Amerikaly gyz Katrin Kuk 17 ýaşynda MyYearbook ady bilen web sahypany açdy. Bary ýogy ýarym ýyl soň bu sahypa girýänleriň sany aýda 3 million adamdan geçdi, sahypadaky reklamalar bolsa Katrin Kuka millionlarça dollar girdeýji getirýärdi.Internetdaky iň güýçli portallar hem 20 ýaşynda ýa-da 20 ýaşdan kiçi adamlaryňkydyr. Mysal üçin Yahoo, Google we eBay hem ýaş talyplaryň döreden web sahypalary.  Katrin Kukyň ýasan MyYearbook sahypasynda - 13-22 ýaş aralygyndaky amerikanlar orun tutandyr. Ol ýerde \"tanyşlyk\", ady belli adamlar hakynda makalalar, şeýle hem suratlar bardyr. Her makala ýazylanda şol ýazylan makala degişli teswirleriň sany takmynan 3000-e golaýlaýandyr. Katrin mundan beýläk öz sahypasynyň üstünde öňkiden hem has köp zähmet çekýär, okyjylaryny gyzyklandyrmak üçin elinden gelenini edýär. Geljekde Katrin öz jigisi bilen sahypalaryny Amerikadaky iň uly portallaryň hataryna saljak bolýar. Häzirlikçe ol 3-nj ýerde durýar, 1-nji ýer Myspace, ikinji bolsa Facebookdyr. Beýle pikir Katrina täze ýyldan soň, täze mekdebe gidip başlanyndan soňra kellesine gelipdi. Ol öz suratlaryny internetde goýmak we özüne dost tapynmak üçin dogany Djeff-dan kömek sorady. Djeff başlangyç üçin 250 müň amerikan dollaryny sahypany ýasamak üçin berdi. Katrin bu pullara gowy sktriplar(taýýar önümler) we gowy dizaýn etdiripdi.Sahypanyň birinji görnüşi häzirkiden gaty sadady. Şeýle-de bolsa sahypa adamlaryň ünsüni özüne çekipdi. Häzir bolsa Katrin özüniň şeýle üstünlikli proýekt döredip bilenine diýseň begenýär. Katrina indi der döküp işlemek elbetde gerek bolmaz, oturan ýerinden millionlarça dollary getirip duran sahypasy bar ahyryn...

Köneler, agajanh tarapyndan 11 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir