Eziz Watanymyz Türkmenistan dünýäde bäsleşige ukyply ösen döwletleriň hatarynda tanalýar. Ata babalarymyz geçmişde haýsydyr bir zady irginsiz zähmetiň esasynda emele getiren bolsa biziň bagtyýar raýatlarymyz şol gymmatlyklary zähmetiň, aň-düşünjäniň täze pikirleriň üsti bilen kämilleşdirýär. Milli däp-dessurlarymyzyň, ylym-bilimiň täzeden has belent derejelere ýetmegi bolsa türkmen halkymyzyň çekýän zähmetiniň miwesi bolup durýar. Ýurdumyzda gazanylýan zähmet ýeňişleri Diýarymyzyň, bagtyýar halkymyzyň ruhy we medeni ösüşleriniň özboluşly nyşanydyr. Bagtyýarlyk döwri her bir türkmen raýatynyň kalbyna, ýüregine egsilmez güç kuwwat berýär. Dünýäniň çar künjeginde biziň ýaşyl Tugumyz juwanlygy milliligi şöhlelendirýän öwüşgini bilen belende parlaýar. Şan-şöhrady, at-owazasy dünýä ýaýran berkarar Watanymyz bedew bady bilen öňe barýar. Zähmet söýer türkmen halkymyz saglygyň sarpasyny hemme zatdan öňde goýýar. Biziň bagtyýar türkmen halkymyz 2017-nji ýyl “Sagdynlygyň we ruhybelentligiň ” ýyly diýip yglan etdi. Biziň sport jan köýerlermiz öz diýarymyzyň içinde däl eýsem goňşy döwletlerimizde-de geçirilýän sport bäsleşiklerine uly höwes bilen gatnaşýar.

Köneler, TDUgulya tarapyndan 6 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir