Mämmet Seýidow 4-nji bap: KÖWREÝIKLI GUÝUSYNDA Ýandakly obasy ýazlaga çykansoň, obanyň ýoz çekenesi Köwreýikli guýynyň töwereginde otarylýardy. Guýy dört tarapy alaňlar bilen gurşalan takyr meýdanyň orta gürpünde ýerleşýärdi. Çopanlaryň goşy çarhynyň utunlary gatan süňk ýaly agaryp görünýän guýudan salan ýoly aralykda ýerleşýär. Guýynyň başynda endik bolan iner irmän-arman urgan çekýär. Köne çarhlar şakyrdaýar, jygyldaýar. Suwçy ýigidiň hereketlerine tabyn iner, ol «Çüýw!» diýende gidýär, «Gaýt!» diýende yza dönýär. Iner her gidip gelende, suwdan dolup çykýan äpet gowanyň suwy guýynyň başynda goýlan uzyn nowa dökülýärdi. Goşda öz işi bilen gümra çoluk körpeç ýaly edip galdyrylan sazak, çeti dikip, selin, siňren bilen basyrylan çatmadan her eline bir kündük alyp çykdy. Meşigiň bir bujagyny çözüp, oda-tüssä garalyp giden kündükleriň ikisinem suwdan doldurdy. Üýşüp ýatan ojar közlerini kesewi bilen eýläk-beýläk dörüp, kündükleri goýdy. Soňra guşluga galyp, günorta syryp ugran güne seretdi. — Süriňem eňmeli wagty boluberipdir-ow — diýip, öz-özi bilen gürleşdi. Soňra çatma söýelgi taýagyny alyp, süriniň öňünden çykmak üçin günbatarky egne tarap ugrady. Suwçy goşa nowany suwdan dolduransoň, ineri urgandan çözmän çökeripdir. Iner töweregine ýaltalyk bilen göz aýlap, gäwüş çalyp otyrdy. Suwçynyň özi bolsa guýudan on ädim daşlaşyp, tirsegine direnip gyşaryp ýatyrdy. Agramy batmana ýetýän agyr gowalary sowup alaýmak aňsat iş däl. Soňabaka oňurgalaryň ýazara geliberýär. Suwçynyňam häzir «Süri gelýänçä, bilime bir dynç bereýin» diýip ýatyşydy. Çoluk egne ýetensoň, uzak garaşdyrman, çopan aňyrdan geldi. Iki bolup mallary suwa bölüp-bölüp goýberdiler. Bir tapgyr goýberip, olaryň öňüni kesýärdiler. Bu guýynyň başynda dyknyşyk döremez ýaly, suwsuz mallar bir-birini basgylap harlamaz ýaly görülýän çäredi. Iner ýene urgan çekip, gatnap ugraýar. Utunlar jygyldaýar, çarh şakyrdaýar. Köýnegini balagynyň içine salyp, dyzyna çenli çyzganan suwçy doly gowalary sowup alýardy. Olary nowalara wagşyldadyp guýýardy. Suwsuz mallar nowanyň başynda hümer berip, bir-birini itekleýärdiler. Aralykdan burunlaryny sokup öňe omzaýardylar. Gözleri agyp-dönüp oýnaýan mes çebişler şahlaryna daýanybermekdenem gaýtmaýardylar. Olar goýunlary, toklulary süsüp, urjaşdyryp, özlerine nowa tarap ýol açýardylar. Suwdan ganan mallar kellelerini silkeläp, dodaklaryndaky damjalary töweregine syçradyp, ýaltalyk bilen öwrülýärdiler. Gaýraky egne tarap ýüzlenýärler. Ýöne uzak gitmän aýak çekýärler, şol duran ýerlerinde güýlünip ýatýardylar. Suwçynyň yşaraty bilen çopandyr çoluk mallaryň ýene bir tapgyryny suwa goýberýärdiler. Hasanaklaşyp inen dowarlaryň bir bölegi geçensoň galanlarynyň öňüne taýak oklaýarlar. Iki-ýeke sabyrsyz çebişler, sarç işşekler taýak oklanyňa-da, ara düşeniňe-de seretmän, erjellik bilen gaçyp geçýärdiler. Bir çäýnek çaý içer salymda süriniň iň soňky tapgyry suwa eňdi. Suwdan ganan mallar gaýraky egne çenli aralykda gyzyl-ýaýryt bolup ýaýrap ýatyrdy. Olar düme ekilen gawun-garpyzlara meňzeýärdi. Garrybaý: — Gulgeldi, hany çaýyň bolsa beriber indi — diýip, gygyrdy. — Kündükler gaýnandyr, kaka, häzir demläýerin — diýip, çoluk goşa tarap eňdi. Gulgeldi Garrybaý çopanyň dört çagadan soň bolan ýalňyz ogludy. Öňki bolan dört gyzyň dördüsem oňly aýaklanmanka, aradan çykdy. Dördünji gyzy Ogulgeregi iki ýaşyna-da ýetmänkä, täjihoraz alyp gidipdi. Ol Garrybaýyň gujagynda demini kynlyk bilen alyp, gözlerini agdaryp, ýüzüni göm-gök edip jan beripdi. Bogazyny hyýgyldadyp her gezek demini zordan alýan çaganyň naýynjar gözleri Garrybaýa seredýärdi. Atanyň göwnüne ýaşajyk çaga ondan delalat isleýän ýalydy. Onuň çaga gözleri: «Meni Ezraýyla bermesene, meniň ýaşasym gelýär. Seniň gujagyňda oturasym gelýär. Sen meniň güýçli kakam ahyry» diýip, ýalbarýan ýalydy. «Ejiziň öňünde eliňden hiç bir zat gelmeýänini, öz ejizligiňi duýmak bir ömri ýaşandan agyr ekeni» diýip, Garrybaý gözleriniň ýaşyny süpüripdi. Öňki üç gyzy ölende aglaman, gerşini ýegşerdip çydan Garrybaý bu gezek çydam käsesini elinden gideripdi. Aňyrdan gelýän gözýaşy gözleriniň owasy saklap bilmändi. Garrybaýa agyrdy. Gaýa ýaly adamyň gözünden ýaş döküp, aglap durşuny görmegem ýeňil däldi. Şondan soň bir ýyl geçip-geçmänkä, Gulgeldi dünýä inipdi. Garrybaý oňa «Biziň Hudaýdan diläp ýören gulumyz geldi, hyzmatkärimiz geldi» diýip, Gulgeldi adyny goýupdy. Gulgeldi on iki ýaşyna çenli ejesiniň elinde össe-de, esasy terbiýäni kakasyndan alypdy. Maral pahyr aradan çykanyndan soň, ol mydama kakasynyň ýanynda boldy. Çaga sähel bir zat bolsa, Maral oda-köze düşerdi. Eneler köplenç şeýle-de bolýarlar. Çagalaryna çakdan aşa dözümsizlik edýärler. Olar hasam beter oglan çaga şeýle bolýarlar. Gyz çagalaryny dözümli tutýarlar. Atalar onuň tersine. Gyz çagalaryna dözümsizlik edip, oglan çagalaryny berk tutýarlar. Garrybaýam şo diýilýän atalardandy. Gyşyň aldajy sowuk günleriniň birinde obanyň çagalaryndan bir topary eşekli oduna gidermen boldular. Ozalam dört çagany elden gideren Maral Gulgeldiniň «Oduna gitjek» diýen sözüni eşidip, ör-gökden geldi. — Heý, beýle-de bir zat bolarmy? Bu sowukda bir ýerlerde gatap galaýmazmyň? Kakasy, ogluňa bir haýt diý ahyry — diýip, Garrybaýa tutundy. Garrybaý çarygynyň bagyny işip oturyşyna: — Är çykan ogly gundagda saklap bolmaz — diýip hemleli aýtdy. Ol Gulgeldiniň çagalar bilen çekeleşip, ýolmalaşyp oýnanyny, güýji ýetmejek zatlara ýapyşybermegini gowy görýärdi. Ol gumda gezen ýerlerinden Gulgeldä çilik oýnar ýaly ujy egrije taýak getirip berdi. Sözeniň daýaw çybygyny alyp, onuň daşyny birkemsiz arassalady. Ony oda gorsap egdi. Şeýdip Gulgeldä ýaý ýasap berdi. Inçeden syrdam çybyklardan ok ýasady. Ýaş oglan bu zatlaryň hemmesini uly sowgat hökmünde kabul ederdi. Gulgeldi urşup bir ýerini agyrtsa-da, ýykylyp dyrnagyny döwdürse-de, dyzyny sypjyrdyp aglasa-da, kakasynyň ýanyna gelmezdi. Geläýse-de «Tur, emelsiziň biri» diýip, kowuljagyny bilip durdy. Garrybaý aýalyna: — Ozal bir adamynyň ogly bar ekeni. Olam gaty ýalta bolupdyr. Ony hülli-hülli edip terbiýeläpdirler. Ol diňe iýip-içip, myşlap ýatmany biler ekeni. Atasy bir gün ogluna diýenini etdirip bilmän, çök düşüp, asmana elini serip: «Eý, Taňrym, men senden ogul diläpdim. Sen maňa atamy iberipsiň» diýip, nalyş edenmişin — diýerdi. Ol çagany kyn işlerden aýamaly däldigini, ony näçe berk tutsaň, şonça oňat boljagyny aýalynyň gulagyna guýardy. Aýalyna: — Sen gazma taýagy näme üçin oda sokup gorsaýandyklaryny bilýäňmi? Şeýtseň taýak berk bolýar. Şony unutma. Çaga-da edil şonuň ýalydyr — diýip tabşyrardy. Garrybaý uzak ýeriň çopançylygyna-da aýaly aradan çykandan soň başlady. Maral pahyr ölensoň, oba oňa boşap galan höwürtgeden ýa-da göçülip gidilen ýurtdan enaýy däldi. Ýüregi gysdy, dünýä daraldy. «Hüw!» diýip çöllere çykyp gidiberesi gelerdi. Ol şonam etdi. Obanyň sagylmaýan ýoz çekenesini bakarman boldy. Şo wagtlar sagylýan mallaryň çopany işden çykypdy. Garrybaýa «Sen şony bak» diýdiler. Ol göwnemedi. «Sagylýan mallary baksaň, her gün oba gelip durmaly boljak. Men iň gowusy biraz salym şo çöllerde bolaýyn» diýdi. Şeýdip Garrybaý üç ýyl mundan ozal ýoz çekenäniň yzyna düşüp ugrady. Özüne çoluk edibem on iki ýaşly ogluny aldy. Gaýnan kündükleri demlemek üçin goşa tarap eňen Gulgeldi ylgap barşyna, kä ýerde taýagyny ýere sünjüp towsup barýardy. Birsalymdan soň ol: — Kaka, çaýyň-a taýýar, basyraýynmy? — diýip gygyrdy. — Bardym häzir — diýip, Garrybaý iki elini arkasyna tutup, goşa tarap mytdyldap ugrady. Inerini urgandan aýryp, duşaklap, ýaýlanyň ileri çetine goýberen suwçy: — Ynha indi guşdyrnak çaý bilen salam-helik etse bolar — diýip, iki elini owkalap goşa tarap gadam urdy. Gapysyna köne kilim tutulan çatmanyň eýeleri bolan şol üç adam şol çatmanyň gapysynda bir-birine degşirilip ýazylan iki sany gülli keçäniň üstünde ýerleşdi. Çopan käseleri çaýdan doldurdy. Olaryň birini: «Janym çaý, janym çaý, içsem seni göwnüm jaý» diýip gapdalynda çöken suwçynyň öňünde goýdy. — Göwnüň jaý bolsa, Tarhan, biziňem göwnümizi jaý et — diýip, Garrybaý çopan onuň ýüzüne seretmän aýtdy. Tarhan: — Öňem biri: «Myhman käşgä suw dilese» diýipdir — diýip, ýerinden böküp turdy. Tarhan şadyýan oglandy. Onda dilewarlygam ýok däldi. Adamlary ýylgyrdaýjak sözleri tapardy. Garrybaý bir gezek ogluny öwdi. Ol: — Tüweleme, meniň şu oglum gaty akyllydyr. Tüýs kakasyna çeken oguldyr — diýip, ony mahabatlandyrdy. Tarhan çopanyň sözüni alyp göterdi: — Hawa-la, gaty akylly. Akyly kellesine sygman haçan görseň burnundanjyk dökülip durandyr — diýip, gülmän, ýylgyrman aýtdy. Onuň beýle dilewarlygyna belet Garrybaý loh-loh edip güldi. Çatma girip, dilli tüýdügini alyp çykan Tarhan iki barmagy bilen tüýdügiň dilini şyrkyldadyp goýberdi. Soňra agzyna salyp bir zowlatdy-da: — Garrybaý aga, haýsyny çalyp bereýin? — diýip, oňa ýüzlendi. Haýsyny diýip sorasa-da, onuň ullakan gory ýokdy. Onuň ähli bilýäni bäş-alty heňden köp däldi. Haýsy heňleri çaljagyny çopanam bilýärdi, çolugam bilýärdi. Tarhanyň bulardan artyk bilýän zady haýsy heňi haçan çaljagydy. Garrybaý pylan heň diýmedi. Tarhanam onuň jogabyna garaşyp durman, ilki çemine düşenden başlady. «Gök kürtesi tawus guşuň ýelegin, Ýada salyp aklyn alar pelegiň...» Dutaryňam, tüýdügiňem birmeňzeş häsiýeti bar. Olar her adama birhili täsir edýär. Her kimiň öz kesmeklän ýarasyny dyrmaýar. Ine, ataly-ogul otyr. Biri ýaşuly nesil. Dünýäniň ajysyny-süýjüsini dadan adam. Tüýdük onuň gözüniň öňüne Garagumuň aňňat-aňňat gollaryny, ýapylardan bozlap inen guba arwanalary, olara näzijek ses bilen jogap berýän köşekleri, torumlary, ala-zenzele bolup gerişden inýän goýunlary, olara garaşyp kökende dyzaýan guzulary, ýalazy ýapyň gerşinde ak sözeni, ondan edilen gazma taýagy, ýene-ýeneleri göz öňüne getirýär. Adamyň ömründe ýatda galýan belli-belli pursatlary bolýar. Sazyň owazy, ine, şol ýatlamalary gozgaýar. Ine, egni suwkädili çynar ýaly bir gyz guýa tarap gelýär. Guýynyň bu tarapyndan bir ýigit atyny idip gelýär. Ol töweregine ýaltaklap seredenini duýmaýar. Jiňkerip duran göz ýok ýaly. Ýigit gowa ýapyşýar: — Maral, tut, kädiňi dolduraýyn — diýip, gyza ýüzlenýär. Gyz edil goýun kirpisi ýaly tisginip ýygrylýar. Otlukly gözler gabagynyň aşagyndan töweregine howatyrly seredýär. Şol ýygrylyp durşuna emaý bilen kädisini uzadýar. Kädisi suwdan dolan gyz çümüp-çykyp ýüzüp ýören sona ýaly galkyjaklap barýar. Ýigit gowadaky galan suwy nowa agdarmagy ýatdan çykaryp, elinde saklap durşuna taňryýalkasyny berip giden gyzdan gözüni aýyrman seredýär. Suwa ýakmaga getirilen atam ýigit bilen ýürekdeş ýaly gyzyň yzyndan tiňkesini dikip dur. Ine, şol Maral diýip ady tutulan gyz-a Gulgeldiniň ejesi, onuň yzyndan nebsewürlik bilen seredip duran ýigidem şu oturan çopandy. Haýatlarynyň kä ýerde düýbi opurylyp, kä ýerde ýokarsy gädilip giden köneje howluda ýakylýan saryýagyň ysy gelýärdi. Üsti gazanly ojaklarda çerkezmidir, çetimidir, ýenjilýän ýelekli düşekçe ýaly töwerege ak külüni syçradyp ýanýar. Ellerini tirseklerine çenli çermän aýallar gazanlaryň daşynda oda gelen perwanalar ýaly çelpekleri gazana atýar. Bu gün bu howly gelin gaýtarýardy. Gazanlaryň daşynda gaýmalaşýan ýigitlerem az däl. Olaryň gözi bişip duran çelpekde. Aýallaryň gözüne güýdüşip, gazandaky çelpege penjäni urýarlar. Onsoň asmandan inip, jüýjeleň birini kakyp alan çaýkel ýaly, hanha gaçyp barýar. Olar iki-ýeke geleňsizräk gelinlere çelpek ýapmaga halys maý berenoklar. Ine, şol çelpek syryp gaçan ýigitler Şally baý, Iner awçy, Garrybaý diýen ýaly adamlardy. Gaýtaryljak gelnem şu oturan Gulgeldiniň ejesi Maraldy. Saz uzak ýaňlandygyça sahna çalşyp, üýtgäp durdy. Ine, düýäni çökerip, sypmaz ýaly dyzarlan ýigit başyny galdyrman ony gyrkýardy. Gyrkylygyň şygyldysyna mele ýüň düýäniň gerşinden taýyp düşýärdi. Ýüpek ýaly mele ýüňi çäkmen edermiň, ýorgana salarmyň, ömür boýy ýapyn, ýassan, bäri-bärde ýapjak gümany bolmaz. Şo zatlaryň pikirini edip, howlukman işläp duran ýigit gutardym edip başyny göterdi. Edil şo pursatam özüne tarap ýüzin salyp gelýän atlydan heder etmedi. Atlynyň tanyş adamlygyndan başga-da, onuň näme üçin, näme habar bilen haýdap gelýändigini aňdy. — Gygyryp gel, how — diýip, atla tarap ýönelmekçi boldy. Ýene aýak çekip düýesini turuzmakçy boldy. Düýe art aýaklarynyň üstüne galdy-da, bagyryp ýene çökdi. Onuň entek dyzanagy aýrylmandy. Ýigit atlynyň entek aýdyp ýetişmedik şatlykly habaryndan aljyrapdy. Bizi diňe sowuk habarlar däl, şatlykly, gowy habarlaram aljyradýar. Atly onuň ýanyna gelip jylawy çekdi. — Gygyrsam, ogluň boldy! Buşluk! — Taňryýalkasyn, buşlugyňa iňňeden çykma agar çäkmeniň bar. Şol buşluk diýip gelen Iner awçydy. Oňa taňryýalkasyn beren ýigidem şu oturan Garrybaýdy. Dünýä indi diýlip buşlanan çaga bu gün on alty ýaşy dolmaga köp bolsa iki ýa-da üç aý galan Gulgeldi çolukdy. Çolugyň göz öňünden geçýän sahnalaram şoňa çalymdaşdy. Ýöne başgady. Ine, bahar paslynyň gülälekleri ýaly al ketenili, gyzyl çog gyzlar topar tutup barýarlar. Ekiniň gyrasyndan girip, gelýän topar sülgüne diýseň çalymdaş gyzlaryň ýüzi hol ilerki pürs dikilip, ýörite edilen, hiňňillige tarapdy. Olar öňlerinden duýdansyz çykan oglanlary görüp, ürken sülgünler ýaly güsürdäp bir tarapa çekildiler, düýrükdiler. Soňra ýene-de ýollaryny dowam etdiler. Gyzlary ürküzen oglanlaryň biri, ine, şu oturan Gulgeldidi. Gyzlar bat uçýardylar. Hiňňilligiň daşy gyzan bazara meňzeýärdi. Hiňňillige münen iki gyz heniz bat alyp ýetişmänkä, daşynda duran oglanlaryň biri böküp iki gyzyň arasyna mündi. Hiňňillik gyz bilen oglanyň arasyny ýakynlaşdyrýan ýalňyz mümkinçilikdi. Başga wagtlar olaryň bile durany görülse-de halanmazdy. Hiňňillikde welin beýle däl. Iki gyzyň aralygyna oglanyň münmegem, oglan bilen gyzyň uçmagam geň görlüp durulmaýar. Iki gyzyň arasyna münen oglanyň arasyndan başga bir oglan aslyşdy. — Jan dost, şu gezegem maňa bersene — diýip özelendi. Ine, şol hiňňillikden düşen oglan şu tüýdük çalyp oturan Tarhandy. Onuň ýerine münenem Gulgeldidi. Tarhan barmaklaryny tüýdügiň deşiklerinde gybyrdadyp şeýle bir çalýardy welin, hol ýokaryk galyp, ganatlaryny gybyrdadyp saýraýan, irginsiz jibirdeýän torgaý ýalydy. Tüýdükçi «Garagözi» çalyp başlanda, Gulgeldiniň gözüniň öňündäki sahna üýtgedi. Obanyň ortarasynda birtopar oglan çilik oýnap ýör. Batly degen taýagyň zarbyna çiligiň deregini tutýan, çakyry çykan oňurga süňki allowarralara zyňlyp gitdi. Çiligi uran oglan jyrralyp gaçdy. Eşekçi bolsa onuň yzyndan eňdi, uzaklaşdyrman onuň yzyndan ýetip, taýagy bilen dürtdi. — Bar, eşegiňi al! Bu mahal çiligiň bady ýatypdy, saklanypdy. Çilik gymyldamany goýandan soň ýa-da beýleki biriniň taýagy çilige degenden soň, dürteniň peýdasy ýokdy. Üstesine-de taýak gatyrak dürtülen bolmaga çemeli. Dürtülen oglan birden gyzdy. Beýlekiler nämäniň-nämedigine düşünip ýetişmänkäler, ikisi-de hytdyda-mytdy. Oglanlaryň biri aglady. Şol wagt «Häýt!..» diýip, gapdaldan goşulan adam oglanlary aralady. — Näme aglaýaň? Goý sesiňi — diýip aglaýana käýedi. — Oýunda aglasaň, daýyň başy kel bolarmyş. Ine, şol çilik oýnap urşanlaryň biri şu tüýdük çalyp oturan Tarhandy. Daýysynyň başy kel bolar öýdüp agysyny goýan oglanam Gulgeldidi. Olaryň arasyna düşen bolsa, şu kündügini käsä sarkyryp oturan Garrybaýdy. Ataly-ogla geçmişlerini ýatladyp, olary allowarralardan aýlan saz gutardy. Çoluk saçagy getirdi-de orta atdy. Onuň gapdalynda ullakan, gyrasynyň ýasylygy el ýaly çanak goýdy. Üç adam elini ýuwup, çanagyň daşyna egrildiler. Olar çörek dograp başladylar. Gora gömlüp bişirilen ýer petiri entek gatap ýetişmändi. Ol barmaklaryň güýjüne ýeňillik bilen döwlüp dogralýardy. Ine, bir bölejik çörek syçrap honda düşdi. Garrybaý syçran çöregi alyp agzyna atdy-da, kümşüldäp oturyşyna: — Bu gün, näme, myhman geläýjekmikä? — diýip, her gezek çörek dogranda aýdýan sözüni gaýtalady. — Näçe gün bäri çörek syçraýar weli, biz-ä gelýän myhman göremzok — diýip, Gulgeldi seslendi. — Oba huruşlyk gerekdir, basym gelseler gerek — diýip, Garrybaý çopan ýene bir dişlem çöregi agzyna atdy. Ol çörek dogranda hemişe şeýledi. Hem dogrardy, hem iýerdi, eliniň dek durmaýşy ýaly agzam dek durmazdy. Haçan görseň kümşüldäp durandyr. Ol özüniň şol gylygyny aklamak üçin: — Nahardan öň birki agyz gury çörek iýmek sogapmyşyn — diýerdi. Iner golak oňa: «Garrybaý öňürti çöregini iýýär, soňundan çorbasyny içäýýär» diýip degerdi. Çörek dograp bolandan soň, Gulgeldi çanagy tegeläp alyp geldi. Gaýnap duran gazanyň gulaklaryndan tutaç bilen tutup, gazma ojakdan ýokary göterdi. Içindäki çorbany şo durşuna çanaga eňterdi. Ol çanagy gaýtaryp getirende, çanak erňegine çenli doludy. Ýaňy dogralan çöregiň üstüni gara gowurdaklar örtüpdi. Üç adam ýeňini çermäp, çanagyň başyna geçdi. Garrybaýdan başgasy ýekedyz otyrdy. Diňe çopan aýbogdaşyny gurupdy. Ol eliň aýasy ýaly ýalpakdan uly hywa çemçesiniň uzyn sapyndan tutdy. Çorbanyň o ýanyny, bu ýanyny basyşdyrdy-da suwundan susup alyp owurtlady. Ol özüniň şol hereketini üç gezek gaýtalady-da, çemçäniň sapyny suwça geçirdi. Ilki Tarhan, soňra Gulgeldi çopanyň edişi ýaly, çorbanyň suwundan üç gezek owurtlady. Tarhan Gulgeldiden iki ýaş uludy. Garrybaý bürgüdiň penjeleri ýaly ellerini çanaga urdy. Gowurdagyň birini barmaklary bilen sermäp aldy-da, ony ikä bölüp, bir penje dogramany elinde ykjamlady. Soňra pişigiň kellesi ýaly edip, agzyna saldy. Birsellem hiç kimden ses çykmady. Gödeňsi penjeler dogramany gowzap ugran çanagyň bir böwründe tokgalaýardy. Soňra ony jüýje göteren çaýkel ýaly göterýärdi-de, agyzlara atýardy. Dogramany gapyp alan agyzlarda ol oda düşen gar tokgasy ýaly şobada eräp gidýärdi. Çorba syrygýan syňraklary, barmaklary ýalaýan diliň, dodaklaryň şapbyldysy eşidilýärdi. Nahary hemmeden soň başlanam, barmaklaryny yhlas bilen ýalap, hemmeden öň gaýra çekilenem çoluk boldy. Onuň yzyndan suwçy gaýra süýşdi. Barmaklaryny ýalady. Garrybaý dogramany penjesine düýrläp durşuna: — Näme yza çekilýäň? Iý-dä! — diýdi. — Bereket bersin, köp iýdim, süýji çorba bolupdyr — diýip, suwçy ýagly elini aýagyndaky köneje gyzylbaş çarygyna oýkady. Garrybaý iň soňuna çenli iýdi. Çanagyň gyralaryna ýelmeşip galanyny elleri bilen syryp aldy. Halys gutaransoň: — Ýalaşdyr, oglum — diýip, Gulgeldiniň öňüne süýşürdi. Özi bolsa Tarhanyň edişi ýaly barmaklaryny şapladyp-şapladyp ýalandan soň, çarygyna oýkady. Soňra ykjamlanyp, oglunyň çanagy ýalap bolaryna garaşdy. Gulgeldi sag eliniň süýem barmagyny çanagyň içine yhlas bilen aýlady, ony keýp edip ýalady. Ol gerk-gäbe doýanam bolsa, şeýdip ýalany ähli iýen çorbasyndan süýji ýalydy. Ol şeýle bir arassa ýalady welin, soňundan çanaga suw çaýkap, ýuwup oturmagyň geregi hem ýokdy. Gulgeldi çanagy beýläk aýrandan soňra, Garrybaý goşawujyny ýokary göterdi. Dogany dodaklaryny müňküldedip içinden töwir okady. Doga gezek gelende, Garrybaýyň hem gory Tarhanyň çalýan heňlerinden köp däldi. Gaýta azdy. Garrybaý garyplyk zerarly Hafizulla işanyň mekdebine gatnap bilmändi. Her anna güni molla bermeli bir saçak çöreg-ä beýlede dursun, ol öz iýjeginem tapanokdy. «Bir garny dok bolsa, bir garny aç» diýilýänlerdendi. Balagynyň uzynlygy dyzyndandy, köýnegi göbegini zordan ýapýardy. Egninde köneje agar çäkmenden kiçeldilip tikilen çäkmeni, aýagynda gyşyna hamçarygy, tomsuna çepegi bolardy. Ol eklenje kömek bolsun diýip, obanyň owlak-guzularyny bakardy. Onuň üçin mekdep, kitap diýilýän zat elýetmez bir zatdy. Garrybaý: — Bereniňe şükür — diýip, gapdala gyşardy. Çoluk towsup turdy-da, köneje ýassygy kakasyna oklady, köne oýlugy getirip üstüne ýapdy. Soňra boş meşigi göterip, guýa tarap ugrady. Tarhan name işlejegini bilmän, töweregine garandy. Garrybaý çopanyň gök eşeginiň henizem gaňňasynyň aýrylmandygyny, gaňňany aýyrmak hiç kimiň ýadyna düşmändigini görüp oňa ugrady. Çopan şo ýatyşyna uklajak boldy. Ol ýadawdy. Uzyn gije şöwür çekipdi. Onuň dabanlarynyň aşagy, injikleri bir mylaýym syzlaýardy. Arkan gaýşyp, oňurgalaryna ýazgynlyk berende, ukusy gelýän ýaly, dynjyny alýan ýaly bolýardy. Gözüni hol günbatarky egne dikip, kä süzüp, kä açyp ýatyrdy. Hemişeler ol şeýdibem uklaýardy. Bu gün welin uklamak nesip etmedi. Ol eýmenç tisginip tirsegine galdy. Görýän zatlarynyň düýşüdigini ýa-da hakykatdygyny biljek bolýan ýaly gözlerini yzly-yzyna gyrpyldatdy. Gany depesinden aşak basan ýaly, birden endamy sowap giden ýaly boldy. Ýüzi eýmenç üýtgedi. Ýok ol düýş görenokdy. Onuň gören zatlaryny eşegiň gaňňasyny aýryp ýetişmedik Tarhanam, gowa bilen çekip alan suwuny meşige guýjak bolup duran Gulgeldem görüpdi. Edil Garrybaýyň ininiň tikenekleýşi ýaly olaryňam ini tikenekläpdi, depe saçlary düýrügipdi. Onuň gören zatlary hakykatdy. Tarhan ylgap, çopanyň ýanyna geldi. Ol eýýäm uklandyr öýdüpdi. Ony oýarmakçy, oňa duýdurmakçydy. «Çopan birden gapyl galaýmasyn» daýip ylgapdy. Çopan gapyl däldi. Ol gaşyny çytyp, gündogarky egne seredip, indi gözüni gyrpman, tiňkesini dikip ýatyrdy. Olaryň üstüne abanan bela atlylardy. Egniň üstüne atlylar çykdylar. Olar on iki atlydy. Özlerem atlaryny bärik howlukman sürüp gaýtdylar. Gulgeldiniň beren ýalyny iýip, häzirem çopanyň ukusyny goraýan ýaly, onuň hol beýle ýanynda garysyny ýassanyp ýatan Garagöz bilen Goýmat ilki bir kellelerini galdyrdylar, gulaklaryny dikeltdiler. Atlylaryň oýa inip ugranlaryny görensoňlar, seslerini çykarman, şo tarapa hasanaklaşyp gitdiler. Parslarda «Wepalylygy itden öwren» diýen nakyl bar. Itleriň eldeki bolaly bäri, adamlar bilen dostlaşaly bäri on alty müň ýyl geçipdir diýýärler. Şunça ýylyň dowamynda öz dostlugyny aýap saklaýan itleriň ýalagyna wepalydygy hakynda bir topar rowaýatlar aýdylýardy. Käbir rowaýatlarda itler adamlara garanda has wepaly edilip görkezilýär. Şol rowaýatlaryň käbirini Garrybaý Gulgeldidir Tarhana-da aýdyp beripdi. Garrybaý itleriň yzyndan seredeninde, güýçli ýeliň ugruna batly togalanyp barýan iki düýp ullakan bozagan ýaly olar honda böküp, hasanaklap barýardylar. Häzir olary hiç bir güýç yzyna gaýtaryp biljek däldi. «Atylan ok daşdan gaýtmaz» diýilýänleridi. Bu itler Garrybaý bilen indi üç ýyl bäri süriniň yzyna düşüp ýör. Gije diýmän, gündiz diýmän, olary möjekden garawullaýardylar. Özlerem gaty duýgur itler. Şular bolsa süriniň golaýyna möjek geljek gümany ýok. Olar möjek bilen iki gezek garpyşdylar. Her gezegem möjekler zordan gaçyp gutulýardylar. Özlerem ýaralanýardylar, möjeklerem ýaralaýardylar. Goýunlara welin olaryň dişinem degirtmän saklardylar. Öten ýazyň başlarynda iki bolup bir ene möjegi aldylar. Köp sürä barmagyny batyryp, käsinde mallary ýaralap, käsinde ýolma-çekme ogurlap, heniz ele düşmän ýören möjekdi. Garrybaýyň sürüsiniň töwereginde-de birki gezek görnüpdi. Ol itlerdenem, Iner golagyň guran gapanlaryndanam sypyp gelýärdi. Ony men diýen itleriň dört-bäş sanysyny alyp yzarlabam gördüler. Ähli möjeklere degişli bir häsiýet bar. Möjekler dynç alanlarynda öz gaçyp gelýän taraplaryna seredip ýatýarlar. Şonuň üçinem olar yzarlap gelýänleri uzakdan görýär. Görşi ýaly gaçyp gidýär. Soňky gezek weli oňa sypara maý bolmady. Ýassynlar ýatan süriniň entäk öräýmedik wagty Garagöz bilen Goýmat gozgalaň tapyp ugrady. Olar süriniň yga tarapyna aýlandylar. Olar uzak garaşmadylar. Möjek golaýlan bolara çemeli, ikisi birden hasanaklaşyp gitdiler. Garrybaý eli egri taýakly olaryň yzyndan eňdi. Ol baranda iki it möjegi ara alypdyr. Olaryň biri möjegiň alkymyndan agyz urupdyr. Beýlekisi onuň gulagyny çeýneýär. Garrybaý elindäki gazma taýagy bilen bir inderende, möjegi burup atdy. Onuň oňurgasy ýazan bolsa gerek. Garrybaý ölen möjegiň hamyny günortan suwa inende, goşa alyp geldi. Itleriňem üsti gyzyl gandy. Halys ýadawdylar. Howa yssy däldi. Şonda-da olar has-has edip, dillerini sallaşyp ýatyrdylar. Garrybaý: — Gulgeldi, hol ak işşegi soý — diýip, gygyrdy. Itlere guýruk ýagy bermelidi. Ýogsa olaryň dişiniň harap bolaýmagy ahmal. Möjek bilen tutluşan itlere guýruk gapdyrmak öňden gelýän dessurdy. Onsoňam itler ol işşegi gazanypdy. Gaplaň öldürene bir sygyr, möjek öldürene bir işşek ata-baba gelýän däpdi. Bu itleriň birini, Goýmady Garrybaýa öz obasynyň adamlary beripdi. Garagözi bolsa başga bir obadan bir öweç berip alypdy. Ine, şol iki it häzir sapandan sypan daş ýaly bolup atlylara tarap dazyrdap barýardy. Öňden gelýän at olaryň bolup gelşinden ürküp, tas ökjäni göteripdi. At oýurganyp ugrandan soň, üstündäki onuň jylawyny çekdi. Ürküp gaçmaga maý bermedi. Ikinji atlynyň gylyjy günüň şöhlesine ýyldyrym çakan ýaly lowurdap gitdi. Itleriň biri depe saçyňy düýrükdiriji eýmenç waňkyryp, aşyr atdy. Şol ýykylyşyna-da gaýdyp galmady. Beýleki özüni gylyçdan gaça saklap, esli wagt jabjynyp-jabjynyp üýrdi. Onam başga bir gylyç ýere ýazdy. Atlylar hiç bir zat bolmadyk ýaly, olaryň deňinden geçip gaýtdylar. Itleriň öldürilendigini görüp ýatan Garrybaý ýerinden turdy. Taýagyny alyp, olaryň öňünden çykdy. Ol taýagy endik boýunça alypdy. Bir taýak bilen on gylyjyň garşysyna etjegiň näme? Oňa çopanyň akyly ýetýärdi. Türkmeniň ozaldan gelýän däbi boýunça aňyrdan gelen adam gelen ýerine, atly adam pyýada, ýaş kiçi adam ýaşula salam bermelidi. Bu ýerde ol däp bozuldy. Garrybaý olara salam berdi. Ýöne gelenleriň salama mätäçligi ýok bolara çemeli. Olar «Waleýkim» diýmegiň ýerine diňe gaşlaryny çytdylar. Atlaryny tabyrdadyp, ýatan süriniň töweregine aýlandylar. Çagyrylmadyk myhmanlaryň arasyndaky başy düňderilen kersene çalymdaş, ýokarsy tegelenip duran mele telpekli, sary murtly, sary sakgaly müçenek bilen bejerilen gyzyl ýüzli, hyrsyz adam öňe saýlandy. Galtamanbaşynyň şu adamdygyny Garrybaý soraman aňdy. Oňa bir zat aýtjak boldy, ýetişmedi. — Çopan — diýip, galtamanbaşy ondan öňürdip gürledi: — Maly biziň aýdan ýerimize sürseňiz-ä, size zat degmän goýbereris. Diýenimizi etmeseňizem ikiňizem ýenjip, eliňizi-aýagyňyzy sarap, şu ýerde taşlap gideris. Çopan galtamanbaşynyň ýalan sözlemeýändigini duýdy. Ol çopany, çolugy daňyp, sürini alyp giden galtamanlar hakda telim hekaýat eşidipdi. Wagty bilen yzyndan hiç kim barman, çopandyr çolugyň açlykdan horlanandyklaryny, bir-biriniň ýanyna süýşenekläp, daňyny dişleri bilen çözendikleri hakynda gürrüň edýärdiler. Ine, şol eýmençlikleri öz başlaryndan geçirmeli boldular. Şeýdip, indi obanyň göz dikip oturan maly gidibermeli bolarmy? Bulary galtamanlara taladyp, oba nä ýüz bilen barsyn? Näme-de bolsa, gaýtawul bermeli diýip oýlanan çopan taýagyny götermänkä, birden tisginip gitdi. Ony bu niýetinden el çekmäge mejbur eden zat galtamanbaşynyň ýaňky aýdan bir sözi boldy. Ol «ikiňizi» diýdi. Bular üç ahyry. Hany Gulgeldi? Garrybaý ýalt edip, guýa tarap seretdi. Gulgeldi suw getirmäge gidipdi ahyry. Guýynyň başynda ne Gulgeldi, ne-de başga adam görünýär. — Ýeri, çopan, sen näme diýersiň? — diýip, sary murtly ýene-de Garrybaýy gyssady. — Näme göçüň geçip barýamy? Ýa-da «Ogry syrty gowşak» diýen ýaly gorkýaňmy? Günäň üstünde tutularyn öýdýäňmi? Barybir tutularsyň. Bu gün tutulmasaň, erte tutularsyň — diýip, Garrybaý azmly gürledi. Galtamanbaşy oňa jogap bermedi. Ol elindäki gamçy bilen Tarhanyň ýagyrnysyny syrdyryp aldy. Suwçynyň ýüzi eýmenç çytyldy, ynjyly towlandy. Ýöne sesini çykarmady. Onuň egninde güllüje çit matadan tikilen köýneginiň, üstünden gara mytgaldan çäkmeniniň bardygyna garamazdan gerşiniň ot degen ýaly agyrandygy ýüzünden bellidi. Garrybaý galtamanbaşa gygyrdy: — Oglana eliňi degirme! Eli ýaragsyz çagany ýenjeniň bilen Rüstem Zal boldugyň däl. Ol seniň gorkaklygyň alamaty. Sen gorkýaň, howlugýaň. Obanyň ýigitleri geler öýdýäň. Olar gelerem. Galtamanbaşy oňa jogap bermedi. Ol Tarhanyň depesinden gamçyny ikinji gezek inderdi. — Bar, maly sür! Näme dursuň, haramzada? Ýogsa-da... — diýip gamçysyny bulaýlady-da gaharly gepledi. Soňky gamçynyň awusyna ýegşerilen Tarhan sesini çykarman, Garrybaýa seretdi. Garrybaý sary murtla sögündi-de: — Nätjek-dä! Sürmeli bolsa sürmeli bor-da — diýip, Tarhanyň ynjyly ýüzündäki soraga jogap berdi. Garrybaý beýle diýmese-de diýmezdi. Ol topulyp elindäki taýagy sary murtlyň depesinden indererdi. Heý, öz eliň bilen iliň-günüň göz dikip oturan malyny galtamanlara berip goýberip bolarmy? Beýdip nä sypatyň bilen oba barjak? Bu mallar Iner golakdan başlap, köýnejigi zordan göbegine ýetýän, şondan aşagy ýalaňaç, ýüzi çyr-çyrşak gum oýnap ýören çagalara çenli ähli obadaşlarynyň indiki rysgaly ahyry. Onam galtamanlara berip goýbermek çopanyň ynsabyna syganok. Garrybaýyň ýekeje umyt edýän zady bardy. Olam edil iňňe ýiten ýaly gürüm-jürüm bolup ýiten Gulgeldidi. Ol guýa girendir. Diýmek galtamanlar ony görmändirler. Gören bolsalar «ikiňizi» diýmezdi. Her zat ederler, ony guýudan çykarjak bolardylar. Dagy ýagdaýyny tapmasalar guýyny gömerdiler. Gulgeldi şo ýerde. Biz goly boşadaýsak, ol çykyp gider. Oba habar ýetirer. Ýigitler ýetişer. Şol umyt bilenem çopan «Sürmeli bolsa sürmeli bolar» diýipdi. Tarhan henizem sesini çykaranokdy. Ol şu ýagdaý başlanan wagty oýa ýatan çopany yralap, «Atlylar gelýär» diýipdi. Şolam iň soňky sözüdi. Şondan soň ýagşydan-ýamandan dilini ýarmandy. Ol häzirem Garrybaýa gözleri bilen sorag berdi. Çopan oňa: — Guýa tarap seretme — diýip, ýuwaşlyk bilen aýtdy. Suwçynyň şol tarapa telim gezek seredeni Garrybaýyň gözüne ilipdi. Çopan ony galtamanlaryň aňaryndan howatyr edýärdi. Şonuň üçin basymrak goldan çykanyny kem görmedi. Ol: — Sömelip durma-da, maly sür. Ýa-da ýene gamçy iýesiň gelýärmi? Bular başga zada husydam bolsalar, şoňa jomartdyrlar — diýip, suwça tarap gygyrdy. Suwçy kümäniň gapdalynda ýatan täzeje gazma taýagyny aldy. Bu gazma taýagy edinenine köp wagt geçmändi. Düýn-öňňin hol gaýraky gollaryň birinden inerini alyp gelýärkä, ýalazy ýapyda oturan syrdam uzyn sözene gözi düşüpdi. Onuň düýbüni eli bilen peşäp gazdy. Ol hemme sözenlerden taýak bolmaýanyny, gazma taýaklyk sözeniň gollarda däl-de, ýalazy ýapylarda, ak urpaklaryň gerşinde ösýändigini, şolaryňam arasynda iki-ýeke saýlama sözenlerden bolýandygyny bilýärdi. Düýbüniň ýogynlygy taýaga ylaýykdy. Tarhan onuň ýerini belläp gaýtdy. Soň eliniň boş wagty pil alyp, Gulgeldi bilen ýörite gelip gazypdy. Sözeniň gazylan düýbi bir gulaçdanam geçipdi. Ony pil kynlyk bilen çapdy. Gor ýaly gyzgyn çägede bekäp ösen sözeniň düýbüni çapmak üçin iki sany işşekçer jahyl süllümbaý derledi. Tarhan ony tejribeli çopanyň edişi ýaly, iki tarapynam pyçak bilen ýonup timarlady. Oda sokup gorsady. Eltutaryň aşak ýanyndan bir garyş ýerini ýonup nagyşlady. Bu çopanlaryň endigidi. Mallaryň çep gulagyndan, sag gulagyndan gädip tagmalaýyşlary ýaly, taýaklaryna-da öz nagyşlaryny çekýärdiler. Mal ýitende ýa-da süri garyşanda mallary şol tagmalaryndan tanaýyşlary ýaly, taýagam öz nagyşlaryndan tanaýarlar. Tarhan sünnäläp nagyşlan, çagalykdan arzuw eden gazma taýagyny alyp, sürä tarap ugrady. Ýaňy ýatan sürini kynlyk bilen örüzdiler. Peýwagtyna bolanda süri entek ýatmaly. Gün öýleden agandan soň onuň özi örüp ugraýar. Çopanyň etmeli zady onuň yzyna düşübermeli. Onsoň ýassyna çenli gitdigidir. Ýassynlar goýun ýene ýatar. Çopanyň öz bellije goýny bardyr. Goýun çopanyň bir döwüm çöregini iýmek üçin onuň ýanyna geler. Çopan bilindäki ýüpi alyp, ujundaky halkany nançy goýnuň boýnundan geçirer-de, beýleki ujuny öz goşaryna daňar. Daňdan süri örende ýatan goýny dyzap çopany turzar. Çopan ýene süriniň yzyndadyr. Şol ýerden ol süriniň ýüzüni guýa tarap öwrüp ugrar. Edil şu günki edişi ýaly gün guşluga galanda, süri suwa eňer. Giç öýlänlerem örer. Bu gezek ol kada bozuldy. Goýunlara-da, çopana-da irkilere, dynç alara maý bolmady. Oňa-muňa dabyrdaşýan atlylar ýaňy ýatan goýunlary örüzdiler. Çopan bilen Tarhan sürini sürüp goldan çykardylar. Dogrusy sürini sürýän atlylardy. Çopan bilen Tarhan olara kömek edýärdiler. Süri goldan çykanda, Garrybaýyň özem yzyna seredenini duýman galdy. Ony galtamanlaryň biri gördi. Ýöne ol hiç zat aňmady. Olar üçin bu gol iki sany itiň maslygy bilen çopanlaryň çöp çatmasy galan goldy. Garrybaý üçin bolsa ol entek uly umytdy. Oňa guýynyň agzyndan oglunyň kellesi görnüp giden ýaly boldy. Süri galtamanlaryň görkezen ugruna tarap süýşüp ugrady. Öz wezipelerini ýerine ýetirip, eýelerine wepalydyklaryny subut edip, söweşde wepat bolan itleriň pikirini edip barýan Garrybaý sürini howlukdyrman öz maýdalyna sürüp gitdi.