Şandor Petefi (wenger şahyry) HOŞLAŞYK Zordan daň atypdy — Gün ýaşdy birden, Zordanjyk gelipdim — ýene-de gidýän, Ýaňja öpuşmäge ýetişdik zordan, Eýýämden hoşlaşyk sözün eşidýän, Ömrüm, janym, tenim, eziz aýalym, Taňrym saňa pena bersin ylaýym! Lira ýerne gylyç aldym goluma, Ýaňja-da şahyrdym, indi men soldat, Altyn ýyldyz ýerne meniň ýoluma Ýagty saçýar howsalaly harasat. Ömrüm, janym, tenim, eziz aýalym. Taňrym sana pena bersin ylaýym! Ýok, men şöhrat uçin düşemok ýola, Şöhrat gözlämok men üşbu dünýäde, Maňlaýymda lawr wenogy bile Bagt gülleri orun tapmaz birbada! Ömrüm, janym, tenim, eziz aýalym, Taňrym saňa pena bersin ylaýym! Gidemok men şöhrat üçin, şan üçin, Bireýýäm unutdym ony hemişe. Ganym dökjek Watan — mähriban üçin, Ine, şonuň üçin çykdym söweşe! Ömrüm, janym, tenim, eziz aýalym, Taňrym saňa pena bersin ylaýym! Göreşýärkäm Watan üçin, seň üçin, «Meniň hakda oýlan!» diýmen saňa men. Men seni tanaýan, tanaýan içgin, Birje pikiriň bar, ol hem diňe men! Ömrüm, janym, tenim, eziz aýalym, Taňrym sana pena bersin ylaýym! Maýyp-müjrüp bolup gelerin, belki, Şonda-da söýersiň, söýersiň meni. Söýjegiňe Hudaý şaýatdyr ilki, Söýmäge beripdi berende Seni. Ömrüm, janym, tenim, eziz aýalym, Taňrym saňa pena bersin ylaýym! Goşgynyň orsçasy ПРОЩАНЬЕ Едва рассвет — и вот уже закат, Едва пришел — и ухожу назад, Едва успел тебя поцеловать — И вот слова прощальные звучат! О жизнь моя, душа моя и плоть, Жена любимая, храни тебя господь! Я вместо лиры саблю в руки взял, Я был поэтом — нынче я солдат, И путь мой вместо золотой звезды Кровавые сполохи озарят. О жизнь моя, душа моя и плоть, Жена любимая, храни тебя господь! Не жажда славы в путь меня влечет, Не лавров я ищу на сей земле,— Не уместятся лавровый венок , ! И розы счастья вместе на челе! О жизнь моя, душа моя и плоть, Жена любимая, храни тебя господь! Не жажда славы в путь меня влечет,— Давно все это умерло во мне! Отчизны ради кровь свою пролью — Вот для чего я нынче на войне! О жизнь моя, душа моя и плоть, Жена любимая, храни тебя господь! Не заклинаю: «Думай про меня, Когда за родину я бьюсь и за тебя!» Тебя я знаю! Знаю: у тебя Одна лишь мысль — и это только я! О жизнь моя, душа моя и плоть, Жена любимая, храни тебя господь! Быть может, искалеченным вернусь, Но и тогда ты будешь влюблена В меня, в меня! Тому свидетель бог! Он знает, как любовь моя верна. О жизнь моя, душа моя и плоть, Жена любимая, храни тебя господь! Эрдёд, 17-22 октября 1848 г. Rus dilinden terjime eden şahyr Kerim Gurbannepesow

Köneler, sawyer tarapyndan 2 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir