Aşgabat şäheri gün-günden özgerýär we ol öz çäklerini yzygiderli giňeldip, dünýäniň owadan şäherleriniň hatarynda öz ornuny pugtalandyrýar. Şäher ilatynyň göwnejaý ýaşaýyş we döredijilikli zähmeti üçin ähli amatlyklaryň, oňaýly daşky gurşawyň döredilmegi, ilatyň wagtyny peýdaly geçirmegi ugrunda zerur amatlyklaryň üpjün edilmegi paýtagtymyzyň ösüşüniň möhüm ugry bolup durýar. Soňky ýyllarda Aşgabatda ähli durmuş üpjünçilik düzümlerini özünde jemleýän täze ýaşaýyş jaý toplumlary, seýilgäh zolaklary emele geldi. Ýüzlerçe desgalar guruldy. Olaryň hatarynda özüniň binagärlik we inženerçilik çözgüdi boýunça halkara derejesindäki abraýly bäsleşikleriň ýokary baýraklaryna mynasyp bolanlary az däl. Öňdebaryjy innowasiýa tehnologiýalarynyň hem-de iň gowy dünýä tejribesiniň işjeň ornaşdyrylmagy, adamlaryň ýokary hil derejeli durmuşynyň üpjün edilmegi paýtagtymyzy hem-de ýurdumyzyň beýleki şäherlerini we ilatly ýerlerini gurşap alan iri möçberli özgertmeleriň amala aşyrylmagynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhammedow tarapyndan bildirilýän esasy talaplardyr. Muňa häzirki wagtda Türkmenistanyň ähli sebitlerinde gurluşygy alnyp barylýan senagat, ulag-aragatnaşyk, medeni-durmuş hem-de beýleki maksatly desgalar, şäherleriň hem-de obalaryň häzirki zaman düzümlerini kemala getirmek boýunça geçirilýän çäreler şaýatlyk edýär. Mälim bolşy ýaly, V Aziýa oýunlary 2017-nji ýylda Aşgabat şäherinde, has takygy, Olimpiýa şäherçesinde geçiriler. Paýtagtymyz hem-de gadymy türkmen topragynyň beýleki şäherleriniň keşbini düýpgöter özgerden iki binagärlik toplumlary, ähli ýerlerde peýda bolan senagat toplumlary, häzirki zaman zawodlar we fabrikler, lukmançylyk, medeniýet, we sport merkezleri, ýokary okuw mekdepleriniň we umumy bilim berýän orta mekdepleriň täze binalary soňky ýyllarda ägirt uly ösüşe eýe bolan hem-de ösüşiň täze belentliklerine tarap okgunly öňe barýan döwletimiziň barha artýan ykdysady kuwwatynyň netijesidir.

Köneler, TDUgulya tarapyndan 10 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir