Indi men yekedim. Name etjegim bilman diñe aglayardym. Kelebiñ ujyny ýitirdim. Öye barmaga ýüzüm yokdy. Barmaly bolayandada bu ýagdaýda baryp bilmezdim Gunler meñzeş meñzeş bolyp geçip durdy. Ine bir gün duydansyz yagdayda öy eyesi gelip tanyş gelinleriniñ öyinde iş bar, onyñ àri iş saparda hemmä yoldaş gerek hemde öyiñ onsyny munsyny eder yaly bir gyzjagaz gerek diyip gurruñ etdi. Sen şona işe git hemmä Jayyñ mugt bolar hemde işlan hakyñy alarsyñ. Bu tayda yeke özuñ aglap ýoreriñ bilen kömek etjek yokdyr , özüñ ylgaymasañ, diyip maña bir işjagaz tapyp geldi Men goşlarym ýygnaşdyryp öy eyesi bilen olara gitdik Barsam ynha birenayy alçajyk gelneje gadyr bilen garşylady Men Nabat gelnejani gowy gördim, onyñ bilen esen tanyş yaly derrew öwrenişdim. Ol meniñ duşen yagdayyma gynandy. Gunlerde bir gün Nabat gelneje meni çagyryp -Diñle Suray belki sen razy bolsañ Sañada mañada peýdaly maslahat bar - ayt diñleýän - aytsam Surayjan seniñ maña kömegiñ gerek - o nà kömek seniñ hemme zadyñ yetiga, depseñ yranmaz baýlygyñyz bar ahyry, diydim - Wah Surayjan o zatlary ulanara öyde çaga yoga, men indi 9 yylyñ içi hiç çagam bolanok, galanok göwrame, diyip aglap başlady -Nabat gelneje goyayda sesiñi menden na kömek ayt, hany edeyin -Suray şu göwrañdaki çagany maña ber, sen hazir gyz adyñ bar, soñ öye bar kimde bolsa birine durmyşa çyk, öz bagtyñy tap, çaga barada alada etme men ony yag iydirip yüpek geydirerin, diyip meniñ bilen deñje aglap öz durmuşyñ doly dàl tarapyny aytdyp derdinişdik - Suray sen oylan göwneseñ erte seni doktora àkitjek diydi - Bolya Nabat gelneje, diyip öz işlerime gumra bolyberdim Ertesi irden men Nabat gelneja razy çagany dogryp saña berjek diydim. Ol begenjine derrew eşiklerin geyip, bu hawary àrine jañ edip aytdy. Àri hem meniñ bilen gepleşip sen name gepleseñ şol hem bolar diyip aytdy Soñ men Nabat gelneje bilen doktora gitdim. Maşgala lukmana baryp , hasaba durdym Men göwrellik baradaky kartamy Nabat gelnejaniñ adyn berdim öz adym diyip, pasportymyz zalokda öy goş alamyzda goydyk diyip aldadyk Maşgala lukman meni wagtlayyn ýaşaýar diyip hasaba aldy Biz lukmandan gaydyp bazara bardyk. Nabat gelneje bir çaga eşik aldy iki sary paket badyr, mañada iki lay eşik alyp berdi. Şo günden soñ meniñ durmysym doly üytgedi. Nabat gelneje maña iş etdirenok ony iy, muny iy, ony iyme, muny iyme meniñ iymitime diklem duryp sertýardi Ay gun geçdi, meniñ wagtym boldy biz şo dokument boýunça roddoma bardyk, pasportynyz gerek diyende Nabat gelnejem yene bahana tapdy. Meni üç gunden soñ roddomdan çykardylar we surat gerek diydiler. Nabat gelnejem öz suratyn we pasport kopiyasyn çagany daşary çykaryp meni maşyna mundirip, şofera me şu zatlary işikde durana ber diyip dokumentleri berdi. Ay name suraty yetmeyän surat bilen yuz kesbi deñeşdirip duran barmy, hiç kim bilmedàm Biz öye geldik.Men çagany Nabat gelneja berip Gyzylarbatdaky ayal doganymyñka gitjekligim aytdym Nabat gelnejem àrim gelyar erte gelsin özi seni elin düşürip gaydar diydi Ertesi men goşlarym yygnadym Nabat gelnejem we yoldaşy maña ummasyz pul, egin eşik, gymmatbahaly şay sep bilen sylaglap meni ayal doganymyñka elin düşürip gaytdy Men onsoñ olary bir gezek hem görmedim, yone oguljygym gözi edilje Keremiñ gözidi Bu wakadan soñ bàş yyl geçdi, men bu yyllarda hiç hili olar bilen gabatlaşmadym Men soñ Wepa diyip bir oglan bilen tanyşdym.Soñ ol halayanyn aytdy, razy bolsañ öylenjek diyip aytdy. Wepa men duşen yagdayym aytdym, soñ erteki gün ýüzüme dañma diyip. Ol hem arkayyn bol meniñ durmysym hem señkiden öwerlik dàl menem diñe öylendi adyna galdym meniñ hem durmyşym dyr-bulaşyk diyip aytdy Men Wepa bilen toy tutdym, toyy ulydan tutdyk enem atam dagy bilen hem razylaşyp, bular olary hem razy edip ak pata alyp durmyş yolyna ikimiz bileje gadam basdyk. Meni Wepañ bir aydan sözi hiç mañzyma batmady ol hem çagany taşlamadyk bolsañ şu wagt biziñ 5 ýaşlyja oglymyz bolardy, özam onyñ adyna hem Sapa goyypdyrlar ekeni, seret meniñ adym bilen çalymdaş bolardy, diyip meniñ 5 yyl mundan öñ eden ökünip añyrsyna çykyp bilmeyän günami yatlatdy otyryberdi Birnäçe gün geçdi weli men Nabat gelnejani idap geldim. Nabat gelneje meni görup gujaklady, başyña bir iş düşdümi diyip pul hödürledi. Men gepi nameden başlajagym bilmedim we ahyr yuregim daşa baglap - Nabat gelneje men öz oglymy Sapany almaga geldim, diydim - Suray ilki sen oglyñ nahili ýaşayanyn gör we indi men ony saña bermen sen tutyş gözuñ göryan zadyn alay şu öyden, ýöne men Sapajanym bermen, men diñe şonyñ üçin ýaşaýan diydi Menem şu öyden name almaly bolsa men şuny sayladym diyip añyrdan ejaaa diyip Nabat gelnejeme ylgap gelyan oglanjygy elim bilen tutyp gujakladym Sapa bolsa bir çyrlady menden yadyrgap Nabat gelnejem haydap gelip batly elimden Sapany aldy we Indam şu öyden yok bol, bu çaga senki dàl meñki, sen bu çagany 5 yyl mundan öñ maña satdyñ, eger şonda men bu çaga eye bolmadyk bolsam bu çaga hazir yetimler öyinde bordy iñ soñy hem sen şo wagt dogyryp roddomda goyyp özuñ hem gaçmagy ýüregiñe düwüpdiñ Indam gowja pikir men öynamaga bar dokumentasiyalary öz adyma yazdyrmadym, seniñ edip biljek zadyñ yok, çagany sen dogyran hem bolsañ çaga baradaky dokumentler diñe meniñ adyma yazlan we çaganyñ doglyş şahadatnamasy hem meniñ adymda dur, seniñ yeke yerde hem adyñ yokdyr diyip elime bir lokga pul berdide howlydan sürap diyen yaly çykaryp kowdy. Men beren pulyn yzyna zyñdym we diñe çagamy beriñ diyip agladym Nahat gelnejem hakyky dogry aytyardy, şo mahal yeke yerde hem men öz adym goýdyrmadym.Öz islegim boýunça, gyz halyna çaga dogyrdy diyen ada eýe bolmajak bolyp, yekeje yerde hem adymy yazdyrmadym Meniñ çagalyk düşünjam, yekelik, agyr gün, aldanmak durmyşyñ kynçylygy, şo mahallar meni pikir etmage goymady, bolan iş boldy indiki maslahat Meniñ barmadyk yerim galmady, hiç yerde meninki dogry diyyan yok, baran yerim iñ bolmanda dogran kagyzyñ getir diyarler. Men ony nireden alayyn şo mahal hatda şo tayda hem Nahat gelnejem öz adyny yazdyrda?!!!!!! Men näme etmeli, maña şu barada maslahat gerek men öz çagamy alyp bilerinmi yada yok?! Ya utuldymmy indi ýa öz durmyşym bilen bolybermelimi?! Men näme edeyin?! Men öz çagamy alasym gelýär?! Awtordan waka öz rugsady bilen yazyldy we sizden, siziñ beryan maslahatyñyzy ol okap otyr, ol agza dàl meni yzarlap mende myhman bolyp otyran biri, ol siziñ yazan teswirleriñizi okap otyr Belki Suraya tazeje durmyşyna gönükdirmek üçin bir zatlar maslahat goldaw berersiñiz! Ýenede etjek hayyšym Suray sizden ruhy goldaw we maslahat isleýär, ol özüni bagyşlap bolmajak eden işi uçün wyjdan azabyn çekýar, hemde siziñ özüñiz şonyñ yerine bolan bolsaňyz name ederdiñiz?! Nowça

Köneler, Nowcha90 tarapyndan 6 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir