Kate yalnyzlykda otursam ozum,
Kate gaharlanyp, chytylsa yuzum,
Kate ukym gelip, yumulsa gozum,
Teshne yurek Jemalyna suwsayar
Gara gozlim, gownum seni kuyseyar!

Gorechlerde gujur bilen batlansam,
Uyshmelende alkysh bilen yatlansam,
Arzuwlarym goge galyp shatlansam,
Ya-da hasarat yurek-bagrym gyysa yar!
Gara gozlim, gownum seni kuyseyar!

Bahar geler, guller bilen shaylanyp,
Seyran etsek bayyrlary aylanyp,
Akja bulut "Yagsammy" diyip, oylanyp,
Chabga gelip, suw-sil guysa yar,
Gara gozlim, gownum seni kuseyar!

Meydana yazlypdyr bahar halysy,
Gel, bile kesht etsen yakyn-alysy,
Mana at goydular: "Yshkyn dalisi",
Men nadeyin, yurek sheyle soyse. yar!
Gara gozlim, gownum seni kuyseyar!

Köneler, Nowcha90 tarapyndan 6 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir