Aslyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan halkymyzyň durmuş eleginden geçirip, sünnäläp döreden pähimli sözleriniň her biriniň aňyrsynda juda uly many bar. Halkymyzda “Atym bar – ganatym bar”, “At agnan ýerde toý bolar” diýen ýaly ajaýyp pähimlere aýratyn sarpa goýulmagy-da ata-babalarymyzyň behişdi bedew atlary jandan söýendigine, ony bagtyna deňäp, durmuşlarynyň aýrylmaz bir bölegine öwrendiklerine şaýatlyk edýär. Müňýyllyklardan gözbaş alyp gaýdýan, ynsanyň ýakyn syrdaşy bolan bedew atlary sarpalamak ýörelgesi Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe, behişdi bedewleri jandan söýüp ezizleýän hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň taýsyz tagallalary, bimöçber aladalary netijesinde has belent derejelere ýetirildi, ahalteke bedewlerimiziň ady dünýä doldy. Elbetde, ahalteke bedewi – ol türkmeniň uçar ganaty, syrdaşydyr. Hut şonuň üçin-de ähli döwürlerde hem türkmen aga oňa uly sarpa goýup gelýär. Behişdi bedewlerimize bagry badaşan atşynaslarymyz ýyllarboýy irginsiz zähmeti bilen, seýisçilik ukyby, tälimleri bilen atçylygy ösdürip, kämilleşdirip, ony sungat derejesine ýetirmegi başarypdyrlar. Muňa hormatly Prezidentimiziň: “Bedew türkmen halkynyň ykbaly we taryhy bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr, atşynaslyk sungatyna türkmen halkynyň kämil dünýägaraýşy, çuň pelsepesi siňendir” diýen setirlerini okanyňda hem aňryýany bilen göz ýetirýärsiň. Şu ýerde ýene bir zady nygtap geçmek zerurdyr. Mälim bolşy ýaly, 2017-nji ýylda ýurdumyzyň gözel paýtagty Aşgabatda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň geçirilmegine uly taýýarlyk bilen garaşylýar. Şonuň ýaly-da bu oýunlaryň taryhynda ilkinji gezek türkmen milli göreşiniň hem atly sportuň konkur görnüşiniň hormatly Prezidentimiziň teklibi bilen goşulandygy-da buýsanç bilen bellenmäge mynasypdyr. Şu günler Halkara atçylyk sport toplumynda ýörite meýilnama esasynda atlary päsgelçilikden geçirmäge türgenleşdirilýär. Türkmen milli oýunlarynyň iň naýbaşylarynyň hatarynda at münmek we at üstündäki oýunlar sungaty hem häzirki wagtlarda ýaşlarymyzyň iň gyzyklanýan pişeleriniň biridir. Bu günki gün behişdi bedewlerimiziň gözelligi hem ýyndamlygy, şeýle hem ata-babalarymyzdan miras galan at üstündäki oýunlary ussatlyk bilen ýerine ýetirýän türkmen çapyksuwarlarynyň başarjaňlygy türkmen halkyny buýsandyryp, milli oýunlarymyzyň dünýä çykmagy üçin uly mümkinçilikleri döredýär. Taryhçylar at üstündäki oýunlaryň türkmen topragynda dörändigini belleýärler. Türkmen ýigitleriniň az goşun bilen köp sanly garşydaşlarynyň hötdesinde gelip bilendikleri hem hut at münmek sungaty bilen bagly bolup durýar. Sebäbi olar atyň üstünde çalasynlyk bilen hereket edip, garşydaşlarynyň garaşmadyk tarapyndan urmagy, gerek ýerinde bolsa goranmagy başarypdyrlar. Häzirki wagtda bu milli oýunlar sungat derejesine öwrülip gitdi. Türkmenler ahalteke atyny janyndan eziz görýärler. Bedew ata bolan söýgi biziň ata-baba ganymyzda bar. At bilen ysnyşmak üçin diňe bir ony söýmek, gözelligine, düşbüligine haýran galmak ýeterlik bolmaýar. Halkymyzyň arasynda “Aty çapmankaň özüňi çap” diýen bir nakyl bar. Bu nakyl ata seretmek, çapmak üçin onuň eýesiniň hem düşbi hem sagdyn bolmalydygyny aňladýar. Ahalteke bedewi eýesine wepaly bolmak bilen, onuň eýesiniň ýüregini gözlerinden okamagy başarýar. Türkmen ýigidi bedew atyny hakyky syrdaş dosty hökmünde ezizleýär. Onuň bilen sözleşýär. Hiç kime aýtmadyk syryny aty bilen paýlaşýar. Türkmen bedewi bilen türkmen ýigitleriniň şeýle ysnyşygy häzirki wagtda hem dowam edýär. Bu atçylyk sporty bilen meşgullanýan we oňa höwes bildirýän ýaşlaryň sanynyň barha artýandygyndan hem görünýär. Häzirki döwürde ýurdumyzda atçylyk sporty bilen bir hatarda sportuň dürli görnüşleriniň şeýle ýokary depginde ösdürilmegi we dünýä derejesine çykarylmagy türkmen türgenleriniň öz gujur-gaýratlaryny dünýä ýaýmaga, türkmen tuguny has belentde parlatmaga bolan mümkinçiliklerinden habar berýär. Bu günki gün bolsa, yklymyň iri sport baýramy Aziada-2017-niň nyşany hem at bilen baglanşdyrylyp, oňa türkmen türkmen bedewiniň şekili ýerleşdirilendir. Bu bolsa biziň döwrümiziň beýikligini, türkmen ruhunyň belentligini aňladýar. Ýurdumyzyň çar künjüne ýöriş gurap, bu uly sport baýramçiligynyň buşlugyny, joşgunyny paýlap ýörenler hem atly ýigitlerimizdir.

Köneler, TDUgulya tarapyndan 7 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir