Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy netijesinde Berkarar döwletimiz sport döwletine öwrülýär. Mermer şäher paýtagtymyz bolsa halkara ýaryşlarynyň merkezi hökmünde abraýy halkara derejesine çykdy. Diňe 2016-njy ýylyň dowamynda Olimpiýa şäherjiginde halkara ýaryşlaryň 6-sy geçirildi.Sagdynlyk we Ruhubelentlik ýylynda bu ýörelge dowam etdirilip, häzirki günlerde Agyr atletika,we kikboksing boýunça Aziýa çempionaty we suwda ýüzmek boýunça halkara ýaryşy geçirildi. Kik-boksing boýunça geçirilen halkara ýaryşyna 17 döwletden 300-e golaý türgen gatnaşdy. Has takygy, Hytaý, Koreýa, Täjigistan, Yrak, Hindistan, Nepal, Eýran, Gyrgyzystan, Malaýziýa, Owganystan, Iordaniýa, Bangladeş, Filippin ýaly döwletlerden gatnaşýan türgen oglan-gyzlar Olimpiýa şäherçesinde kik-boksing boýunça ilkinji gezek geçirilýän Aziýa çempionartynyň ýeňijisi bolmak ugrunda bäsleşdiler. Ildeş türgenlerimiz ýaryşa Türkmenistanyň at gazanan tälimçileri Aleksandr Snagowskiniň we Ýusup Haýydowyň ýolbaşçylygynda berk taýýarlyk gördüler . Türgenlerimiziň taýýarlyk tapgyrlaryna “Gapinşat” kompanýasy hemaýatkärlik edýär. Ýurdumyzyň ýygyndy toparynyň hatarynda tejribeli türgenler az däl. Olardan Koreýada geçen IV Aziýa oýunlarynda bürünç medala mynasyp bolan Şöhrat Hallyýew, şol ýaryşda bäşinji orna düşen Allamyrat Allmyradow dagy diňe altyn medal eýelemekligi maksat edinýärler. 67 kg agram çykyş etjek Şöhrat Hallyýewiň dünýä çempionatynda 3-nji orny, Finlandiýada geçen halkara ýaryşynda 1-nji orny eýeländigini ýatlasak, onda türgeniň öz maksadyna ýetjekdigine bolan ynamyň artýar. Sport ussady Allamyrat Allamyradowyň hem sport ýoly uly üstünliklere beslenýär. Ol bu Aziýa çempionatynda 81 kg agram derejesinde çykyş edýär. Umuman synag Aziýa çempionatynda türgenler 12 agram derejesinde bäsleşdiler. Ýaryş kik-boksingiň 6 ugry – point-paýting, semi-kontakt, kik-laýt, lou-kik, full-kontakt we ýekeleikde ýerine ýetirilýän maşklar boýunça dowam etdi. Umuman, gyzlar ýygyndy toparmyzdan ýaryşa türgenleriň 15-si çykyş edýär. Olary tälimçiler Ýusup Haýydow we Alekseý Halaturow dagy taýýarlady. Aziýa çempionatynda türkmenistanly kikboksçylar özleriniň çärýek final duşuşyklaryna üsttünlikl tamamladylar. Diňe 51 kg agram derejesinde çykyş edýän Bereket Nuryýew garşydaşyndan utuk sany boýunça şowsuzlyga uçrady. Türgenlermiziň bäşisiniň duşuşyklaryny wagtyndan öň tamamlandyklaryny belläp geçilmäge mynasyp. Olardan 63,5 kg agramda çykyş edýän Mekan Amanow Nepal döwletinde bolan garşydaşyny ikinji raunda seňseletmä ýollasa, 81 kg agramda Azamat Jumagulyýew birinji raundyň 20-nji sekundynda gyrgyzystanly bäsdeşini bada-bat ýeňmegi başardy. Birnäçe gün dowam eden Aziýa çempionatynyň netijesinde türkmen türgenleri 27 sany altyn medal, 25 sany kümüş medal we 23 sany bürünç medal gazandy. Toparlaýyn 2-nji orna Eýran döwletiniň türgenleri, 3-nji orna bolsa Täjigistanyň topary mynasyp boldy. Olimpiýa şäherjiginde suwda ýüzmek boýunça geçirilen halkara ýaryşynyň ilkinji gününde türkmen türgenleri 6 medala-1 altyn 3 kümüş we 2 bürünç medala mynasyp boldylar. Suwda ýüzüjiler 50 we 100 metre bäsleşdiler. Ýaryşyň umumy netijesi boýunça biziň ildeşlerimiz medallaryň sanyny 11-e ýetirmegi başardylar. Toparymyza 2 altyn medaly arkan ýüzmek boýunça Merdan Ataýew getirdi. Olimpiýa şäherjiginiň 5000 tomaşaçy orunlyk başa-baş söweş sungatlary sport toplumynyň türgenleşik zalynda dowam eden agyr atletika boýunýa Aziýa çempionatynda zenanlaryň hatarynda 48 kg we 53 kg agram derejesinde çykyş eden ildeş türgenlerimiz oňat netje görkezmegi başardylar. Zenanlar ýygyndymyzyň hatarynda 48 kg agram derejesinde çykyş eden halkara derejeli sport ussady Ýulduz Jumabaýewa ştangany itekläp götermekde bürünç medal, götermegiň iki görnüşiň umumy netijesi boýunça ýene-de bürünç medal boýnundan asdy. 18 ýaşly türgen gyzymyz şeýle netijäni ştangany itekläp götermekde 93 kg agram, silkip götermekde 72 kg agram, umumy hasap boýunça 165 kg agramy jemlemek bilen eýeledi. Ý. Jumabaýewa ştangany götermegiň ilkinji tärlerini Daşoguz welaýatynyň Gurbansoltan eje etrabynda öz daýysy tälmçi Zeripbaý Kerimbaýewden öwrendi. Zenanlar ýygyndy toparmyzdan ýene-de iki bürünç medaly gazanan halkara derejeli türgen Kristina Şermetowadyr. Ol ilkinji bürünç medaly ştangany itekläp götermekde gazandy (104 kg). Silkip götermekde bolsa ol öz çykyşyny 78 kg agram bilem jemledi. K. Şermetowa ikinji bürünç medaly iki görnüşiň umumy netijesi boýunça eýeledi (182 kg). Umuman türgenlerimiziň bu üstünligi türkmen agyr atletikasynyň taryhynda täze sahypany açdy. Geçen ýyl Taşgentde şeýle derejeli ýaryşda zenanlar ýygyndymyz bir medala eýe bolupdy. Ine, bu Aziýa çempionatynda bolsa bu sanow dört medala ýetdi. 105 kg agramdan agyr agramda çykyş eden agyr atletikaçylaryň arasynda çykyş eden türkmen türgeni Hojamuhammet Toýçyýew 3 altyn medaly toparymyza getirmegi başardy. Agyr atletika, suwda ýüzmek we kik-boksing görnüşleri maý aýynda Baku şäherinde geçiriljek IV Yslam raýdaşlyk oýunlarynyň meýilnamasyna girýän sport görnüşleridir. Indi türkmenistanly türgenler şol ýaryşa taýýarlyk türgenleşiklerine girişerler. Biz olara nobatdaky üstünlikleri arzuw edýäris. Çünki, bu üstünlikler Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna bolan taýýarlygy, ynamy has-da berkider.

Köneler, TDUgulya tarapyndan 6 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir