Türkmenistanyň Prezidentiniň 2016-njy ýylyň noýabr aýynyň 4-däki 14989 belgili kararyna laýyklykda 2017-nji ýylyň iýun aýynyň 3-4-i aralygynda Dokma senagaty pudagynyň işgärleriniň güni mynasybetli «Türkmen Dokmasy-2017» atly dokma önümleriniň halkara sergisi Aşgabat şäheriniň Söwda-senagat edarasynyň binasynyň Sergi zalynda geçirildi. «Türkmen Dokmasy-2017» atly dokma önümleriniň halkara sergisine Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň garamagyndaky kärhanalarynyň 26 sanysy öz stendleri bilen gatnaşdylar. Şeýle hem, bu sergä Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň hyzmatdaşlary bolan 67 sany daşary ýurt kompaniýalarynyň wekilleri gatnaşdylar we olaryň 15 sanysy öz stendlerini gurnadylar. Türkmenistanyň dokma senagatynyň işgärleriniň güni mynasybetli geçirilen dokma önümleriniň sergisine dünýä belli Germaniýanyň «Saurer Schlafhorst», «Trützschler», «Thies», Şweýsariýanyň «Rieter» we «Bezema», Italiýanyň «Marzoli» we «Savio», Türkiýanyň «Engin Grupp», «Cotam Enterprises Ltd.», «Gap Inşaat», «Norsel International LTD» we beýleki kompaniýalar gatnaşdylar. Mundan başga-da, sergä jemi 15 sany beýleki pudaklaýyn dolandyryş edaralary we telekeçiler öz stendleri bilen gatnaşdylar. Bu sergide jemi 56 sany stendler gurnaldy. Türkmenistanyň Dokma pudagynyň ýeten sepgitleri, önümçilik we eksport mümkinçilikleri serginiň myhmanlarynda uly gyzyklanmalar döretdi. Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň we onuň garamagyndaky kärhanalaryň wekilleri gyzyklanma bildiren kompaniýalar hem-de işewürler bilen dokma pudagynda hyzmatdaşlygy ýola goýmaklygyň mümkinçilikleri barada degişli duşuşyklary we gepleşikleri geçirdiler. Şeýle gepleşikler Şweýsariýanyň „Bezema“ we „Rieter”, Germaniýanyň «Saurer Schlafhorst», «Thies», we «Trützschler» kompaniýalar bilen geçirildi. Bu duşuşykda dokma pudagyna gerek bolan, ýurdumyzda öndürilmeýän ätiýaçlyk şaýlary, himiki materiallary we boýag serişdeleri öndüriji zawodlardan göni şertnama bilen satyn almak boýunça meselelere seredildi. Ýokarda agzalan dünýä belli kompaniýalaryň wekilleri ministrligiň garamagyndaky kärhanalary bilen göni işleşmäge, ýokary hilli ätiýaçlyk şaýlary we himiki hem-de boýag serişdeleri amatly bahalardan üpjün etmäge taýýardyklary barada belläp geçdiler. Ol duşuşyklarda Türkmenistanyň Dokma pudagynyň häzirki ýeten sepgitleri, eksport mümkinçilikleri, öndürýän önümleri we olaryň hili, fabriklerde işledilýän enjamlar, dünýäde dokmaçylykda ýetilen sepgitler we beýlekiler barada giňişleýin gürrüňler edildi. Netijede, kompaniýalar we işewürler Türkmenistanyň dokma pudagy bilen ikitaraplaýyn özara bähbitli hyzmatdaşlygy ýola goýmak hem-de ösdürmek üçin yzygiderli aragatnaşygy saklamaklyk barada hem ylalaşyklar gazanyldy. Serginiň çäginde Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň garamagyndaky tikin kärhanalarynyň we Modeller öýüniň dizaýnerleriniň lybaslarynyň dabaraly görkezilişi geçirildi. Mundan başga-da, daşary ýurtly dizaýnerleriň, ýagny Russiýa Federasiýasyndan modelýer Walentin Ýudaşkiniň we Belarus Respublikasyndan Ýuliýa Latuşkinanyň hem-de Lýudmila Labkowanyň kolleksiýalarynyň lybaslarynyň dabaraly görkezilişi geçirildi. Mundan başga-da, serginiň çäklerinde Dokma senagaty pudagynyň 30 sany zähmetde tapawutlanan öňdebaryjy işgärlerine zähmet üstünlikleri üçin Çuňňur Hormatlanylýan Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan gymmat bahaly sowgatlary hem gowşuryldy. Şeýle-de, „Çeper eller“ bäsleşigi gurnalyp, ýeňijilerine diplomlary we sertifakatlary berildi. Bu serginiň çäginde Çuňňur Hormatlanylýan Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň baş saglygyna sadaka berildi. Türkmenistanyň Prezidentiniň 2016-njy ýylyň noýabr aýynyň 4-däki 14989 belgili kararyna laýyklykda «Türkmen Dokmasy-2017» atly dokma önümleriniň halkara sergisiniň ýapylyş dabarasy 2017-nji ýylyň iýun aýynyň 4-ne geçirildi hem-de dabarada sergä gatnaşyjylara diplomlar gowşuryldy. Şeýle hem, Türkmenistanyň Hormatly Prezidentiniň adyna sergini guraýjylaryň we gatnaşyjylaryň adyndan minnetdarlyk haty dabaraly ýagdaýda okaldy.

Köneler, kitaphanachy tarapyndan 6 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir