“Aşgabat” myhmanhanasynyň mejlisler zalynda Aziýanyň Agyr atletika federasiýasynyň Kongresi geçirildi, onuň barşynda 23-29-njy aprel aralygynda paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherjiginde sportuň bu görnüşi boýunça geçiriljek Aziýa çempionatyny guramagyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Türkmenistanda ilkinji gezek geçirilýän yklym derejeli ýaryşlara Ýaponiýadan, Hytaýdan, Günorta we Demirgazyk Koreýadan, Omandan, Kuweýtden, Iordaniýadan, Siriýadan, Yrakdan – jemi 30-dan gowrak ýurtdan agyr atletikaçylaryň 200-e golaýy gatnaşar. Kongresi açmak bilen, Milli agyr atletika federasiýasynyň başlygy Berdinyýaz Mätiýew şu gezekki çempionatyň baýrakly orunlar ugrunda çekeleşikli häsiýete eýe boljakdygyny nygtady, sebäbi, Aşgabada güýçli türgenler ýygnandylar, olaryň hatarynda Olimpiadanyň ýeňijileri we baýrakly orunlara eýe bolanlar hem-de dünýäniň birinjilikleriniň ýeňijileri bar. Şeýle hem bu ýaryşlarda sentýabr aýynda paýtagtymyzda geçiriljek Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk görmek babatynda türkmen hünärmenleriniň guramaçylyk başarnyklarynyň derejesi äşgär bolar, bu oýunlaryň maksatnamasyna agyr atletika hem girýär. Kongresiň mejlisine gatnaşyjylaryň hatarynda Agyr atletika halkara federasiýasynyň prezidenti Tomaş Aýan bar, ol TDH-nyň habarçylaryna beren interwýusynda sport toplumynyň (Söweş sungatlary toplumy) hiline haýran galandygyny aýtdy, bu ýerde Aziýanyň çempionaty geçiriler. Şeýle hem daşary ýurtly myhmanda türkmen myhmansöýerligi, paýtagt şäheriň bezegi hem-de gözelligi uly täsir galdyrdy. T.Aýan Aşgabada ilkinji gezek geldi, emma eýýam bu ýerde köpsanly täze dostlaryny tapdy. “Başgaça bolup hem bilmez, sebäbi, bütin dünýäniň agyr atletikaçylary – bir uly sport maşgalasy” diýip, Halkara federasiýasynyň baştutany nygtady. Tomaş Aýan söhbetdeşligi jemläp, bu ýerde geçiriljek Aziada-2017-niň barşynda ýene-de türkmen paýtagtyna gelip görmäge umyt bildirýändigini aýtdy. Öňde geçiriljek çempionat barada Aziýanyň Agyr atletika federasiýasynyň prezidenti Muhammed Ýusuf Al Mana hem öz pikirini aýdyp, ilkinji nobatda, Aşgabatda Kongresi hem-de yklym derejeli iri ýaryşlary geçirmäge döredilen mümkinçiligi üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa hoşallyk sözlerini beýan etdi. Sportuň bu görnüşi Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça Aziýa oýunlarynyň maksatnamasyna ilkinji gezek girizilýär, munda hem türkmen Lideriniň tagallasy uludyr. Saud Arabystanyndan gelen myhman Kongresiň işi barada aýdyp, mejlisiň oňyn ýagdaýda geçendigini nygtady. Hususan-da, mejlise gatnaşyjylar öň geçirilen ýaryşlaryň barşynda ýüze çykan käbir jedelli pursatlary ara alyp maslahatlaşdylar, öňde boljak ýaryşlarda, şol sanda ertir Aşgabatda badalga alýan Aziýa çempionatynda şeýle ýagdaýlaryň ýüze çykmazlygy üçin bu pikir alyşmalaryň ähmiýeti uly bolar. Muhammed Ýusuf Al Mana Olimpiýa şäherjiginiň desgalary bilen tanşyp, haýran galýandygyny beýan etdi. Şol sebäpli hem ol agyr atletika boýunça Aziýa çempionatynyň hut şu ýerde geçiriljekdigine şatdyr. Şeýle hem myhman Aşgabatda halkara derejeli iri ýaryşlaryň yzygiderli ýagdaýda geçirilmegine umyt edýär. Şu ýylyň başynda Agyr atletika halkara federasiýasy zenanlar toparynda täze agram derejelerini kesgitläp, ony sekiz kilograma çenli artdyrdy (häzire çenli ýedi kilogram). Şeýlelikde, Aziýa çempionaty Aşgabatda ilkinji gezek täze kadalar boýunça guralar.

Köneler, kitaphanachy tarapyndan 6 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir