Türkmenistanyň ähli babatda kuwwatly döwlet hökmünde dünýä jemgyýetçiliginiň ünsüni özüne gönükdirdi. 2017-nji ýylda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynda sportuň 21 görnüşi bolup, jemi 62 sany döwletden, şol sanda Aziýa sebitine girýän 45 sany döwletden hem-de Awstraliýa we Okeaniýa sebitine girýän 17 sany döwletden wekilleriň gatnaşmagy göz öňünde tutulýar. Bu V Aziýa oýunlaryna örän uly taýýarlyk görülýändigini aýratyn belläsimiz gelýär. Şeýle abraýly sport çäresinde meýletinçi boljak ýaşlar dünýä dillerini öwrenip, öz ukyp başarnyklaryny kämilleşdirýärler. Hut şonuň üçin hem sportuň dürli görnüşleri boýunça milli we halkara derjelerinde geçirilýän çärelerde ýaş türgenlerimiz türkmen sportuna şöhrat getirýärler. Muňa mysal hökmünde türkmen türgenleriniň häzirki wagtda Azerbayjanyň Baku şäherinde geçirilýän sport çäresinde, yagny Yslam raýdaşlyk oýunlarynda sportyň dürli görnüşleri boyunça ençeme medullary gazanyp uly üstünliklere eýe bolýandyklaryny görkezmek bolar. Aziýa oýunlarynyň geçen döwründe ruhubelent bilimli ýaşlarymyz öz ussatlyklaryny görkezerler.

Köneler, TDUgulya tarapyndan 6 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir