Gadyrly agzalar sizem gecmishinizi kuyseyansiniz kawagt. Men birnace gun bari chagalygymy, mekdep yyllarymy, watanymy gaty kuyseyan. Ine shuwagtam sapak okap otyrdym welin birden yuregimde bir agy duyup gitdim. Yadyma Ashgabadyn agshamaralary dushdi. Esasanam mekdepde sonky yyllarym yadyma dushdi. Aslynda hemme yerde sheyledir welin men Ashgabadyn agshamaralaryny, inglisce “rush hour” diyilyan wagtlaryny, yagny herkimin ishini gutaryp oye gaydyp baryan ing bir hereketli wagtlaryny gaty kuysedim. Hasam shol wagtlaryn yz yanlaryny. Bizin oyumizin towereginde shol wagtlarda, gunun yashayan wagtlary kolege bolyanda mashgalalar chagalaryny alyp dasharda gezelenc ederdiler. Asmanda gyzaryp baryan shapak, her tarapda uzaklardan gelyan chagalaryn sesleri, uly yollardan gecyan az sanly mashynlar, kabir oylerde eyyam nahar bishyar we ejeler gygyryp chagalaryny oye chagyryarlar. We trotuarda haydap baryan men. Ya-da oyde oturan. Barde Stambulyn dar, adamdan we mashyndan doly kocelerinde, metrolarynda, awtobuslarynda, bir tarapda gunluk bolup gecyan wakalar, gazetler, gykylyklar, dawalar, sowushler, yalanlar we shm zatlar zerarly adam strese giryar, yuregi daralyar. We ustesine darajyk komnatda; birden Ashgabadyn asuda asmany, ginish koceleri, shadyyan, stressiz, parahat atmosferasy, onda-da shol agshamara hereketli period gozonune gelende yuregin gineyar. Okap oturan kitabyny, elindaki galamyny tashlap sheydip kompyuterin bashyna gecmeli edyar. Icini dokeyin diyer yaly duygudashyn, hakyky dertdeshinem yok. Ya bir word sahypasyna icini dokup yapyan, ya-da layik bolanlaryny sheydip bloga dokyan. Mekdepdekam hakyky dostlarym bardy iki uc sany. Olar mana iclerini dokyardiler. Men olara kan icimi dokemokdym, sebabi gaty pikir edip yashayan adam daldim, icini doker yaly uytgeshik dertlerim yokdy. Emma ol bir dostum dertlerini, iyyanlerinin nahili bogazyndan gecmeyishini gurrun beryardi. Menin bolsa ozum kan gurrun bermesemem dinlemegi basharyanlygym, olary syr yaly saklayanlygym we gowunlerine gora bir zatlar nesihat edip bilyanligim bar diyaymesen bashga elimden gelyan zat yokdy. Kuyseyan Ashgabadyn agshamaralaryny, hazir gitsem meni suwsuzlykdan gandyrarmy bilemok, sebabi men ony shol wagtlardaky kadrlary bilen, shol wagtlardaky duygylary, yurek joshgunlary, yagny shol wagtlardaky “men”i bilen kuyseyan.

Köneler, diwana tarapyndan 11 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir