Şandor Petefi (wenger şahyry) ASUDA DURMUŞ Komediýa tamam! Zaldaky ilat Ne sygyrýar, ne el çarpýar bu ýerde. Men oýnap boldum-da sahnadan çykdym, Ýapyldy ullakan agramly perde. Ine men öýümde. Uzakda galdy Şol öňki gam bnlen eýlenen dünýäm, Bir mahal şadyýan student wagtym, Ulagly, pyýada aýlanan dünýäm. Aşyk bolup alan aýalym bilen Obada asuda otyryn indi. Dünýäni darmyka öýdýärdim welin, Öýmüziň içine giňişlik indi. Aýalymyň näzli ýylgyrmasyna, Agşama, günorta, daňa seredýän. Şu ýerdäki görýän eşretlerime Biwepalyk etmejegme ant edýän. Bu lezzetden, bu asuda durmuşdan Üzmen indi ýüregimiň örküni. Şeýle geň, düşnüksiz haryt diýilýän, Ine bak, söýgüli aýal ekeni! Goşgynyň orsçasy ТИХАЯ ЖИЗНЬ Конец комедии! Не свищет, Не рукоплещет больше зал. Я, отыграв, покинул сцену, И тяжкий занавес упал. И вот я здесь. И так далеко Тот мир, который весь кругом Когда-то я, студент веселый, Объехал, обошел пешком. С моей возлюбленной женою Сижу в деревне, в тишине. И хоть считал я землю тесной, Теперь в дому просторно мне. Я вижу здесь жены улыбку, Рассвет, и полдень, и закат. Клянусь, на все, что здесь я вижу, Я без конца глядеть бы рад. Такие странности предвидеть Кто мог в былые времена? Но вот! Такой уж странный, странный Товар — любимая жена! Колто, октябрь 1847 г. Rus dilinden terjime eden şahyr Kerim Gurbannepesow

Köneler, sawyer tarapyndan 6 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir