Mämmet Seýidow Kesearkaç 2-nji bap: MERTLIK Bu wakanyň başlanan wagty türkmenleriň arzuw edip ýören luw ýylynyň bahar aýlarydy. Tebigat däli-porhandy. Meýdanlary görmäge göz gerekdi. Gataňňurlaryň, çopantelpekleriň jyrk-sary gülleri, gögerçiniň gursagyna çalymdaş jümjümeler, ýere keteni ýazylan ýaly gülälekler alys meýdanlary tutup ýatyrdy. Dik asmana galan torgaý ganatlaryny gybyrdadyp: «Heýjan elek, heýjan elek, bahar geldi, bahar geldi, hezillik, hezillik, hezillik...» diýip, yzyny üzmän jibirdeýärdi. Baharyň bu gözelliklerine syn edip barýan atlynyň hem ony alyp barýan dor bedewiňem keýpi kökdi. Ýigit ýuwaşja hiňlenip aýdym aýdýardy. Bu aýdymyň ýalňyz diňleýjisi dor bedew, öz ýaşlygyny ýatlap, hyrçyny dişläp, başyny ýaýkap: «Wah, näsini aýdýarsyň» diýip ahmyr çekýän gojalar ýaly başyny iki-baka bulap, hol öňdäki egne ýetmäge howlugýardy. Onuň aýaklary dokma daragy deýin irginsiz ursa-da güpürdisi eşidilmeýärdi. Ýer durşuna otdy. Toýnaklaryň basyp geçen ýerindäki otlar ýuwaşlyk bilen başlaryny göterip yzy gizleýärdi. Ýigidiň başynda ak telpegi, egninde ezýaka köýnegi bardy. Ol gyralary owadan jäheklenen, iki syýyň ýartmajyndan ýokarsy mawy begresden gyýylyp, dogaçyr düzülen çäkmen geýipdi. Bilini göwşüllän ýaşyl tirme guşak bilen guşapdy. Aýagyndaky kamys ýaly ak dolagyň üstünden geýen seçekli gyzylbaş çarygy oňa biçak gowy gelişýärdi. Çep tarapynda sallanyp duran egri gylyjy bolsa ony haýbatly görkezýärdi. Nä döwür, nä zamana. Ýanyň ýaragsyz obadan saýlanybererligi ýokdy. Ýolda-yzda sümsünip ýören galtamanlara duşaýmagyň ahmaldy. Olar ýaz çykaly bäri hasam köpelipdirler. «Ol obadan pylanyny daňyp, atyny äkidipdirler. Pylan obadan pylany degirmenden gelýärkä, galtamanlar duşup, düýesini üstüniň müşdegi bilen elinden alypdyrlar» diýen habar obada häli-şindi eşidilip durdy. Ýigit şonuň üçin gylyjyny göterip çykypdy. Ol işşekçer jahyl wagty galtamanlara duşup görüpdi. Şol ýyllar obanyň meşhur seýsi Hojaly agadan onuň seýisçilik hünärini öwrenýän wagtydy. Özem onuň çapyksuwarydy. Güýz aýlarydy. Könegala obasynda uly toýda atlara goýuljak uly baýrakdan olar tamakindiler. Uly baýrak diýilýän köplenç bir düýe, ýa-da boýy iki gulaç, ini gulaç ýarym teke halysy bolýar. Ony aňsatlyk bilen beräýmezler. Ilde-de bedew bar, ilde-de seýis bar. Ol baýraklary almak üçin seýisçilik sungatyndan bilýän zadyň baryny orta goýmalydy. Şol taýýarlyk görülýän günleriň birinde Hojaly seýis: — Ahal, aý, Ahal! Gel, köşek, atlan. Gorguny bilen sürüp git. Hol Ýalaňaç baýryň aňyrsyndan aýla-da, gaýdanyňda ýüzin salyp gaýt — diýip, ony ata mündürdi-de, jylawy eline tutdurdy. Ýalaňaç baýyr. Näme üçin oňa Ýalaňaç baýyr diýdilerkä? Her bahar onuň gerşi gök begres bilen örtülýär. Onuň oty beýleki baýyrlaryňkydan pes däl. Güýzüne bolsa saralyp, gyrkmak üçin çökerilen guba düýä meňzeýär. Şunuň ýaly, ady öz bolşuna bap gelmeýän başga-da zatlar bar. Ine, Garamergeniň atyna Küýki diýilýär. Ýogsa olam beýleki atlar ýaly, ýöne näme üçin oňa şeýle at goýlupdyr. Kim bilýär?! Taý wagty küýki ýaly bolup görnen bolmagam mümkin. Biri: «Munyň küýki-le» diýse, il-gün onsoň şol ady goýaýýar. Ýeri, Şorguýa näme diýersiň?! Onuň bal ýaly süýji suwy bar. Ýöne näme üçindir, oňa «Şor» diýen at dakylypdyr. Ahal şol zatlaryň pikirini edip barşyna, Ýalaňaç baýra ýetenini duýman galdy. Gün giç öýle diýilýän çäge ýetipdi. Ol Burjuly gaýanyň gerşinden sallanyp ugrapdy. Ahal baýra çykyp aňryk aşyp ugrady welin, gündogar tarapdan bäş-alty atly ýüzin salyp gaýtdy. Çapyksuwar ýetginjek birden tisgindi. Depesinden şaglap inen sowuk gan bütin süňňüni gowşadyp giden ýaly boldy. Ýöne ol aljyramady. Ahal atyň başyny yza öwrende, ara otuz gulaçdan uzak däldi. Ol gamçysyny galdyranyndan, at towşan turan ýaly öňe okduryldy. Şol atyň ady Tarlaňdy. Bu ady oňa bilip dakypdyrlar. Ol Şorguýam däl, Ýalaňaç baýram däl. Tarlaň ýola düşüp gulaklaryny ýapyransoň, tarlaňdan pes gidenokdy, edil sapana salnyp atylan daş ýaly dazyrdap barýardy. Kowup gelýänler onuň yzyndan ýetip bolmajakdygyny basym aňdylar. Olar ata gamçyny näçe çalsalar-da ara golaýlaşmakdan-a geçen, gaýtam barha sozulýardy. Şonda-da atlylar onuň yzyndan galmandylar. Sebäbi gaçyp barýanda atyna umyt bolşy ýaly, kowup gelýänlerde-de: «Ýa at büdürär, ýa-da üstündäki oturyp bilmän atdan agar» diýen ýaly inçejik tama bardy. Üstündäki eýerden agansoň bolsa at uzaga gitmez. Köplenç atlaryň häsiýeti şeýleräk. Ony atyň üstünde oturanam, kowup gelýänlerem bilýärdiler. Dazyrdap gelýän at obanyň çetinden girensoň kowguçylar inçejik umytlaryndan el üzmeli boldular. Tarlaňy garşylan itleriň sesi kowýanlara atlarynyň jylawyny çekdirdi. Kowgy yzyna öwrüldi. Indi olaryň özlerine gaçyp gutulmak gerekdi. «Obanyň alkymynda ýol urýan galtamanlar bar». Bu habary eşiden dessine obanyň ýigitleri atlandylar. Olar Ahaly ýanlaryna alyp, Garamergeniň serdarlygynda Ýalaňaç baýra tarap at salyp gitdiler. Ýaňky aždarha deý kowalap gelýän atlylaryň garasy görünäýse nädersiň. Garamergeniň nökerleri Ýalaňaç baýryň daşyndan birki gezek aýlandylar. Kä ýerde at toýnaklarynyň yzy görnäýmese, başga zat olaryň gözüne ilmedi. Onsoň ýigitler derek tapman, oba dolanyp geldiler. Bu Ahalyň galtamanlar bilen ilki duşuşygydy. Ol soňam bir gezek duşuşypdy. Ýene ol soňky duşuşygy ýatlap ýetişmänkä, Dorbedew keýerilip, öňdäki belentlige çykdy. Aňyrky oýda otlap, garnyny otaryp, güneşläp ýatan otuz çemesi keýik güsürdäp ördi. Olar hem edil Dorbedewiň edişi ýaly ilki bir gulaklaryny keýertdiler-de ümdüzine tutduryp gaçdylar. Baharyň bu ajaýyp howasyna keýpi daş ýarýan ýigit atyň jylawyny gaçyp barýan keýiklere tarap öwürdi. Ýyndamlygy şahyrlaryň goşgusynda telim gezek wasp edilen iki sany gudratyň — bedew at bilen boz jereniň arasynda çekeleşik başlandy. Başga wagtlar bolan bolsa, olaryň toýnaklaryndan çykýan tozan dik asmaga galardy. Häzir bolsa ne tozan bardy, ne-de çaň. At öňe okdurylanyndan Ahal ak telpeginiň sakagyny eňeginden geçirdi. Gylyjyny gynyndan sogurdy. Onuň öňe uzalan elindäki jöwher gylyç günüň şöhlesine ýyldyrym çakan ýaly bolup lowurdady. Keýikler pesinden, ýüz gulaç ara daşlykdan gaçypdylar. Ýöne welin at bilen olaryň arasy barha ýygrylýardy. Ahal öňem bir gezek at bilen kowalap keýik awlapdy. Bu waka gyşyň başlarynda, Hangaçan düzlüginde bolupdy. Ahalyň aýagynyň astyndaky şo mahal hem şu dor bedewdi. Ol wagt bular bäş atlydy. Ýüz elli hada ara daşlykdan gaçan keýikler dabyrdaşyp gelýän bäş atla zygam etdirer ýaly däldi. Ýöne beýleki bedewlerden derrew öňe saýlanan Dorbedew arany ýygryp ugrady. Olar müň hada çemesi ara daşlyga kowalaşyp gitdiler. Ahyry Dorbedew keýikleriň birini demine dartyp aldy. Ahalyň gylyjyndan läş bolan keýigi ýigitler derrew şakgaladylar. Ömür boýuna bir gapdaly çarwaçylyk bilen gün görüp ýören ýigitleriň ýanynda onuň manysy barmy? Bir keýigi şakgalamak üçin olara bir käse çaý içesi salym gerek boldy. Olaryň biri ýylgyn çybyklaryndan çiş ýasady. Başga biri çöpleme çöpledi. Beýleki biri çakmagyny şyrkyldadyp gowa düşüren uçgunyny üfläp tutaşdyrdy. Ot güwläp ýandy. Iki sany ullakan kesegiň arasyna üýşürilen közüň üstünde çybyklara düzülen dogramçalar jyzyrdap, işdäňi açyjy ys ýaýratdy. Häzirem at bilen keýikleriň arasy ýygryldygyça şol şaranyň hoştap ysy Ahalyň burnuny gaşap, kükedip giden ýaly boldy. Onuň bir enaýyja şorja tagamyna agzy garagurt atylan ýaly suwardy. Onuň gözüne indi aralygy on gulaçdan köp bolmadyk iň yzdan haýdap barýan keýikden başga hiç zat görünmeýärdi. At şeýle bir çapýardy welin, göýä ýer onuň daşyndan pyrlanýan ýalydy. Ine şol «Geçä jan gaýgy, gassaba ýag» diýilýän zat. Keýik gaçýar, onuň dagy alajy ýok. Ol janyny gutarmaly. At kowýar. Ol onuň yzyndan ýetmeli. Ol eýesiniň islegi. Eýesiniň islegini berjaý etmek wepadar bedewler üçinem, itler üçinem ýazylmadyk kanun. Ýeri, atyň üstünde oturan eli gylyçly adama näme gerek? Bu çöllerde gaça-gaça gany kakan keýigiň garalyp giden bir dogramça etimi? Möjeklerem keýikleri edil şunuň ýaly hasyrdyklap kowalaýarlar. Adamyň möjekden tapawudy barmy? Hawa, bar. Möjekler aç. Olar bir zat iýmeli. Olaryň süreninde aç çagajyklary çyňsaşyp galdy. Ene möjek bir lukma tapman sürenine neneň gaýdyp barsyn. Adamlaryň ýagdaýy başga. Eklenji başga ýerden. Olaryň güni şu keýigiň bir çümmük etine galmandyr. Ahalyň dor bedewi keýigiň yzyndan haý diýmän ýeter. Otly gylyç janawaryň bigünä başyndan iner. Ahal hezil edip şorja şara iýer. Şonuň bilen Ahala Isgender Zülkarnaýynyňky ýaly şah çykmasa-da, bir keýik welin dünýäde ýaşamaz. Onuň eýlenen hamy ojak başyndaky bir bölejik kilimiň ýerini tutar. Arlap gelýän Dorbedew keýigiň yzyndan ýetdi. Keýik aljyrady, büdredi, ýene turdy. Sap atyp, ters tarapa gaçdy. Ýöne kowgy ony sypdyrarly däldi. Janawar birden togalanyp gitdi. Hasyr-husur turdy. Jan ajygyna çommalyp oturdy. Keýikleriň beýle oturýanyny Ahal eşitmändem, görmendem. Onuň aman dileýän gözleri gorkudan ýaňa delmirip, özüniň jelladyna seredýärdi. Onuň gözünden aşak syrygan bir düwme ýaşy görmek üçin oňa siňňin seretmelidi. Ol aglaýardy. Tebigatyň bir ajaýyp synasy aglaýardy. Al howada ezraýyl ýaly bolup galgaýan jöwher gylyç häzir parlap iner. Bu aljyrap oturan keýik läş bolup ýere ýazylar. Onuň gany şarlap akar. Eger şu gaçha-kowlukdan soňam onda gan diýlen zat galan bolsa. Gylyç inäýmeli bolanda: «Saklan!» diýen çirkin ses çykdy. Ahalyň eli şo durşuna doňup galdy. Dorbedew keýigiň duşundan dazyrdap geçip gitdi. Ýigit atyň başyny çekdi. Töweregine garandy. Onuň gözüne hiç kim ilmedi. Diňe gaçyp barýan keýikler gözýetimde bir alaňa ýarmaşypdylar. Kowgy gapdalyndan geçip gidensoň özüni dürsän keýigem turup, ökjäni göteripdi. Olam beýlekileriň yzyndan haýdap barşyna, mele ýüňüň mäşirigi ýaly alaňdan aňryk togalanyp gitdi. Dünýä şeýle imi-salalykdy. Töwerekde adam garasy-ha beýlede dursun, uçup ýören guşam görnenokdy. Onda ýaňky «Saklan!» diýen ses näme? Ol ony eşitdi ahyry. Dur entek. Ol Iner aganyň, Iner golagyň sesidi. Obanyň ýaşulusy Iner golagyň bu sesi onuň gulagyna diňe menzilleriň däl, iki sany keserip ýatan ýylyňam üstünden aşyp gelipdi. Ahalyň göz öňüne öten ýyl däl, öňňil bolan bir waka gelip geçdi. Özem şu günlerden irräk, ala-bahar diýilýän günlerdi. Obanyň çilik oýnap, goh turzup ýören çagalary gaýralygyna seredip heşerlendiler. Soňra şol tarapa som-saýak ylgaşdylar. Obanyň itleri çagalardanam beter hasyrdap eňdiler. Çagalaryň jagyl-juguly kesilmese-de, itleriň sesi welin basym ýatdy. Olar eýýäm guýruklaryny bulaýlaşyp, käbiri toýdan paý ýetmedik ýaly torsarylyşyp gelýärdiler. Olar hezil edip, jabjynyp üýrjekdiler. Atyň guýrugyndan aslyşjakdylar, habyrdap hasanaklajakdylar. Arman, atyň üstündäki şu obanyň adamsy Garamergen bolup çykdy. Itleriň deregine çagalar onuň gapdalyndan ylgaşyp ala-goh bolup gelýärdiler. Garamergen bir keýigi atyň öňüne kese basypdyr. Keýigiň aýaklary, maňlaýyny gylyç çapan kellesi atlynyň dyzlarynyň ýanyn-da şalkyldap ýatyrdy. «Garamergen keýik awlapdyr» diýen söze erkek adamlaryň birnäçesi: «Ol-a bolaýypdyr», «Häý, berekella! Haý, Şallyň ogly, aw ganly!», «Bu gün onda keýikli palaw iýmek bar-da» diýşip, içki duýgularyny daşlaryna çykardylar. Aýallaryň içindenem: «Haý, berekella, tüweleme» diýenleri boldy. Iner golak welin agras ardyndy-da, ýüzüni turşartdy. «Oňarmansyň» diýip, güňleç seslendi. Garamergen ony özüçe ýordy. «Awdan galan awçynyň gözi gidýär, gabanýar» diýip düşündi. Bir çäýnek çaý içer salym geçip-geçmänkä, Iner golagyň, şol meşhur awçynyň bu awa näme üçin pisindiniň oturmandygy aýan boldy. Obanyň içine soňky ýaýran habar goja awçydan başgasyny tisgindirdi, gozgalaňa saldy. «Wah, ol-a bolmandyr-ow» diýip, olar başlaryny ýaýkadylar, ahmyr bilen dişlerini gysdylar. Diňe Iner golak şo ýagdaýy öňünden bilen ýaly, şoňa garaşan ýaly öňki durkuny üýtgetmedi. Yrymçy ýaşulular başlaryny ýaýkap: «Bu yrymyňa gowy däl, Garam, sen indi aw etmäňi goý, ýogsa bir zadyň üstünden bararsyň. Bu saňa duýduryşdyr» diýdiler. Adamlary şeýle gozgalaňa salan zat — awlanan keýigiň içinden çykan owlagydy. Keýigiň etini garyplara paýladylar. Şonda Iner golak: — Keýik diýilýän zady ýazyna awlamak düzüw däl. Olaryň haýsy teke, haýsy geçi, haýsynyň bogaz, haýsynyň ýozdugyny uzak aralykdan bilip bolanok — diýip, hemmeler eşider ýaly edip aýtdy. Ahalyň gulagyna ilen ses, gylyjy keýigiň depesinden indermekden saklan ses Iner golagyň, halypa awçynyň şol sesidi. Ýigit öz-özünden utandy. Nädip ol goja awçynyň, bütin obanyň gulak asýan ýaşulusynyň şol sargydyny unudaýdyka? Şo pikirlere gümra bolup barýan Ahalyň ýene bir zat ýadyna düşdi. Ol kellesi şarpyldap agyrýan ýaly sag elini maňlaýyna goýup, ýüzüni eýmenç turşutdy. Onuň ýadyna düşen zat gylyç Garamergeniň awlan keýiginiň çat maňlaýyndan, iki şahynyň arasyndan degipdi. «Keýik maňa garap oturdy. Gylyç inen bolsa onuňam çat maňlaýyndan inmelidi. Diýmek, bu keýigem bogaz bolmaly. Şu ýerde-de Iner golagyň ýene bir sözi ýadyna düyňdi. «Bogaz keýikler gaty ylgap bilmeýärler. Beýlekilerden yza galýarlar. Atly awça köplenç bogaz keýikler aw bolýarlar.» Ahal şu sözleri ýatlap: «Meniňem Hudaý diýen ýerim bar-ow» diýip oýlandy. Şol agyr oýlaryň astynda ýigit ýene bir depä çykanyny duýman galdy. Gerşe çykan Dorbedew gulaklaryny ýapyryp kişňedi. Bu ýagdaý eýesine ýaramady. Onuň depesinden inen sowuklyk bütin endamyny tikenekletdi. Howp ony köp garaşdyrmady. Öňden bir ýerden başga bir at Dorbedewe jogap berdi. Onuň yz ýany bilen sekiz atly garşydaky belentlige dabyrdap çykdy. Ahal atyň başyny yzyna öwürmekçi boldy. Ýeri öwräýeniňde-de sekiz atlynyň öňünden gaçyp gutularmyň? Biraz öňräk duşan bolsa, atyň başyny öwräýmegem, olardan derrew araňy açaýmagam bolardy. Bu wagt welin mümkin däl. Sebäbi onuň aty ýadaw, keýik kowalap sojatdy. Duşmanlaryň welin atlaram, özlerem daýaw görünýär. Dorbedewine näçe göwni ýetse-de, Ahal häzir atynyň başyny yza öwürmegi makul bilmedi. Gaçyp yzyňdan ýetdireniňden, dikleşip ölen gowy. Sekiz atly sekiz ýerden gylyçlaryny şagyrdadyp sogurdylar. Ahalam şolaryň edenini gaýtalady. Olar atlaryny ýuwaşja öňe sürüp ugrady. Ahalam şeýle etdi. Ol tarapdan sekiz, bu tarapdan bir atly, iki duşman bir-biriniň üstüne abanyp ugrady. Bular Maşadyň hany Ryzaguly hanyň entäp ýören nökerleridi. Ahal olary eşiginden tanady. Eýran bilen Kesearkaç türkmenleriniň arasynda uruş ýokdy. Ýöne alamançylyk, talaňçylyk dowam edýärdi. Hanyň nökerleri gelip, Kesearkaçda güýjüniň ýeten ýerini çapyp gidýärdi. Obalary talap, çarwalaryň malyny sürýärdiler. Ýigitleri, gyzlary ýesir edip äkidýärdiler. Olary gul edip, gyrnak edip, Tähran ýaly Isfihan (Yspyhan) ýaly uly şäherlerde satýardylar. Kesearkajyň türkmenlerem olardan pes oturmaýadylar. Eýran obalaryny çapawullap, gul-gyrnak getirýärdiler. Olary Kesearkajyň özünde, Hywadyr Ürgenç ýaly şäherlere äkidip satýardylar. Şally baýyň çolugy Naryz kürt bäş ýaşy dolmanka, attorba salnyp getirilipdi. Baý ony Hywa bazaryna satmaga barýanlardan iki tokly berip alypdy. Oba adamlary Şally baýa: — Bäş ýaşly çaga seniň nämäňe gerek? Gul gerek bolsa, işletjek bolsaň, halha ulularam satylýar — diýipdiler. Ýöne welin köp zatlary başyndan geçiren Şally baýyň öz hasaby bardy. — Ulularyny alsaň gaçjak bolar. Çaga onuň ýaly zady bilmeýär. Häzir-ä «elek getir, soky getir» diýen ýaly ýumuşlary öwrener, ulalansoňam wepaly gul bolar. Bäş ýaşly gul ilki geleninde, ýürek gyýyjy zaryn aglaýardy. Şally baý ony maşgalanyň arasyna getirmän, at ýatagynyň gapdalyndaky köneje tama salypdy. Agşamlaryna gul şonda ýatardy. Daňdana çenli diýen ýaly aglardy. Onuň agysy ýüregiňi dilip barýardy. Adamlar-a däl, onuň sesine itlerem çydaman, şol köneje tamyň daşyndan çyňsap aýlanýardy. Şol köne kepbe bilen golaý goňşuda ýaşaýan oba adamlarynyň uzynly gije uklap bilmän, gözlerini pökgerdip ertire çykýan wagtlary bolýardy. Şally baý diýilýän adam eýmenmedigini sylamaýardy. Bu obada onuň eýmenýän adamsy hem diňe Iner awçydy. Halys degnasyna deglen oba adamlary awça ýüz tutupdylar. Ony Şally baý bilen gürleşmäge yrypdylar. Iner awçy howla gireninden hywa donuny ýasgynjak atynyp, Şally baý onuň öňünden çykypdy. Baý oba adamlarynyň awça ýüz tutup, ony yrandyklaryny ozal eşiden bolara çemeli. Ol Ineri gürlemäge goýman: — Gelseň, hoş gelipsiň, guluň ýerini tapdym. Ony guma, çopanlaryň ýanyna iberjek. Goý, entek ýüregi düşüşýänçä şol ýerde bolubersin — diýip, ondan öňürdipdi. Edil aýdyşy ýaly, şol gün öýlänler Naryz gul guma, çopanlaryň ýanyna ugrapdy. Ahal gylyjyny sogranda, şo zatlary göz öňünden geçiripdi. Ol öňünde duran duşmanlardan rehim ýokdugyny bilýärdi. «Günäliniň oduna bigünä ýanar» diýilýän, megerem, şu bolsa gerek. Alamançylyk, talaňçylyk edýän adamlar başga adamlar. Şolaryň kösti gelip, Ahal ýaly öz gününe gezip ýörenlere-de ýetýär. Ýöne welin häzir ol zatlary degşirip oturmagyň geregi ýok. Şu wagt edilmeli iş elleri ýalaňaç gylyçly abanyp gelýän sekiz atlynyň öňünde durmalydy. Bu aňsat iş däldi. Ahal özüniň diri galmajagyny bilýärdi. «Ýöne diri ele düşmejek bolmaly. Olardanam iň bolmanda birini aljak bolmaly. Men olara diri gerekdirin. Öli maly satybam bolmaz, işledibem. Men olara hökman diri gerekdirin». Şo zatlary pikir edip duran Ahalyň garşydaşlarynyň arasyndaky üýtgeşikligi görende gözleri tegelendi. Bu näme boldugy? Duşmanlaryň ýedisi at başyny çekdi. Gylyçlaryny gynlaryna saldylar. Duran ýerlerinde sanjylan ýaly bolup durlar. Atlylaryň diňe biri gylyjyny ýygnaman ilerläp gelýär. Bu Ahalyň ýekme-ýek söweşe çagyryldygydy. Ahal düşünip, atyny onuň üstüne sürüp ugrady. Birdenem aýak çekdi-de: — Barat pälwan? — diýip, sesli aýdanyny duýman galdy. Häzir onuň garşysynda eli gylyçly gelýän külli Horasany baglan uly pälwandy. Kesearkaçda-da, Maru-Şahu-jahanda-da, Buhara, Horezmin ýaly ýerlerde-de ady belli Barat pälwandy. Ahal ony ozalam bir gezek görüpdi. Nişapurda Eýranyň uly baýy toý edipdi. Şol toýa Kesearkajyňam bagşy-sazandalary, mergenleri, pälwanlary, bedew atlary gatnaşypdy. Ahal şo wagt Hojaly seýsiň çapyksuwarydy. Ol seýis bilen şol toýa Tarlaňy alyp barypdy. Nişapur baýynyň goýan baýraklaryndan on gulaç pereň parçasy bilen bir guba arwana alyp gaýdypdylar. Şol toýda-da eýle-beýle pälwanlary sowup, gezegi Barat pälwana beripdiler. Eýranyň uly pälwany üçin baýrak goýdular. Birinji baýrak üçin lur taýpasyndan bolan bir ýaş pälwan çykdy. Adamlar onuň Barat pälwan bilen tutluşardan ejizdigini, güýç synanyşardan asgyndygyny, onuň ýeňiljekdigini görenlerinde aňdylar. Olaryň göreşi uzaga çekmedi. Geçse bir jüňňül suw içesi salym geçendir-dä, Barat pälwan bir silkenden soň lur pälwany üstüni kakyp ýerinden turdy. — Barat pälwana goýlan ikinji baýrak teke halysy. Milti bolan pälwan orta çyksyn. Gulaly pälwan, Ybadylla pälwan, eşitmedik diýmäň! — diýip, toýuň jarçysy döwre gurap duran märekäniň öňünden aýlandy. Adamlar «Oňa kim çykarka?» diýip garaşdylar, Jarçynyň birinji çakylygyna-da, ikinji çakylygyna-da hiç kim ses bermedi. Märekäniň öňünde ýeke öýliň horazy ýaly, gollaryny gowaldyp, gabaryp ýören Barat pälwany göreniňde, biliňi guşap orta çykmak üçin gözsüz batyrlyk gerekdi. «Barat pälwan pylan ýerde göreşende pylan pälwanyň goluny döwüpdir, pylan pälwany seňseledipdir» diýen ýaly sözleri Ahal ozalam telim gezek eşidipdi. Jarçy üçünji gezek: — Pälwanlar, gorkýan bolsaňyz, onda baýrak Barat Pälwana berilýär — diýip gygyrdy. Şondan soň kyrk ýaş çemesindäki, belki kyrkdanam köpräkdir, daýaw kürt pälwany orta çykdy. Oňa Huşnaf pälwan diýýärdiler. Huşnaf Koý. Onuň çermelen gollary, açyk döşi durşuna çöpür bolup durdy. Onuň bürgüdiň çüňki ýaly ortasy örküçli, ujy egrelip duran burny, gatyşan gür gara gaşlary, gulaklarynyň içinden çykyp duran çogdam gyly ony hasam hyrsyz görkezýärdi. Bularyň göreşi uzaga çekdi. Kä ol badak saldy, kä beýleki içden çilşirdi. Märekäniň ortasynda süsüşýän öküz ýaly omadaklaşyp telim gezek ters aýlandylar. Olar märekä kä golaýlaşýardylar, kä daşlaşýardylar. Pälwanlaryň ikisi-de süllümbaý ezildi. Iň soňunda Barat pälwan Huşnafy ýykdy. Ýöne gaty kynlyk bilen ýykdy, göreş tamam bolandan soňam Barat pälwan özüni dürsäp bilmedi. Kimdir biri onuň eline göwşüllän tüýnükli ýaglygy tutdurdy. Barat pälwan onuň bilen yzly-yzyna derini çaldy. Üçünji baýrak üçin pälwan çagyrmadylar. Diňe jarçynyň özi orta çykyp: — Barat pälwan bilen göreşmek üçin teke-türkmenleriň meşhur pälwany Garadolan. ýörite gelipdir. Häzir oňa tomaşa ediň. Baýraklary bir gyr at — diýdi. Garadolan pälwanyň adyny Ahal köp eşidipdi. Ýöne ol Kesearkaçdan bolsa-da entek özüni görmändi. Barat pälwany ilkinji gezek görşi ýaly, ony hem ilkinji gezek görýärdi. Märekäniň öňüne bili salpyrak guşalan ýaşyl tirme guşakly, inçesagt, daýanykly garaýagyz pyýada çykdy. Ahal öz ýanyndan: «Ine, bu tüýs adyna mynasyp ekeni» diýip pikir etdi. Ol daglarda bitýän garadolan diýen agaja beletdi. Ony telim gezek çalyp, pil sapy, palta sapy ýasapdy. Ýöne ol pälwanyň adynyň Garadolan däldigini, düýpden başgadygyny, keşbini şol agaja meňzedip, Garadolan adynyň soň dakylandygyny bilenokdy. Märekäniň çak edişi ýaly bularyňam göreşi uzaga çekdi, olar, çep aýaklaryny öňe atyp, sag aýaklaryny gaça saklap, köp aýlandylar. Kä ol, kä beýleki duýdansyz hüjüm edip, aýaklar tapyrdap gidýärdi. Barat pälwan Garadolany näçe gezek dyzyna göterdi. Ol ony aýlap ýere çalmakçydy. Ýöne garşydaşy beýle etmäge maý bermeýärdi. Ol iki aýagynam ýerden göterip, Barat pälwanyň gursagynda düwlen ýaly bolup durdy. Ony agdarmak üçin öňürti özüň güwläp gaýtmalydy. Ýere golaýladan dessine ol ýene aýagyny ýere direjekdi, özüňem gabyrdadyp basjakdy. Bu emel göreşde goranmak üçin esasy emelleriň biridi. Şonuň üçin Barat pälwan şo göterişine telim gezek aýlasa-da, ýere uraýyp bilmedi. Ony goýbermäge mejbur boldy, ýene çekeleşdiler. Baradyň güýçlüdigi görnüp durdy. Ýöne Garadolan emele ökdedi, çeýedi. Märekäniň öňki gykylygy, öňki şowhunydy. «Garadolan çilşir!», «Barat ýanbaşla!» Iller öňe omzasa, öňe omzap, yza çekilse yza çekilip, Ahal Garadolan üçin Hudaýy çagyrýardy. Ol hudaýýoluna bir petir çöregem aýdypdy. Ýöne onuň ähli dilegi biderek boldy. Uzak çekeleşikden soň ýadadymy, hüşgärligi elden berdimi, garaz, Barat pälwan bir silkende Garadolanyň dyzy ýere degdi. Göreşiň kanuny şeýle. Tötänden dyzyň ýere degse, ol ýeňildigiňdi. Şeýdip, özi üçin goýlan baýragyň üçüsinem Barat pälwanyň özi aldy. Ine, şol pälwan serçäniň üstüne eňen gyrgy ýaly bolup, Ahalyň üstüne gelýärdi. Bu nädip beýle bolduka?! Il-günüň hormatlap, apalap ýören pälwany şu derejä, ýol urmak, garakçylyk etmek derejesine nädip ýetip bildikä? Ahal başga bir zady bilmese-de, Barat pälwanyň durmuşynda bir üýtgeşikligiň, onda-da gaty ullakan üýtgeşikligiň bolanyny aňdy. Pälwan öňki pälwana meňzänokdy. Horlanypdyr, garalypdyr, inçelipdir. Tanar ýaly bolmandyr. Atlar taýak ýeter aralykdan bir-birine tarap güpürdeşip gaýtdylar. Olar orta ýolda duşanlarynda, gylyçlar bir gezek şakyrt etmäge ýetişdiler. Atlar bir-biriniň duşundan geçip gitdiler. Ahal Iner golagyň, öwredişi ýaly aty çaltlyk bilen yza öwrüp, Barat pälwanyň ýeňsesinden urup biljekdi. «Uruş diýilýän zat emelden ybaratdyr. Emel bilmeseň urşup bilmersiň, urşup bilmeseň biziň döwrümizde ýaşabam bilmersiň». Ine, bu ses Iner golagyň sesidi. Ýöne bular ýaly ýekme-ýek söweşde bu emeli ulanmak bolmaýar. Ol karamdy, namartlykdy. Bardy-geldi gylyjy elinden gaçaýsa, ýa at büdräp ýykylaýsa, beýleki tarapy oňa gylyjyny almaga, atyna münüp, özüni dürsemäge maý bermelidi. Ine, bu ýekme-ýek söweşiň ýazylmadyk kanunydy, mertlikdi. Yza öwrülip, bir-birine täzeden okdurylan atlar bu gezekki duşuşykda geçip gitmediler. Olaryň ikisem çarpaýa galdy. Gylyçlar şakyrt, şakyrt edip seslendi. Pälwan horlananam, inçelenem bolsa, entek onuň golunda güýç bardygyny Ahal derrew aňdy. Ýigidi iň gynandyrýan zat şu söweşde ortalyk ýokdy. Ýa ol Ahaly öldürmeli, ýa-da Ahal ony. Muňa ýekme-ýek söweşiň kanuny diýerler. Edil göreşdäki ýaly. Göreşde-de ýa ýykylmaly, ýa-da ýykmaly. Çar düşeniň hasap edilmeýär. Baýrak ýekeje. Baýraga goýlan düýäni ýa-da halyny ikä bölüp bolmaýar. Bu ýerde-de şonuň ýaly. Baýraga bir ömür goýlupdyr. Ony söweşýänleriň haýsam bolsa biri almaly. Şakyrt, şakyrt, şakyrt... Gylyçlar dynman şakyrdaýar. Her gezek çaknyşanda uçgun syçraýar. Töwerekdäkiler: «Barat! Barat!!» diýip gaty sesleri bilen gygyrýardylar. «Ahal!! Ahal!!» diýip, oňa gop berýän ýekeje sesem ýokdy. Çarpaýa galan atlar bir-birine agyz salýardylar. Şakyrt, şakyrt... Birden tätänlik boldy. Barat pälwanyň aty büdräp alkymyny ýere berdi. Özi zyňlyp honda düşdi. Gylyjyny gaçyrdy. Atyň aýagy syçanyň kürümine giden bolara çemeli. Ahal atyň başyny beýläk sowdy. Tötänden ýykylan adamy urmak bolmaýar. Oňa ýerinden turmaga, gylyjyny almaga, ata münmäge, özüni dürsemäge maý bermeli. Ýogsa namartlyk bolar. Birden üstüne gaýa ýykylana döndi. Nämäň-nämedigini seljermäge ýetişmedi. Zordan özüni dürsände, eýýäm iki elem daňylgy. Ýedi atlynyň ýeri ýerden üstüne eňenini duýman galypdy. Ol eýýäm atyna atlanan Barat pälwana ýigrenç bilen seredýärdi. Ahaly aldadylar, gapyl basdylar. «Maňa bir zat bolaýsa, ýerli-ýerden eňiň» diýip, Barat öňünden tabşyran bolmaga çemeli. Adam ejizlände gaty ejizlär ekeni. Pälwan Ahalyň gözüne şeýle bir ownuk, gyl ýaly zat üçin uly galmagal turuzýan jinnekçi adamlar ýaly bolup göründi. Özi üçin ýörite üç baýrak goýlan, arassa göreşde ýykyp, şol baýraklaryň üçüsinem almagy başaran, märekäniň elinde göterip oklap gapan şol pälwanynyň şeýle ejizlänini, ownanyny, namartlanyny görmegiň özem uly jezady. Barat pälwan bärsine bakanda, olaryň göreçleri çakyşdy. Pälwan eli daňylgy bulanyp ýatan ýigidiň ýüregindäkini onuň gözünden okady. «Hä, sen maňa ownuk diýýärmiň, namart, ejiz diýýärmiň asyl!..» Pälwan atdan agdy. Bilindäki gamasyny sogrup alyp, burjulap duran çytyk ýüzi bilen Ahala tarap ugrady. «Namart, ejiz» diýen pikiriňi ýene bir gaýtala» diýýän äheňde onuň üstüne abandy. Soň egildi-de, daňlan elleriň ýüpüni kesişdirip taşlady. Ahal daňynyň derdinden awuşan goşaryny owkalaşdyryp, dik oturdy. Barat pälwan Ahalyň gylyjyny alyp, atyň öňüne kese basan serbazyň ýanyna bardy. Sesini çykarman, gylyjy alyp, ony Ahalyň ýanyna oklap goýberdi. Dorbedewi tutaklap gelýän nökeriň elindäki jylawy aldy. Ony eýeriň gaşyna ildirip, bedewiň buduna kakyp goýberdi. Bu ýagdaýy synlap duran atlylar geň galyp, soragly nazar bilen bir-birlerine seretdiler-de, duran-duran ýerlerinden ata gamçy çaldylar. Pälwanyň aty olaryň ugruna bir imrindi. Ýöne üstüniň boşdugyny, eýesiniň şu ýerdedigini aňyp, olaryň yzyna düşmedi. Atlylar bolsa hälki gaçan keýikler ýaly dabyrdaşyp ilerki belentlikden aňryk aşyp gitdiler.