Şandor Petefi HOJAÝYN ÝANOŞ Meniň hojaýyn diýýänim, Oňat hojaýyn hem weli, Kisesinde haçan görseň, Ýokdur ýeke jinnek puly. Tükenmez galla hasylyn Ýygnaýan-da şol Ýanoşdyr. Gallasyn şähere çekýär, Emma... jübüleri boşdur. Ýa-da ol meýhana baryp «Heý, çakyr ber-dä!» diýenok. Ol içenok. Emma welin, Jübüsinde bir şaýy ýok. Ýeri, nädip pul saklasyn, Çünki Ýanoşyň aýaly Juwan ýaşly işgär bilen Ýaşaýar zowky-sapaly. Goşgynyň orsçasy ХОЗЯИН ЯНОШ Он хозяин славный, Только вот беда, Что в кармане денег Нету никогда. У него родится В поле хлеб густой. Хлеб он возит в город, Но... карман пустой. Он в корчме не спросит: «Эй, вина подать!» Янош трезв. И все же Денег не видать. Впрочем, как сберечь их, Коль его жена С молодым работником Очень уж нежна? Пешт, 1844 г. Rus dilinden terjime eden şahyr Kerim Gurbannepesow

Köneler, sawyer tarapyndan 6 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir