Mämmet Seýidow 5-nji bap: INER GOLAK Barat pälwan bilen hoşlaşyp ýola düşen Ahalyň keýpi kökdi. Kämahal öz ýanyňdan bir adama baha berýäň. Onuň bilen duşuşyp, gürleşeniňde, şol beren bahaň tersine bolup çykýar. Sen oňa duýgur, aýtjak zadyňa ýeke sözüňden düşünip durandyr öýdýäň. Ol «Türkmeni dürtmeseň duýmaz» diýlen ýaly böwrüne hürsekläýmeseň duýmaýan, söz manysyny bilmeýän mahluk bolup çykýar. Sen oňa agrasdyr öýdýäň. Ol bolsa eňegine jaň kakylan ýaly ýaňra, onda-da aýdan sözi ýele sowrulýan arpa gylçygy ýaly sowrulyp duran ýaňra. Sen jomartdyr öýdýäň, ol syňragyndan syryganyny ýalap oturan syrnyh adam bolup çykýar. Garaz, seniň akdyr öýdeniň gara, uzyndyr öýdeniň gysga, süýjüdir öýdeniň ajy bolup çykýar. Sen öňki pikirleriňden düýpgöter el çekip, ondan dänmeli bolýarsyň. Olaryň gös-göni tersine pikir etmeli bolýarsyň. Olam başaşak ýörän ýaly täsir edýär. Şonuň ýaly bolanda adam gürrüňdeşindenem, özündenem nägile bolýar. Ähli keýpi pozulýar. Ahalyňky onuň tersine bolup çykdy. Ol Barat pälwan barasynda ýalňyşmandyr. Ol pälwany daşyndan görüp, akylly-paýhasly, mert adamdyr diýip ýördi. Onuň bilen gürrüňdeş bolanyndan soň, özüniň henizem bärden gaýdýandygyny duýup galdy. Şonuň üçinem onuň keýpi göterildi. Üstesine-de bahar howalasy. Şol howala keýpini hasam göterýärdi. Käte şeýle zadam bolýar. Asmanyň ýüzi agar çäkmen bilen syrylan ýaly, kir-kimir ýok. Diýseň arassa, mawy aýna ýaly owadan. Birdenem uzaklardan nokat ýaly gara bulut görünýär. Ol garalybam baranok, aýrylybam gidenok. Şol arassa, mawy asmanyň görküne ujypsyzja zeperini ýetirip dur. Şonuň ýaly şadyýan, keýpiň kök wagtyň bir ujypsyz ünji kalbyň giň törüniň bir ýerinde döreýär. Ol ulalanogam, aýrylanogam. Teniňe batan gyldyrgan ýaly özüniň şol ujypsyz ünjüsini ýetirip durýar. Ahalyňam kalbynda şol gyldyrgan ýaly ujypsyz ünji döredi. Olam Barat pälwan bilen alamançylyk, galtamançylyk hakynda eden gürrüňlerinden galan gyldyrgandy. Ahal Eýranyň serbazlarynyň alamançylyk, talaňçylyk edeninde, ony meslikden, artykmaç güýçlerini nirä sarp etjeklerini bilmän edýändirler öýderdi. Asyl olaryň gidere ýeri bolmasa, alaman, talaň olaryň ýalňyz eklenji bolsa nätjek. Diýmek, talaňçylygyň gutarjak wagty ýok. Onuň aňyrsy görünmeýär. Şeýle seredeniňde talaňçylyklaryň, uruşlaryň bolmagyna hanlar, şalar däl-de serbazlar, nökerler, garamaýak halk sebäpkär ýaly bolup görünýär. Olar öz eklençleri üçin uruş başlamagy hanlardan, şalardan talap edýärler. Ol ýöne seredäýeniňde şeýledi. Aslynda onuň başga sebäpleri bar. Hanlar, şalar olary şeýle etmäge mejbur edýärler. Serbazlaryň iki aýagynam bir gonja sokýardylar. Hak tölenmese, ekere ýeri bolmasa, işläre, ölmez-ödi gazanara ýagdaýy bolmasa dagy adamlar nätsinler?! Şol pikirleri kellesinde aýlap gelýän Ahal obanyň çetinden girenini duýmady. Hol ýerde çagalar üýşüp ýaý atýarlar, ylgaýarlar, gülüşýärler. Şolaryň birem Salyr bolmaly. Oba çagalarynyň arasynda öz paýynyň bardygynyň buýsanjy Ahala lezzet berýärdi. Çagalaryň biri çep eli bilen ýaýyň bilinden gysymlap, matadan ýarym gulaç ölçäp aljak ýaly, sag eli bilen ok ötürilen kirşi dartyp, gursagynyň deňine getirip çeneýärdi. Ahal ony tanady. Ine, şol oba oglanlarynyň arasyndaky paýy Salyrdy. Ol sag elindäki kirşi goýberdi. Kirişden sypan ok awuna okdurylan elguş ýaly çöpüň başyna ildirilen omaça süňke tarap süýnüp barýardy. Ok nyşana degdimi-degmedimi, ondan Ahalyň habary ýok. Ýöne ýaňky ok atan Salyryň gözleri atla düşdi. Kakasyny tanady. Ol ýaňky atylan peýkam ýaly oglanlaryň arasyndan sogrulyp, Ahala tarap okdurylyp gaýtdy. Onuň gelýänini görüp, Ahal atdan düşdi. — Kaka, sag-aman geldiňmi? — diýip, Salyr onuň. gujagyna doldy. — Geldim, oglum. Özüňizem gurgun otyrmysyňyz? — diýip, gop berip ata mündürdi-de atyň jylawyndan tutup, gapdaly bilen ýöräp gitdi. — Seni Ilaman kakam sorady. Seniň şu gün geljegiňi şondan eşitdim — diýip, Salyr atyň üstünde oturan ýerinden aýtdy. — Näme üçin soranyny bilmediňmi? — Ýok, sen özuň «uly adamlara beýle sorag bermeli däldir» diýipdiň ahyry. Ýöne obaň ýaşululary Iner agalara üýşdüler. Şally aga-da, Goňur aga-da, Nurahmet kakamam şolarda. Bir maslahat edýärler öýdýän. Ahal Iner golaklaryň hataryna göz aýlady. Ol ýerde gybyr-sybyrlygyň bardygyny gördi. Semawarlaryň daşynda Iner aganyň gelinleri pyrlanýardy. Elinde çäýnek göterip öýe giren Ilamanyňkydy. Kädini egip, semawary dolduryp duran Ýolamanyň gelnidi. Jaýyň töwereginde daňlan atlar bäş-on bardy. Nurahmediň ogly Handanyň Sekili, Ilamanyň gyry, Garamergeniň küýküsi... Ahal atlaryň hemmesini tanaýardy. Şol atlara seredip, Iner golagyň öýünde kimleriň bardygyny aýdyp bolýardy. At gapa gelensoň Salyr atdan böküp düşdi. Ahal Dorbedewiň jylawyny sypyrdy, onuň deregine uýanyny ildirip, Salyryň eline berdi-de: — Ata bir suw görkez — diýip, horjuny eline alyp öýe girdi. Salyr guýa tarap towsaklap ylgap barýardy. Dorbedew bolsa ýuwaşja öňürdikläp, onuň gapdalyndan galanokdy. Ahal öýe gireninde, Aksona tara dokap otyrdy. Matalda «O ýan geçer dor atym, bu ýan geçer dor atym, aýagynda gyl tanap süýräp geçer dor atym» diýilýän mäki irmän, eýläk-beýläk gatnaýardy, mäki her gezek geçende jark, jark edip darak jarkyldaýardy. Ahalyň içerik girenini görüp: — Sag-aman geldiňmi? — diýip, Aksona aýaklaryny gozakdan çykardy. Ol Iner aganyň ogly Ilamanyň iki gezek sorap gelenini aýtmakçy bolanda: — Ony eşitdim. Salyr aýtdy. Barmaly bolsa baraýarys — diýip, Ahal başyndaky ak telpegini silkdi. Ony çep eline geýdirip, sag eli bilen buýralaryny düzedişdirdi. Içinden ýelýyrtan ýaglygy alyp, çalaja çygjaran ýüzüni süpürdi. Ýaglygy ýene telpegiň içine salyp, telpegi geýdi. — Men olara bir görnüp gaýdaýyn — diýip, daş çykdy-da, guýa tarap seretdi. Salyr guýynyň çarhyny aýlap, gowany çekýärdi. Ýöne çarhyň jygyldysyny Ahal eşidenokdy. Ol eşidilerden ara daşrakdy. Bir eli suw kädili aýal guýynyň başyna bardy. Olaryň näme gürrüň edenini Ahal bilenokdy. Ol diňe Salyryň guýudan gowany çekip alyp, şol aýalyň kädisiniň üstüne egendigini gördi. Ol aýalyň beren taňryýalkasynyny eşidenok, ýöne Ahal ony ýüregi bilen duýdy. Ogluna guwandy, myssa ýylgyrdy. Ahal Iner golak diýilýän adamyny kakasy ýaly görýärdi. Abaly serdaryň asly Ýandakly obasyndan däldi. Ol Durun etrabyndan Halçapyk diýilýän adamyň, uly baý bolmasa-da, atly adamynyň ogludy. Onuň Iner awçy bilen tanyşlygy geçen uruşda başlanypdy. Şol wagt Ahal iki ýaşynda ekeni. Onuň kakasy Kesearaçdan ýygnalan jigitlere serdarlyk edipdir. Iner awçy Abaly serdaryň iň ýakyn görýän müňbaşysy eken. Soňra Abaly serdar özüniň ýakyn kömekçisi hem maslahatçysy edip alypdyr. Abaly serdaryň özi uruş gutarmanka, bir dönügiň atan peýkamyndan ölüpdi. Iner golak ony Ahala şeýle gürrüň beripdi. Abaly serdar goşunyň ol toparyndan beýleki toparyna barýan ekeni. Sazakly gola inenlerinde olaryň öňünden gara ýapynjaly eýran serbazlarynyň eşiginde bir gara atly çykypdyr. Ol şo golda öňden garaşyp duran bolara çemeli. Ol öňden taýýarlap duran ýaýynyň okuny goýberip, atyny ýüzin salyp gidipdir. Ok Abaly serdaryň çep gursagyndan degipdir. Ýigitleriň bir topary gara atlynyň yzyndan eňipdir. Hasyr-husur atdan agan Iner awçy Abaly serdaryň ýykylmagyna maý bermändir. Ony gujaklap düşüripdir. Ýanyndakylaryň biriniň suw gabynda galan suwy azajyk-azajykdan agzyna damdyrypdyrlar. Gara atlyny tutup, elini-aýagyny daňyp atyň yzyna tirkäp getirenlerinde, Abaly serdar kellesini galdyryp «Ahalyň hossary ýokdur, Iner. Senden başga hossary ýokdur» diýipdir. Iner awçy Ahaly öz ogly ornunda saklamaga, ulalansoň öýermäge, hossar çykmaga söz beripdir. Ölen adama berlen söz mukaddes sözdür. Ol anty-kasamdanam ýokary tutulýar. Uruş gutaransoň Abaly serdaryň maşgalasyny Iner awçy Ýandakly obasyna göçürip getiripdir. Şu obanyň maşgalasy hökmünde ýer-suw beripdirler. Şeýdibem Iner awçy Ahalyň hossary bolup galypdyr. Dul galan Halbikä serdaryň yzyny ýitirmän saklamak üçin Iner awçy bütin maşgalasy bilen goltgy beripdir. Onuň hojalygynyň mal-garasynyň dargamazlygyna kömek edipdir. Iner golak Abaly serdar bilen dostlugyny şeýle berjaý edipdir. Öz kakasyny atan dönügiň kimdigini Ahal soň, eýýäm ýigit çykanyndan soň eşidipdi. Iner aganyň aýtmagyna görä, ol goňşy obadan Abak baýyň Hasar diýilýän ogly ekeni. Ol alamançylyga gidende ele düşenmiş. Şol mahal Kesearkaja garşy uruş bolup, Maşadyň Ryzagulydan öňki hany ony jansyz bolmaga yrypdyr. Şol zatlary pikir edip barýan Ahal Iner aganyň özüni çagyrmagyny geň görenokdy. Onuň ilkinji çagyryşy, ilkinji gezek ýumuş buýruşy däldi. Ony geň galdyrýan, howsala salýan zat Iner agalaryň öýüniň töwereginde jylawy gaňtarylgy duran atlaryň känligidi. Ol öýe golaýlaberende, gapydan Ilaman çykdy. Ol iki elini uzadyp: — Ahal kaka, salawmaleýkim — diýip, onuň bilen görüşdi. Oňa Ahal kaka diýmeginiň sebäbi Ilaman ondan üç ýarym ýaş dagy kiçidi. Abaly serdar aradan çykansoň, uruş uzaga çekmän gutarypdy. Urşuň gutaran ýylam Iner awçyň ekizleri Ilaman bilen Ýolaman dünýä inipdi. — Bu nämäniň tutumy? — diýip, Ahalyň beren soragyna Ilaman: — Bu ýerde eglenip durma-da, öýe gir, öýde aýdarlar — diýip, iki eli bilen onuň elini saklap durşuna idip öýe saldy. Gapydan girip: — Ynha özem geldi — diýip, içerdäkilere ýüzlendi. Içeriniň dymyljyk howasy burnuna uran Ahal özüne sabyrsyzlyk bilen garaşylandygyny öýdäki adamlaryň keşbinden, olaryň hereketlerinden aňdy. Iner golagyň uly jaýynda on-on bäş adam bardy. Tördäki ýaşulular diýäýmeseň, olaryň köpüsi ýeke dyzynyň üstünde otyrdylar. Olar ýigitlerdi. — Gelen bolsaň, howwa — diýip, Iner golak bu çakylygyň, bu howsalanyň sebäbini mälim etdi. — Köwreýikli guýusyndaky ýoz çekenäni, howwa, galtamanlar sürüpdirler. Ine, çoluk geldi — diýip, Iner golak burça gysylyp, ýygrylyp oturan Gulgeldini görkezdi-de, sözüni dowam etdi. — Olar on adam, biz ynha, seniň bilen, çolugyň özi bilen sekiz adam jemledik. — Sekiz adam az däl. Ýöne galtamanlar kimler-kä? — diýip, Ahal soragly nazaryny Gulgeldä tarap aýlady. — Olar saňa atlaryny, gelen ýerlerini aýdar durarlar öýdýärmiň? — diýip, Garamergen torsarylyp aýtdy. Ol şu çakylyga Ahalyň çagyrylmagyny gysganyp otyrdy. «Ýadap gelýän adama azar bermäliň, özümiz oňararys» diýipdi. Şu ýedi ýigidiň arasyna Ahaly goşdurmajak bolup, Garamergeniň dyzamagynyň öz sebäbi bardy. Ahalyň bar ýerinde serkerdelik, ýigitleriň baştutany bolmak oňa ýetjek däldi. Onuň bolsa baştutan bolup gidesi gelýärdi. Goýunlary galtamanlaryň elinden aljagyna ol ynanýardy. Şol eden işiňe daýanyp, toklularyň birini öldürmegem, çölde şagal mesligi etmegem bolar. Ol işi edeniňden soňra, toklyny il-gün saňa bagyşlar. Çölüň açyk howasy, baharyň maýyllygy, mylaýym öwüsýän şemal. Ojar oduň üstünde jyzyrdaýan çişligiň işdäňi açyjy ysy. Seniň buýrugyňa tabyn bolup duran oglanlar. Olar göwnühoşluk bilen seniň agzyňa çişlik tutup berýärler. Çopanyň kündügini gaýnadyp, käsä ajy gök çaý guýup uzadýarlar. Her owurtlaňda diliňi gaşap gidýän awyternek ýaly gök çaý. Sen bir han adam. Hanlyk bolsa Garamergeniň arzuw edip ýören zady. Goý azajyk bolsun. Azajygam bolsa eşret ahyry. Ýöne welin ynha Ahal gelip gapdaldan sokjaryldy. Iner golak indi ýigitleriň baştutany edin Ahaly bellär. Garamergen bolsa onuň sag goly bolar. Baştutan näme diýse, näme buýursa «Lepbeý aga» diýip ylgamaly. Ynha Ilaman ýaly. Garamergen beýle bolmagy halanok. Onuň «Ýadap gelen Ahala azar bermäliň» diýenem, «Olar saňa adyny aýdarmy?» diýip, torsarylmagam şonuň üçindi. Onuň içki dünýäsinden bihabar Ahal: — Kimler diýýänim, kürtlermi ýa türkmenlermi diýip soradygym — diýip, ýüzüni Garamergene tarap öwürmän aýtdy. Şu soragy bereninde, Ahalyň göz öňüne gelen zat Barat pälwan bilen onuň ýoldaşlarydy. — Özi-hä türkmenler. Ýöne bu golaýyň türkmenleri bora çemeli däl — diýip, çoluk öz çaklamasyny mälim etdi. — Maly nirä sürdüler? — Ilerik, Eýrana tarap. — Onda ullakan howsala düşüp durasy işem ýok — diýip, Ahal arkaýyn gürledi. — Olar Şorguýuda düşlemeli, maly suwa ýakmaly bolarlar. Şorguýa bolsa ertir, günortadan bäri barmazlar. — Olaryň aňyrdan Garçgaýyň üstünden gitmegem mümkin — diýip, Şally baý gürledi. — Gulgeldiniň gaýdanyndan olaryň habary ýok. Olar arkaýyndyrlar. — Çolugyň olaryň ýadyna soňrak düşmegem ahmaldyr. — Ahmaldyr. Ýöne Garrybaý dagy başga gürrüň tapyp, howwa, çolugyň gizlenip galanyny aýtmazlar. Olaryň, howwa, ýalňyz umydy çoluk ahyry — diýip, Iner golak bir eli bilen gujagyndaky ýassygy düzedip oturyşyna aýtdy. Öňünde goýlan çäýnegiň ajy çaýyny gaýtaryp, Ahal «Howwa» diýip, öz sözüni tassyklap gürleýän şu mähriban adamyny, özüniň uly hossary bolan adamyny, nebsewürlik bilen synlady. Onuň çep eli çigninden ýokdy. Ona Ahalyň ýüregi gyýlyp gitdi. Ahal onuň iki eliniň bar mahalynam bilýärdi. Bir elini aldyryşy hakynda Iner awçynyň özi şeýle gürrüň beripdi. Kesearkaçda awçy az däldi. Ýöne awçylar hakda gürrüň etseler, ilki Iner awçynyň adyny tutup, gürrüňi şondan başlardylar. Günleriň birinde Iner awçy «Erek daglarynda bakylýan sygyrlara gaplaň azar berýärmiş» diýen habary eşidýär. Bu habar Iner ýaly zandyna guýma awçylary gozgaman, olaryň agzyny suwartman durup-biljek däldi. Ol habary eşideninden gidermen boldy. Kerwen ussa ýasadan gapanlaryny suwuk torba salyp, eýeriň gaşyndan asdy. Sapy sünnälenip ýasalan, jezwerlenen, tygasy garyş ýarym jöwher pyçagyny gyny bilen biline gysdyrdy. Geçen uruşda göteren gylyjyny egninden asdy-da atlandy. Gaplaňyň geçýän ýerlerini, suwa inýän güzerini aňtap Iner awçy kän aýlandy. Çopanlardan, çoluklardan sorady. Olar gaplaňyň nirede sygyr atanyny görkezip bilýärdiler. Ýöne ol ýerden gaplaňy taparmyň. Olar aw eden ýerinden gatnap ýören bolsalar bolaýmajakmy? Oýuň suwa inýän çeşmesini, güzerini, heý bolmanda suwa geçýän ýoluny tapsaň başga gep. Gaplaňlar suwa gatnaýan ýoluny, inýän güzerini aňsat üýtgetmeýärler. Şolary tapsaň, Iner awçynyňky ýalam gapan tapsaň, gaplaňyň derisini gerdeniňde sallanyp duran hasap edäýmeli. Herki zada yhlas gerek. Yhlas akyla, paýhasa, güýje ýarpy diýse bolar. Şol aýdylýan zatlaryň her haýsynyň gapdalyndan yhlasyň bolmagy zerur. Aýdaly güýjüň bar. Ýöne göreşde ýykmak üçin, agyr ýük götermek üçin yhlasam gerek. Kyn ýagdaýdan baş çykarmak üçin akyl-paýhasam, guralam, höwesem bar. Şolaryň daşyndan yhlas gerek. «Yhlas bilen aglasaň sokur gözden ýaş çykar» diýip, ýöne ýere aýdylyp goýberilen zat däl. Iner awçy yhlas bilen aňtadam, gaplanyň yzyny tapdam. Onda-da ne yz. Gaplaňlaryň bir endigi bar. Olar aw atansoňlar iýenini iýip, galanyny gömüp goýýarlar. Haçan ajyksalar, agtaryp iýip ýörler. Il arasynda «gaplaň eti porsadyp iýermiş» diýen gürrüň bar. Şol gürrüň gaplaňlaryň şol edehätinden gelip çykan zat bolsa gerek. Iner awçam gaplaňyň «Ajygamda iýerin-dä» diýip, gömüp goýan maslygyna duş geldi. Ol darajyk zawda keserip ýatan iki sany ullakan daşyň arasyndady. Oňa iki tarapyndan ýol bardy. Iki daşyň arasyna ýa gündogarsyndan ýa-da günbatarsyndan girmelidi. Iner awçy gapanlaryny gaplaňyň iki daşyň arasyndan giräýjek ýerlerinde gurdy. Ol indi awyň ganly boljagyna şübhelenmeýärdi. Gapanlaryny häli-şindi barlap durýardy. Ol çopanlaryň goşundan çykanynda, gün öýle bolupdy. — Gün gijigiberende gelmesem, howwa, şol görkezen ýerime baraýgyn. Onda gaplaňyň gapana düşdügidir — diýip, ol çoluga tabşyrdy. Awçy gapanlary guran ýerini çoluga görkezipdi. Onuň: «Baraýgyn» diýip beren tabşyrygynam «Başymdan bela iner-ow, çoluk meni halas etmeli bolar-ow» diýen maksat bilen däldi. Ol ýöne gaplaňyň hamyny almaga kömek gerek bolar öýdüpdi. Awçy bela injegini, özüniň agyr ýagdaýa düşjegini bilenokdy. Şol bilmezligi bilenem gapanlaryň gurlan ýerine, özüniň duşjak aýylganç ýagdaýyna, agyr emgege tarap ýöräp barýardy. Awçy özüniň ýörite taýýarlan bukusyna golaý geleninde, gaplaňyň gapana düşendigini gördi, synlady. Onuň bir öň aýagyndan, birem art aýagyndan düşen gapanlar ony sypdyrarly däldi. Onda-da zynjyr bilen daşa baglanan gapanlar gaplaňy duran ýerinde çüýläpdir. Oňa pugta göz ýetiren awçy gylyjyny syryp, daşlaryň aňyrsyndan çykdy. Ony gören gaplaň agzyny hatap ýaly açyp, dişlerini syrtardyp, arlap, özüniň ezraýylyna towusdy. Duşmanyny ýüzüniň ugruna gabyrdadyp basjakdy. Ýöne gapanlar oňa beýtmäge maý bermediler, towusjak bolup dyzanyndan güýlüp atdylar. Ýalaw ýaly gylyç gaplaňyň çat maňlaýyndan degdi. Maňlaýy iki bölünen gaplaň duran ýerinde agdaryldy. Aýagyny birki gezek kakdy. Şonuň bilenem gutardy. Awçy gylyjy bilen gaplaňyň o ýanyna bu ýanyna dürtekledi. Janynyň çykandygyna kemsiz gözüni ýetirip, gylyjynyň ganyny onuň derisine süpürdi. Ony gynyna salyp, gapdaldaky daşyň üstünde goýdy. Jöwher pyçagyny alyp, gaplaňy soýmaga başlady. Bu gaplaň üçin oba oňa iň bolmanda bir tüwe, ýa-da bir sygyr berjekdi. Bu uly aw. Onsoňam «Pylan obanyň sürüsine gelýän gaplaňy Iner awçy awlapdyr» diýen sözüň özi nämä degmeýär. Şol pikirleriň astynda maňlaýy çygjardy. Goly bilen derini sylyp goýberdi. Öl içinden «Çoluga irräk gel» diýmeli ekenim» diýip oýlandy. Ol soýup oturan gaplaňyny ýarpylap barýardy. «Emgek göz bilen gaşyň arasynda» diýleni. Emgek bolsa onuň üstüne edil şo wagt geldi. Töweregine üns bermän işläp oturan awçy serpmeden gaýdan ýaly boldy. Bir wagyrdy gulagyna ildi. Bu gelen bela gaplaňdy. Öňki gaplaňyň ýoldaşydy. Ol munuň şeýledigini daş gaýdan ýaly bolup, üstüne gaplaň özüni oklandan soň bilip galdy. Gaplaňlaryň jübüt bolup ýaşaýandygyny Iner awçy gözi bilen görmese-de, ol hakda köp gürrüňler eşidipdi. Ýöne şu ýatan gaplaňyň höwrüniň bardygyny hiç kim bilmändi. Çopan, çoluk ol hakda hiç zat aýtmandy. Üstesine-de ätiýajy elden berdi. Ýogsa onuň bir wagt aradan çykyp giden halypasynyň, baryp otuz ýyl mundan öň aýdan sözi: «Gapan gurup, awlaýanyň gaplaň bolsa, özüňem gapanlaryň arasyndadygyňy unutmagyn. Ätiýajy sähelçejik elden berseň, özüň gapana düşersiň:.. Özüni durnalar ýaly ätiýaçlydyryn öýdüp ýören Iner awçy şu gün seresapsyzlyk edip gapana düşdi. Gaplaň üstüne zyňanyndan Iner awçy çep elini onuň agzyna tutdurdy. Sag eli bilen jöwher pyçagy işledip ugrady. Jöwher pyçak Iner awçynyň aýtmagyna görä ikinji gezekde gaplaňyň ysgynyny alypdy. Ol ikinji, üçünji... onunjy pyçagy urup, gaplaňy süýndüripdi. Ýöne gaplaňam awçynyň çep elini çeýnäp harap edipdir. Ahal Iner awçynyň düýäniň üstüne kese daňlyp getirilenini görüpdi. Nurbibi gelnejesiniň ýüzüni penjeläp «Waý!» diýip, ýykylanyny görüpdi. Ol on ýyl mundan öňdi. Iner awçynyň gaplaň bilen dikleşip urşanyny eşidip, onuň batyrlygyna agzyny açypdy. Beýle edermenligi özüniň hiç wagt oňarmajakdygyna gynanypdy. Onda-da ýüregine gyldyrgan batan ýaly bolup gynanypdy. Iner kakasyny bejertmek üçin uzak ýerlere, Maru-Şahu-jahana gidip, tebip getiripdi. Ondan-mundan çagyrylyp getirilen tebipler Iner awçynyň çep goluny çigniniň iki barmak aşak ýanyndan kesip aýrypdylar. Şondan soň ona golak lakamy galypdy. Ýolbars bilen, gaplaň bilen ýörite dikleşýän pälwanlar bolanmyş diýip, Ahal köp eşidipdi. Olar çep gollaryna köne keçe, garagurum diýen ýaly zatlar bilen sarar ekenler. Ony ýyrtyjynyň agzyna tutduryp, pyçaklaryny işleder ekenler. Ahal ol zatlara ynanybam duranok, unabam duranok. Ol edermenlik däl, ýerliksiz töwekgellik, ýeňilkellelik hasap edýär. Ahal «Onuň ýaly adamlar Iner golagyň gününe düşseler aljyrar, ýagdaýdan baş alyp çykyp bilmezler, heläk bolarlar» diýen pikire ynanýar. Ahal ahyr pikirlerden soň ýene häzirki hakyky ýagdaýa gaýdyp geldi. Ony bu ýagdaýa gaýdyp getirenem Iner golagyň sesi boldy. — Şu gitjek ýigitlere baştutanlyk etmegi, hawa, Nurmuhammet serdar saňa tabşyrsak diýýär. Şeý diýdiň dälmi, hawa — diýip, Iner golak özüniň sag tarapynda çep tirsegini ýassyga ýaplap aýaklaryny ýygryp gyşaran Nurahmet serdara seretdi. Elindäki käsäni ýerde goýan serdar başyny atyp: — Ras aýdýaň — diýip, onuň sözüni tassyklady. Serdaryň bu tassyklamasy kime ýarasa-da, Garamergene ýaramady, özünden üç ýaş kiçi Ahalyň öňe sürülmegini, özi barka ýigitlere baştutan edip Ahalyň bellenmegini islänokdy. Şonuň üçinem Nurahmet serdaryň tassyklamasy oňa peýkam bolup sanjyldy. Ol sözi içagyryny, ötläni çeken ýaly çekdi. Onuň çytylan maňlaýyny, içiniň burlup gidenini hiç kim aňlamady. Onuň gözünde oky ýokdy. Oky bolsa serdaram, Inerem, Ahalam duran-duran ýerinde çüýlejekdi. Arman oňa güýji ýetenokdy. «Garynjanyňam bilini bilip bogupdyrlar» diýleni-dä. Garamergen: «Kelläm symyljap dur, içim agyrýar» diýip müň bahana tapyp galasy geldi. Ýöne gurt degende, Goýmada diýilýän nakylyň özüne-de diýiljeginden çekindi. Onsoňam baştutanlyga, şöhrata ölemen dyzaýanlygynyň sepi açylaryndan gorkdy. Eger şo sep açylaýsa, ýaşulularyňam oňa bolan ynamy gaçjakdy. Şolaryň ynamy gaçansoň şöhrat üçin atygsap duran arzuwyň bilen hoşlaşaý. Haýsy bir ýumuş bolanda-da baştutan belleýän, seniň abraýyňy, şöhratyňy göterjek ýene şol ýaşulular. Şolar gara diýse garasyň, ak diýse aksyň. Ine ýaşulularyň arasynda kakasy otyr. Olam şolaryň biri. Oglunyň peýdasyna kelam agyz söz aýdanok. Näme üçin? Edil şolar bilen dilleşen ýaly, ýa bir zat diýmäge golakdan çekinip ýörmükä? Ýa-da oglunyň Ahaldan pesdigine, emelsizdigine olam ynanýarmyka? «Olar öz aralarynda dilleşendirler. Kakamam şolara ynanandyr ýogsam agzy mumlanan ýaly beýdip oturmaz ahyry». Iner golak gapydan girip, iç işikde ellerini owkalap duran Ilamana seretdi. Onuň gözlerindäki sorag alamatyna düşündi. Gujagyndaky ýassygy aýryp: — Hä-ä, taýýarmy? Onda adamlaryň elini ýuwduryberiň, hawa — diýdi. Adamlar daşaryk, açyk howa çykdylar. Ilaman bilen Handanyň hersiniň elinde uzyn jürnükli, ýaýbaň gulply eýran kündügi bardy. Oglanlar sag eli bilen kündügiň gulpundan, çep elleri bilen jürnüginden tutup, ýaşulularyň eline suw akdyryp başladylar. Ýaşulularyň ellerini ýuwduryp bolansoňlar, Ahalyň eline suw akdyryp başlan Ilaman: — Ahal kaka, bileje gidýäs — diýip, özüniň gizläp bilmedik begenjini daşyna çykardy. Ol munuň ýaly ýumuşlara öňem gidipdi. Ýöne galtamanlar, garakçylar bilen entek ýüzbe-ýüz duşup görmändi. Şu gezek duşaryn, jarka-jarka gylyçlaşaryn diýen umydy bardy. Öz deň-duşlary bilen çagalykdan bäri gylyçlaşyp, türgenleşip ýören Ilaman ilkinji gezek öz güýjüni söweşde synamakçydy. Maslahata çagyrylan ýigitler nahara garaşman dagadylar. Daň tilki guýruk bolanynda, hol ilerki açyklykda ýygnanmaly etdiler. Nahara diňe ýaşulular galdylar. Ahal bilen Handany Ilaman goýbermedi. — Meni bir nahary ýeke iýmeli etmäweriň — diýip saklady. Öýe giren üç çanak palawyň ikisi ýaşulularyň öňünde galdy. Olar bäş adamdylar. Çanaklaryň daşyna egrilen adamlar Aýatylla işanyň bismilla diýerine garaşdylar. Aýatylla işan Hafizulla işanyň iň uly ogludy. Hafizullanyň mundan kiçem Sadylla, Abdylla atly iki ogly bardy. Sadyllany Maru-Şahu-jahan etrabyna alyp gidipdiler. Şol ýerde oňa ýer-suw berip, ony molla edinip saklaýardylar, Abdyllany Akdaşaýak obasy äkidip, molla edinipdir. Ol Kesearkaçdady. Aýatylla işany şu obada galmaga Iner golagyň özi yrypdy. Oňa obadan dört tanap ýer beripdiler. Hafizulla işanyň ogullary onuň özi ýaly ýetik ahun däldiler. Özi Hywada Allaguly hanyň medresesini gutarypdy. Hywa «Miskaýi fizilan», ýagny «alymlar öýi» diýlip ýöne ýere aýdylmaýardy. Onda dünýäniň iň güýçli alymlary, ahunlary, hatamlary jemlenipdi. Hafizullanyň özi şolardan sapak alyp, çykan ahundy. Onuň ogullary medresäni görmändiler. Olary işanyň özi okadypdy. Ol Hywadan gaýdanynda iki sandyk kitap alyp gaýdypdy. Olaryň arasynda «Kasasyl enbiýa», «Hoja Ahmet Ýasawy» diýen ýaly kitaplaram bardy. Hafizulla ogullaryny okadanynda diňe «Epdek» bilen «Rownak» bilen çäklenmedi. Olara «Gurhandan», «Hadysdan» daşgary şol getiren kitaplaryny «Käfiýanam», «Şemsiýanam», «Haşiýanam» okatdy, öwretdi. Şeýdibem ogullaryny mollalaryň, ahunlaryň meýlisine, ylym, kitap hakdaky çekeleşigine gofşular ýaly, nämäniň şerigata gelip, nämäniň kowahata sygmaýandygyny aňşyrar ýaly, edipdi. Üstesine-de «aňyrsy ýanar otmuş» diýilýän işanlardan, öwlatlardan iň ýokary gatlak hasap edilýän magtym tiresindendi. Şonuň üçinem Aýatylla obanyň diňe bir mollasy däl, haýyr işi, şer işi seljerip, şerigat bilen ölçäp oturan kazydy. Aýatylla işan: — Serdar aga, alyberiň — diýip, onuň ýaşyna hormat goýup aýtdy. Aýatylla Nurahmet serdardan kiçidi. Nurahmet oňa: «Amanmy» diýýärdi. — Alyň onda, bismilla — diýip, Aýatylla işan sag eliniň ýeňini ýokaryk çermäp, penjäni palawa urdy. Onuň yzyndan ýaş tertibi boýunça Nurahmet serdardan başlap, Ilamana çenli ýeke-ýekeden nahara ellerini uzadyp başladylar. Naharyň başynda gürläp oturmak gelşiksizlik hasap edilýärdi. Işandanam söz çykmansoň, adamlar sessiz nahar iýýärdiler, hem öz pikirleri bilen gümradylar. Aýatylla işanyň pikiri hüşür-zekat hakyndady. Şu obada hüşür-zekady iň köp berýän Şally baýdy. Ýöne Aýatylla onuň hüşür-zekat berşine henizem müňkürlik edýärdi. «Gyzyl-kümüş şaýlardan berilmeli zekat kyrkdan bir bolmaly». Şally baý ýüzden birinem berýän däldir» diýip, işan şübhelenýärdi. «Onuň gyzyl şaýlary gaty köp bolmaly. Berýän zekady diňe Garamergeniň aýalynyň dakynýan şaý-sepiniň agramyna-da ýetenok. Onuň bilen ýerini, wagtyny tapyp, ol dünýäde soraljak hasap-hesipden, musulmançylygyň bäş şertinden, şol şertleriň biri bolan hüşür-zekatdan gürrüň etmeli. Şu gün şoňa maýam boldy». Şally baýyň ol zatlardan habary ýokdy. Onuň pikiri şu ýyl ýazyň aýaklarynda, tomsuň başlarynda Maşadyň, Maru-Şahu-jahanyň, Hywanyň bazarlaryna sürüljek mallar hakdady. Öten ýyl diňe Maşadyň, Maru-Şahu-jahanyň bazarlaryna gidýän sürülere öz mallaryny goşupdy. Bu ýyl Hywa mal sürülende oňa-da goşsam diýen pikiri bardy. Ol mal äkidip satýanlara-da müňkürdi. Olar malyň bahasyny doly berenoklar, gizleýärler. Şally baýyň eşitmişine görä, mal satmaga gidýänler doýup geläýýärmişler. Elbetde, işan aganyň aýdyşy ýaly ogurlyk edenler ol dünýäde dowzahda ýanar. Ýöne ondan Şally baýa düşýän zat ýok. Onda ýanýan biri ýakýan biri. Şu ýyl Naryz kürti ýa-da Garamergeni Hywa mal sürýän adamlara goşsam diýen pikiri bar. Kesearkajyň köp obalaryndan, haýsam bolsa, bazarlaryň birine iberiljek mallar bir ýere ýygnanýar. Süriniň ýany bilen sürekçilerden başga-da ony satjaklar, ony galtamanlardan gorajaklar, atly-ýaragly jigitler gidýärler. Garamergeni şoňa, Naryz kürti sürekçilere goşsa boljak. Naryz kürt hiç wagt baýyň gepinden çykmajak wepaly gul. Şally baý ony öýerdi. Onuň edil özi ýaly alamana gidip getirilen kürt gyzyny tapdy. Toý berdi. Beýle dabaraly, beýle uly bolmasa-da, toý tutdy. Naryz kürti öýermegini Şally baý özüniň adamkärçiligi diýip hasaplaýardy. Aslynda onuň öýerilmegine sebäp bolan zat Şally baýyň gabanjaňlygydy. Baýyň öýünde-de gelin bardy, gyz bardy. Naryz bolsa daýaw, syratly oglan. Ony öýüň golaýynda saklamak ot bilen därini bir ýerde goýan ýaly bir zatdy. Naryz kürtsüz bolsa öý oňup biljek däldi. Odunyňa-da, suwuňa-da, oragyňa, döwegiňe-de şol Naryz kürt ýetişmelidi. Masgaraçylygyň öňünden gaçyp Şally baý oňa ürç edip gelinlik gözläpdem, tapypdam, öýeripdem. Palawyň üstünde ýatan gapyrgalaryň etinden bir eliniň barmaklary bilen saklap, beýleki barmaklary bilen dörjeläp, bir tokga palawy jemlän, bölek etini şoňa garyp tokgalan Iner golagyň gözüniň öňüne ýaşlyk ýyllary gelip geçýärdi. Gözleri ýanyp turan Iner awçy Abaly serdaryň sag goly, attutary boldy. Onuň ýakyn kömekçisidi. Ol serdaryň: «Iner ýet, Meredaly pälwana aýt, goý, ol duşmanyň sag gapdalyndan gondalaw berip dursun» diýip, at üstünden üzeňňä galyp, gamçysyny uzadyp durşuny görýär. — Lepbeý, serdarym — diýip, Iner awçy atyň başyny öwürýär. Türresine gamçy degen bedew toýnaklarynyň astyndan gum çägesini düýrmegi bilen zyňyp ak urpakdan aşyp gidýär. Hawa, Abaly serdar... Ahalyň oňa bir almany iki bölen ýaly meňzeşdigini! Ahalam serdar bolmaga mynasyp ýigit. Ertir daň entek agaryp-agarmanka atlanarlar. Onuň ýany bilen bolsa öz ogly Ilaman gider. Arman uly oglunyň, Ýolamanyň ýoklugy. Ony bir ýumuş bilen Akdaşaýak obasyna iberipdi. Ol ertir geler. Bular gidensoňlar geler. Bähbit bolsun. Ilaman gidýär. Şoňa şükür. Ahal edil Abaly serdar ýaly atyn üstünde üzeňňä galar. «Ilaman, ýet, pylan zady pylan et diýer». Ilaman: «Lepbeý, agasy» diýip, ata gamçy çalar. Iner golak öz içinden: «Ömrüň gaýtalanmasy ine şudur» diýip oýlandy. Aýatylla işanyň eliniň ýagyny mesisine süpürip, gaýra çekilmegi Iner golagyň pikirleriniň arasyna düşdi. — Işan aga, çekilme, howwa, baryndan iýip otur — diýip, Iner golak barmaklaryny ýalap aýtdy. — Iýdim, bereket bersin. Tüweleme, süýjem bişirilipdir — diýip, Aýatylla işan nahary öwdi. — Palaw diýilýän zady howlukman, köp wagtyň dowamynda iýmelidir — diýip, Şally baý öňe omzady-da, sözüniň üstüni ýetirdi. — Palawdan doýulmaýar. Ýöne çak bolansoň boldy ediläýýär. Men-ä barmaklarymyň ujy ýygyr-ýygyr bolýança iýýändirin. Şally baýyň aýdýanynyň ugry ýok däldi. Ol kelte boýly togalak adamynyň nahardan doýan wagty ýokdy. Özi aýdyşy ýaly «Indi çak boldy» diýip goýardy. Häzirem onuň garny daşyna aýlanyp gidipdi. Ol başyna tahýa atylan ullakan suwkädä meňzeýärdi. Şonda-da bürgüdiňki ýaly penjesi palawy garbap alyp, pişigiň kellesi ýaly tokgalap agzyna oklaýardy. Adamlar ýeke-ýekeden gaýra çekildiler. «Iý-dä» diýip, olaryň hersine mürähet edildi. Her kim köp iýenligini aýdyp nahary öwdi.