Aşgabatda we ýurdumyzyñ welaýatlarynda mümkinçiligi çäkli bolan adamlar üçin ähli zerur enjamlar bilen üpjün edilen köp öýli, otaglary oñaýly ýerleşdirilen, 4 gatly ýaşaýyş jaýlarynyñ gurluşygy güýçli depginde amala aşyrylýar. Bu möhüm durmuş taslamasy hormatly Prezidentimiziñ sahawatly başlangyçlary bilen amala aşyrylýar. Sagdynlygyñ we ruhubelentligiñ ýylynda düýbi tutulan bina edilýän bu döwrebap ýaşaýyş jaýy mermer paýtagtymyzyñ 8-nji kiçi etrapçasyndaky ýaşaýyş toplumynyñ bezegi bolar. Täze dört gatly, 48 öýli ýaşaýyş jaýynda ýaşamak üçin ähli şertler göz öñünde tutulypdyr. Onuñ guruljak ýerinde söwda bazarynyñ, 420 orunlyk dikeldiş merkezi bolan okuw-terbiýeçilik toplumynyñ, şeýle hem « Galkynyş» sport toplumynyñ ýerleşmegi ynsan hakynda aladadan nyşandyr. Bu taslama laýyklykda, mümkinçilikleri çäkli adamlaryñ öz öýlerine barmaklary üçin oñaýly hereket etmeklerini göz öñünde tutýan şertler dörediler. Öýler täze ýaşaýjylaryñ zerurlyklaryna laýyklykda abadanlaşdyrylar. Ýaşaýyş jaýynyñ ýanaşyk ýerlerinde gök zolaklar döredilip, ekologiýa abadançylygy ýola goýular. Şeýle hem bu ýerde bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmak ähli şertleri döretmek göz öñünde tutulandyr. Ol bolsa mähriban Prezidentimiziñ «Saglyk-başbaýlyk» diýen şygarynyñ durmuşda amala aşmasydyr, ýurdumyzda ýaşaýan her bir ynsanyñ sagdyn durmuş ýörelgesine eýerip, bagtyýar durmuşda uzak ömür sürmegi üçin döredip berýän mümkinçiligidir. Mümkinçiligi çäkli bolan adamlar üçin ýörite işlenip taýarlanylan taslamalar esasynda ilkinji ýaşaýyş jaýlarynyñ düýbini tutmak dabaralarynyñ Ahal welaýatynyñ Tejen şäherinde, Balkan, Daşoguz, Lebap we Mary welaýatlarynyñ merkezlerinde bolup geçendigi guwançly wakadyr.

Köneler, kitaphanachy tarapyndan 7 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir