Türkmen halkynyň gadymy hem gaýtalanmajak milli mirasy, medeniýeti, sungaty, däp-dessurlary, halk senetleri bilen bir hatarda, onuň müňýyllyklardan gözbaş alýan gadymy taryhynyň bardygy hemmä aýan hakykatdyr. Gojaman taryhyň müňýyllyklara uzaýan alyslyklaryna ser salanymyzda, bedew atyny dabradyp, dünýä tanalan nesilbaşymyz Oguz han türkmeniň, dana, pähimdan Gorkut atanyň, beýik döwleti guran Togrulbegiň, Çagrybegiň, edermen Alp Arslanyň rowaýata siňip giden buýsançly keşpleri göz öňüňde janlanýar. Gadymyýetde dabarasy dag aşan azym-azym türkmen döwletleriniň, soltanlyklarynyň şan-şöhrada beslenen belent atlaryny dünýä içre tanadan buýsançly Tuglarynyň - döwletlilik we hökümdarlyk nyşanlarynyň bolandygy taryhdan mälimdir. Şol buýsançly Tuglar bolsa özünde türkmeniň mizemez ruhy-ahlak ýörelgelerini, isleg-arzuwlaryny alamatlandyrypdyr, şöhlelendiripdir hem-de beýiklik, buýsançlylyk, şanlylyk, şöhratlylyk, mertebelilik, asudalyk, jebislik, bagtyýarlyk, bitewilik, iň esasy-da, mizemez döwletlilik nyşanyna öwrülip, mukaddeslik derejesine göterilipdir. Hut şunuň üçinem halkymyz ençeme müňýyllyklardan soň berkarar eden milli döwletiniň Tuguny – Döwlet Baýdagyny özüniň milli ruhy-ahlak häsiýetine, ata-baba däp-dessurlaryna, milli medeni gymmatlyklaryna laýyklykda döretdi. Bu gün Türkmeniň ýaşyl Tugy başymyzyň täjine, kalbymyzyň buýsanjyna, gözlerimiziň guwanjyna öwrülip, dünýäniň çar künjinde buýsançly pasyrdaýar. Hut mundan onlarça asyr ozal bolşy ýaly, häzirki zaman dünýäniň syýasy kartasynda bar bolan 200-den gowrak ululy-kiçili döwletleriň her biriniň-de kanun esasynda kabul edilen öz döwlet baýdagy bardyr we olar halkara bileleşigi tarapyndan ykrar edilendir. Döwlet Baýdagy – bu döwlet nyşanydyr we onuň ýeke-täk kabul edilen şekili kanun esasynda resmileşdirilýär. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň döwlet Baýdagy barada-da bu hut şeýledir. Bilşimiz ýaly, 1992-nji ýylyň fewral aýynyň 19-nda „Türkmenistanyň döwlet Baýdagy hakyndaky“ Kanuny kabul edildi. Şondan bäri agzybir we bagtyýar halkymyz her ýylyň fewral aýynyň 19-nda özüniň milli baýramyny – Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň gününi uly şatlyk-şowhuna besläp, giňden we dabaraly belläp geçýär. Bu baýramçylyk halkymyzyň ata Watanymyzyň döwlet nyşany hem-de milli buýsanjymyz bolan ýaşyl Tugumyza bolan belent hormat-sarpasynyň, çäksiz buýsanjynyň, ygrarlylygynyň, çuň watansöýüjiliginiň ajaýyp baýramydyr. Türkmenistanyň döwlet Baýdagy özüniň türkmen sährasynyň owadan bahar-ýazlaryna çalymdaş gözel-nurana keşbine şol gadymyýetde milletimiziň esaslandyran beýik-beýik döwletleriniň, soltanlyklarynyň gadymy tuglarynyň synmaz-sarsmaz, belentden-belent ruhuny, nuranadan-nurana görküni, päk arzuw-umytlaryny siňdirendir. Gadymyýetden gözbaş alýan döwlet Baýdagymyz türkmen tebigatynyň, galyberse-de, ýaşaýyşyň, dirilişiň, ösüşiň reňki bolan ýaşyl reňkde bolmagy uly simwoliki mana eýedir. Onuň açyk ýaşyl reňkini synladygyňça, ýaşaýyşyň ruhubelentligi, joşguny, şahyranalygy kalbyňy püre-pürleýär. Owadan türkmen halysynyň ajaýyp gölleri ýaşyl reňk bilen täsin sazlaşygy emele getirýär. Sebäbi haly göllerimiziň çog ýaly lowurdaýan gyzyl-gyrmyzy reňki Baýdagyň ýaşyl reňki bilen utgaşyp, Tugumyza aýratyn, gaýtalanmajak gözellik çaýýar. Milli türkmen halysynyň bäş sany gölüniň bolmagy, özi-de bäş welaýatyň her biri üçin has aýratyn bolan haly gölüniň şekillendirilmegi-de, ilkinji nobatda, gölleriň hut özleriniň simmetrik we reňk-öwüşgin taýdan sazlaşygy bilen berk arabaglanyşykly bolup, gadymy halkymyzyň taryhy, ruhy-medeni taýdan birligini aňladýar. Döwlet Baýdagymyzda ýarym Aýyň we ýyldyzlaryň bolmagy berkarar döwletliligiň, agzybirligiň we jebisligiň nyşanlary hökmünde lowurdaýar. Halkymyzyň: „Aý dogsa, älem görer“ diýşi ýaly, Tugumyzdaky Ýarymaý - bitewi türkmen döwleti, bäş sany ýyldyz bolsa şol bitewi döwletiň düzümindäki bäş sany welaýat düşünjeleri bilen-de täsin sazlaşygy emele getirýär. Birleşen Milletler Guramasy tarapynda 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda ýurdumyza hemişelik Bitaraplyk halkara hukuk ýagdaýynyň berilmegi Türkmenistanyň häzirki zaman taryhynda iň ajaýyp syýasy wakalaryň biri boldy we ýaş türkmen döwletiniň daşary syýasatynyň esasy strategiki ýörelgesine öwrüldi. Bu taryhy hakykat, elbetde, Türkmenistanyň döwlet Baýdagynda-da özüniň beýanyny tapdy- Tugumyza iki sany zeýtun şahasynyň şekili girizildi. Olar ata-Watanymyzyň hemişelik Bitaraplyk halkara hukuk ýagdaýyny hem-de ýurdumyzyň parahatçylyksöýüji döwletdigini alamatlandyrýar. Döwlet Baýdagymyz bu gün dünýäniň çar künjinde buýsançly pasyrdaýar. Türkmenistanly sportçylaryň halkara ýaryşlarynda ýeňiş gazanyp, ýaşyl Baýdagymyzy al-asmana buýsançly parlatmaklary, biziň her birimiziň Baýdagymyzyň nyşanjygyny döşümize buýsanç bilen dakynmagymyz guwançlydyr. Dünýäniň iň belent flagştokda goýlan iň uly baýdagynyň biziň döwlet Baýdagymyzdygy, onuň nurana paýtagtymyz Aşgabadyň täsin gözellikleriniň biridigi we „Ginnesiň rekordlar kitabyna“ girendigi halkymyzyň buýsanjyny goşalandyrýar. Halkymyz döwlet Baýdagyny başynyň täjine deňeýär, ony mukaddeslik derejesinde sarpa goýýar. Bu mukaddes düşünjäni halkymyz milli edep-terbiýe ýörelgeleri esasynda nesilden-nesle geçirip, ýaşlaryň kalplarynda belent watançylyk, il-halkyna ygrarlylyk, milliligimize buýsançlylyk ýaly duýgulary terbiýeleýär. Sebäbi ata-Watan, ene toprak, Watan duzy kimin, Baýdagymyz hem hakyky mukaddeslikdir. Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe Gahryman Arkadagymyzyň „Döwlet adam üçindir!“ diýen parasatly ýörelgä esaslanýan ynsanperwer, parahatçylyksöýüji döwlet syýasatynyň barha rowaçlanmagy netijesinde eziz Diýarymyz toý-baýramlaryň, şatlyk-şowhunyň, rysgal-berekediň höküm sürýän ajaýyp ülkesine öwrüldi. Hormatly Prezidentimiziň daşyna mäkäm jebisleşip, agzybirligiň, halal we döredijilikli zähmetiň nusgasyny görkezip, parahatçylygy we hoşniýetliligi ýörelge edinip, döretmek, gurmak ýoly bilen ynamly öňe barýan mähriban halkymyz toýlaryny goşa-goşadan tutýar. Gadymyýetden gözbaş alýan ajaýyp milliligimize ýugrulan toý-baýramlarymyz köňüllerimizi ganatlandyryp, mukaddes Watanymyza bolan buýsanç-söýgimizi has-da goşalandyrýar. Milli senenamamyzda bolsa ajaýypdan-ajaýyp milli baýramlarymyz we şanly senelerimiz näçe diýseň bar. Olar Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň häzirki zaman taryhy we türkmen halkynyň milli ruhy-ahlak we medeni mirasy bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Şeýle toý-baýramlarymyzyň özboluşly milli aýratynlyklary dünýäniň halklarynyň hem gyzyklanmasyny oýarýar. Çünki türkmeniň toý-baýramlary gaýtalanmajak milli öwüşginlere diýseň baý. Baýdak baýramy munuň ajaýyp mysaly bolup bilerdi. Sebäbi halkymyz özüniň döwlet Baýdagyny Watan mukaddesligi hökmünde ezizleýär. Gahryman Arkadagymyzyň üns-aladasyndan hem-de eziz Diýarymyzyň gazanýan ajaýyp ösüşlerinden, merdana halkymyzyň bagtyýar durmuşyndan ruhlanyp, ýurt möçberinde toýlanýan baýramçylyklara mynasyp goşandyny goşmak maksady bilen, Kärdeşler arkalaşyklarynyň Lebap welaýat birleşmesi hem medeni-köpçülik çärelerini yzygiderli guraýar. Şu günler bolsa, Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli guralýan medeni-köpçülikleýin çärelere giň orun berilýär. Goý, Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe ýaşyl Tugumyz berkarar ýurdumyzyň, asudalygyň, parahatçylygyň, agzybirligiň, jebisligiň we halkymyzyň bagtly durmuşynyň mizemez nyşany hökmünde al-asmanda parlasyn!

Köneler, TDUgulya tarapyndan 7 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir