Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen ýurdumyzy hemmetaraplaýyn ösdürmek boýunça uly işler amala aşyrylýar. Häzirki wagtda ýeňil we agyr senagata goýulýan uly göwrümli maýa goýumlar, şeýle hem önümçiligiň dünýäniň ösen innowasion tehnologiýalary esasynda gurnalmagy, eýýäm şu günlermizde özüniň oňyn netijesini bermek bilen çäklenmän, eýsem geljekde hem ýurdumyzyň eksport kuwwatyny artdyrmakda we eksporta ugradylýan harytlaryň görnüşleriniň artdyrylmagyna getirer. Durnukly ykdysady ösüşimiziň netijesinde häzirki zaman bütindünýä ykdysadyýetiniň çylşyrymly ýagdaýlaryna garamazdan, jemi içerki önüminiň ösüş depginleri saklanyp galdy. Bu ösüşleriň ählisi geljekde milli manadymyzyň durnukly boljakdygyna şaýatlyk edýär. Şu günki günde ýurdumyzyň bank ulgamy ykdysadyýetiň çalt ösýän pudaklarynyň biri bolup, bank ulgamyny ösdürmegiň döwlet maksatnamasynda kesgitlenen çäreleriň çäklerinde bank amallarynyň täze görnüşlerini girizmek hem-de bu ulgama innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak boýunça uly işler amala aşyrylýar. Ýurdumyzda milli kart ulgamynyň döredilmegi we onuň kämilleşdirilmegi uly depginler bilen dowam etdirilýär. Mysal üçin “Altyn Asyr” kart ulgamyndan peýdalanýan raýatlarymyz kart üsti bilen bankomatlardan we töleg terminallaryndan milli manadymyzy nagt almaga, öýjükli telefon hasaplaryny doldurmaga, şäher telefon ulgamynyň, IP-TV teleýaýlymy üçin töleglerini amala aşyrmaga, degişli ipoteka karzlaryny tölemäge, söwda nokatlarynda satyn alan harytlary üçin nagt däl hasaplaşyklary amala aşyrmaga hem-de geçirilen amallar barada maglumaty SMS habary boýunça almaga mümkinçilik berýän köp sanly hyzmatlardan eýýäm şu günki gün peýdalanýarlar. Ýurdumyzda nagt däl hasaplaşyklaryň gerimini giňeltmek, bank kartlaryndan peýdalanyjylara hödürlenilýän hyzmatlaryň görnüşlerini artdyrmak hem-de bank ulgamyna döwrebap hyzmatlary ornaşdyrmak maksady bilen geçirilýän işleriň çäklerinde bank kartlarynyň üsti bilen, hakyky wagt tertibinde hasaplaşyklary geçirmek üçin internet-bank ulgamy taýýarlanyldy. Onuň ýurdumyzda giňden ýaýradylmagy ugrunda zerur bolan çäreler durmuşa geçirilýär. Müşderiler internet ulgamyna birikdirilen kompýuterleri ýa-da ykjam telefonlaryny ýa-da planşetlerini ulanyp, hödürlenilýän bank hyzmatlaryndan peýdalanyp bilýärler. Ýurdumyzyň bank ulgamy munuň bilen çäklenmän, nagt däl hasaplaşyklary halkara derejede amala aşyrmak üçin daşary ýurtlara dynç we dürli maksatlar üçin gidýän ýurdumyzyň raýatlaryna “Visa” kartlarynyň “Visa Electron”, “Visa Classic”, “Visa Gold” we ýuridiki şahslar üçin “Visa Business” kartlaryny hem-de halkara “MasterCard” kartlaryny hödürleýär. Bank ulgamynda ýokary isleg bildirilýän hyzmatlaryň hatarynda daşary ýurt pulundaky alyş-çalyş amallary hem uly orun tutýar. Ykjam bank tehnologiýalary müşderilere şu amallary hem tiz görnüşde amala aşyrmaga mümkinçilik berýär. Ýagny müşderi banka ýazmaça sargydy boýunça aýlyk zähmet hakyny ýa-da onuň belli bir bölegini VISA ýa-da MasterCard kartyna geçirip biler we daşary ýurt pulundaky amallarda ulanyp biler. Muny bir gezeklik amal ýa-da belli möhletiň dowamynda gaýtalanýan amallar görnüşinde sargyt edip biler. Şeýlelik bilen ikinji usul saýlananda alyş-çalyş amallar awtomatlaşdyrylan usulda amala aşyrylyp, zerur bolan resminamalary hödürlemek, wagtyny sarp etmek we çykdajylary tygşytlamak boýunça müşderi üçin has amatly ýagdaý döreýär. Milli pulumyz ykdysadyýetiň durnuklylygyny saklamagyň mäkäm maliýe guraly, bagtyýarlyk döwrümizde raýatlarymyzyň durmuş derejesini yzygiderli ýokarlandyrmagyň esasy çeşmesi bolup, ilatymyzyň maddy hal-ýagdaýyny has-da ýokarlandyrýar.

Köneler, kitaphanachy tarapyndan 6 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir