Hormatly Prezidentimiziň binagärlik-şähergurluşyk maksatnamasynyň esasynda beýik ösüşleri başdan geçirýän ak şäherimiz Aşgabat günsaýyn özgerýär, gözelleşýär. Orta Aziýanyň merjenine öwrülen Aşgabat şäherimiziň ak mermer bilen örtülen belent binalary, ajaýyp seýilgähleri, dürli reňklerde öwşün atýan suw çüwdürimleri, rowana şaýollary türkmen halkymyzyň agzybirliginiň we jebisliginiň, röwşen geljege tarap okgunly hereketiniň alamatydyr. Ýylyň ähli paslynda sazlaşykly gözellikleri bilen görenleri haýrana goýýan mähriban paýtagtymyzyň depginli ösüşleri bizi diýseň buýsandyrýar. Sagdynlygyň we bagtyýarlygyň ýylynda ajaýyp mekanymyz Aşgabat şäheri halkara sport bäsleşikleriniň merkezi hökmünde dünýä tanalýar. Dünýäniň iň owadan we gülläp ösýän şäherleriniň hatarynda mynasyp orun eýelän paýtagtymyzyň ençeme binalary Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi. Türkmen halkymyz her ýylyň 25-nji maýynda göwünlerimizi galkyndyrýan ak şäherimiz Aşgabadyň gününi uludan toýlaýar. Bu baýramçylyk ýurdumyzyň orta mekdeplerini tamamlap, durmuş ýoluna gadam basýan uçurymlarymyzyň baýramy bilen utgaşyp gidýär. Paýtagtymyzda we ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda medeniýet we sungat işgärleriniň gatnaşmagynda baýramçylyk konsertleri geçirilip, uçurymlarymyza ak ýol arzuw edilýär. Paýtagtymyzyň gülläp ösüşleri, halkymyzyň ýagty geljegi, ýaşlarymyzyň döwrebap bilim almaklary üçin taýsyz tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, başy dik, ömri uzak bolsun!

Köneler, kitaphanachy tarapyndan 6 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir