Şandor Petefi (wenger şahyry) AHYRY ÖZÜMKI BOLDY... Ýulýa diýip gezerdim, Şu gün diýdim: «Ýulýam jan!» Goý, muny bilsin iller, Muny bilsin Allam jan! Bir seretseň, gam basýar, Bir seretseň, kemim ýok. Aglajagmam bilemok, Güljegimem bilemok. Bu söýginiň ugrunda Çekipdim jebir baryn. Ne ynanýan bagtyma, Ne-de ynanmaýaryn. Ynanmak kyn bu bagta, Dogrudanam, bu kimkän? Ahyry bagty çüwen Bu menmikäm, dälmikäm? Goý, ýapraklar saralsyn, Güller solsun, güýz gelsin, Men güýzde öýlenmekçi — Güýzüm maňa ýaz bolsun... Ýöne geljege baksam, Serimi bulaşdyrýar. Ol Gün ýaly labyrdap, Garagmy gamaşdyrýar. Gowsy, yza bakaýyn, Güne maýyl bolmaýyn. Geçmişim Aýa meňzäp, Bakýar maňa mylaýym. Ezizimiň mährinden Bagra soran lezzetlem — Eşreti — bakylyk dek, Tizligi — ýekeje dem. Çekdim özüme tarap — Doldy gujagma maýsam Lowlap duran ýaňakda Galdy ilkinji posam. Günüň otly şöhlesi Gursagymda gaýnady. Gyzyň gyzgyn ýaňagy Dodaklarmy çawlady. Ol gyzgyn öz mährine Eýledi bendi meni. Ol mähir mazarda-da Üşetmez indi meni. Rus dilinden türkmen diline terjime eden Kerim Gurbannepesow.