2017-nji ýyl “Sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýyly” diýlip yglan edildi. Bu ýylda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak wakalaryň biri hem paýtagtymyz Aşgabatda sentýabr aýynda geçiriljek Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary bolar. Gözel paýtagtymyz Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň Kararyna laýyklykda Merkezi Aziýada ilkinji bolup, Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryny geçirmek hukugyna eýe boldy. 2010-njy ýylyň 19-njy dekabrynda Aziýanyň Olimpiýa Geňeşi bilen Türkmenistanyň Milli Olimpiýa Komitetiniň hem-de Aşgabat şäher häkimliginiň arasynda “Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryny geçirmek hakynda” ikitaraplaýyn şertnama gol çekildi. 2010-njy ýylyň 5-nji noýabrynda türkmen paýtagtynda Olimpiýa şäherjiginiň düýbi tutuldy. Sebitde iri Olimpiýa şäherjigi 157 gektar meýdanda ýerleşýär. Bu uly Olimpiýa şäherjigi 30-dan gowrak desgany, şol sanda ýaşaýyş-durmuş, ulag we beýleki üpjünçilik ulgamlaryny öz içine alýar. 2014-nji ýylyň ýanwar aýynda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň Guramaçylyk Komiteti döredildi. Ýene-de şol ýylyň 3-nji aprelinde Aşgabadyň Sergi köşgünde Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça öňde boljak V Aziýa oýunlaryna türkmen paýtagtynda görülýän taýýarlyga bagyşlanan “Aşgabat-Aziada-2017-niň paýtagty” atly Halkara Sport sergisi geçirildi. Ajaýyp binada gurnalan diwarlyklarda ýurdumyzyň hem-de daşary ýurtly kompaniýalaryň köpsanly sport ulgamynda gazanan iň gowy üstünliklleri görkezildi. 2014-nji ýylyň aprel aýynyň 8-ine bolsa “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda “AZIADA-2017-niň tagamlary” atly ýörite tagamlar sergisi geçirildi. Oňa 20-den gowrak ýurtdan iň gowy aşpez-hünärmenler gatnaşdylar. Serginiň esasy aýratynlygy dürli milletleriň tagam taýýarlamakdaky usullaryny, aşpezlik ýörelgelerini we Aziýanyň ajaýyp däplerini görkezmekden ybaratdyr. Munuň özi parahatçylygyň, hoşniýetliligiň, dostlugyň we hyzmatdaşlygyň baýramy bolmak bilen Aziýa ýurtlarynyň halklarynyň medeni gymmatlyklaryny has-da ösdürmäge we wagyz etmäge gönükdirilendir. 2014-nji ýylyň aprel aýynda geçirilen “Sagdynlygyň we bagtyýarlygyň” biraýlygynda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynda hyzmat etjek meýletinçileriň ilkinji topary döredildi. Meýletinçiler toparlary bilen yzygider okuw sapaklary geçirilip, olara meýletinçilik işiniň esasy ugurlary, wezipeleri, Aziýa oýunlary, olaryň görnüşleri we taryhlary baradaky maglumatlar doly öwredilýär. 2017-nji ýylda Türkmenistanda geçiriljek Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna Aziýadan 45 döwletden, Okeaniýadan bolsa 17 döwletden türgenler gatnaşarlar. Daşary ýurtly habar beriş serişdeleriniň müňden gowragy oýunlaryň geçişini dünýä aýan ederler. Türkmenistan sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurdudyr. Biziň ýurdumyzda ynsan saglygy başymyzyň täjine, dünýäniň baýlygyna deňelýär. Ýaş nesillerimiziň sagdyn ösüp ulalmagy we halkymyzyň saglygyny berkitmek üçin döwlet tarapyndan uly işler alnyp barylýar. Diýarymyzyň ähli ýerlerinde gurlup ulanylmaga berilýän sport desgalary: stadionlar, suw toplumlary, sport mekdepleri, şypahanalar we ş.m. muňa aýdyň mysal bolup biler. Ýurdumyzda sporty we bedenterbiýäni ösdürmäge aýratyn üns berilýär. Çünki sport - munuň özi gujur-gaýratyň, gözelligiň we sagdynlygyň kepilidir. Her ýylyň aprel aýynyň 7-sine Bütindünýä Saglyk güni mynasybetli ýurdumyzda köpçülikleýin bedenterbiýe we sport çäreleri giňden ýaýbaňlandyrylýar. Munuň özi bolsa halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmaga, sagdyn we ruhubelent ýaşlary terbiýelemäge gönükdirilendigini görkezýär. Häzirki döwürde sport, olimpiýa hereketi döwletleriň arasyndaky gatnaşyklarda hem möhüm ähmiýete eýedir. Çünki, sport halklaryň arasynda dostlugy, özara düşünişmegi we ysnyşmagy berkidýär. 2017-nji ýylda geçiriljek Aziýa oýunlary hem eziz Watanymyzyň sport älemindäki abraýyny has-da belende galdyrmaga ýardam eder. Şu ýylyň sentýabrynda gözel paýtagtymyzda geçiriljek Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna 62 ýurtdan sportuň 21 görnüşi boýunça türgenler gatnaşarlar. Aziýa oýunlarynyň sport maksatnamsy şulardan ybaratdyr: küşt, futzal, tennis, muaý (taýboks), sambo, kuraş, jui-jitsu, bowling, welosport-trek, suwda ýüzmek, basketbol, agyr atletika, ýeňil atletika, taekwondo WTF, tans sporty, kik-boksing, guşakly göreş, sport göreşi, bilýard sporty, atly sport-konkur, türkmen milli göreşi. Sebitde deňi-taýy bolmadyk Olimpiýa şäherjigi hem ak mermere beslenen paýtagtymyzyň binagärlik keşbini has-da gözelleşdirýär. 2016-njy ýylyň 5-nji maýynda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň başlanmagyna 500 gün galanda atly ýörişe badalga berildi. Şol gün sagat 17:00-da Nusaý döwlet medeni-taryhy goraghananyň ýanyndan 17 atly türkmen ýigitleri bedew atlara atlanyp ýola düşdüler. Ata Watanymyz Türkmenistanyň Döwlet baýdagyny, Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň baýdagyny hem-de Aziýa oýunlarynyň alawynyň nyşanyny ellerinde göterip, Aşgabat Aziadasyna tarap batly gadamlar bilen barýan atly ýigitler 2017-nji ýylyň 17-nji sentýabrynda sagat 17-de Olimpiýa şäherjigindäki stadionda bu oýunlaryň dabaraly açylyşyna gatnaşar. 2017-nji ýylyň sentýabrynda Aşgabatda geçiriljek Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň nyşany hem türkmeniň uçar ganaty hasaplanýan ahalteke bedewidir. Ahalteke bedewleri türkmen halkynyň milli gymmatlygy, dünýä medeniýetine goşan ägirt uly goşandydyr. V Aziýa oýunlarynyň nyşanynda ýerleşdirilen atyň şekili sagdynlygy, ruhubelentligi alamatlandyrýar. Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň şekili hökmünde bolsa türkmen alabaýynyň keşbi saýlanyp alyndy. Alabaý türkmen durmuşynda maşgala ojagynyň, abadançylygyň goragçysy bolup durýar. Ol ynsana ýakyn dost, eýesine wepaly, sürini, öýi, emlägi sak durup goraýjy, batyr, gaýduwsyz, buýsançly. Şu nukdaýnazardan V Aziýa oýunlarynyň şekili bolup durýan alabaýa Wepaly diýip at dakyldy. 2017-nji ýylyň 7-nji aprelinde Awazada “Aziada-2017: parahatçylygyň we ösüşiň ugrunda halkara sport hyzmatdaşygy ” atly halkara sport kongresi-de geçirildi. Bu ýerde gurlan iri sport toplumynyň açylyş dabarasy hem boldy. Bütindünýä saglyk gününe gabatlanylyp, täze sport desgalarynyň ulanylmaga berilmegi “Sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýylynyň” aýdyň wakalarynyň biridir. Ýokary derejede geçirilen sport kongresine birnäçe halkara guramalardan degişli wekiller gatnaşdylar. Türkmen halky sagdynlyga hormat goýup , sagdyn durmuş ýörelgesini asyrlarboýy özüne ýol-ýörelge edinipdir. Şonuň üçin hem saglygyny berkitmek we goramak üçin adamlar elmydama hereketde bolupdyrlar. Ata-babalarymyzyň gadymdan gözbaş alyp gaýdýan çalt herekletli milli oýunlary hem berk bedenli, sagdyn ruhly nesilleriň kemala gelmeginde ähmiýetli orny eýeläpdir. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe saglygy goraýyş bilen baglanyşykly möhüm ahmiýetli resminamalaryň kabul edilmegi bu ulgamyň barha kämilleşýändigini görkezýär. “Saglyk” Döwlet maksatnamasynyň wezipeleri bolsa halkymyzyň saglyk ýagdaýyny has-da gowulandyrmakdan, saglygy goraýşy halkara ölçeglerine laýyklykda ösdürmekden ybarat bolup durýar. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe eziz Diýarymyzyň her bir güni täze üstünliklere, beýik ösüşlere beslenýär. Ýurdumyzda bolup geçýän her bir taryhy waka, gazanylýan üstünlikler türkmen halkyny has-da ruhlandyrýar.

Köneler, TDUgulya tarapyndan 6 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir