Şandor Petefi (wenger şahyry) BÖRÜLERIŇ AÝDYMY Çal bulutly alyslarda Gyşyň tupany uwlaýar, Syrgynyň ýakyn hemrasy — Gar bilen ýagyş şuwlaýar. Birehim çölde kaňkaşyp, Ömrümiz ötürýäs häli, Bir topbak-da çöp-çalam ýok Ygyşak ediner ýaly. Bir ýandan — aldajy sowuk, Bir tarapdan — ganym açlyk, Goşa derde çydap bilmän, Ysgyndan-kuwwatdan gaçdyk. Bar olaryň ýene biri: Tupeň bilen gara däri. Gyzyl ganymyz sarkdyryp, Ýuwýarys biz duw-ak gary. Deşse-de ok böwrümizi, Surnuksak-da buýup gyşda, El serip, gedaý bolsak-da, Ýaşaly erkin durmuşda! Goşgynyň orsçasy ПЕСНЯ ВОЛКОВ Воет вихорь зимний В облачные дали, Близнецы метелей — Дождь со снегом валят. Горькая пустыня — В ней нам век кружиться, В ней куста нет даже, Где б нам приютиться. Здесь свирепый холод, Голод в брюхе жадный, — Эти два тирана Мучат беспощадно. Есть еще и третий: Ружья с сильным боем. Белый снег мы кровью Нашей красной моем. Хоть прострелен бок наш, Мерзнем днем голодным, Пусть в нужде мы вечной, Но зато свободны! Пешт, январь 1847 г. Перевод Н. Тихонова Rus dilinden terjime eden şahyr Kerim Gurbannepesow

Köneler, sawyer tarapyndan 6 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir