Tebigaty janlandyryp görke getirýän, ýaşaýyşyň gözbaşy hasaplanýan suwuň gymmatlygy biziň halkymyz üçin örän ýokarydyr. Ol tebigatyň goýnunda mesgen tutan adamzadyň hem, haýwanatyň hem ýaşaýşydyr. Bu barada fransuz ýazyjysy Antuan de Sent Ekzýuperi şeýle belläp geçýär: “Suw ýaşaýyş üçin zerur diýmek bolmaz, sebäbi suwuň özi ýaşaýyşdyr”. Ata-babalarymyz suwa dirilik çeşmesi hökmünde garap, onuň her damjasyny altyna deňäpdirler. Şonuň üçin hem ýola goýlan asylly däbe görä, ýurdumyzda her ýylyň aprel aýynyň birinji ýekşenbesinde “Suw damjasy – altyn dänesi” baýramçylygy giňden bellenilýär. Bu baýramçylyk gününde watandaşlarymyzyň müňlerçesi ýurdumyzyň suw giňişlikleriniň kenarlarynda ýaýbaňlandyrylýan döredijilik we sport toparlarynyň baýramçylyk çykyşlaryna, sungat ussatlarynyň sergilerine gatnaşýarlar. Baýramçylyk dabaralarynda suw hojalyk pudagynda köp ýyllap zähmet çeken ildeşlerimiz, önümçiligiň öňdebaryjy ussatlary aýratyn buýsanç bilen sylaglanýarlar. Suwuň adamzat durmuşynda tutýan orny bimöçberdir. Suw teşneligiňi gandyrýar. Adamyň bedeni üçin suwuň zerurlygy kisloroddan soň ikinji orunda durýar. Ata-babalarymyz asyrlaryň dowamynda ýönekeý agyz suwy bilen hem kanagat edip gelipdirler. Senagatda, oba hojalygynda, energetikada we ýurdumyzyň beýleki ähli ugurlarynda suwuň kömegi bilen işlenilýär. Saglygy goraýyş pudagynda hem suwuň tutýan orny uludyr, çünki ol päkizeligiň, arassaçylygyň nyşanydyr, diýmek, suw sagdynlygyň gözbaşydyr. Ata-babalarymyzyň “Suwly ýer gülli, suwsuz ýer ýelli” diýip belläp geçişi ýaly ýaşaýşyň gözbaşy hasaplanýan suw, ene ýeri gül-gülzarlyga öwürýär. Mele suwdan ganan türkmen tebigatyny synlap, onuň gözelliginden doýup bolmaýar. Geçmişde pederlerimiz “Hasyly bitirýänem suw, ýitirýänem”, “Mirap ekini suwsuzam guradyp bilýar, suw bilenem” diýip, suwdan netijeli peýdalanmalydygyny beläp geçipdirler. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe şäherlerimiziň we obalarymyzyň gülläp ösýändigi, bagy-bossanlyga öwrülýändigi ýurdumyzda suwuň netijeli ulanylýandygynyň aýdyň mysalydyr. Gahryman Arkadagymyzyň türkmen halkymyza peşgeş beren “Suw – ýaşaýşyň we bolçulygyň çeşmesi” atly kitabynda hem suwdan netijeli peýdalanmak babatynda geçirilýän özgertmeler, maksatnamalar dogrusynda aýdan pikirleri beýan edilýär. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmak, suw hojalyk pudagynyň işini yzygiderli kämilleşdirmek boýunça giň gerimli işleri amala aşyrýan Hormatly Prezidentimiziň jany sag, başy dik, il-ýurt bähbitli tutýan tutumly işleri rowaç alsyn! Türkmen halkymyzyň bereket çeşmesiniň baýramy bolan “Suw damjasy-altyn dänesi” baýramçylygy gutly bolsun!

Köneler, kitaphanachy tarapyndan 7 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir