýaly ýere barýanlaram, şeýdip aw edýänlerem barmyş. Ahal olar hakda edilýän myş-myş gürrüňleri eşitse-de, entek şeýle aw edilenini gözi bilen görmändi. Atynyň sojap duranyna garaman, Garamergen keýiklere tarap ümledi. — Biri-ýarymy alnaýsa-ha kem bolmazdy. Şorguýuda çişlig-ä bolardy — diýip yjaza soraýan ähende gürläp, Ahalyň ýüzüne seretdi. Ahal oňa seretmän: — Sen ozalam bir gezek aw edipdiň, ýadyňa düşýärmikä? — diýip, şol içinden owlak çykan keýik hakynda ýatladyp aýtdy. Awa dyzmaçlar diňe Garamergen däldi. Rugsat berilse Handanam, Ilamanam, beýlekilerem dyzmaçdy. Gözleri ýanyp duran ýigitler atlary bir derledenlerini kem görenokdylar. Şonuň üçinem Ahal sözüniň üstüni ýetireninde, hemmeler eşider ýaly edip aýtdy. — Ýaz aýlary keýikleriň guzlaýan wagty bolýar. Şonuň üçinem häzir aw etmek gowy däl. Onuň ýagdaýyny Iner agadan gowy bilýän adam ýokdur. Şol «Aw etmek häzir bolmaz» diýip aýdýar. Iner awçynyň ady orta düşensoň ýigitleriň dyzmaçlygy ýatdy. Bu ýigitleriň ýanynda Iner golagyň aýdany edil daşa ýazylan kanun ýaly görülýärdi. Ony halamaýan, onuň diýenine pisint etmeýän diňe bir adam bardy. Olam Garamergendi. Gözünde oky bolsa Iner golagy bir pursatam saklajak däldi. Gözüne ilen ýerinde serreldip taşlajakdy. Arman, güýji ýetenokdy. Garynjanyň bilini bilip bogupdyrlar. «Bir wagt gaplaň awçynyň bir elini çeýnäpdir. Ol şonda durşuna çeýnän bolsa oňat bolardy. Onda gojany ilem ýigrenmezdi, Garamergenem». Hawa, ol ilem diýip aýtdy. Garamergeniň özi ýigrenensoň, ony ilem ýigrenip ýörendir, heý bolmanda, ýigrenýän adam başga-da köpdür öýdýärdi. Ine «Ogram özüne osar, orramsam» diýilýän nakylyň manysy şu bolsa gerek. Eger Ahal bilen ikiçäk bolan bolsa onda şo duýgularyny daşyna çykarsa-da çykarardy. Häzir bu ýigitleriň öňünde oňa bogny ysmady. Diňe «Bolýar eken-dä» diýip, içini hümledip oňdy. Az wagt dymşyp gitdiler. Soňra ýene ýuwaş-ýuwaşdan gürrüň başlandy. Ýene-de şadyýan şorta sözler aýdyldy. Gülküler dik asmana galdy. Käbir ýigitleriň öýlenendäki guşak çözdürişlerinden, ädik çykardyşlaryndan gürrüň açyldy. Kimdir biri çepiksiräk ýigidiň üstünden düşýärdi. Çepiksi ýigit öýlenende onuň gelni bilen geçiren ilkinji agşamyny diňläpdirler. — «Garadolan pälwany ýykdym» diýip, gelniniň ýanynda öwünýä — diýip, Garamergen aýtdy. Çepiksi oglanam oňa sözde ýan berer ýaly däldi. — Sen öte eşidensiň. Men Garamergen pälwany diýendirin — diýip, çepiksi ýigit gyzyp aýtdy. «Kelteje adam girrik bor» diýenleri dogry bolmaga çemeli, çepiksi ýigidiň hyrra gahary gelipdi, gulagyna çenli gyzarypdy. — Seniň göreş tutaýmak hyýalyň-a ýokdur-da, çek atyň başyny. Ýene-de... — diýip, Garamergene janygyp aýtdy. — Baý, senem-ä Nursähet, mis ýaly derrew gyzaýýaň-ow — diýip, Ahal ony köşeşdirjek boldy. — Ýok, how, Ahal, bulara ynha Alyň ala meýdany diýäýmeseň, ýa-da «Hemedan daş bolsa, kädi ýakyn» edäýmeseň halys degnaňa degýärler — diýip, Nursähet jedirdedi. Göreş meselesinde onuň Garamergeniň üstüne rüstem gürlemeginiň jany bardy. Göreşde Garamergeniň döwi pesdi. Ol ikisi köp göreşipdiler. Kän gezegem Nursähet ýykypdy. Bir saparky göreşde şeýle bir waka bolupdy. Garamergen bilen Nursähet kän çekeleşipdi. Kä ol dartdy, kä beýleki silkdi. Şo barmana Nursähet ony agdardy. Adamlaryň şowhuny bilen Nursähet nämäň-näme bolanyny bilenokdy. Gürpüldäp gaýdan Garamergen ýerinden turup bilmän ýatyrdy. Ýüzi edil burç ýaly dym-gyzyldy. Ony ýerinden turuzjak bolan ýigitler birden pakyrda berip gülüşdiler. Hiç zatdan habarsyz Nursähet bäsdeşiniň ýüzüne seretdi. Asyl onuň uçgury ýolnup, galyp bilmän ýatan bolsa nätjek. Bu entek öýlenmedik ýigit üçin uly masgaraçylykdy. Oňa tomaşa edýän diňe erkek adamlar däldi. Obanyň gelin-gyzlaram seredýärdiler. Bu ýagdaýy aňan gelin-gyzlar gülşüp, ýüzlerini sowdular. Şonda ýer-ä ýarylmandy, Garamergenem girmändi. Elbetde, ony bu ýigitleriň hiç biri ýadyndan çykarmandy. Esasy ýadyndan çykarmadygam Garamergendi. Nursähetden aryny aljak bolup her hili pikir edip görüpdi. Bu ary ýerine salar ýaly däldi. Ol: «Göreşen bolup, märekäniň ortasynda birden balagyny aşak çeksem, syrtyny ýalaňaçlasam» diýibem oýlandy. Ýöne Garamergen ol pikirini ýerine ýetirip biljek däldi. Bilmejeginiňem sebäbi bardy. Ilki sebäpleriň birem güýji, emeli pesdi. Elini guşakdan aýyrdygy Garamergeniň özi öňki gününe düşäýmese-de, güpürdäp ýykyljagynyň ujy iki däldi. Nursähediň ony desse gaýtaran ýaly gaýtarjakdygyny bilip durdy. Nursähediň «Ýene-de...» diýip, Garamergene alarany şonuň üçindi. Nursähet ony ýatlamak islänokdy. Beýlekiler gürleşselerem, gürrüň etselerem, Nursähet olara goşulmazdy. Onuň häzirki gyzmasam Ahala aýdyşy ýaly halys degnasyna degipdi. Garamergeniň şol ýykylyşyny Nursähet ýatlamasa-da, Garamergen onuň gelni bilen bolan ilkinji gijesinde diňländigini hemişe ýatlaýardy. Ilki-ilkiler, geň, gülşükli görnen gürrüňleri indi öňki täsirini ýitiripdi. Indi ol gürrüňler aýak aşagynda solan, esgi ýaly bolan gülüň ysynyň ýa-da aýdaly çomujyň gülüniň adama täsir edişi ýaly täsir edýärdi. Bu ýatlamanyň başlanmagyna-da Garamergen özüniň sebäp bolanyny bildi. Ökünip, dilini dişledi. «Garadolan pälwan» diýen sözleri haýsy şeýtan seniň diliňe berdi?» diýip, öz-özüne käýindi. Ahalyň «Mis ýaly gyzaýýaň-ow» diýen sözi Garamergene ýarady. Ahalyň ady tutulsa seňrigini ýygyrýan Garamergeniň gözüne Ahal perişde ýaly bolup göründi. Garamergeniň häsiýeti «Şeýtanyň şerinde, adam elinde, alty aýagy bar, guýrugy bilinde» diýilýän mataldaky terezilere çalymdaşdy. Bir söz ony göteribem bilýärdi, bir söz aşak basybam bilýärdi. Beýle häsiýeti Ahal ownuklyk, durumsyzlyk hasap edýärdi. Garamergen bolsa özüniň şol ownuklygy bilenem adamlara baha berýärdi. Ýigitleriň öňüni giň jar kesip ýatyrdy. Jar giň hem çuňdy. Bu sil suwunyň geçen jaranydy. Şu jaran bilenem Ýylgynly düzlügi gutarýar. Bu jarandan geçip bir salym ýörärsiň weli, belentli-pesli gum depeleri başlanar. Onsoň aňyrda Şorguýam daş däldir. Olar jaranyň darrak ýerinden atlaryny bökdürip geçdiler-de, öz gorgunyna sürüp başladylar. Ahalyň ýigitleri atylan peýkam ýalydylar. Olaryň baryp degmeli nyşanasy Şorguýudy. Şorguýyny nyşana diýip hasap etseň, oňa tarap atylan ýene bir peýkam bardy. Şol iki peýkam Şorguýuda duşmalydy. Ikinji peýkam bir süri dowardan, on sany galtamandan, Garrybaý çopandan, Tarhan suwçudan ybaratdy. Olar ikinji tarapdan Köwreýikli guýusyndan Şorguýa tarap süýşýärdi. Çopanlaryň ähli goşy-golamy ýüklenen gök ineri idip barýan Tarhan gaty ýadaw görünýärdi. Ol entek gijäni ukusyz, mal sürüp, şöwür çekip geçirmändi. Ol gijäniň bir wagty gaçsam diýen pikire-de geldi. Ýene ol bu ýerlere näbeletdi. Häzir öýe gaýdaýmaly bolanda-da, nirä gitjegini biljek däldi. Çak bilen kybla gitmelidir öýdýärdi. Ýöne welin iňläp ýatan bu çölüň içinde bulutly gije niräň kybla, niräň guşlukdygyny näbiljek. Heý, bolmanda, asman bir açyk bolsady. Giçden soň gelip, asmany örten gara bulut ýyldyzlaryň öňüni gabsap durdy. Ýogsam galtamanlardan arasyny üzensoň, göni «Kerwengyran» ýyldyzyna tarap sürübermelidi. Asmandaky ýyldyzlaryň hersiniň bir ady bar. Ine, şolar açyk asmanly gijelerde çopanlara ýol görkeziji bolupdyr. Bu çölleriň her ýerinde duş gelýän çelgileriň deregini tutupdyrlar. Ýyldyzlaryň her haýsy hakynda rowaýat bar. Olaryň birnäçesini Tarhan Garrybaýdan eşidipdi. «Kerwengyran» hakynda ine şeýle gürrüň beripdi. Gadym zamanlarda bu çöllerden bir uly kerwen barýan ekeni. Gije asmany bulut gaplap alypdyr. Kerwen bir oýda düşläpdir. Adamlar düýeleri çökerip ýatypdyr. Gije gelen bulut derrew syrylypdyr. Kerwenbaşy ony görüp adamlary örüzipdir. Düýeleriň ýüküni urup ugramakçy bolanlarynda çat maňlaýlaryndan lowurdap ak ýyldyz görnüpdir. Adamlar şony «Daňýyldyzymyka?» diýip, şol ýyldyza tarap gidipdir. Özleriniň ters tarapa gidendiklerini olar ertesi gün dogandan soň bilipdirler. Şeýdip kerwen bu ümmülmez çölde azaşypdyr. Suwsuzlygyň derdinden heläk bolupdyr. Ine, şondan soň ýyldyzyň adyna «Kerwengyran» diýipdirler. Ozal oňa «Myrryh» diýilýän eken. Garrybaýyň aýtmagyna görä bu ýyldyz öňem halanmaýan ekeni. Häzir şol halanmaýan ýyldyzam ýok. Galtamanlardan gyçyp gitseňem bir ýerde ertire çenli garaşmaly. Üstesine-de ýagşam ýagaýsa, bar onsoň boldugy. Ertire buýup çykarsyň. Gije ýagyş ýagdy. Kän ýagmady. Gök ýaýlaklara agyz suwy berip geçdi. Daňa golaý bulutlar paralanyp ugrady. Bulutlar daganda gaty basym dagadylar. Tarhan asmana seretdi. Ine, bir ýyldyzyň öňi açyldy. Ýene biri, ondan, mundan biri ýylpyldap göründi. Hemmeden öňürti görnenem altyn orak ýaly aý boldy. Tarhan özüne golaýlan Garrybaýa: — Häzir ikimizem gaçyp biljek. Asman açyldy. Obany taparys — diýdi. Garrybaý suwça seredip ynjyly ýylgyrdy: — Bu sürini taşlap nirä gideýin? Ýok, ol-a bolmaz. Gulgeldä garaşaly. Olar bizi gözlärlerem, taparlaram. Garrybaýdaky ynam Tarhana-da ýetdi. Ol düýäni çökerip, dynç alaýyn diýen niýet bilen düýä mündi. Hatapdan gaýrarak oturdy. Soňra azajyk irkileýin diýen pikir bilen hataby gujaklady. Gije şöwür çekenlerinde şeýdip, duýäniň üstünde gözüniň awusyny almaklyk çarwalaryň edähedidi, uklap, düýşürgäp düýeden ýykylýanlaram bardy. Ýöne Tarhan ondan gorkup duranok. Düýeden ýykylanyň bilen hiç zat bolmazmyş. Düýeler: «Meniň üstümden ýykylan adamynyň gaçan ýeri dabanymdan ýumşak bolsun» diýip dileg edermiş. Düýäniň dabanynyň nähilidigine bolsa Tarhan belet. Daşynyň hamyny aýyrsaň bylkyldap duran ak et. Düýäniň dabany ýaly ýere ýykylsaň, hiç zadam bolmaz. Ynha, eşekden ýykylsaň, ol başga gep. Eşek: «Toýnagymdan gaty ýere ýykaryn» diýermiş. Bilmersiň nämedendigini, ýöne eşekden ýykylan adam gaty ýykylýar, bir ýerini bijaý agyrdýar. Tarhan gök ineriň üstünde hataby gujaklap, dessine irkildi. Garrybaý düýn günortanam irkilmedi. Şondan bärem aýak üstünde. Iň bärkisi eşeginem münenok. «Ol ýöräp barýarka irkilýär» diýýärler. Şo diýilýäniň dogry bolmagam ähtimal. Galtamanlaryň hersi bir ýerden sürini sürüp barýardylar. Olar sürini howlukdyryp baranokdylar. Aç maly gyssanyň bilenem aljak galaň ýok. Süri diýilýän zadyň öz häsiýeti bar. Yzyny gyssarsyň weli, öňi duýmazam. Şol bir gidişidir. Ilki başda gyssabam gördüler. Heniz bir gol aşylmanka, atlaram, özlerem ýadadylar. Süllümbaý derlediler. Ýuwaş-ýuwaşdan özlerem köşeşdiler. Galtamanlar «Oba habar ýeter-ow, yzymyzdan gelmeli atlylar Ýylgynly düzlüginiň çetinden girendir-ow» diýip pikir edenokdylar. Olaryň goýberen ýekeje ýalňyşy bardy. Her sürüde üç adam bolýandygyny ýa olar bilenokdylar, bilselerem ýatdan çykardylar. «Siz üç adam bolmaly, hany biriňiz?» diýip, hiç kim soramady. Olar hiç hili howpa garaşmaýardylar. Süriniň alnyp gidilendigi hakyndaky habar oba baryp haçan ýetjek. On gündenmi, ýigrimi gündenmi? Ol belli däl. Oba bilen ýoz süriniň arasynda häli-şindi gelim-gidim bolup duranok. Şonuň üçinem galtamanlar ol tarapdan arkaýyndylar. — Haly beg! — diýip, galtamanlaryň biri murtlak adama ýüzlendi. — Şorguýa-ha indi daş däl. Adamlara naharam bermelidir. Olar düýnden bäri käte bir döwüm çörek gemrip gelýärler. — Dogry aýdýaň — diýip, Haly beg atynyň başyny çekdi. — Sen goýunlary sür-de baryber. Kimleri berseňem ýigitleriň dört sanysyny meniň ýanyma iber. Ol semiz işşekleriň birini alsynlar. Biz baryp, goýun öldürip, çişlik edeli. Haly begiň bu gürrüňi gulagyna ýaran galtaman atynyň başyny öwürdi, ony gamçylady. Az wagtdan soň Şorguýa öňürti gitjek beýleki dört atly galtamanbaşynyň gaşynda peýda boldy. Haly beg üsti Tarhanly inere tarap ümledi. — Çolugam gitsin. Ol ýerde mallary suwa ýakmaly bolar. Düýäniň üstünde uklap oturmasyn. Howa mazaly ýagtylansoň, ineriň üstüne bir işşegi ýukläp, bäş atly sürüden üzülip gitdi. Edil şu pursatda Şorguýa tarap barýan beýleki toparyň öňünden süri keýik çykypdy. Galtamanlar Şorguýa gelip, işşegiň bogazyna pyçak goýanlarynda Ahalyň atlylary sil geçen jardan ötüp, ýüzlerini Şorguýa tutupdylar. Olaryň arasyndaky gürrüň indi boljak söweş hakynda gidýärdi. Ahal hüjüm edilende topbak hüjüm etmegi, birek-birekden daşlaşmazlygy ündeýärdi. — Meniň töweregimde, ses ýeter ýaly ýerde bolmagy unutmaň. Söweşiň dowamynda eýdiň-beýdiň diýer ýaly — diýip, ýigitlere tabşyrdy. Ilaman eli gylyçly özüni Ahalyň gapdalynda görýär. Galtamanlar iki bolup Ahalyň daşyna geçýärler. Ilaman gylyjyny ýokaryk göterip, olara tarap eňýär. Olaryň birini öz üstüne alýar. Jarkada-jarka gylyçlaşýar. Ilaman ähli gazaby bilen duşmany ýeňýär. Beýlekini bolsa Ahal atdan agdarýar. Bular «Ynha bolar» diýlen hyýaldy. Bu söweşde her kimiň özüni görkezmek, söweşe ukyplydygyny subut etmek arzuwy bardy. Ol arzuw Nursähetde-de, Handanda-da bar. Ýöne ol Garamergende hasam uludy. Ol bu söweşde Ahaly öldürilen ýagdaýda, ýa-da agyr ýaralanan ýagdaýynda görýärdi. Özüniň duşmanlary paýhyn edip, sürini olardan gaýdyp alan gahryman derejesinde görýärdi. Ol galtamanlaryň birnäçesini ýesir alyp, oba gaýdýar. Çagajyklar olaryň öňünden ylgaşyp çykýarlar. Adamlar jigitlere baş bolup, Küýkiniň üstünde gaýşaryp oturan Garamergene guwanç bilen seredýärler. Ony ýigitleriň öňbaşçysy edip bellemänine Iner golak gör nähili ökünýär. Onuň öňbaşçy edip bellän Ahaly düýäniň üstünde ýaraly keserip ýatyr. — Durnalar, durnalar barýar — diýip, ýigitleriň biri gygyrdy. Adamlar hol uzakdan, olaryň öňlerini kesip uçup barýan durnalara seretdiler. Şol ses Garamergenem pikirlerinden açdy. Ony hakyky dünýä gaýdyp getirdi. Atlylaryň öňünden häli-şindi towşan turup hasanaklap gaçýar. Olar mele erşiň oklanan ýumagy ýaly bolup gözden ýitip gidýärler. Kämahal bir tilki görünýärdi. Olaryň uzyn sümek ýaly guýruklary dogrudanam agaryp gelýän daňlaga meňzeýärdi. Onuň mele guýrugyny her ýerde bir ýylpyldadyp gaçyp barşy sygyrsiýdik diýilýän nagşa meňzeýärdi. Olar hemişe kä saga, kä çepe öwrülip ziňk-ziňk edip barýarlar. Tilkiniň göni gaçyp barýanyny awçylaryň arasynda göreni ýokmuşyn. Ýigitleriň gözi birden bärsine garanjaklap gaçyp barýan möjege düşdi. Gylyçlar şakyrdap gyndan çykdy. Ine, muny awlamagy Ahal gadagan etmez. Bu-da galtamanlaryň biri. Muny awlasaň bir işşegi bar. Şol işşegi söweşden soň oturyp iýäýseň bolar. Şo pikirler bilen gylyçlaryny sogran ýigitler atlaryna gamçy çalmankalar: — Duruň — diýip, Ahal gamçyly elini ýokaryk galdyrdy. — Hol depäni görýäňizmi? Şondan aşarsyň welin, Şorguýudyr. Olaryň eýýäm şo taýda bolaýmaklary mümkin. Häzir atlary ýadatmaň. Ýigitler bu pikirdenem el çekmeli boldular. Dogrudanam, möjegiň has uluragy bilen duşuşjak bolup durkaň, bu möjege kowalaşyp, güýç sarp etmek nämä gerek?! Atlylar ýüzlerini Ahalyň görkezen depesine tarap tutup, sürüp ugradylar. Esli wagt ýigitleriň hiç birisinden ses çykmady. Ýene-de her kim öz pikirine gümra boldy. Diňe atlaryň aýaklarynyň dükürdisi eşidilýärdi. Şo diýilýän depä ýetenlerinde Ahal gamçyly elini galdyryp, yzyndaky ýigitlere ýüzüni öwürdi. — Siz şu ýerde duruň. Meniň yşaratyma garaşyň. Ilaman ikimiz barlaly — diýdi. Ýigitler atlaryň başyny çekdiler. Ahal bilen Ilaman atlaryny sürüp, depä dyrmaşyp ugradylar. Ahal depä çykanda, ýigitleri aşakda goýmak bilen ýalňyşlyk edenini duýdy. Giň goluň aňry böwründe ot ýakyp, tarakga gurap oturan galtamanlar Ahal depä çykan dessine gördüler. Ilaman yzdakylara telpegini bulady. Özi bolsa Ahalyň yzy bilen gola tarap at goýdy. Galtamanlar iki atlyny gördüler. Olar garşylyk görkezmek maksady bilen atlandylar. Ýöne soňky çykan alty atlyny görüp, ökjäni göterdiler. Olar atlaryny gamçylap, aňyrky gerişden aşdy. Ahalyň ýigitleri tabyrdaşyp gelenlerinde oduň töwereginde iki adam galypdy. Olaryň biri Tarhandy, beýlekisi Haly begdi, galtamanlaryň baştutanydy. Haly beg gaçmaga ýetişmändi. Ol atyna dynç bermek maksady bilen eýerini aýrypdy. At ota gyzygyp, eýesinden uzaklaşypdy. Haly begem özgeler gaçanda turup ylgady. Eýersiz atyna münüp gaçmakçy boldy. Ýöne oňarmady. Elleri ýalaňaç gylyçly «Ýa Alla!!!» diýip, gygyryp gelýän atlylar onuň ysgynyny alypdy. Ata münüp bilmän aljyrapdy. Gylyjyny elinden gaçyrdy. Depesinde lowurdan gylyja ellerini daldalady. Dady-perýat edip gygyrdy. Onuň depesinde gylyç göteren Garamergendi. Ol atdan düşüp, Haly begiň gylyjyny aldy, özüni ýesir tutdy. Gaçan dört atlyny kowalap giden Ahal dagy yzyna öwrüldiler. Elini çarpyp, towsaklap keýp edýän Tarhan olary çişligiň başyna çagyrdy. Ahal Dorbedewi çapdyryp, Haly beg bilen Garamergeniň ýanyna bardy. Tarhana gamçy çalan wagty haýbatly görünýän sary murtly pyýada indi suwa çümdürilip çykarylan körsyçana, ezilen torgaýa meňzeýärdi. — Adyň näme? — diýip, Ahal azmly sorady. Onuň ýognasdan höküm ediji, hakyky serdarlara muwapyk bolan sesine ýesir hasam aljyrady. — Hally, Hally meniň adym — diýim, ýesir ejizläp, çalt-çalt gepläp jogap berdi. Hawa onuň ady Hallydy. Ýöne ony galtamanlar mahabatlandyrmak üçin Haly beg diýýärdiler. — Siz näçe atly? — On, agasy. On atly. — Gaçyp gidenler näçedi? — Gaçyp gidenler bäş, ýok dört, dört. — Bäşisi süriniň ýanyndamy? — Hawa, agasy, süriniň ýanynda. Olar indi gelmeli. Ynha gelerler. Edil şu pursat garaşylmadyk bir ýagdaý ýüze çykdy. Oňa Ahalam, Garamergenem aljyrap seretdi. Ýesir gorkuly gözlerini elek-çelek tegeläp, aşak ýapyryldy. Niredendir ylgap gelen Tarhan ýesiriň depesinden gamçyny inderip ugrady. Ol Haly begiň ýüzi diýmän, gözi diýmän çem gelen ýerine şarpyldadyp inderip ugrady. Şarpyldynyň arasynda «Häh, häh» diýen ses gelýärdi. — Ine, saňa it ogly, ine saňa eşek ogly! Bu Goýmadyň haky! Bu-da Garagözüň haky! Men saňa görkezerin kimiň haramzadadygyny. Me ýene! Gerekmi ýene? — diýip birnäçe gezek saýgylady. Ahyry Ahalyň: — Ýeri boldy edäý indi — diýen sözünden soň Tarhan saklandy. Sojap-sojap dem aldy. — Gerekmi haram haramzada! Ýaman garawsyz çalýardyň-la gamçyňy! Aýt, ajymy, süýji? — diýip, ony ýene birgezek gamçy bilen çowlap goýberdi. — Garamergen sen ýesiriň bilen galarsyň, onuň atyny ýaragyny Tarhana ber. Olam seniň bilen galar. Sürini suwa ýakmaga taýýarlansyn — diýip, Ahal çişligiň başyna üýşen ýigitleriň ýanyna bardy. Ahalyň bu sözi Tarhanyň göwnüni göterdi. Ol Haly begiň gylyjyny hasyr-husur dakyndy. Gylyjy gynyndan syryp aldy. Ony günüň şöhlesine lowurdadyp, ýesiriň gözüniň öňünde bulaýlady. Muňa Haly begiň reňki hasam üýtgedi. Gylyç gamçy däl. Onuň bilen bir gezek uransoň ikinji gezek urjak bolup oturmagyň geregem ýok. Bu-da bir gahary gelip duran oglandyr. Gylyjy bir gezek aýlasa, gutardy. Edýäniň galtamançylyk bolsa, soňunyň şeýle gutarmagy bolup biläýjek zatdy. — Gulgeldi, senem şu ýerde gal. Çişlik bişiriň. Adamlar açdyr. Bir zat iýdirmeli bolar — diýip, Ahal aýtdy. Ol adamlara nahar bermelidigini, olary aç saklap ýörüp bolmajakdygyny Şorguýa çenli ýolda pikirlenipdi. Şu ýoz mallaryň arasynda özüniň ýigrimiden gowrak goýny bar. «Şolaryň birini öldürmeli bor» diýip gelýärdi. Bu meseläni galtamanlaryň özleri çözüpdirler. Indi şu öldürilen goýny iýip, öz goýnuny şonuň deregine bermegi ýüregine düwüpdi. — Handan, senem bulara kömekçi gal. Beýlekiler meniň yzym bilen. Süriniň öňünden çykmasak, ýaňkylaryň gidip goşulmagy bolup biläýjek zatdyr. Olara güýjüni jemlemäge maý bermeli däl — diýip, Dorbedewi sürüp ugrady. Bäş atly topar tutup ugranda, Garamergen bilen ýesiriň gykylygy dik asmana galdy. Garamergen gamçysyny galdyryp, hemle urýardy. Haly beg jibir-jibir edip ýalbarýardy. Atlylar saklandylar. Ahal nämäniň-nämedigini saýgarmak üçin olaryň ýanyna bardy. — Agasy rehim ediň! Rehim ediň! — diýip, ýesir Ahalyň öňünde dyza çökdi. Iki elini ýokary göterip ýalbarmaga başlady. Ahal nämäniň-nämedigine göz ýetirensoň loh-loh edip güldi. Garamergen gaçmasyn diýip, onuň uçguryny sogrup aýyrjak bolup dyzaýardy. Haly beg ýatyp-ýatyp çabalanyp ýalbarýardy. Uçguryny bermejek bolup dyrjaşýardy. — Jan aga, gaçmaýyn, ony bir etme — diýip ýalbarýardy. — Goý, onsuzam gaçasy ýok — diýip, Ahal aýdansoň gaýra çekildi. Ýerde süýnüp ýatan Haly begiň ýagyrnysyna gamçysy bilen çowlap goýberdi-de: — It ogly, haramzada — diýip sögündi. — Garamergen, sen at üstünde bol. Gaçan atlylar gaýdyp geläýmesin. Gulgeldi, Tarhan, sizem atyňyzy mydama öz ýanyňyzda saklaň — diýip, Ahal beýleki ýigitleri yzyna tirkäp, süriniň öňünden çykmaga gitdi. Olar sürä iki gol aşanlarynda duşdular. Ýöne Ilamanyň arzuw edişi ýaly söweş bu gezegem bolmady. — Janyňyzy gutaryň — diýip, galtamanlaryň biri gygyrdy. Atlylar duran-duran ýerlerinden ökjäni göterdiler. Olaryň hemmesi bir tarapa däl-de, hersi bir tarapa gaçdy. Garrybaý çopan gapdalyndan at gamçylap geçen galtamana dazyrdadyp taýagyny zyňdy. Bu waka galtamanlar üçin garaşylmadyk ýagdaýam bolsa Garrybaý üçin garaşylmadyk ýagdaý däldi. Oňa ol düýnden bäri garaşyp ýördi. Ol gaçan galtamanyň yzyndan erbet sögünip galdy. Atlylar Garrybaý bilen salamlaşdylar. Şorguýuda özüniňkilerden başga garaşýanyň ýokdugyny eşidip, çopan hasam ynjaldy. Süri şu pursatdan başlap öňki kaddyna geldi. Edil öňki inýän wagty gün guşluga galanda suwa indi. Ýöne ol suwa Köwreýikli guýusynda däl-de, Şorguýuda suwa indi. Ahalyň atlylaram süri bilen gaýdyp geldiler. Olaryň gelmegi bilen Gulgeldiniň kömekçileri köpeldi. Ahal gozganyp bilmän oturan Haly begi görüp Garamergene tarap seredip güldi. — Sen ýene öňki diýeniňi edipsiň-ow. — Şeýtmeseň boljak däl. Gaçan galtamanlaryň geläýmegi ahmal. Olar geläýdigi, bu gaçjak bolar. Şeýtseň welin arkaýynrak bolýar — diýip, Garamergen gürledi. Tarhan guýynyň başynda öz işine girişdi. Gök iner bilen gowalap suw çekýärdi. Olary pagladyp, nowalara guýýardy. Onuň balagy öňküsi ýaly çermelip dyzyndan geçirilipdi. Haly begiň aty onuň ýanynda jylawy gaýtarylgy taýýar durdy. «Häh» boldugy «Mäh» bolaýmalydy. Gulgeldem töwereginiň kömekçileri köpelensoň galan işleri olara tabşyryp, kakasyna goýny bölüp goýbermäge kömekleşmäge gitdi. Şorguýuda ýigitler iki gün boldular. Onuň töweregini torç edip aýlandylar. Dolanyp galtamanlardan derek tapmadylar. Edil Haly begiň aýdyşy ýaly boldy. — Olar indi gaýdyp gelmezler — diýip, ol ýaranlary gaçan wagty aýdypdy. — Näme üçin gelmezler? — diýip, Ahal sorady. — Sebäp olar haramzada. Nöker däl. Mugt ýalyň güjükleri — diýip, jany ýangynlylyk bilen aýtdy.