BEKI SEÝTÄKOW D E R Ý A D A Hekaýa I Dem almaga howa ýetmeýärdi. Biz myhmanhanadaky otagymyzyň gapysyny, aýnalaryny giňden açdyk. Azajyk-da bolsa howanyň hereket etmegini, şemalyň öwüsmegini göwün arzuw edýärdi. Hammamdan çykan ýaly bolup, jaýyň ortasynda gara dere batyp duran Annaberdi: — Tamyň diwaryny aýyrsaňyz-da geljek zat ýok, onuň üçin azara galman, gowusy derýa boýna gideliň. Belki, ol ýeriň ýagdaýy gowurakdyr. Men eýýäm polotensamy çalşyrmasam bolanok. Ýogsam, muny ýaňyja elime alypdym — diýdi. Bu maslahat maňa-da, biziň üçünji ýoldaşymyz Mämmetdurda-da ýaraman durmady. — Gogolyň pomeşigi ýaly gün batýança, suwa girip otursaňyz-da men bar. Gideliň. Derýa däl, men-ä deňze-de gitmäge taýýar. Barybir bu gün bize garaşyp duran iş ýok — diýmek bilen, Mämmetdurdy geýnip başlady. Biziň köwüşlerimiz-de, geýimlerimiz-de gyzgyn pejiň içinden çykarylan ýaly gyzypdy. Geýnenimizden soň, ýagdaý öňküden-de agyrlaşdy. Ýürek hopugyp, gözümiz garaňkyrady. Demimiz içimize sygmaýardy. Biziň şu wagtlar birje arzuwymyz bardy: her birimiz kelle ýaly buz ýuwdup, onuň bolsa içimizde yzygiderli eräp durmagyny isleýärdik. Köçäniň ýagdaýy jaýyň içindäkiden-de erbetdi: asfalt alan hamyr ýaly ýumşapdy, mylkyldap ýatyrdy. Köçedäki maşynlar rezinleriniň nagşyny yzlarynda galdyryp, agras ýöreýärdiler. Agaçlar köp miwe getiren erik bagy ýaly başlaryny aşak egip oturýardylar, olaryň tozanly ýapraklary kyrkgünlük ýaly saralyp görünýärdi. Adamlar duluklaryny ýyldyradyp, kölegäniň goýudan-goýusyny agtarýardylar. Şäheriň depesindäki äpet gün has aşaklap, bürünç jam ýaly gyzaryp durdy. Asfalt gutardy. Köçäniň gelşigi gaçdy. Öňümizde perde bolup duran tozan diwary gozganmaýardy. Adamlar onuň aňyrsyndan girip, bärsinden çykýardylar. Biz hem onuň bärsinden girip, saçymyzy «gyrawladyp» aňyrsyna çykdyk. Uniwersiteti ýaňy gutaran, ýaş, orta boýly Annaberdi-de, inçe burunly, inçe ýüzli, agaç et Muhammetdurdy-da şahyrdy. Emma olaryň häzirki görnüşlerinde hiç hili joşgun ýokdy. Mämmetdurdynyň deri çykyp gutarypdy. Ol indi bir zat sorasaň, jogap bermegiň ýerine ýüzüňe serederdi-de, agzyny açaýardy. Mejaly gaçypdy. Hemmämiziň aýagymyz agralypdy, daş baglanan ýalydy. Annaberdi Puşkiniň «Gyş» diýen goşgusynyň birinji oýnamyny okady. Munuň özi ýükümizi bir azajyk ýeňleden ýaly etdi. Azajyk-da bolsa göwnümizi aldady. Emma uzaga çekmedi. Töwerekdäki hakykat goşgudan güýçlüräkdi. Biz garly sowuk şemally ýanwar hakynda arzuw edýärdik. Biz gary göz öňüne getirmäge synanýardyk, emma bolmaýardy. Ol ýadymyza düşen badyna hyýalymyzda eräp gidýärdi. Derýa boýuna gelmek bilen dünýä täzeden inen ýaly bolduk. Suwa düşülýän saý ýere baryp, derrew özümizi suwa urduk. Hezil etdik. Soňra içki geýimlerimizi çalaja sykyşdyryp geýindik. Alabeder bir şekile girip, pristanyň naçalniginiň kabinetinde peýda bolduk. Naçalnik biziň öňümizde çaý goýdy. Derýa durmuşyndan gürrüň bermäge başlady. Geýimlerimiz öl-suwdy, onuň üstesine-de çaý içip derledik. Umuman, ýagdaýymyz gaty düşnüksizdi. Her kim köne dertli ýaly bugaryp oturýardy. Bize üç adamlyk motorlyja gaýyk, ony sürüp bilýän adam gerekdi. Naçalnik goňşy otagdaky sekretaryny çagyrdy. Ol ýok eken. Şonuň üçin onuň özi golaýdaky bir tama gidip gelmeli boldy. Onuň aýaklary kelteden ýogyndy. Naçalnigiň gujurly görnüşi bardy.