Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistan diňe bir ösen ykdysadyýetli döwlet hökmünde däl, eýsem, sport we sagdynlygyň ýurdy hökmünde hem bütin dünýä meşgur bolýar. Daşary ýurtlaryň habarlar agentlikleriniň ýaýradýan habarlarynda V Aziýa oýunlary aýratyn orun berilýär. Üstümizdäki ýylyň sentýabr aýynda geçiriljek sport baýramçylygyna görülýän taýýarlyk işleri bilen tanyşmak dabaralaryna we onuň çäklerinde geçirilýän dürli çärelere Aziýanyň we beýleki sebitleriň esasy sport düzümleriniň öňdebaryjylary, dünýäniň dürli döwletlerinden meşhur türgenler hem-de tälimçiler, belli syýasatçylar we jemgyýetçilik işgärleri, diplomatlar, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşýarlar. Bu meselä bagyşlanan makalalaryň we habarlaryň ählisi Türkmenistanyň V Aziýa oýunlaryny mynasyp geçirmäge doly taýýardygyny tassyklaýar. Hususan-da Uzinformyň (http://www. uzinform. com) teswirlemesinde: “2017-nji ýylyň sentýabrynda Aşgabatda giň möçberli we wekilçilikli Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary geçiriler. Millionlarça adamlar üçin Türkmenistan parahatçylygyň, ösüşiň we rowaçlygyň ýurdy hökmünde mälim bolar” diýlip bellenilýär. Bilermenleriň baha bermegine görä, “Türkmenistan dünýäde hakyky sport döwletine öwrülýär. Ol şeýle iri halkara çäreleri guramaga we mynasyp geçirmäge ukyplydyr”. Makalalaryň awtorlary Aziada – 2017-niň Türkmenistanda we halkara möçberde bedenterbiýäni hem-de sporty ösüşiň hil taýdan täze derejesine çykarjakdygyna, iş ýüzünde parahatçylygyň, halkara hyzmatdaşlygyň we ynsanperwerligiň ýörelgelerini görkezjekdigine ynam bildirýärler. Öz nobatynda, REGNUM habarlar agentliginiň habarçylary 2010-njy ýylyň 19-njy dekabrynda Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň Türkmenistanyň paýtagtyny 2017-nji ýylyň 17-nji sentýabrynda badalga aljak V Aziýa oýunlarynyň geçiriljek ýeri hökmünde seçip alandygyny ýatladyp, Türkmenistanyň Orta Aziýa sebitiniň ýurtlarynyň arasynda ilkinji bolup, bu halkara sport çäresini geçirmek hukugyna eýe bolandygyny nygtaýarlar. Trend, http://www.1news.az/ web-portallarynda we beýleki käbir ulgamlarda Türkmenistanyň sport ulgamyny ösdürmekde, döwrebap sport düzümini döretmekde gazanan haýran galdyryjy üstünlikleriniň döwletimiziň köpçülikleýin bedenterbiýäni we olimpiýa hereketini ösdürmek meselelerine berýän ägirt uly ünsüniň netijesidigi, bu ulgamdaky öňdegörüjilikli strategiýanyň bolsa türkmen sportuny hil taýdan täze halkara derejesine çykarmaga ýardam berýändigi aýdylýar. Olimpiýa şäherjiginiň giň möçberliligi geçirilýän dürli dabaralara gatnaşýan myhmanlaryň ählisinde ýatdan çykmajak täsirleri galdyrandygyny bellemek gerek. Http://sng.todaý/ saýtynyň habarynda bellenilişi ýaly, sport toplumlaryndaky desgalaryň amatly we ykjam ýerleşendigini Olimpiýa şäherjiginiň esasy aýratynlyklarynyň biri hökmünde görkezýär. Şunuň bilen baglylykda, Gazagystanyň Milli olimpiýa komitetiniň prezidentiniň geňeşçisi Bakytžan Ordabaýewiň aýdan sözleri getirilýär. Ol özünde galan täsirler barada gürrüň berip, Aziada geçirilenden soň, bu ýerdäki desgalaryň beýleki iri halkara ýaryşlar, mysal üçin, Uniwersiada we hatda Olimpiada üçin hem meýdança bolup biljekdigini nygtaýar. Daşary ýurt habar beriş serişdelerinde şeýle giň möçberli ägirt uly halkara sport baýramçylygynyň Merkezi Aziýada ilkinji gezek geçiriljekdigine aýratyn üns berilýär. Şeýle hem Aziýa oýunlarynyň köpýyllyk taryhynyň dowamynda (1951-nji ýyldan bäri) ilkinji gezek AOG-nyň agzalary bolan Aziýa ýurtlarynyň 45-siniň türgenleri bilen bilelikde ýaryşlara Awstriýadan, Täze Zelandiýadan hem-de Okeaniýanyň 15 ada döwletinden türgenleriň gatnaşjakdyklaryny aýratyn belleýärler. Westi Urala, http://niros.ru/, https://ianews.ru/ saýtlarynyň sahypalarynda Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň ýolbaşçylarynyň Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk derejesine ýokary baha berendigi barada aýdylýar: “Türkmenistan guramaçylyk meselelerini çözmäge düýpli we jogapkärli çemeleşdi. Munuň özi Aşgabatda grçiriljek Aziada – 2017-niň üstünlige eýe boljakdygynyň girewidir. Bu ýaryşlar ýatdan çykmajak waka öwrüler we sebit hem-de dünýä möçberinde sporty wagyz etmek işine saldamly goşant goşar”. Umuman, daşary ýurtlaryň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň biragyzdan bellemegine görä, “Aşgabatda geçiriljek Aziýa oýunlary ýokary ynsanperwerlikli olimpiýa ýörelgeleri esasynda halkara sport hereketiniň ösüşiniň täze tapgyry bolar!”.

Köneler, TDUgulya tarapyndan 7 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir