Çarşenbe güni Aşgabat şäheriniň Olimpiýa şäherçesiniň Başa-baş söweş sungaty sport toplumynda kikboksing boýunça WAKO Aziýa çempionatynyň ilkinji gününde türkmen türgenleri üstünlikli netijeleri bilen ildeşlerini begendirdiler. “Inspiring Ashgabat” atly synag çäreleriniň dördünji gününde kikboksing boýunça ýaryşyň janköýerleri dürli agram dereje boýunça hem tatamid, hem ringde geçirilen bäsleşikde türkmen türgenleriniň 20-sinden 18-siniň öz garşydaşlaryndan üstün çykyşlaryna uly şowhun bilen tomaşa etdiler. Eýrandan gelen türgenleriň 9-sy tutluşyklarda ýeňiş gazandy we ýarymfinalda çykyş etmäge hukuk aldy. Şeýlelikde, Eýranyň kikboksing topary çempionatyň ilkinji gününde ikinji ýokary netijäni görkezdi. Bu sanaw şu yzygiderlikde dowam edýär: Täjigistan (ýedi), Yrak (alty), Gyrgyzystan (bäş), Hytaý Taýpeý (üç), Hindistan (iki), Makao we Malaýziýa (her haýsy bir ýeňişden). Ýarymfinal tapgyrlary 29-30-njy aprelde geçiriler. Türkmenistanly Azat Döwletow bäsleşikde birinji bolup, utuk gazandy. Ol kikboksingiň semi-kontakt görnüşi boýunça 63 kg agram derejede çärýekfinalda çykyş edip,öz garşydaşy koreýaly Park Doheýondan üstün çykdy we şowhunly el çarpyşyklara mynasyp boldy. Onuň çekeleşikli tutluşykda 6-5 hasap bilen gazanan ýeňşi ildeşlerine gowy badalga berdi. Azat Döwletow öz ildeş janköýerleriniň öňünde ilkinji bolup ýeňiş gazananyna diýseň begenýändigini aýdýar. “Arenanyň gurşawy örän tolgundyryjy. Ringe giren pursatymdan başlap, tomaşaçylaryň şowhuny birjik-de peselmedi. Olaryň goldawy meniň ruhumy göterdi. Bu meniň ýatdan çykmajak ýeňişlerimiň biri bolar. Men öz Watanym üçin jan çekerin”. 69 kg agram derejede semi-kontakt boýunça çärýek finalda hindistanly Makarand Wilas Joşiniň we türkmenistanly Gurbansähet Aýmedowyň çykyşy bäsleşigiň iň täsirli pursatlarynyň biri boldy. Dartgynly tutluşygyň dowamynda Aýmedow birinji tapgyrda 1-3 hasap bilen ýeňildi, ikinji tapgyr deňme-deň tamamlandy we üçinji tapgyrda Aýmedow 3-2 hasap bilen ýeňiş gazandy. Emma umumy 5-6 hasapda Makarand Wilas üstün çykdy we indiki tapgyrda çykyş etmäge hukuk gazandy. Makarand öz söweş usulyny aýan edip, onuň garşydaşyny mydama galagoply ýagdaýda saklaýandygyny aýtdy. “Tutluşygyň başyndan men garşydyşymyň öz ýurdunda çykyş edýändigini, onuň artykmaçlygyny bilýärdim. Şonuň üçin meniň ýeke-täk alajym başdan hüjüm etmekdi. Biz ikinji tapgyrda deňme-deň bolduk, üçünji tapgyrda bolsa ol menden üstün çykdy, emma ahyrynda men ýeňmegi başardym. Bu maňa geljekde kynçylyklardan üstün çykmaga ynam berdi”. Kikboksing boýunça Aziýanyň çempionaty 23-30-njy aprel aralygynda dowam edýän “Inspiring Ashgabat” atly synag ýaryşlarynyň çäginde ulularyň arasynda agyr atletika boýunça Aziýa çempionaty we gysga aralyga ýüzmek boýunça Merkezi Aziýa halkara ýaryşy bilen bilelikde geçirilýär. “Inspiring Ashgabat” atly synag çärelerine girmek üçin petekler tölegsizdir. Taryhy wakanyň geçirilişine gatnaşmaga we guramaçylara desgalaryň taýýarlyk derejesini synamaga ýardam bermek isleýän janköýerler petekleri “Berkarar” söwda we dynç alyş merkezinde, “Garaşsyzlygyň 15 ýyllygy” söwda merkezinde we “Aşgabat” seýilgähinde ýerleşýän Aşgabat 2017 petek nokatlaryndan alyp bilerler.

Köneler, kitaphanachy tarapyndan 6 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir