Paýtagtymyz Aşgabadyň gözelligi Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça VAziýa oýunlarynyň geçiriljek ýylynda has-da artýar. Aşgabat işewürligiň, sportuň, saglygyň hem täsin binalaryň şäheri bolmak bilen birlikde raýatlaryň ýaşamagy we howupsyzlygy üçin ýokary amatlylyga eýe bolan şäherdir. Paýtagtymyzda gurulýan binalardyr desgalaryň her biri özüniň täsin binagärlik gözelligi bilen haýran galdyrsa, adamlar üçin ýokary amatlylygy döretmegiň şerti bolup durýar. Mart aýynda paýtagtymyzyň Andalyp köçesiniň ugrunda gurulyp ulanmaga berlen ýerasty geçelgeli köprüler hut raýatlaryň ýollardaky howpsuzlygyny üpjün edýän desgalardyr. Soňky wagtlarda paýtagtymyzda ulaglar üçin niýetlenen döwrebap duralgalaryň hem gurulýanlygynyň şaýady bolýarys. Bu bolsa ulag eýeleri üçin amatlylygy döretse, şäher gözelligine gözellik goşýar. Dünýä ýüzüniň köp adamly, iri şäherlerinde şunuň ýaly köprüler we beýleki amatlyklar aýratyn infrastrukturany emele getirip, döwrebap şähergurluşyk keşbine eýe bolýar.Ýerasty geçelgeli köprüleriň ýokarsyndan ulaglar gatnasa, aşagyndan hiç hili howp duýmazdan çagalarymyz, mekdep okuwçylary, garrylar we ähli ýolagçylar gatnaýar. Şeýle geçelgelerdäki dükänlar bolsa hemişe köp adamly bolup, işden gelýärkäk gerek-ýaraklarymyzy alyp gitmägde mümkinçilik berýär.Bu amatly köprüleriň, ýerasty geçelgeleriň açylyp ulanmaga berilmegi bilen bagly habarlary biz teleýaýlymlarda görýäris. Paýtagtymyzda häli-şindi geçirilýän sport baýramçylyklaryna, medeni festiwallara gelýän daşary ýurtly myhmanlaryň Aşgabadyň gözelligi we amatlylygy hakynda teleýaýlymlarda berýän gürrüňleri bizi begendirýär. Gür ilatly, köp myhmanly paýtaygtymyzda ulaglaryň juda köpdügine garamazdan köçeleriň döwrebaplaşdyrylmagy we giňeldilmegi uly şäherlerde bolşy ýaly ulaglaryň dykynlarynyň döremegini aradan aýyrýar. Dykynlar bolmanlygy üçin paýtagtymyzyň islendik ýerine sanlyja minutlarda ýetip bilýäris. Arhitektura taýdan döwrebaplaşdyrylyp gurulýan Aşgabat has köp ilatyň ýaşamagy şol bir wagtda iri işewürlik çäreleriniň, sport baýramçylyklarynyň, medeni çäreleriň geçirilmegi üçin hem amatly bolmalydyr. Aşgabat hut hormatly Prezidentimiziň arhitektura başlangyçlary esasynda has-da gözelleşýär. Belent ymaratlar biziň çagalarymyzyň durmuşy täsin bir gözellik hökmünde kabul etmegine ýardam berýär. Häzir paýtagtymyz Aşgabat uly sport baýramçylygyna-Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça VAziýa oýunlaryna uly joşgun bilen taýýarlyk görýär. Paýtagtymyzyň şaýollarynda we gür ilatly etraplarynda geçirilýän abadanlaşdyryş işleri ildeşlerimiziň göwnüni göterýär. Aşgabadyň Halkara howa menzili bolsa paýtagtymyza geljek myhmanlary gyzgyn mähir bilen garşylamaga taýýar bolup dur. Aşgabadyň Ginnesiň rekordlar kitabyna girizilen binalary,tämizligi, ekologiýa taýdan arassalygy myhmanlarda ýakymly täsir galdyrar. Arkadag Prezidentimiziň çäksiz yhlasy bilen barha gözelleşýän paýtagtymyz-Aşgabat biziň göwün şadymyz. Aşgabadyň ýaşaýjysy bolmak, bu ýerde zähmet çekip, ýurdumyzyň ösüşine öz goşandyňy goşmak uly bagt. Häzirki wagtda paýtagtymyzy gözelleşdirýän we ýaşamak üçin barha amatly şähere öwürýän işleriň ýene-de dowam etdiriljekdigi bizi begendirýär. Çünki her bir desganyň gurulmagy, bina edilmegi müňlerçe ildeşlerimiziň howpsuzlygy, şäherimiziň gözelligi, ýaşaýyş amatlylkarynyň ýokarlanmagy bilen tamamlanar. Aşgabat häzir ummasyz özgerişligi başdan geçirýär. Nesip bolsa, biziň ogul-gyzlarymyz ýaşamak üçin çäksiz amatly bolan şäheriň ýaşaýjylary bolarlar. Dünýä ýüzüniň gür ilatly şäherlerinde gözlenilýän zat ilki bilen amatlylyk we howpsuzlyk bolsa gerek. Aşgabatda şol şertler barha we barha ýokary derejede kemala getirilýär. Bu hut men-ä begendirýär.

Köneler, Ishli tarapyndan 7 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir