Mämmet Seýidow Kesearkaç 3-nji bap: IKIÇÄK Belentlikden aşyp giden atlylaryň yzyndan gabagyny galdyryp sereden Barat pälwan atyna tarap ýöneljek ýaly etdi-de, ýene öňki pikirinden el çekdi. Henizem goşarlaryny sypalap oturan Ahalyň ýanynda saklandy. Gylyjyny sypyryp, gök otlaryň üstüne oklap goýberdi. Şo duran ýerinde aşak çöküp gyşardy. Güneşlemek isleýän ýaly uza-boýuna arkan ýatyp, gylyjyny kellesiniň aşagyna çekdi. Giň deňizde gaýyp ýören ýelkenler ýaly bölek-bölek ak bulutly asmana seredip ýatdy. Her ýerde-her ýerde ýuwlup serlen eşiklere meňzeş şol bölek-büçek bulutlar göräýmäge gymyldamaýan ýaly bolsalar-da siňe sereden Barat pälwan olaryň çalaja yraň atýandygyny, gündogara tarap usul bilen süýşýändigini aňdy. Pälwan sesini çykarman esli ýatdy-da, birdenem şol ýatyşyny üýtgetmän: — Adyň näme? — diýdi. Barat ýuwaşja gepländirin öýtse-de, ýigit üçin onuň sesi sanaç kakylan ýaly bolup eşidildi. Şeýle-de bolsa, Ahal ýuwaşja gepläp jogap gaýtardy. — Ahal. Barat pälwan dikeldi. Gürrüňdeşiniň ýüzüne seretdi. Soňra Ahalyň otlap ýören atyna tarap ümledi. — Olam Dorbedewmi? Ahal gabaklaryny giňden gerip, oňa seretdi. Ýigidiň tegelenen goýun gözlerinde «Sen nireden bilýäň?» diýen sorag bardy. Pälwan onuň gözündäki soragy aňdy. Ýöne oňa jogap bermän, sözüni dowam etdi. — Çöregiň bitin ekeni — diýip, ol atlylaryň aşyp giden gerşine tarap ümledi. — Bilen bolsalar olary saklamak maňa başartmazdy. — Näme, olar meniň üçin ýörite gelipmidiler? — Şeýle amatly ýerde duşjagyňy bilseler, Hywa, Ürgenje-de giderler — diýip, pälwan şol öňki ýuwaş sesi bilen aýtdy. — Horasanda seniň bilen Dorbedewiň adyny eşitmedik ýokdur. Barat pälwanyň bu sözleri başda Ahalyň gözlerinde peýda bolan soraga jogapdy. Ahal bilen Dorbedewiň adyny Kesearkaja-da, Horasana-da, Horezmine-de dolduran bir ýagdaý bolupdy. Durun etraplarynda Arkajyň uly baýy toý edipdi. Şol toýa Maşadyň hany Ryzaguly han özüniň külli Horasanda öňüne at geçirmedik Rabat diýen bedewini iberipdi. «Rabat gadymy Rüstem Zalyň münen Rahş atly bedewiniň neslindenmiş» diýilýärdi. Ol çynmy, ýalanmy, ony bilýän ýok. Diňe bir zat aýandy. Rabat ýaryşa girip, Horasanda entek baýrak sypdyrmandy. Her uly toýuň endik bolup galan bir ýagdaýy bar. Atly bedew, atly pälwan, atly mergen üçin ýörite baýrak goýulýar. Şo toýda-da Ryzaguly hanyň Rabaty üçin yzy köşekli ak maýa goýlupdy. — Rabat bilen ýaryşjak bedewler orta çyksyn! — diýip, jarçy üç gezek gygyrdy. Orta çykan atlar Rabatyň özi bilen dört bedew boldy. Olaryň biri Maru-Şahu-jahan etraplaryndan gelen bedewdi. Ahalyň seýis gözleri ol aty içgin synlady. Ol at ady-owazasy şu etraplara gelip ýeten Çaşgyn seýsiň elinden çykan atdy. Ata söz diýer ýaly däldi. Onuň töweregine garanyp, başyny bulap barşy awa garanýan Garyçgaýa meňzeýärdi. Ýöne onuň aýaklaryny basyşyndan bir keminiň bardygyny Ahalyň seýis gözleri sypdyrman aňdy. — Şu atyň bir kemçiligi-hä bar — diýip, ýanynda duran Hojaly seýse ýuwaşlyk bilen aýtdy. Hojaly seýis Dorbedewiň seýsi däldi. Ýöne öz şägirdiniň aty niçik seýislänini bilmek üçin şo toýa Ahal bilen gidipdi. — Meniň göwnüme bolmasa, ol daňdan çapylmadyk ýaly — diýip, halypa seýis aýtdy. Soň Çaşgynyň özi bilen gürleşenlerinde, özüniň ýaramandygyny, çapyksuwaryňam daňdan aty gezdirmelidigini unudyp, uklap galandygyny aýtdy. «Ýogsa at-a at jan eken» diýip, Ahal başyny ýaýkady. Rabadyň gapdalyndan goýberiljek üçünji at hywaly seýis Hoşmädiňkidi. Ol seýsiň atyna-da, özüne-de Hojaly bilen Ahal beletdi. Olar oňa uly baha berenokdylar. Öz etrapynda iň ýyndam hasap edilýän at Kesearkaja gelip entek ozmandy. Hojaly seýsiň aýtmagyna görä Hoşmädiň halypasy gaty uly seýis. Arman ýöne Hoşmät onuň yzyny alyp göterip bilmändir. Dorbedewi ugratmazdan öňürti Ahal çapyksuwaryň gulagyna: — Aty Aly Aşrafydan daşrak saklajak bolgun — diýip, tabşyrdy. Rabadyň çapyksuwary Aly Aşrafynyň galyberjegini bilse, karam edýänligini Ahal ön telim gezek eşidipdi. Atlar pellehanadan towşan turan ýaly bolup gaýtdylar. Adamlar gozgalaň tapyp ugrady. Wagyrdy barha köpelýärdi. Üýn alyşmak kyndy. Orta ýoldan mazaly geçensoň, Rabat bilen Çaşgyn (Çaşgynyň atynyň adam Çaşgyndy) deň gelýärdiler. Dorbedew olardan doga bagy yzdady. Adamlar bir-biriniň egnini basyp, atylan peýkam ýaly, ýüzin salyp gelýän atlylara seredýärdiler. Birdenem garaşylmadyk zat ýüze çykdy. Çaşgyn ýoldan syçrap çykdy. Şol çykyşyna-da gaýdyp ýaryşa girmedi. Çaşgynyň çapyk-suwarynyň aýtmagyna görä Aly Aşrafy atyň ýüzüne gamçy çalypdyr. Çapyşykdan soň gykylyk dik asmana galdy. Çaşgynyň tarapdarlaryndan gylyja, hanjara ýapyşanlaram boldy. Aly Aşrafynyň garnyny şol ýerde silkip gidiberjek ýigitlerem bardy. Ýöne toý eýesi ara düşüp: — Adamlar, garyndaşlar, gaýrat ediň! Toýy bir bulamaweriň — diýip, iki elini gursagynda goýup ýalbardy. Hanjarlar, gylyçlar ýene-de gyna girdi. Ýöne at çapyşygyny şonuň bilen sowdular. Çaşgyn tazygyp çykansoň, esasy göreş Dorbedew bilen Rabadyň arasynda gitdi. Dorbedew soňky ýüz gulaç aralyga çenli bir kaddyny saklady. Diňe pellehana alkymlanda, öňe ümzük atyp, Rabatdan ozup geçdi. Ine, şol ýaryş Dorbedewiň dabarasyny Eýrana, Turana ýaýradypdy. — Ryzaguly han Dorbedewi getirip berene ýüz tümen baýrak goýdy — diýip, Barat pälwan sözüni dowam etdi. Ýüz tümen diýilýän az pul däl. Arwanalaryň, inerleriň bahasy bäş-alty tümenden ýokary däl. Ýüz tümene ýylky sürüsinden on ýabyny, Dorbedewiň özi ýaly atlardan bäş aty alyp bolýar. Bu zatlary pikirinde aýlan Ahal ýolan otunyň baldagyndan tutup, pyrlap oturyşyna: — Arzanladypdyr-la. Ol maňa ýüz elli tümen hödürläpdi — diýip, başyny galdyrman aýtdy. Şol pajygaly çapyşygyň bolanyna bir aý çemesi wagt bolupdy. Şol günleriň birinde iki atly Ahalyň öýüniň işigine gelip atdan agdy. Gapa çykan Ahal bilen olar ellerini uzadyp görüşdiler. Egni han sowgadyna çalymdaş haltaly iki adam doly horjuny göterip, Ahalyň yzy bilen öýe girdi. Bir gözi sary kişmişden, hurmadan, beýleki gözi Eýranyň pürçükli kempudyndan, künjüli halwasyndan doldurylan horjuny Ahalyň eline berdiler. Öý eýesi horjuny uly geň galma bilen kabul etdi. Ony beýleki öýe eltip, Aksona uzatdy. Onuň: — Bu nämäniň alamaty? — diýip, gözleri bilen beren soragyna: — Men näbileýin — diýen äheňde eginlerini ýygryp jogap berdi. Ýaşulular söz aýtmaga gelen sawçylara meňzeýärdi. Ony diýseňem Ahalyň ýetişen gyzy-ha beýlede dursun, aslynda gyz maşgala ýokdy. Onuň diňe ylgap ýören on ýaşly ogly Salyr bardy. Näme-de bolsa Ahal olara sorag bermedi. Olaryň özleriniň gürrüň açaryna garaşdy. Gelen adamlar Ryzaguly hany öwdüler. Onuň jomartlygyny, batyrlygyny, il serdary bir adamdygyny magtadylar. Ahala köp salam aýdanyny ýatladylar. Gürrüň ýuwaş-ýuwaşdan Dorbedewe syrykdy. — Ryzaguly han siziň atyňyz üçin 150 tümen hödürleýär — diýip, gelenleriň biri aýtdy. — Eli açyk adam-da, göwni giden zada lomaý eçiläýýär — diýip beýleki goldady. Ahal bu bahany eşidip begener, ýerinden towsup turar öýtdüler. Ol gaty uly baha. Iň baý öýüň gyzynyň galyňyndanam ýokary. Ýöne Ahal oňa begenmedem, gynanmadam, ýylgyrmadam, asyl ýerindenem gozganmady. Myhmanlara söwüş edildi, nahar çekildi. Giç öýlänler olar turmakçy boldular, öz sözleriniň jogabyna garaşdylar. — Ryzaguly hanyň döwleti yrylmasyn. Dorbedewe beren uly bahasy üçin taňryýalkasyn. Ýöne ol at meňki däl. Ol Kesearkajyňky. Ol Kesearkajyň abraýy. Bir iliň abraýyny, guwanjyny satyp goýbermäge meniň hakym, ygtyýarym ýok — diýip, Ahal jogap berdi. Oňa: — Dorbedew bolmasa gyr bedew eken-dä. Başgasyny alarsyň, seýislärsiň. Seniň-ä, näme, eliňden gelýär — diýip, myhmanlaryň biri aýtdy. — Ýüz elli tümen ýöne zat däl. Gelen döwleti sypdyrma, samsyk bolma — diýip, beýlekisi janykdy. Ahal samsyk bolanyny kem görmedi. — Ýüz elli tümene seniň özüňi razy edip alýar. Ogurlap almak bilen satyn almagyň arasynda elli tümen däl, ýer bilen gök ýaly tapawut bar — diýip, Barat pälwan penjeläp alan otuny gapdala tarap zyňyp goýberdi. — Ryzaguly han üçin onuň näme tapawudy bar? — diýip, Ahal seslendi. — Sen batyr ýigit, gowy zat. Ýöne tekepbirem ekeniň — diýip, Barat pälwan onuň öňki soragyna jogap bermän aýtdy. — Şol tekepbirligiň welin gowy däl. Ahal sesini çykarman, oňa gözleri bilen sorag berdi. Barat dowam etdi. — Sen aýt, ýaňy sekiz adam bilen bir özüň urşarmydyň? Ahal esli mahal dymyp durdy. Soňra öz-özüne diýýän ýaly: — «Bilse pişik öňi-soňy öljegin. Yza dönüp gaplaň bilen garpyşar» — diýdi. — «Ýol tapmasa müň duşmandan gaçara. Gerçek ýigit jöwher gylyja ýapyşar» — diýip, pälwan gürrüňdeşiniň Saadydan başlan bendini tamamlady. Soňra: — Seniň gaçara ýoluň kändi — diýip, Dorbedewe ümledi. Dorbedew bolsa ulularyň gürrüňine gulak asman, hol beýlede ýazyň paşyrdap duran ter otlaryndan güýürdedip ýördi. Kämahalam eýäm howlukmaýarmyka diýýän ýaly, otuny güýürdedip durşuna bärsine garanýardy. — Size duşmazymyň öň ýanynda keýik kowalap, aty daljykdyraýdym. Siziň atlaryňyz bolsa daýaw. — Onda-da Dorbedew Dorbedewdir. Bu görünýän atlara zygam etdirmez — diýip, Barat pälwan indiki aýtjak sözüni oýlanýan ýaly, böwrüne diň salyp dymdy. Soňra başyny galdyrdy-da: — Garaz, meşhur seýsiň, akylly-başly adamyň şeýle ýeňilkellelik edip, özüni oda urmagy geň zat — diýip, sözüniň üstüne goşdy. — Dünýäde geň zat köpelipdir. Menem bir meşhur pälwany tanaýardym... — diýip, Ahal sözüniň yzyny ýetirmän goýdy. — Olam ýol urýan garakçy bolupdyr — diýip, pälwan onuň sözüniň yzyna sugşurdy. Ahal sesini çykarmady. Pälwan tarapa diňe soragly nazaryny aýlap goýdy. — Ol uzyn taryh — diýip, Barat pälwan uludan bir demini aldy. Soňra ýeňsesini gylyjyň üstünde goýup, asmana seredip, sesini-üýnüni çykarman ýatdy. Barat pälwanyň kakasy Aly Muhammet Şahrudy öz şäherlerinde — Şahrudda kiçijik dükanyň eýesidi. Ol dükanda halwa, hurma, sary kişmiş ýaly azyk harytlary bilen birlikde mata-marlak, çäýnek-käse, okara-çemçe diýen ýaly harytlary satardy. Ol öz satýan harytlaryny ondan-mundan gelýän täjirlerden, söwdagärlerden alýardy. Onuň dükanynda belli harytlar däl-de, säwlikde duşan harytlaram satylardy. Uzynly gün aýak üstünde Aly Muhammediň halys sütüni süýnerdi. Hysyr-pysyr bilen agşama zordan ýetýän wagtlaram az bolmazdy. «Ynha haý diýmän, oglum Barat ýetişer. Arkamdan dirär. Kömekçi bolar» diýip, öz-özüne göwünlik berýärdi. Ogly ýetişdi, öýli-işikli boldy. Ýöne ol atasyna kömekçi bolmady. Ol söwdagärlige däl-de, pälwanlyga ýykgyn etdi. Barat göreşi çagalykdan söýdi. Onuň gowy görýän zady özi ýalylar bilen göreş tutmakdy. Beýik Saadynyň bir pälwan hakyndaky hekaýatyny garrylardan eşidipdi. Şahyryň aýdyşyna görä, bir uly pälwan göreşleriň 360 emelini bilýär ekeni. Ol şägirtlerine şol emelleriň 359-syny öwredip, birini özi üçin saklar ekeni. Şol pälwandan ak pata alan şägirtleriň biri patyşanyň ýanynda: — Ol meniň halypam bolýar. Ýogsa ony ýyksa bolar — diýip uly gürlänmiş. Patyşa-da oňa: — Göreşde ataňam bolsa ýykmalydyr. Sen şony ýykyp bilseň, men seni köşk pälwany edip alaýyn — diýipdir. Ussady çagyranmyşlar. Garry halypa bilen ýaş şägirdiň tutluşygy başlanmyş. Göreş uzaga çekýär. Pälwanlar bir-birinden peslär ýaly däl. Halys bolmajagyny bilen halypa şol özüne goýan emelini salyp, şägirdini agdaranmyş. Soňundan onuň ýüzüne seredip: — Özüniň nyşana boljagyny göz öňünde tutman, ýaý atmagy öwredýän mergen akmakdyr — diýip ajy ýylgyranmyş. Barat pälwan olar ýaly halypa tälimini almandy. Ol öz-özünden pälwan bolup gitdi. Emelleriň köpüsini göreşýänlere seredip öwrendi. Käbirlerini özi oýlap tapdy. Baradyň at-owazasy derrew il içine ýaýrady. Uly toýlardan baýrak getirip ugrady. Käbir toýlarda bolsa oňa ýörite baýrak goýdular. Pälwanyň kakasy Aly Muhammet: — Oglum, göreş bilen çaga ekläp bolmaz. Senem bir hünär al. Iň gowusy dükany ýöretmäni öwren — diýip gulagyna guýardy. Kakasynyň aýdyşy ýaly uly toýlar, onda-da uly pälwanlaryň gatnaşmaly toýlary gaty seýrek bolýar. Ýylda birem bolanok diýen ýaly. kiçi toýlara, garyp adamlaryň toýlaryna baryp alan bir çebşiň ýa-da bir ýaglygyň bilen bäş çagany ekläp bolmaz. Ýaşlaram indi gidişýär. Täze nesil, täze pälwanlar ýetişýär. Olaryň elinden baýragy häzir alaýsaňam. soňurrak aldyrjak däller. Barat pälwanlykdan el göterip, kakasynyň ýanyna dükana geçýär. Ol entek dükanyň abyny-tabyny almanka-da, iki bela olaryň gerşinden inýär. Garahassaçylyk ýyly şol ýowuz kesele ýatyp, pälwanyň kakasy ölýär. Ikinji betbagtlygam Aly Muhammediň ýyly dolmanka, bularyň başyndan inýär. Günleriň birinde Şahrudyň baýy Nowruzalynyň öýüne şalaryň şasy myhmançylyga gelýär. Ol myhmançylyga baranynda ýany bilen wezir-wekillerinden başga-da üç-dört ýüz serbazam alyp barýar. Olary iýdirmeli-içirmeli, gaýdanlarynda tapdygyňdan gymmatbaha sowgat bermeli. Şonuň üçin şany hiç kim myhmançylyga çagyrmaýar. Myhman barjak ýerini şanyň özi kesgitläp, özi aýdýar. Nowruzaly baý obanyň atly adamlaryny çagyryp, şanyň nökerlerini myhmanlamak hakda maslahatlaşýarlar. Şanyň serbazlaryna gaýtawul bermeli däldigini, çykan çykdajylaryny soňundan özüniň tölejekdigini aýdýar. Myhmançylygyň bellenen güni gün guşluga galyberende deprek kakyp, saz çalyp, ala-zenzele bolup, myhmanlar Şahrudyň köçesinden girýärler. Her hili gülkünç eşikleri geýen wäşiler, myhmanlaryň öňüne düşüp böküşýärler, aşyr atýarlar. Her hili oýunlar edýärler. Bütin şäher daşary çykyp, myhmanlara seredýärler. Wezir-wekilleriň yzyna düşüp gelýän serbazlar ýoluň gyrasyndaky baglara, bakjalara hüjüm edip, tapan-tupan zatlaryny ýolup alýarlar. Baran ýerlerini çekirtge sürüsi ýaly boşadyp gidýärler. Barat pälwanyň öýüne serbazlaryň bäşisi düşýär. Wah, janyň ujy, özge myhmanlar ýaly berlenini iýip oňsa. Maşgalanyň huruşlyk diýip, göz dikip oturan ýekeje toklusyny hasyr-husur pyçakdan geçirýärler. Çişe düzýärler. Olar bu zatlaryň hemmesini öý eýesinden soraman edýärler. Barat pälwan bolsa diňe egnini gysyp oňýar. Ýagşydan-ýamandan hiç zat diýmeýär. Ýöne seň egniňi gysanyň bilenem bela diýilýän zat geljek bolsa özüne ýol tapýan ekeni. Myhmanlar, eger myhman diýip bolýan bolsa, öýüň iýer ýaly zadyny iýdiler. Ýöne şoňa-da kanagat etmediler. Başga ýerde myhman bolanlar gowy sowgat aldylar. Baradyň myhmanlary olary görüp: — Sen bizi kemsidýäň — diýip, nagaralaryny döwdüler. Pälwan olara höre-köşe etdi, ýalbardy. Olar gulak asman, dükanyň gapysyny palta bilen döwdüler. Içini werham-tarham etdiler. Alan zatlaryny aldylar, almadyklaryny orta üýşürip, dükany otladylar. Ozalam gününi çala aýlaýan maşgala ýeke günüň içinde gedaýa öwrüldi. — Ol myhmançylyk däl, galtamançylyk bolýar — diýip, Ahal uludan demini alyp aýtdy. — Haýsy zat galtamançylyk däl. Şanyň ýaşap ýörmeginden başlap, ähli zat galtamançylykdyr — diýip, Barat pälwan ýene arkan gyşaryp, kellesiniň aşagyndaky gylyjy düzetdi. — Soň näme boldy? — Soňmy? — diýip, Barat pälwan näme diýjegini bilmeýän ýaly hyrçyny dişläp dymdy. Myhmanlary ataransoň, Barat pälwan arzyny Nowruzaly baýa aýdýar. — «Çykdajyňyzy tölärin» diýipdiňiz, agaýy — diýip, onuň beren wadasyny ýatladýar. Nowruzaly baý oňa: — Sen patyşany myhman alan adamlardan. Indi bir dükany düzedip bilmeseň, men saňa näme diýeýin — diýip, onuň ýüzüne jabjynypdyr. — Senem goňşy obalara bar, islän zadyňy al, gerek zadyňy getir. Gaýtawul berseler, gel meniň ýanyma. Nowruzaly baý şu sözleri aýdyp, Baradyňam galtaman bolmagyny ündäpdir. — Baýyň özi ýalylar şonda çykan çykdajylaryny on esse edip ýerine salandyrlar. Nowruzaly baý Şahrudyň uly hany boldy — diýip, Barat pälwan aýtdy. Çagalar eklençsiz galypdyr. Barat pälwanyň Maşatda ýaşaýan bir tanşy bar ekeni. Ine şol: — Sen Ryzaguly hana serbaz bol. Serbaz bolsaň üç tanap ýer berýärler. Çagalara ýapyşalga bolar — diýipdir. Üç tanap ýere akylly-başly seretseň, çagalaryň ýyl harjyny almak boljak. Hasylyň gowy gelen ýyllary daşyndan az-owlak sataýmagam boljak. Barat pälwan oýlana-oýlana, tanşynyň şu maslahatyny makul bilipdir. Ryzaguly hanam hemme adamyny serbazlyga alanok. Bu ýerde Barat pälwanyň tanşam, ady belli pälwanlygam, şanyň serbazlaryny myhmanlanam kömek etdi. Ine, indem bir ýyl bäri Barat pälwanyň egninde serbazyň sowudy, serbazyň gylyjy. — Serbazlara serbazlygy üçin bir köpügem hak tölänoklar. Gaýta iýjek-içjegiň öz garnyňa. Eşigiň, at-ýaragyň bahasynam özüň bermeli. Üstesine-de käte onbaşyňa-da sowgatjyk emläp durmaly — diýip, Barat pälwan gürrüňini jemledi. Ahal şo zatlary öz başyndan geçiren ýaly uludan bir demini aldy. — Eger beýle bolsa serbazlyga geçmezler. — Geçmezler — diýip, pälwan Ahalyň soňky sözüni gaýtalady-da, oňa gür gaşlarynyň aşagyndan seretdi. — Agzyny açyp oturan çülpeleri nädip eklejek? Diňe bir eklenjem däl... Ahalyň soragly gözlerine nazary kaklyşan pälwan sözüni dowam etdi. — Ýaşajak bolsaň, her ädimiňe pul gerek. Öňüňden çykan serbaz bir bahana bilen seni urýar. Bahana gytmy? Ol ýana seredýäň, bu ýana seredýäň diýip yrsaraýar. Urar-da, yzyndanam taýak hakyny talap eder. Puluň ýok bolsa, git-de serbazyň ýerini depip ber, odunyny döwüp ber, hyzmatyny edip üz. — Eger üzülmän galaýsa?.. — Üzülmän galaýsamy? — diýip, Barat pälwan böwrüne diň saldy. — Onda näme boljagyny bilemok. Entek üzülmän galan ýerini eşidemok. Pälwan asmana seredip ýatyşyna esli wagt sesini çykarmady. Ahalam dymdy. Hol ýokardan, ak bulutlaryň bäri ýanyndan durnalar toýnuk gurap, geçip barýardylar. Olaryň «gyrruk-gyrruk» diýen sesleri eşidilýärdi. — Sen ynsan durmuşynyň gürrüňini edýärsiň — diýip, Barat pälwan dik oturdy. — Şol, uçup barýan durnalardan sorap gör. Şolaryň güni ikimiziňkiden aňsatdyr öýdýärmiň? Ahal asmana seretdi. Durnalar toýnugyny bozman uçup barýardylar. Olar boýunlaryny öňe uzadyp, ganatlaryny agraslyk bilen kakýardylar. Birdenem aşaklap ugradylar. Gonmaga, otlamaga ýer peýleýän bolmaga çemeli. — Olaryňky hezille — diýip, Ahal durnalardan gözüni aýyrman aýtdy. Onuň sesinde durnalara, umuman, tebigatyň gözelligine bolan inçe söýgi duýulýardy. — Olaryňkam hezil däldir. Bürgüt diýer, garaguş diýer, olaryňam öz galtamanlary bardyr. Garaz, aňsat däldir. — Siz «Ynsyň-jynsyň durmuşy şoňa gurlupdyr» diýjek bolýaňyz. Ýöne welin ol zatlardan ýokarda adalat diýlenem bir zat bolmalydyr-a. — Adalat! Adalat diýilýän zat näme? Aýdaly, bir awçy towşany duzak gurup tutupdyr. Awçynyň eden işi adalatlylyk däl. Şol towşany tutmaýanda-da ol gününi görüp bilerdi. Ekin eksin, bag oturtsyn, mal edinsin, süýt sagsyn. Aýdaly, şo towşany möjek kowalap barýar. Möjegiňki adalatsyzlyk diýersiň. — Hawa, diýerin. Möjek güýjüne daýanýar. Galtamançylyk edýär. Üstesine-de, belki, towşanyň çagalary bardyr. Towşany möjek iýse çagalary aç öler. — Möjegiňem çagalary bolsa näme? Ol towşany tutup bilmese, özem, çagalaram uzynly gije aç galmaly. Bu näme, adalatlylykmy? Ahal gozgandy. «Hymm» edip ýüzüni aşak saldy. Günäsiniň üstünde tutulan çaga ýaly elindäki çöp bilen ýeri dyrmalady. Barat pälwan hüjümini dowam etdi. — Aýdaly, kowalaşyp barýanlaryň gapdalyndan bir atly çykyp, gylyjyny syrdy-da, olaryň yzyna düşdi. Awçynyň edýäni telekmi? — Telek däl. Ejizi goldamak sogapdyr. — Ejizi goldap, möjegi öldürdi. Möjegiň bolsa sürenindäki körpeje çagalary ajyndan gyryldy. Ýeri, muňa kim günäkär? Hany, adalatlylyk? Şol adamyň gazanan günäsi känmi ýa-da sogaby känmi? — Diýmek, «Galtamanlarda günä ýok» diýjek bolýaň. Şeýle dälmi? — Galtamanlaram edil möjekler ýaly, dagy çykalgasy bolmasa olar nätsinler? Ahal içini hümledip esli oturdy. Penjeleri bilen gökje otlary gyryşdyrdy. Gysymyny dolduryp, eliniň tersi bilen oklap goýberdi. Ýene gyrdy. Ol elleriniň näme edýänini duýanokdy. Eýesiniň tukat ýagdaýyny aňan ýaly Dorbedew otlap duran ýerinden oňa tarap owadan gözlerini aýlady. «Gaýtma niýetiň ýokmy?» diýýän ýaly ýuwaşja hokrandy. — Mesliginden galtamançylyk edýänem bolsa bardyr — diýip, Barat pälwan ýuwaş ses bilen, böwrüne diň salyp aýtdy. — Bu görünýän galtamanlaryň köpüsi çykalga tapman galtamançylyk edýärler. — Sizem şol çykalga tapmaýanlardanmy? — diýip, Ahal oňa sorag berdi. — Şony diýseňem boljak— diýip, pälwan gamgyn halda gürledi. — Meniň atymy ogurladylar. Täze at aldym. Bahasyny entek tölämok. Puly nireden aljak. Üstesine çagalara-da ojuk-bujuk gerek. Geçen gyşyň gazapdygyny gördüňmi? Çagalar doly gyşy galyň eşiksiz, köwüşsiz geçirdiler. — Hawa, gyşa gazaply boldy — diýip, Ahal seslendi. — Ine, biz şo möjegiň gününe düşýäs. Şol towşany iýseg-ä biz galtaman, iýmesegem aç ölmeli. — Diýmek, galtamançylyk hökman bolaýmaly-da. Onuň ahyry görnenok-da? — Galtamançylykmy? — diýip, Barat pälwan ýaňsylaýan ýaly edip aýtdy. — Galtamançylygyň ulusyna uruş diýerler. Ýagdaý şeýle bolsa, urşam bolar durar. Durmuşdan bihabar adamlar urşy hanlar, şalar başlaýandyr öýdýärler. Uruş olara gerekdir öýdýärler. — Dagy näme? Saňa gerekmi? Maňa gerekmi? Halka gerekmi? — Halka gerek bolmasa-da, serbazlara gerek. Uruş olaryň eklenji. Goşun öňňil Aýystana gitdi. Öten ýyl dynç boldular. Şu ýylam bir tarapa gitmeseler, serbazlaryň özleri gozgalaň turzarlar. Olar goşun serkerdelerini şoňa mejbur edýärler. — Alamançylyk meselesinde siz-ä türkmenleri ýazgarýaňyz, bizem sizi. Seniň häzirki gürrüň berşiňe görä, alamançylygyň ilki sebäpkäri siz bolaýjak ýaly. — Towuk ulumy ýa ýumurtga? Ony ikimizem bilemzok. — Seniň häzirki aýdyşyňdan talaňçylygy ilki başlaýan serbazlar diýen netije gelip çykýar. — Bar, şeýle eken-dä. — Şeýle bolsa, biziň alamançylygymyz arymyzy ýerine salmak bolýar. — Aryňyzymy? Bu goňşyň bilen urşup, ol goňşyňy ursaň, aryň ýerine düşýämi? Serbazlar sizi talap, ýesir alyp gaýdýar. Sizem baryp il-güni talap, ýesir alyp gaýdýarsyňyz. Şeýdip öz aryňyzy naçar gyzdan, gözüni owkalap duran neresse çagadan alýaňyz. Ahal pälwanyň sözüne jogap bermedi. Agyr pikire gitdi. Onuň gözüniň öňüne pajygaly bir ýagdaý gelip geçdi. Güýzüň asuda säherleriniň biridi. Agar çäkmenini ýasgynjak atynyp, gapa çykan Ahalyň gulagyna «Alamançylar gelýär» diýen sözler eşidildi. Gara daglaryň arasyny söküp, olja alyp, ýesir alyp gelen atlylar Şally baýyň gapysynda ýük ýazdyrdylar. Ahal dähedem-dessem basyp, olaryň ýanyna bardy. Ýöne şol baranyna henizem ökünip ýör. Getirilen ýesirleriň arasynda ýaňy öýlenen ýaş ýigit bilen onuň gelni, şol ýigidiň enesi, iki sany — biri gyz, beýleki oglan jigileri bardy. Alamançylar bir öýi boşadyp gaýdypdyrlar. Dulugyndan ak görnen enelerem, gelnem ses edip aglaýardy. Ýaş ýigit bolsa owasyny dym-gyzyl edip, ýer dyrmap otyrdy. Bäş ýaşlyja gyz töweregine geň galmak bilen seredýärdi. Görmäge üýşen çagalaryň käbirine ýylgyrmak bilen seredýärdi. Ol häzir ejesiniň, hossarlarynyň ýanynda. Ol çaga. Ol entek öz hossarlaryndan waýkyryp-waýkyryp aýra düşmelidigini, ejesiniň köşegini aldyran maýa ýaly bozlap-bozlap, ony iň soňky gezek bagryna basjakdygyny, aç adamyň aşa topulyşy ýaly özüniň ýüzünden-gözünden ogşajakdygyny, güýç bilen aýranlarynda ellerini uzadyp, dünýäni elendirip aglajakdygyny bilenokdy. Bir öýden girip-çykan, sähel büdrese kömege gelen, aglasa diňdiren hossarlarynyň hersiniň bir gapydan çykjakdygyny, bir-birini hiç haçan görüp bilmejekdiklerini bilenokdy. — Alamançylyk, ar-namys üçin edilýän zat däldir. Ol ar-namysyň arkasyndan edilýän haram baýlykdyr — diýip, gürläp oturan Barat pälwanyň sözleri Ahala düýşde aýdylýan ýaly bolup eşidildi. Ahal geçen ýene bir wakany ýadyna saldy. Ol şeýle bolupdy. Aksoltan ejäniň ogly bir ýerden gelýärkä, öňünden kürt alamançylary çykyp, tutup alyp gidipdirler. Äkidibem satypdyrlar. Ýaňy ýigit çykyp ugran oglanyň haýsy baýyň guly bolup, hyzmatyny edip ýörenini kim bilýär. Aksoltan eje uzynly gije çirim etmän aglap geçirdi. Obanyň Garamergen ýaly jalaý ýigitleri garry enä hossar çykyp, ar almaga gidermen boldular. Bu ýagdaýy eşiden oba ýaşululary oňlamadylar. Iner golak başlyklaýyn paýhasly gojalar pikir alyşmak üçin maslahata ýygnandylar. Şol maslahata ýaşlaram, Ahal dagynam çagyrypdylar. Şonda Ahal Iner golagyň pikirini goldapdy. Garamergen oňa: — Sen gorkýan bolsaň, eneň ýorganyndan çykma-da — diýipdi. Garamergeniň özi ýalylar onuň sözüni alyp göterdiler. Ýerli-ýerden gygyryp, Ahala: — Beýle namart bolsaň, galyber. Şükür Hudaýa, gitjegem, ary ýerine saljagam tapylar — diýipdiler. Ahalyňam öz tarapyny çalýan ýaranlary bardy. Olar Garamergeniňkiden köp bolmasa, az däldiler. Ýöne garşydaşlarynyň «gorkak, namart» diýen sözlerinden çekinip, olaryňam köpüsi Garamergeniň tarapyna geçdi. Onda-da: «Bu jany enemiň bukjasynda ýygnap bilmen. Tohumlyk galmak aladam ýok. Tohumlyk galan galsyn» diýen ýaly janyňa degäýjek sözleri aýdyp geçdiler. Ahal: — Men şul ömrümiň Aksoltan ejä sähelçejigem bolsa teselli berjegini bilsem, ony gaşymy çytman bagyşlardym. Ýöne başga bir enäniň çagasyny alyp gaýdyp, ony gan agladanym bilen Aksoltan ejäniň ýürek ýarasyna ýardam edip bilerin öýdemok — diýdi. Garamergeniň tarapyna geçýänlerem köpeldi. Ahalyň özem: «Maňa-da şu jan sizden artyk gerek däl, ýörüň gitseňiz» diýip, tas onuň tarapyna geçipdi. Ýöne onuň özi ynsabyňa, mertebäňe, adamkärçiligiňe kast etmekdigini, Garamergeniň adamkärçiligiň golaýyndan geçmeýän erbet meýilleriniň öňünde baş egmekdigini syzdy. Ol özüni güýç bilen, erjellik bilen masgaraçylygyň girdabyndan saklady. Ýaşulularyň gelen karary Garamergeniň dyzmaç ýaranlarynyň jylawyndan çekdi, olaryň howalasyny ýatyrdy. Olar alamana gitmegi ýigitlere gadagan etdiler. Barat pälwanyň soňky gürrüňlerini düýşünde eşidýän ýaly, ýarym-ýalta diňlän, manysyny oňly düýrüp alyp bilmedik Ahal ukudan açylan ýaly boldy. Uludan bir demini aldy. Baharyň howasynyň şeýle mylaýymlygyna garamazdan, onuň maňlaýy kemsiz çygjarypdy. Pälwan özüniň soňky sözlerini Ahalyň oňly diňlemändigini, sojap dem alşyndan, ýüz keşbinden aňdy. Ol bir zat diýjek bolup, sag elini gürrüňdeşiniň dyzynyň üstünde goýdy. Şol arada Ahal: — Bu alamanlaryň, bu hasratly masgaraçylygyň öňüni alyp bolmazmyka? — diýip seslendi. — Bolmaz — diýip, Barat pälwan çürt-kesik aýtdy. — Birinji sebäbi, ony patyşa-da islemez, serbazlaram. Olar isläýende-de siz saklanyp bilmersiňiz. — Ol näme üçin? — Üçini. Sizde döwlet ýok. Gürleşer ýaly, alamançylygy bile ýazgaryp, bile çäre görer ýaly. Barat pälwan ýene bir zatlar aýtjak boldy. Ýöne oňa söz diýmäge maý bermedik başga bir ýagdaý boldy. Hol ilerki belentlikden aşyp giden serbazlar ýene-de sadranç ýaly bolup-depäniň üstünden göründiler. Olar Barat pälwandan habar tutmak üçin öwrülen bolsalar gerek. Olar belentlige çykdylar-da, sanjylan ýaly bolup durdular. Barat pälwanam, Ahalam ýerinden galdy. Ahal uzakda, Mizewe daglarynyň depesinden sallanyp ugran Güne eli bilen maňlaýyny kölegeledip seretdi. Günüň öňüni açan ak bulut, äpet deňizde görünýän sal ýaly bolup, günbatara tarap süýşýärdi. — Gaýdara wagt bolup ýör öýdýän. Gümür-ýamyr edip, ep-esli oturaýypdyrys — diýip, pälwan seslendi. Ýaraglaryny, dakynyp, her kim öz atyna tarap ugrady. Ony gören serbazlar atlaryny yza öwrüp, ýene belentlikden aňryk eňip gitdiler. Şeýle gowy, açyk ýürekli, paýhasly adamdan Ahalyň birden aýrylasy gelmedi. Dorbedewi onuň gapdaly bilen sürüp gitdi. Olar serbazlaryň ýaňky görnen ýerlerine ýetip aýak çekdiler. Ýene-de esli wagt gürleşip durdular. Olar bir-birine elini uzadyp, at üstünde hoşlaşdylar. Barat pälwanyň aty belentlikden aňryk eňip gitdi. Ahal şol ýerde sanjylan garantga ýaly bolup durdy. Ol Barat pälwanyň yzyndan seredýärdi. Bir käse çaý içerlik salym geçensoň atyny yza öwürdi. Kürt diýilse ýigrenip, barlyşyksyz duşmany saýyp ýören Ahala Barat pälwanyň ýetiren täsiri uludy. Ol pälwanyň kürt däldigini, onuň milletiniň parsdygyny bilmese-de, bahasyna ýetilmez gowy adamdygyny bilip galdy. Her halkyň öz gowusy, öz hordasy bar. «Garamergen ýalylary satyp iýdiräýmeli adam ekeni. Şular ýaly adamlar köp bolsa bolmaýarmy?» diýip, öz ýanyndan oýlandy. Gylyç syryp duşan iki duşman, şeýdip dost boldular. Mähir bilen elleşip hoşlaşdylar. Bu ýagdaýy Iner golak eşiden bolaýsa: — Bagt diýilýän zat şolardan ybaratdyr — diýip aýdar. Gök deňiz ýaly gök otly meýdandan Dorbedewi sürüp barýan Ahal şu günki ölümden sypyşyny, gowy adam bilen duşuşygyny öz bagtynyň bir bölegi hasap edýärdi.