Soňky ýyllarda Türkmenistanda gök we bakja önümleriniň hili barha ýokarlanýar. Eger-de binäçe ýyl yza dolanmaly bolsak onda gyş aýlarynda bazarlarymyzda diňe kelem, käşir, ysmanak ýaly gyşda ýetişdirilýän gök we bakja önümlerini görüp bileris. Emma soňky 10 ýylyň içinde Türkmenistanyň ähli ýerlerinde ýylyň haýsy paslydygyna garamazdan dürli ir-iýmişleri we gök önümleri satyn almaga mümkinçiligimiz bar. Munuň aýdyň sebäbi hökmünde ýurdumyzda ýyladyşhanalaryň sanynyň barha artýandygyny görkezmek bolar. Türkmenistanyň dürli künjeginde döwlet tarapyndan ekin ýetişdirilýän ýyladyşhanalaryň sany has-da artýar. Şeýle hem hususy telekeçilere ýyladyşhanalary gurup önüm öndürmek üçin ýer bölekleri bölünip berilýär. Oba ýerlerinde hojakyklardaky ýyladyşhanalarda ýetişdirilýän önümler ýurdumyzdaky bazarlary haryt bolçulygy bilen üpjin etmekde uly orny eýeleýär. Şeýle-de bizde öndürilýän gök önümlere dünýä bazarlarynda uly isleg bildirilýändigi bilen baglanyşykly daşary ýurtlara-da eksport edilýär. Tomus aýlarynda ýetişdirilýän gök we bakja önümleriniň arassalygy we tagamlylygy bilen deňeşdirenimizde ýylyň beýleki pasyllarynda ýetişdirilýän önümleriň hem tomuskylardan pes däldigini bilýärsiňiz. Bu ugurda ýurdumyzda ösen tehnologiýalaryň kömegi bilen yzygiderli ylmy barlaglar geçirilýär we ynsan saglygyna zyýansyz önümleri halka ýetirmek boýunça uly işler ýerine ýetirilýär. Geliň indi Türkmenistanda bazarlarda satylýan gök we bakja önümleriniň bahalarynyň üstünde durup geçeliň! Käbir ösen döwletler bilen deňeşdirenimizde ýylyň islendik paslynda üzüm, hyýar ýa-da başga önümleri satyn almak üçin ösen ýurtlarda Türkmenistana garanynda has köpräk tölemeli bolýandygyny bilýärsiňiz. Türkmenistanda ýylyň 4 paslynda islän gök önümleriňi tapyp bolýar, üstesinede elýeter. Munuň aýdyň sebäbi nämekä? Türkmenistan gök we bakja önümlerini daşary ýurtlardan satyn almaýar, zähmetsöýer halkymyz bu ugurda arman-ýadaman zähmet çekýär, önüm öndürýänlere salynýan salgytlaryň bolsa mukdary az. Bulardan başga-da Türkmenistanyň howa şertleriniň hem bu kadalara laýyk gelmegi aýdyň mysaldyr. Şol sebäpdenem Türkmenistanda gök önümleriniň bahasy halkymyz üçin elýeterli.

Köneler, Ishli tarapyndan 7 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir