Pederlerimiziň paýhasy bilen döredilip, müňýyllyklaryň dowamynda timarlana-sünnälene Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüne kämil görnüşde gelip ýeten nusgawy gymmatlyklarymyzyň şöhratynyň dünýä dolýan Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýylynda ahalteke bedewleri hakda söhbet etmek diýseň ýakymly. Çünki deňsiz-taýsyz gözelligi bilen älemi haýrana goýup, baryp, biziň eýýamymyzdan öňki döwürde hytaý imperatory tarapyndan «behişdi bedew» diýlip tarypy ýetirilen argamaklarymyz halkymyzyň iň naýbaşy miraslarynyň hatarynda durýar. Bu bedewleri soň-soňlaram keramatly türkmen topragynda bolan daşary ýurtly ýazarlardyr jahankeşdeler «Asman bedewleri», «Ganatly bedewler» ýaly jümleler bilen şöhratlandyrypdyrlar. Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň «Läle getirmiş» şygrynda: «Ozal akan ýerden akarmyş aryk» diýşi ýaly, hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzda atçylygy ösdürmäge berýän bimöçber tagallalary netijesinde, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe gamyşgulak bedewlerimize asylky şöhraty dolandy. Bu günki gün buýsançly bedewlerimiz milli gymmatlyk derejesiniň çäginden çykyp, dünýä gymmatlygy derejesine göterildi. Milli Liderimiziň: «Kaddy-kamaty, gylyk-häsiýeti bilen özüne bendi edýän behişdi bedewlerimiz ençeme asyrlaryň dowamynda merdana ata-babalarymyzyň Watan, ar-namys, mukaddes toprak üçin alyp baran söweşlerinde olaryň goşa ganaty, beýik ýeňişleriniň, ähli rowaçlyklarynyň ýarany bolupdyr» diýip, baha berýän gamyşgulak bedewleri tutumly toýlarymyzyň bezegine öwrüldi. Biziň atlarymyz halkymyzyň uzak taryhy ýolunyň dowamynda goç ýigitleriň ýakyn hemrasy bolupdyr. Merdana ýigitlerimiz öz durmuşyny atsyz göz öňüne gitirip-de bilmändirler. Irki döwürlerde pederlerimiz atyny söweş güni gaýduwsyz gardaşy, wepaly ýoldaşy hasaplasalar, asuda günlerde toý-tomgynyň bezegi, durmuşyň gyzygy saýypdyrlar. Öz ykbalyny atynyň ykbalyndan birjik-de aýry görmedik halkymyz oňa maşgalasynyň bir agzasy hökmünde garapdyr. Iýende, ilki bilen, atyna iýdirip, bezenmäge gezek gelende özlerini unudypdyrlar, bedewlerini mahmaldyr ýüpek jullar, iň owadan şaý-sepler bilen bezäpdirler. Çünki millet hökmünde kemala gelen döwürlerinden bäri halkymyzyň aty bilen bagry mäkäm badaşypdyr. Pederlerimiz uzak taryhy ýolunyň dowamynda at wepasyny göre-göre gelýänligi üçin, ony gardaşyndan aýry saýmandyrlar. Bu barada hormatly Prezidentimiz Türkmen bedewiniň baýramynyň gursaklarymyza guwanç paýlan günleri bize peşgeş eden «Gadamy batly bedew» atly ajaýyp kitabynda: «...bedew bilen jigeri birigen ata-babalarymyz ony mukaddeslik derejesine ýetiripdirler. Bu hakda, geçmişiň sedasyna birsellem gulak goýsaň, aýan hakykaty görýärsiň. Bedew bilen süňňüň, ruhuň badaşygyny duýýarsyň» diýip ýazýar. Hakykatdan-da, bedewleriň taryhy halkymyzyň taryhy ýaly gadymydyr. Muňa Diýarymyzyň çäklerindäki antik döwre degişli ýadygärliklerde gazuw-agtaryş işleri geçirilen mahaly at bilen baglanyşykly tapylan tapyndylar güwä geçýär. Türkmenistanyň Garadepe ýadygärliginden tapylan iň irki at şekilleri biziň eýýamymyzdan öňki IV müňýyllyga degişlidir. Taryhçy alym Öwez Gündogdyýew öz işlerinde Altyndepeden ýüze çykarylan at heýkeljikleriniň häzirki zaman ahalteke bedewleriniň tohumynyň keşbini şekillendirýändigi barada belläp geçýär. Goňurdepeden tapylan eýerlenen atyň daşdan ýasalan heýkeljigi bolsa, gadymy Margianada atşynaslygyň ösendigini tassyklaýar. Arheologlar Gündogar Türkmenistanyň Şordepe, Hazarekdepe, Araphana, Hoja Idat gala, Ajy gala ýaly ýadygärliklerinde gazuw-agtaryş işlerini geçirenlerinde hem toýundan ýasalan atlaryň we atlylaryň heýkeljiklerini tapdylar. Garabekewül etrabynyň ýaşaýjylary Hoja Idat galanyň döreýşi hakyndaky rowaýatda onuň bir bölegini Düldül bedewi diýip atlandyrýarlar. Biziň bedewlerimiziň örän irki bolşy ýaly, onuň seýisleniş sungatynyň gözbaşy-da juda gadymy döwürlere degişlidir. Tebigy zehinli seýislerimiz bedewlerimizi häzirki kämil derejesine ýetirýänçäler diýseň köp zähmet sarp edipdirler. Olaryň mazaly idegini ýetirip, şaý-seplerdir haly önümleri bilen bezäpdirler. Aty bezemekde dürli esbaplar giňden ulanylypdyr. Gadymy döwürlerden bäri dünýäniň meşhur hökümdarlarynyň türkmen atlaryna atlanmagy höwes etmedigi, megerem, ýok bolsa gerek. Muňa diňe bir hytaýly imperatoryň biziň atymyza beren belent bahasy däl, eýsem dünýä taryhynda yz goýan Aleksandr Makedonskiniň Busefal atly atynyň türkmen aty bolmagy-da şaýatlyk edýär. Elbetde, meşhur ýunan serkerdesiniň ýörişlerde şöhrat gazanmagynda ýyndam, çydamly türkmen bedewiniň hyzmaty az bolan däldir. «Görogly» eposynda duşmanlary Göroglynyň bar güýjüniň atyndadygyny, atyndan düşürseň onuňam beýleki adamlardan üýtgeşik ýeriniň ýokdugyny aýdýarlar. Bu pikiri akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragy-da ykrar edip: «Ýigidiň bolmasa ýaragy, aty // Şony belli biliň, ýokdur gaýraty» diýip ýazýar. Hakykatdan-da, Görogly begiň hiç bir ýeňşini-de Gyratsyz göz öňüne getirmek mümkin däl. Meşhur türkmen serkerdesi Jelaleddin hem özüniň Garabaýyr atly aty bilen ençeme gezek şöhratly ýeňişleri gazanýar. Geçmişde biziň halkymyz gapysynda bedew kişňäp duran öýi döwletli, ata atlanan ýigidi gaýratly hasaplapdyr. Aty döwletliligiň, mertligiň, azatlygyň, erkinligiň we abadanlygyň nyşany, ýigidiň myrady hökmünde görüpdirler. Şonuň üçin, parasatly pederlerimiz tarapyndan döredilip, hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen ilimize gowşan «Paýhas çeşmesi» kitabynda mynasyp orun tapan: «Bedewli öý - döwletli öý», «Aty baryň - ganaty bar», «At - myrat», «At agynan ýerde toý bolar», «At jul içinde, göwher kül içinde», «Är ganaty - at», «Atyny ýamanlanyň, ýol biýr jezasyn, ilini ýamanlanyň, ýat biýr jezasyn», «Batyr aty bilen batyr, at batyry bilen at», «Bedew at menzil keser», «Bedew atlar semiz bolar, goç ýigitler tämiz bolar», «Är ýigidiň göwnünde eýerlenen at durar», «Guş - ganaty bile, ýigit - aty bile», «Köne dost - eýerli at», «Ak göwünliň aty armaz, dony tozmaz» ýaly onlarça nakyllardyr atalar sözleri atyň gymmatyny we durmuşdaky ornuny örän düşnükli edip aňlarymyza ýetirýär. Nusgawy şahyrlarymyzyň arasynda-da türkmen bedewiniň waspyny söýläp, olaryň gözelligini, asylly sypatlaryny şahyrana beýan etmedigi ýokdur. Munuň özi ata-babalarymyzyň dal bedewi öz gardaşy, perzendi hökmünde görendiklerine, uzak ýyllaryň dowamynda atyň milletimiziň ruhuna mäkäm ornandygyna şaýatlyk edýär. Hut şonuň üçin, Magtymguly Pyragy: «At gazanan goç ýigidiň, owal bedew aty gerek» diýse, Görogly beg Gyratyny sypalap-söýgüläp: «At kişiniň gardaşydyr» diýýär. Seýitnazar Seýdi: «Tagty Süleýmandyr üsti bedewiň» diýip, onuň rahatlygyny, göwnüňi göterijiligini Süleýman patyşanyň tagtyna deňese, Annagylyç Mätäji: «Bedew münen hassa bolsa, sag olur» diýip, at münmegiň saglyk üçin-de örän ähmiýetlidigini belleýär. Ýeri gelende aýtsak, at münmegiň saglyk üçin peýdalydygyny, birnäçe sökellikleri bejermekde diýseň ähmiýetlidigini häzirki zaman lukmanlary-da özleriniň ylmy barlaglary bilen subut etdiler. Mysal üçin, lukmanlaryň aýtmagyna görä, atlar üstündäki adamyň bedenini işjeň hereketlendirmäge mejbur edýär. Yzygiderli atly gezelenç edýän adamlar syratyny dik saklamaga endik edýärler. Netijede, ol oňurganyň göni ösmegine şert döredýär. Şeýle hem at münmek ýüregiň we damarlaryň, aşgazan-içege ulgamynyň işjeňligini gowulandyrýar. Onuň ýene bir aýratynlygy, üstüne münen kişiniň göwnüni ganatlandyryp, oňa ruhubelentlik berýänligidir. Bu bolsa adamyň nerw ulgamynyň, keýpiniň çaglanmagyna getirýär. Megerem, hut şunuň ýaly ähmiýetli taraplary bolany üçin ata atlanan ýigitleriň gujury artyp, gaýraty galkynýandyr. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe bedewlerimiziň sarpasy has-da belende galdy. «Ahalteke bedewi - biziň buýsanjymyz we şöhratymyz» atly ajaýyp kitabynda: «Türkmen topragynda kemala gelen ahalteke bedewi tebigatda ynsanyň zähmeti we zehini bilen döredilýän güýjüň, sagdynlygyň we gözelligiň simwolydyr» diýýän hormatly Prezidentimiz gamyşgulak bedewleriň şöhratyny Ýer ýüzüne ýaýdy. Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýylynda Türkmen bedewiniň baýramy has-da uly dabaralara beslenip geçdi. Hormatly Prezidentimiziň Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan dünýä ülňülerine laýyk ýokary hilde neşir edilip, bedewleriň ajaýyp suratlary bilen bezelip halkymyza ýetirilen türkmen, iňlis we rus dillerindäki «Gadamy batly bedew» atly kitaby bolsa, baýramçylyga gamyşgulak bedewlerimize mahsus belent ruh berdi. Baýram Muhammedow

Köneler, kitaphanachy tarapyndan 6 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir