Hormatly Prezidentimiz ýurt başyna geçen gününden ýaşlara döwrebap bilim we terbiýe bermegi, sagdyn ýaşlary ösdürip ýetişdirmegi esasy maksat edip goýdy. Ol öz çykyşynda şeýle diýýär: “Türkmen halkym ösüşiň uzak ýoluny geçip, ruhy bilimler bilen has baýlaşandyr, özünde adamkärçiligiň nusgawy mekdebiniň emele gelmegini gazanandyrys. Türkmen ýaşlaryna milli ylym-bilim tory arkaly bu dünýäde giňden ýaýran habarlar ulgamyna bada-bat aralaşmaga we ylym-bilim boýunça dünýäniň täzelikleri tejiribesi bilen ýakyndan tanyşmaga, biziň gazananlarymyzy dünýä ýaýmaga giň müňkinçilikler döretmelidir”. Gözlerimiziň nury, umyt-arzuwlarmyzyň gaýmagy siňen nurana topragymyz ösüş-özgerişleriň ýagty ýoly bilen barha ösýär, özgerýär, ilerleýär. Bu ýolda-da ylyma uly orun berilýär. Türkmen ylymy dünýäniň ylymy açyşlar hazynasyna ençeme ylymy açyşlary, gymmatly maglumatlary goşan hökmünde tanalýar hem-de hormatlanýar. Ýurdymyzda häzirki döwürde bolup geçýän uly özgertmeleri nazarlanyňda, bu işleriň täze güýç, täze hyruç bilen dowam boljakdygyna tüýs ýürekden ynanýarys. Munuň üçin ýurtda döredilen hem döredilýän şertlerem sanardan-goýardan juda köp. Ylymy ösdürmek meselesinde has çuň çemelеşmegiň netijelerini hem berýän miwelerini orta mekdeplerde hem görmek bolýar. Türkmenistanda ol ýa beýleki dersleri çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen orta mekdepler peýda bolýar. Olaryň sany barha artýar. Onda okaýan çagalar hem geljekde hünär saýlamakda haýsy ugurdan gitmekçidiklerini özbaşdak çözýärler diýsem, öte geçdigim bolmaz. Orta mekdeplerde, ýörite orta we ýokary okuw ojaklarynda okuw-terbiýeçilik işleri dolulygyna multimediýa serişdelerine esaslanyp, interaktiw usulynda alnyp barylýar. Häzirki döwürde ýurdumyzda ýokary okuw mekdepleriniň sany 26-a ýetdi. Ýokary okuw mekdepleriniň 5 ýyllyk, käbiriniň bolsa 6 ýyllyk möhlete geçirilmegi, olarda okuwyň önümçilik tejribesi bilen aýrylmaz baglanşykda goýulmagy ýaşlarda ylyma bolan gyzyklanmalaryň döremegine ýardam berýär. Internet ulgamynyň öýjükli aragatnaşygyň ýaýrawynyň hem barha giňeýändigini bellemek gerek. Bu zatlaryň ählisi ýurtda ylymyň barha ilerlemegine ýardam berjek zatlar bolup durýar. 2016-njy ýylda paýtagtymyzda Oguz han adyndaky ýokary okuw mekdebiniň açylmagy, biziň dünýäniň ösen döwletleri bilen ylym-bilim babatda dostlukly gatnaşyklarymyzyň pugtalanýandygyna şaýatlyk edýär. Alternatiw energetikanyň mümkinçilikleri – günüň, ýeliň, suwyň we gidrotermal ýylylygynyň, biogazlaryň we beýleki tebigy çeşmeleriň energiýalaryny peýdalanmaga gönükdirlen täze, ekologik taýdan arassa ýokary tehnologiýalary işläp taýýarlamak ylymyň möhüm wezipeleridir. Häzirki döwürde ýaş alymlaryň, hünärmenleriň we talyplaryň gatnaşmaklarynda möhüm ugurlar boýunça ylmy-barlag işlerini geçirmekleri üçin ähli mümkinçilikler döredilýär. Hormatly Prezidentimiz sagdyn ýaşlary ösdürip ýetişdirmekde aýratyn üns berýär. Täze sport mekdepleriniň, stadiýonlaryň açylmagy, sport ýaryşlaryň geçirilmegi muňa şaýatlyk edýär. Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen Merkezi Aziýa sebitinde Türkmenistan 2017-nji ýylda “Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary” geçirmäge hukuk gazandy. Bu waka dünýäde uly seslenme döretdi we ýurdumyzyň durmuşynda möhüm waka boldy. Biziň ýurdumyzda gurulýan özboluşly sport desgalarynyň biri hem Olimpiýa şäherçesi bolup durýar. Mälim bolşy ýaly, gerimi we ähmiýeti taýdan görlüp-eşidilmedik bu taslamanyň başlangyjyny Hormatly Prezidentimiziň özi goýdy. Olimpiýa şäherçesinde birnäçe desga ýerleşýär. Bu bolsa geljekde toplumyň sport desgalaryny okuw-türgenleşik binýady hökmünde ulanmaga mümkinçilik berer. Garaşsyz döwletimizde ylym ulgamyndaky şeýle uly özgerişlikler, öňe gidişlikler hut Hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli syýasaty esasynda mümkün bolan. “Zer gadyryny zergär biler” diýilşi ýaly, ylymyň gadyryny alym bilýär. Halkymyzy ylymyň röwşen nuryna çoýýan ýollarymyzy ýagtylandyrýan alym Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak, başy dik bolsun!

Köneler, TDUgulya tarapyndan 7 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir